16:29 Dograma / satiriki hekaýa | |
DOGRAMA
Satiriki hekaýalar
Näçe ýyldyr, biz-ä, indi bu zatlara halys endigem bolupdyrys. Çagyrtjak bolup duramzok, her hepdäň anna güni irdenjik baryberýäs baş redaktoryň ýanyna. Onda edere gürrüň kän. Indiki hepdäň wezipeleri barada bäş sagatlap durman gürläp bilýär. Günde ýygnanyşsaňam, bendäň çagasy gep-ä tapjak. Walla, gürrüňden ýasalan ýaly how. Bu gezekki ýygnanyşygymyza ol ähmiýet berdi. Jogapkär işgärleriň tä hemmesi ýygnanýança garaşdy. - Hawa, ýoldaşlar, düýn, meni işiň ahyrynda ýokaryk, Gupbaly jaýa çagyrdylar. Uly ýygnak boldy. Oňa merkezden, ýagny Moskwadan, SSKP MK-nyň wekili hem gatnaşdy. Gürrüň gurbanlyk barada bardy. Birinjiň özi çykyş etdi... Gurban baýramynyň reaksion mazmuny dogusynda makalalar toplumyny bermeli. Ateist alymlaryň çykyşlaryny gurnamaly. Diniň üstünden gülýän, molla-müftileri wejera edýän goşgulardyr ýumoreskalary çap edip durmaly... Başlyk bu meselede biziň heniz bärden gaýdýandygymyzy aýdyp, kä birimizi kötekledi, ýer-ýegsan etdi! Gürläp-gürläp keýpden çykdy, agzynyň eýgiligini gördi. - Biz – žurnalistler, ideologiýa frontunyň öňdebaryjylary bolmak bilen, özgelere görelde görkezmelidiris. Bu biziň mukaddes borjumyz. Gurbanlyk etmek bolanok, gadagan. Edýänleriňkä hem, ýagny goňşy-golamyňka-da barmaly däl. Hatda, şo günler, gabat gelse-de, dogulan günüňizi hem geçirmäň. Düşnüklimi?! Kommunistler hakynda-ha hiç hili gürrüň hem bolup bilmez. Biletiňizden dynasyňyz gelmese, şolar ýaly zatlardan gaça duruň, ägä boluň, adamlar – diýip, ol sözüni soňlady. Her kim iş ýerine ýeňsesini el ýaly edäýdi. Başlygymyzyň gara çyny. Diýmek, o pahyryň hem gözi gorkuzylan bolmaly. Gurban baýramynyň ortanjy günüdi. Redaksiýada nobatçydym. Iş gutaryp-gutarman her kim dargady öýliöýüne. Sehden gelmeli materiala göz dikip garaşdym. Onýança içki telefon ala-znzele bolup jyňňyrdady. - Diňleýän, başlyk. - Hany, bi, material gelip ýetişenokmy? - Garaşyp otyryn. - O, hat-pet gatnadýan ýumuşçy oglanyň şo gidişimi? - Hawa. - Ah-ow, gözüňe –başyňa döneýin, onda näme, beýdip kabinetiňde arkaýyn otyrsyň. Bar, git-de, özüň habar tut. Aldyranym bar ýaly sehe bardym. Biziň gazetimizi ýygýanlaryň bolup oturyşyny görüp gözüm çykaýjak boldy. Bir çüýşäni iki bölüşip, bir düýp sogan bilen ýelmeşip otyrlar. - Wah, mysalaňyz gursun. Jürümizi dikýäňiz-aý. Bzi o ýerde materiala garaşyp otyrys, sizem bu ýerde... Hany, biizň o hat-pet gatnadýanymyz, Toýly nirede? – diýip, olaryň iki aýagyny bir gonja sokdum. Zaňňarlaň göwni bir ýaly, azarlaryna-da däl. - Agam, siziň gazediňiz-ä şun agşam çykaram öýdemok. Maşyn döwüldi. Maşy-yn. O malyşyňyzam ýaňy dograma iberdik. Gör, bu bolýan zatlary. Baş redaktor näçe günläp başymyzy agyrdyp ýör, gel-gel biziň işgärimiziň dograma gidişini diýsene. Öljekmi-ýitjekmi. Başlyga baryp aýtdym, şapyladyp. Ol zöwwe ýerinden galdy. - Toýlyny tapmaly! Bolmasa daşky gapynyň agzynda ýoluny sakla. Eli dogramaly şu jaýa bir giräýmesin. Ählimiziň işimizi görerler... Başlygyň boýurganyň oturyşyna ýüregim awady. Eňdim, birinji etažyň girelgesine tarap. Garaşsaň wagtam geçmeýän eken. Zol sagadyma seredýän. Ýarym sagatlap durdum. hudaý bersin Toýlyny. Yzyma gitsemem birden geçip gidäýjek ýaly. Hernä tanyş oglan gabat geläýdi. Şony ýerime goýdum-da, ýokaryk, sehe tarap eňdim. Barsam, ýaňky harp ýygnaýjylar, derçireşip, dogramany symyşlap otyrlar, Toýlam ýanlarynda. Walla, gaharym depäme urdy. Hat-pet gatnadyjymyzyň tutdym ýakasyndan. - Eý, sen edip ýöreniň näme? - Ynha, şular ýaly dograma getirip ber, ýogsam gazediňizi çykarmarys diýdiler how. Ýaňy, siziň kabinetiňizde-de, kagyza dolap, goýup gaýtdym, gapyňyz açyk duran eken... - Bela edip gaýtdym, merez edip gaýtdym. Birhili injigim sandyrap başlady. Başlyga nädip gep düşündirip bolarka?! Bu meselede ol meniň özümi aýyplaýmasa ýagşydyr. Ikinji etaža düşenimden dogramaň ysy burnuma urdy. Hasanaklap kabinete girdim. Işigi içinden gowy edip gurdum. Birden gulplanmadyk bolaýmasyn diýip, ýene-de barlap gördüm. Wah, gurbanyň gideýin, dograma jan! Seni görsem sülekeýim akyberýär. Ertirki açlygym, halys surnukdym. Häzir symyşlap dykaýsam nähili bolarka?! Ýok-ýok, birden bilinäýmesin. Onsoňam men kommunist ahyryn. Iýmeg-ä beýlede dursun, kabinetimde dograma bardygyny bilse-de, baş redaktor derime saman dykar. Galdym bir çykgynsyz güne. Näme etmeli? Wiý, ýogsa-da, başlygyň özem-ä açdyr. Bärik çagyraýmasam... Aý, ýok. Goh turuzar. Ýuwdunyp-ýuwdunyp dograma seretdim. Duýdurman äpişgeden daşaryk dökäýsemmikäm. Ýok, biri görermi, nädermi. Gaýtam bar zat bulaşar. Içimden Hudaýy çagyrdym. Allajan, bu beladan bir başymy gutar. - Ýok, diňe gyssananyňyzda, Hudaý siziň ýadyňyza düşýä. Başga wagtam meniň garşyma barlyşyksyz göreşýäňiz. Size ynam bolmaz... Gulagyma eşidilen bu ses bütin otagyň içini ýaňlandyryp gitdi. Aň-taňk boldum. Garanjaklap töweregime seretdim. Hiç kime gözüm düşmedi. Aljyradym. - Hudaýjan, ynan, ýalan sözlämok. Kommunistlerçe söz berýän. Şu gezek sypdyrsaňyz, diýen zadyňyzy edeýin. - Onda, Gurbanlygyň garşysyna ýazan ýumoreskaňy şu günki nomerden aýyr, ýogsam ynanamok... Men doňup galdym. Allajanlarym, bu ses Hudaýtagalanyň hut öz sesimikä, ýa gulagyma eşidilýärmikä. Hernä akylym üýtgäp ýören däldir-dä. Ol maňa gudrat görkezýär öýdýän. Häzir baraga-da, ýumoreskany aýyrmaly diýsem, başlyk diňarkan gaýdar, dälirär. Ol öňem bu ýumoreska guwanyp ýör ahwetin. Ýok, Biribaryň öňünde indi ýalan sözläp bilmen. Bir bahana tapyp hekaýany yzyna almaly, jyrym-jyrym edip ýyrtmaly, otlamaly. Umuman öwrülip gudraty güýçliniň adyny tutmaly däl. Içimi gepledip, başagaý bolup otyrkam, şol telefon, ýene-de jyňňyrdady. Trubkany göterdim. - Näme-ow, guýa gaçan ýaly bolduňyz-la... Başlygyň gaharly sesi meni hasam aljyratdy. - Hudaýjan, wiý, başlyk jan, iýerin diýseňiz dograma-ha bar... Trubkadan birhili hyrkyldy eşidildi. Allaniçigsi boldum. - Alýo, alýo... Jogap ýok. Ýaňky dogramanam alyp eňdim, baş redaktoryň kabinetine. Barsam, özünden gidip, kreslosynda gözüni agdaryp ýatyr. Eý, ho-o, bi işigaýdanyň ganyna galaýmakam dogtor bir çagyraýyn. Egni ak ýektaýly gelin, gapydan girip grimän: - Muňa näme boldy? – diýip, meniň ýüzüme seretdi. - Dograma diý... Wraç meni gürlemäge goýmady, sözümi soňlatmady. - Gördüňizmi, özüňiz-ä Gurbanlygyň zyýanly taraplary barada gazetde çykyş edýäňiz. Dograma iýibem zäherlenip ýörsüňiz. Dymyljan dogramany iýip, ondan ölýänem bar... Bu zatlaryň yzynyň näme bilen gutarjagyny göz öňüne getirip, gorkdum. Özümden gidipdirin. - Ana bu-da ýykyldy. Bu dogramadan başga kim iýdikä?! Wraçyň howsalaly çykýan çirkin sesi gulagyma gelse-de, jogap bermäge mejalym ýokdy. - D... d... dog... Ysgynsyz pyşyrdan dodaklarym, dilim halys diýenimi etmedi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||