MENIÑ ÝAZYJY BOLŞUM
Meniñ gadyrdan we eziz okyjylarym! Bilip goýuñ, eliñizdäki kitabyñyz meniñ birinji ýa-da iñ soñky kitabym däl. Geliñ, gowusy, ol barada jedelleşip oturmalyñ, ony durmuşyñ özi görkezer.
Hawa, eger kim-de kim işde görkezen edermenligi üçin ýüñ ýaglyk sylag alan bolsa, onda onuñ gapdaly bilen meniñ birnäçe kitaplarymy hem alandyr. Mümkin, olaryñ birentegini okandyram. Dogrusy, özümem heziller edip okaýaryn. Ýok, gadyrdan okyjy, ol kitaplar geçmäni üçin şeýdilip satylýandyr diýib-ä pikir etmegin. Biler bolsañ, meniñ döredijiligime aýratyn sarpa goýulýanlygy üçin şeýdilýär. Hawa, hawa, hut şeýle!
Siziñ bilşiñiz ýaly, biz - ýazyjylaryñky il bilen. Şonuñ üçinem nirede toý-tomgy, şagalañ bolsa, bizem şol ýerde bardyrys. Ony size aýdyp oturmagyñ geregi ýok, özüñiz gowy bilýäñiz. Halk öz ýazyjysyny sylaýar, nirä barsak, ornumyz törde. Hut özüm dogrusynda aýdanymda, men-ä bir zady iki gezek diýdirýän adam däl, adymyñ tutularyna mähetdel, añrujy ugrum idelse barýan. Size aýtman, kime aýdaýyn, dogrusy, käwagtlar tüsse çykýan ýer bolsa, çagyrmasalaram sowlaýmam bar. Onsoñam özüñiz bilýäñiz, çaý başyndaky duşuşykda gürleşip bolýar. Ine şular ýaly duşuşyklarda okyjylar menden: "Sen nädip ýazyjy bolduñ?!" diýip soraýarlar. Bu soraga iki sözde jogap bermek, elbetde kyn. Näme-de bolsa başardygymdan gürrüñ bereýin, diñläñ!
Ýazyjy bolmak üçin tebigy zehiniñ bolmagy hökman. Ol hemmä belli hakykat. Emma diñe tebigy talantyñ özi ýeterlikmikä? Elbetde, ýeterlik däl. Talantyñ taplanmagyna ýardam beriji birnäçe goşmaça sebäpler bolýar, özem ol her kimde birhili ýüze çykýar. Men özümde-hä ol ine şeýle bolupdy...
...Käbir adamlar ýedi-sekiz ýaşdan ýazyp başlaýarlar. Meniñ pikirimçe-hä, olar dogry edýärler. Özüm-ä hupbatly ýola düşenime häli-häzirem ökünip ýörün. Hawa, men studentlik ýyllarymda ýazyp başladym. Ýetişikli adamlar oña çenli özleriniñ kitaplaryny çykardýarlar. Ýöne meniñ döredijiligimde möhüm bir bellemeli zat bar, olam ýazyp başlanymdan, edil ot alyp galaýdym. Lap edip aýtdygym däl, her günde bäş-alty goşgyny beýläme geçirip oturandyryn. Hatda sapakda otyrkamam, mugallymyñ leksiýasyny ýazman, goşgy ýazardym. Şo gidişime dagy giden bolsam... Arman, bolmady. Aý, onsoñam özümem bir töwra adam, ýeri, şoña görkezmek nämäñe gerekdi diýsene. Ýazýañmy, ýaz-da ýör-dä. Hawa, eşider bolsañyz, bir gün ýazan goşgularymy goltuklap, dostumyñ ýanyna bardym. Ol meñ goşgularymy okap gördi-de, şeýle diýdi:
- Sen añrujy ýazman saklanyp bilseñ, ýazmajak bol. Şonda oñat bolar.
Dostum oýun edýändir öýtdüm. Görsem, onuñ gara çyny. Şeýlelikde, men ýazman gördüm. Bir gün, bäş gün, bir aý... Eger-eger, hiç zadam bolanok. Baryny bulaşdyran ýanýoldaşym boldy. Bir gün ol meni telefona çagyrdy. Gepleşdik. Baý-bow, onuñ agzyndan ot çabraýar.
- Arany çöp döwlen ýaly etmek niýetiñ bolmasa-ha ýazarsyñ. Sen hökman ýazmaly, eşidýäñmi? Näme, illeñ ýazýan goşgusy seniñkiden artykmyşmy? Saña kemrysgal diýerler, her goşgyña dünýäñ puluny berýärler, o zatlary kim berjek saña?! Ýaz, gaýtam, birneme köpräk ýazjak bol, özem ýazýan zatlañ uzynrak bolsun, düşdüñmi? - diýip, ol telefon trubkasyny ýaraýjak bolup gygyrdy.
- Ezizim, eşidýäñmi, goşgy... - diýip, men oña düşündirjek boldum. Ol sözüniñ arasyny böldi-de:
- Men eşidemok, eşitmegem islämok - diýip, trubkany patladyp goýdy.
Men iki oduñ arasynda galdym. Söwet dostuñ diýenini etmelimi ýa-da ýanýoldaşyñ! Kelle döwüp pikirlendim. Birdenem haýsydyr bir akyldaryñ: "On dostdan bir aýal gowudyr" diýen dana sözleri hakydama geldi. Dogrudanam, dosty täzeläp bolar. Ony täzeläýseñem, hiç kim saña şeýdäýipsiñ diýip azar berenok, onuñ üçin seni hiç ýerik çagyranoklaram. Emma hany aýalyñyzy täzelejek bolup görüñ, o-ho-how, gözüñiz nämäni göräýerkä?!
Diýmek, aýalyñy täzelemek bolmaýan bolsa, onuñ diýenini etmeli. Ýazmaly... Goşgy ýazmaly, hekaýa ýazmaly, ssenariý ýazmaly. Hekaýadan powest, powestden roman ýasamaly! "Kötek güýçli bolsa, ýüñ gazyk ýere gider" diýleni. Ýazdym, ýazdym. Ketgen ýaly lowlap-lowlap gidiberdim.
Ynha meniñ nädip ýazyjy bolanlygymyñ ilkinji we aýgytlaýjy sebäbi şundan ybarat. Meniñ size berjek maslahatym, ýazyjy boljak dagy bolsañyz, sizem birgepli gözele aşyk boluñ. Zehin-ä näme, şükür, biziñ hemmämizde-de bar.
Men sözüme şu ýerde nokat goýup bilerdim. Ýöne ýene-de bir wakany aýtmasam bir zat ýetmeýän ýaly bolup dur.
Hawa, ol ine şeýle boldy. Bir gün meniñ öýde ýok wagtym, obadan bir ýaşuly bize myhmançylyga gelipdir. Ol çaý çaý içip otyrka, diwardan asylgy iki surata elini uzadyp:
- O suratlañ bir-ä Saparmyradyñ (ol meniñ inim) suraty welin, onuñ gapdalyndakyny tanamadym-la, o kim bolmaly? - diýip, ejemden sorapdyr. Ejem pahyram (hawa, ol indi pahyr boldy): "Men-ä bilmedim, Gutlymyradyñ dostlarynyñ biri bolaýmasa" diýipdir. Ol surat Sergeý Ýeseniniñ suratydy. Hawa, şeýdip men Ýesenin bilenem dost boldum.
Men ejeme Sergeý Ýeseniniñ ady belli şahyrdygyny aýdanymda, ol:
- Beýle şahyrlar bilen dost bolup bilseñ, näme kemiñ bar? Senem şoña meñzejek bol, köpräk ýazyber - diýipdi.
Hawa, merhumyñ sargydyny ýerine ýetirmeseñ, ol mazarynda-da arkaýyn ýatmazmyş diýýärler. Şonuñ üçinem goşgy ýazmagy öñküdenem köpeltdim. Arkaýyn ýat, mähriban käbäm, öñde biriniñ: "Ýazmak bilen iş bitse, ýazýalar-a ýazýalar" diýşi ýaly, baý ýazýandyryn-a!
Salam bilen siziñ sadyk guluñyz.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar