07:26 Meniñ myhmanlarym | |
MENIŇ MYHMANLARYM
Goşgular
Aristotel, Sokrat, Platon bilen Söhbetdeş men, soraýarlar halymy. Magtymguly, Döwletmämmet Azady, Mahal-mahal gurşap durlar ýanymy. Kerim Gurbannepes, Gara Seýitli... Bularsyz meň öýüm bolmazmy gurak? Gurbannazar gelip-gidýär kämahal, Gülüp diýýär: - Ukudan-a bol yrak! Ýalňyzlyk ne derkar? Şowhun-şagalaň, Myhmansyz bolamok, Hudaýa şükür! Bir gün Halyl, bir gün Italmaz gelýär, Wagt ýok gam hakda etmäge pikir. Meniň myhmanlarym ýöne myhman däl, Köp çeken durmuşyň muşakgatlaryn. Pähim-paýhas, dana, parasat bilen, Bezäp otyr çuňňur taryh gatlaryn. Olar çyn dost, çyn halypa, çyn ýoldaş, Kä dost ýaly taşlap gaçyp gitmeýär. Maýak olar okeanda, deňizde, Şöhlesi gözüňden öçüp ýitmeýär. Bir gün Berdi aga bir gün Nowaýy, Omar Haýýam, Attar, Kemine, Geýne... Syr alyp, syr berýän ählisi bilen, Aramyzda ýok hiç hili kine. Çary Aşyr bilen, Mämmet Seýidiň, Okap beren goşgusyna diň salyp, Dünýä hakda oýa batdym ýene-de, Öz-özümi diňledim men geň galyp. Myhmansyz günüm ýok, Hudaýa şükür, Gerodot, Beýhaky... arzyly myhman. Ynsanyň söýgüden irmeýşiň ýaly, Men bu eziz myhmanlardan irmeýän... 11.12.2015. • AGTYGYMA Gyz agtygym soraýar: - Ata, näçe ýaşadyň? Menem jogap berýärin: - Altmyş ýedi ýaşadym! Ýyllar geçer. Agtygym Ýaşar meniň ýaşymy. Agtygy sorar ondan: - Ene, aýdaý ýaşyňy? Şonda meniň agtygym Aýdar ýaşan ýaşyny. Hem meni ýada salyp, Saklamaz göz ýaşyny... 01.01.2016. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||