00:53 Meniñ iş wagtyny peýdalanyşym / satiriki hekaýa | |
MENIÑ IŞ WAGTYNY PEÝDALANYŞYM
Satiriki hekaýalar
Men siziñ bilen iş wagtyny rejeli peýdalanmak barada tejribe alyşmak üçin gaty köpden bäri synanyşýardym. Emma weli, şoña elim degenokdy, ahyrsoñunda wagt tapdym. Şol arzuwymy durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredi duruberdi. Hawa, men ir safar dokuzdan tä agşam sagat ýediden on iki minut işleýänçä işde bolmaly. Muña hiç kimiñ hyýanat etmähe haly ýokdur. Ine, meniñ iş tejribämiñ siziñkiden üýtgeşik tarapy şu ýerden başlanýar. Onam häzir beýan ederin. Siz ir sagat dokuzda işe barmak üçin, belki, sekizde öýüñizden çykýansyñyz. Ýedide ugraýanyñyzam bardyr. Awtobuslaryñ gatnaşynda derek ýok ýerlerem gyt däl, şeýle bolanda siz altyda öýden çykmaly bolýansyñyz. A meniñki tersine. Çünki men göni dokuz bitensoñ öýümden çykyp ugraýan. Dokuzda öýümden ugradygym, eýýäm meni işiñ ugrunda diýiñ-de düşünäýiñ. Çünki meniñ şol pursatdan başlap öýüme jinmek ýalyjagam haýrym ýok ahyry, öýümde ýangyn bolaýanda-da men ony söndüribiljek gümanym ýok. Sil geläýende-de men ony bilmeli däl. Sebäbi men işiñ ugrunda, ýolda. Siz dokuzda işe baryp çaý içýärsiñiz, tä arakesmä çenliräk gazet-žurnal okaýarsyñyz. Meniñ hem käte tä on bir-on ikä çenliräk öýde ymyzganyp gözümiñ awusyny alýan wagtlarym bolýar. Edarada iş etmän, çaý içmek, gazet-žurnal okamak bilen uklap ýatmaklyk ýüzleý seredeniñde bularyñ ikisem nola deñ ýalydy, emma beýle däl, çünki men ýatanymda güýç toplaýaryn. Onsoñ soñundan guduz ýaly işlejek kim? Elbetde men. Meniñ iş dokuzdan soñ gitmegimiñ başga-da bir ähmiýeti bardyr, olam şäheriñ ýolagçy transportynda dyknyşyk döretmezlikdir. Siz bolsañyz gözi ýok ýaly bolşup girýäñiz hümere, şeýdibem güýç baryny ýitirýäñiz. Eger ynanmasañyz, jübiñize bir goşawuç bugdaý ýarma bolaýsa, gaýdyşyn şol ýarma, hakyt birinji sortly ak unam bolar. Meniñ agşam sagat 6-da işdrn gaýdyşym hem birtöwra. Men zähmeti ylmy däl esasda gurap, sagat bäşde, ýa köplenç dörtde, başlyklaryñ gözüne çöp atyp bilsem, üçde öýe gaýdýan. Bu ýerde ýene-de awtobus, dyknyk, gykda-bak... ýaly zatlardan gaça durmak pikirine sarpa goýulýar. Men alta çenli öýe gelemok. Magazinlere sowulýan, piwonuñ nobatyna durýan, mahlasy, altydan öñ öýüme ogry girse-de men oña señki däl diýip bilmeýän. Çünki men işde. Indi sap, dury iş wagtymy nädip, rejeli, rasional peýdalanyşym barada durup geçeýin. Men dyrnak almak, sakal syrynmak, hammamda ýuwunmak, özüme geýim-gejim alynmak işlerini sap, dury, iş wagty diýip bilýärin. Iller şenbe ýa ýekşenbe günleru hammamda ýuwunjak bolşup, nobatda göz-gülban. A men her hepdäniñ birinji güni wagtynda hammamda ýuwunýaryn, hepdäniñ ikinji güni bolsa ellerimiñ we aýaklarymyñ 20 sany dyrnagyny hakyt iş stolumyñ başynda şarta-şarta alýaryn. Gözüñe söweýin ol dyrnaklaram ýigrimi dokuzynjy ýylyñ çekirtgeleri ýaly, dumly-duşa waz ýasaýarlar. Meniñ sakgal-murtum gür hem çalt ösýär. Sakgal syrylýan "Harkow P" kysymly päkim bolsa edaramdaky iş stolumyñ çekmesinde taýynjak dur. Tañry gün berdigi dar-dur edip, eñegi taýpy ýaly edýän. Dogry-da, öýde sakgal syryp, dyrnak alyp oturmak medeniýetsizlik ahyry. Indi esasy zatlaryñ biri bolan naharlanmak barada birki agyz söz aýdalyñ. Özüñize mälim bolşy ýaly, iýmit adamzat üçin esasy ýaşaýyş çeşmesidir. Ony Marksyñ "Kapitaly" hem inkär edenok. Beýleki işgärsumajyklar-a arakesmede ellerine boş mejime alan bolşup, naharhanada nobata durýarlar. A men bolsam, şol wagt iýenimi siñdirýärin. Tikenli agajyñ bir tikenini alyp, dişlerimi synçgap duran ýerimden ýañky aç görgülilere lak atýaryn. Meniñ pikirimçe arakesme nahara nobata durmak üçin berlenok. Men-ä tomsuna, galapyn kabinetimi içinden gulplap tä sagat üçe, dörde çenli uklaýan. Men indi şu ýerde özümiñ gysgajyk iş tejribämi tamamlamak isleýärin. Tejribe iki ekzemplýarda ýazyldy, birini profsoýuz komitetine bermeli etdiler, sebäbi meni işden boşatdylar. Iş tejribämiñ dowamyny, eger işe ýerleşip bilsem, indiki iş ýerimden ýazaryn. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |