15:56 Meniň öýlenişim / satiriki hekaýa | |
MENIÑ ÖÝLENIŞIM
Satiriki hekaýalar
Men goşun gullugyndan göni öýe geldim. Görsem, işik gulply ekeni. Gapa hat gysdyrylgydy. «Gully, dogruja «Bagtyň açary» diýen magazine gel. Toýuňy şol ýerde tutýas. Garaşyp otyrys. Kakaň ― Haýdar» diýlen ýazgy bardy. Barsam, uly magaziniň howly tarapy toý dabarasy bilen jeýhun kimin joş urýar. Begres çabytly, meşhur aýdymçy gelin her aýdymynda bir mikrofony hyýar gemren ýaly şatyrdadyp iýäýjek bolýardy. Güýçli sazlaryň sesinden ýaňa beýniň sarsýardy. Serhoş bolup, käbir alkaş çigit ýagyndan boşan demir çelegi hem dep edip kakýardy. ― Hoş geldiň, oglum! ― diýip, kakam elindäki towuk buduna et bitmedik ýaly edip, süňküni beýläk oklap, meniň bilen görüşdi. Kakam «Bagtyň açaryna» müdir bolupdyr. Soňra ejem gyňajyny otlyň tüssesi ýaly gös-göni edip ylgap gelip, meni gujaklady. Ol magazine kassir bolup işe geçen ekeni. Muhy daýym müdiriň orunbasary bolupdyr. Annajemal daýzam «Bagtyň açarynyň» pol ýuwujysy ekeni. ― Şu toýuň sebäpkäri Gully Haýdar ogly geldi. Häzir hemmäňiziň ýeriňizden turmagyňyzy haýyş edýärin ― diýip, toý sakysynyň belent owazy sütündäki reproduktorda ýaňlandy. Meni görnükli ýerde, hormatly orunda oturtdylar. Birdenem sakynyň: ― Hormatly adamlar, şu gün «Bagtyň açarynyň» baýry işgäri Gully hanyň sag-salamat gelenliginiň toý dabarasyny açyk hasap etmäge rugsat beriň ― diýen sesi ýeri-gögi lerzana getirdi. ― Kaka, men nädip baýry işgär... ― Hüş-ş-ş! Ýuwaş-ş-ş! Seni goşun gullugyna ugran günüňden «şu magaziniň işgäri» diýip, buýrukdan geçiripdik. ― Kakam gülüp goýberdi. Onýança sakynyň: ― Hormatly halaýyk, mähriban millet, şu toý goşa toýdur. Sazandalar, hany, saz çalyň. Adamlar, ýeriňizden turuň, gelin gelýär! ― diýen sesi el çarpyşmalara garyşyp, howany sarsdyrdy. Ýüregim ýaryldy. Aňk-taňk boldum-da oturyberdim. Onýança uz ýaşynan, ak nikap ýapynan bir gyzy ýanymda oturtdylar. Aý diýseň, agzy bar, gün diýseň gözi. Sussum basylyp, galpyldap başladym. Endam-jany lagly-jöwahyrdan, gyzyl-u-brilliantdan doly. ― Eje, bu näme boldugy?! ― diýdim. ― Balam, seni öýerýäs. Guzym, gözli-başly bol. ― Eje, gözüňem bilmen, başyňam. ― Häýt, namartaý, toýda gudumanlyk etme ― diýip, kakam bulgurdaky konýagy guýulmadyk ýaly etdi-de, elindäki eti lak-luk atyp, maňa alarylyp seretdi. ― Kaka, men bu gyzy tanamok. ― Men seniň ejeňem öň tanamokdym. Doňdurma iýip, limonad içip, baglarda, kinodyr teatrlarda gezmändik. Kakam gazap bilen ýerinden turdy. Ol artky aýaklarynyň üstünde dik duran begomota meňzeýärdi. ― Balam, gelnimiz Samarkantdaky söwda-kooperatiw institutyny gutaryp gelen diplomly gyz. ― Eje, men öýlenjek däl. Men okajak. Dilçi, edebiýatçy boljak. ― Dilçi-pilçi boljak diýip, ýene bir gezek gaýtala, edil diliňi ýeňsäňden çekeýin ― diýip, kakam ýene bir bulgur konýagy gönderdi. Görsem, onuň gara çyny, gyzarylyp barýar. ― Kaka, eje, düşüniň ahyry. Gelniňiz diplomly, men attestatly. Hany, deň hukuklylyk? ― Özüm Samarkanda gidip gelsem bes. Geregiň diplommy her eliňe birini alyp bereýin ― diýip, kakam arkaýyn aýtdy. ― Şeýle dälmi, Ikrambaý eke! ― diýip, soň ol ýanyndaky myhmana seretdi. Asyl ol myhman şol institutyň mugallymy bolsa nätjek. Men dürli pirimlere ýüz urup gördüm. Ahyr soňunda: ― Kaka, gül ýaly maşgalanyň bagtyny ýatyrmaýyn. Özi halaşan ýigidi bilen baş goşsun ― diýdim. Şondan soň kakam, ejem, daýym, daýzam meni toý märekesinden bir çete alyp çykdylar. ― Oglum, şu «Bagtyň açary» diýen magazinde işleýänleriň ählisi özli-özümiz. Sen bir zada düşün. Aramyza ýat adam, saýry biri düşmeli däl. Söwda-satyk işi ol zeýilleki zady halamaýar. Ýaňky ýanyňdaky ak hasaly gyz biziň üçin ýat adam. Ol Samarkandyň söwda-kooperatiw institutyny gyzyl diplom bilen tamamlapdyr. «Pişetorg» ony meniň boýnuma dakdy. Almajak boldum. Güýçlüden gelse alajyň ýok, alaýmaly bolýar ― diýip, kakam pessaý gürledi. ― Balam, allanäme gyz. Iki ýyl bäri ony saňa göwnetdik. Suratlaryny görkezdik. Ýogsam olam etmejek boldy. Aramyzda keseden gelen bolmasyn. Balam, razy bolaý. Biz şol gyzy gelin edinmesek, bu ýerde arkaýyn işläp bilmeris. Öňküje edýän «oýunlarymyzy» hökümet bize etdirmez ― diýip, ejem maňa aglaplar ýalbardy. Onýança-da sakynyň: ― Öýlenýän ýigit Gully Haýdar ogly ýerine gelsin. ZAGS-den wekil geldi! ― diýen sesi ýaňlandy. Şeýdibem men öýlendim. Emma rahatlyk uzaga çekmedi. Maňa: ― Sen gaç-da, bir hepde, on gün şu magazinde görünme, balam ― diýip, ejem ýuwaşja duýdurdy. ― «GAZ-24-i» mündüm-de zut, ökjäni göterdim. Sebäbi biziň magazinimize şeýle bir hyrsyz, şeýle bir ýowuz derňewçi gelipdir. Ähli zadymyzy ilik-düwme barlapdyr. Barja pyssy-pyjurlyklarymyzy on dördi gijäniň aýy kimin ýalpyldadyp goýupdyr. Kemçilikleriň mese-mälim bolup duransoň boýun almajak gümanyň barmy diýsene. Üç ekzemplýardan ybarat akt düzüpdir «Umywalnikde suw az» diýipdir. «Goýlan sabyn kir sabyny» diýip, aktda görkezipdir. «Magaziniň içinde birküç sany siňek bar ekeni» diýibem aktda belläpdir. Ýöne weli: «Indikiňize berk boluň!» ― diýip, derňewçi aýlanypdyr. Men magazine, işime derňewçi gidensoň geldim. Sebäbi gaýnatamy sylap, ondan gaçan boldugym-da-raý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |