10:41 Olar bize köp zat öwredipdiler... | |
OLAR BIZE KÖP ZAT ÖWREDIPDILER...
Ýatlamalar
Meniñ elimde şahyr Kerim Gurbannepesowyñ "Toprak" diýen goşgular ýygyndysy bar. Ondaky "Gaýrat" diýen goşgy aýratyn ünsümi çekdi. Bu goşguda şahyr türkmen sowet edebiýatynyñ Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Gara Seýitliýew, Rehmet Seýidow ýaly gerçekleri hakynda söhbet açyp, ine şeýle ýazýar: Olar bize köp zat öwredipdiler, Olaryñ her demi bize sapakdy... Şahyr mamla. Biz olaryñ dürli öwüşgine çaýylan diñe bir baý edebi döredijiliginden däl, eýsem olaryñ şahsy durmuşyndan hem ynsanperwerligi, edepliligi, mertligi öwrenipdik. Men şu ýerde köpleriñ söýgüsini gazanan şahyr, ýalkymly propogandist Gara Seýitliýew bilen bolan duşuşyklarymda alan gysgajyk sapaklarym barada gürrüñ etmekçi. Belki, şeýle sapaklary başga-da onlarça adam ondan öwrenendir. Şahyr Gara Seýitliýew bilen men ilkinji gezek 1959-njy ýylyñ ýaz aýlarynda duşuşypdym. Şo wagtlar ol Türkmenistan SSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ başlygydy. Men paýtagtymyzdaky medeni añ-bilim tehnikumynyñ (tehnikum soñ Gara Seýitliýewiñ adyny göterdi) soñky kursunda okaýardym. Bizi dört oglan bolup şäheriñ Maýakowskiý adyndaky kitaphanasyna önümçilik praktikasyny geçmek üçin iberipdiler. Praktika döwründe ýazyjylar bilen okyjylaryñ duşuşygyny guramalydyk. Ýazyjylar soýuzyna baryp, kimler bilen okyjylaryñ duşuşygynyñ guraljakdygyny anyklamak meniñ paýyma düşüpdi... Ýazyjylar. Şahyrlar. Men öñ olaryñ eserlerine näçe belet bolsam-da, özleri bilen ýüzbe-ýüz oturyp gürleşip görmändim. Şol sebäpdenem tolgunýardym. "Häzir Gara Seýitliýew diýilýän adam bilen salamlaşaryn. Ýeri, soñra näme diýerin?" diýip oýlanýardym. Her näçe tolgunsam-da, Ýazyjylar soýuzynyñ işiginden ätledim. Maña Gara Seýitliýewiñ kabinetini görkezdiler. Şol wagt başlygyñ kabinetiniñ gapysyndaky otagda sekretar gyz ýok eken. Çekinibräge-de gapyny açdym. Gara Seýitliýew özüne mahsus bolan joşgunlylyk bilen nämedor bir zatlar hakynda janygyp gürläp oturan eken. Onuñ ýanyndakylaryñ kimdigini tanamadym, dogrusy, olaryñ göni ýüzüne seretmäge-de utanýardym. Duýgur şahyr ýüregi meniñ ýagdaýymy añdy. - Geliber ýigit, geliber! - diýip, Gara Seýitliýew ýerinden turdy. Soñra elini uzadyp salamlaşdy. Ol meniñ bilen edil öñden tanyş ýaly, diýseñ mylaýym gürleşýärdi. Derrew özüni dürsedim-de, näme üçin gelendigimi aýtdym. - Gowy maksadyñyz bar, ýigit. Ýöne, bizde ýazyjy-şahyr köp, olaryñ haýsysy bilen duşuşmak isleýärsiñiz - diýip, ýanynda oturanlara tarap elini uzatdy. - Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow dagynyñ haýsy hem bolsa bolardy - diýenimem şoldy welin, gapdalda oturanlaryñ biri gozgalañ tapdy. - Inim, Beki Seýtek diýýäniñ-ä men weli, ýöne baryp biljek däl. Erte-birigün komandirowka gidýän - diýip, ol edil uly adam bilen gürleşýän ýaly, maña ýagdaýyny aýtdy. Oturanlaryñ biriniñ Beki Seýtäkowdygyny men diñe şondan soñ bilip galdym. Gara Seýitliýew eýýäm kimdir biri bilen telefonda gürleşip otyrdy. Ol soñra Kerim Gurbannepesowyñ şol duşuşyga baryp biljekdigini maña aýtdy. Men iş bitirendigime monça bolup, Gara Seýitliýew bilen hoşlaşyp çykmakçy bolanymda, ol: - Elbetde, bular ýaly iş bilenem gelip durmaly. Ýöne, ýaş ýigit belki siz goşgy ýa-da hekaýa ýazýansyñyz. Eger şeýle bolsa indiki geleniñizde eliñiz sowgatlyja geliñ! - diýip ýylgyrdy. Onuñ bu ýylgyryşynda oýun gatyşyklu hakykatyñ, dörediji ýaşlar baradaky uly aladanyñ bardygyny şobada añypdym... Şahyr bilen ikinji duşuşygym 1966-njy ýylda bolupdy. Ol wagt Gara Seýitliýew respublikamyzyñ medeniýet ministri bolup işleýärdi. Ol meni iş bilen ýanyna çagyrypdy. ...Moskwanyñ Döwlet medeniýet institutyny tamamlap gelenimden soñ, Karl Marks adyndaky Respublikan döwlet kitaphanasynda gündogar edebiýatlary bölüminiñ müdiri wezipesinde işleýärdim. Kitaphanada öz işime gümra bolup otyrdym. Gapydan sekretar gyz girdi-de: - Sizi ministr telefona çagyrýar - diýip, meniñ üçin düýbünden garaşylmaýan habary aýtdy. Men öte eşidendirin öýdüp anyklamak isledim. - Direktor çagyrýamy? - Siziñ oýun ýadyñyza düşýär. Çaltyrak baryñ, ministr Gara Seýitliýew telefona çagyrýar - diýip, sekretar gyz janygyp gürledi. Men howsala düşdam. Ministr kitaphananyñ direktory ýa-da orunbasary bilen gürleşmän, meni näme üçin telefona çagyrýarka? Bu ýerde nämedir bir zadyñ bardygy düşnüklidi. Ýöne näme? Birki aý mundan öñ Gara Seýitliýewiñ döredijiligi barada metodik gollanma ýazyp, ony oba ýerlerine ugradypdyk. Gollanmanyñ awtory özümdim. Megerem, şol materialda bir hata goýberilen bolsa gerek... Baryp trubkany aldym. - Diñleýärin, Gara Seýitliýewiç! - diýenimde, meniñ sesim ýöwselliräk çykdy. - Täçmämmet, işiñ köpmi? - diýip, ol meniñ adymy tutup gürledi. "Ol meniñ adymy nireden bilip ýörkä?" diýip geñirgendim. Onsoñam soraga nähiliräk jogap bermelidigi barada oýlandym. "Işim ýok" diýseñ bir hili, "Işim köp" diýseñem bir hili. Onsoñ ikuçlyrak jogap berdim: - Aýdyberiñ, Gara Seýitliýewiç! Işiñem näme, gutarýan wagty barmy?! Ol maña ýumuş buýurmady. Ýanyna baryp gaýtmagymy haýyş etdi. Meniñ howsalam hasam artdy. "Görýän welin, gürrüñ möhüm bolara çemeli" diýip, içimi gepletdim. Ýazyp oturan zadyma nokat goýjak bolup, birneme eglenipdirin. Kagyzlarymy ýygnaşdyryp çykmakçy bolup durkam, sekretar gyz ýene-de işikden geldi. - Sizi ýene-de ministr çagyrýar - diýip, çykyp gitdi. Men ylgap diýen ýaly trubkany aldym. Ministriñ sesi kesgitli çykdy. - ...Dogrudanam, işe gutarma ýokdur. Ýöne, biz saña garaşyp otyrys... Men utandym. Maşyna garaşyp durmadym-da, pyýada gitdim. Ministrligiñ jaýyna ýetip barýarkam uprawleniýe naçalnikleriniñ biri öñümden çykdy. Asyl seredip otursam, ol meniñ yzymdan iberilen eken. Biz tirkeşip ministriñ kabinetine girdik. Ministr öñki edip oturan gürrüñini goýdy-da, nazaryny maña tarap aýlady: - Sen şu adamyny tanaýarmyñ?! - diýip, gapdalynda oturan ýognas birini görkezdi. Ol adamynyñ kimdigini çalarak çaklaýardym. - Partiýanyñ Gökdepe raýon komitetiniñ birinji sekretary ýoldaş Saryýew bolaýmasa - diýdim... Olar biri-biriniñ ýüzüne seredişip ýylgyryşdylar. Soñra bolsa maña Gökdepe raýonyna medeniýet bölüminiñ müdiri bolup gitmekligi teklip etdiler. Me, saña gerek bolsa! Bu habar meniñ üçin bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly, garaşylmaýan bir zat boldy. Men süýem barmagym bilen öñümdäki stoluñ üstünde düşnüksiz şekilleri çekip başladym. Daşymdan zat diýmesemem, içim uly hümmüldidi. Kabinetiñ içinde dymyşlyk höküm sürýärdi. Elbetde, her kim meniñ aýtjak jogabyma garaşýardy. Şol wagtkar men bir hili müzzerilip, edil ýere girip barýan ýalydym. Näme jogap berjegimi bilmedim. - Dymmaklyk razylygyñ alamaty diýýärler... Onda näme, gürleşdikmi? - diýip, ýene Gara Seýitliýewiñ özi dymyşlygy bozdy. - Eger mümkin bolsa maña iki gün puryja beriñ! Olar razylaşdylar. Ýöne, men iki gün garaşdyrmadym. Ertesi irden ministriñ ýanyna bardym-da, näme sebäplere görä gidip biljek däldigimi başardygymdan düşündirip aýtdym. Ol meni dykgat bilen diñledi. Şonda men gürrüñdeşiñ gürrüñini diñlemeklik üçin hem uly ussatlygyñ gerekdigine düşündim. - Ýoldaş Jürdekow, ýagdaýyñyza serediñ. Ýöne "Sen" diýlen wagty "sen" boljak bolmak gerek - diýip, ol meniñ bilen hoşlaşdy. Men ministriñ kabinetinden çykyp, uludan demimi aldym. Üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýöne, bu ýeñillik uzaga çekmedi. Ertesi ýene-de meniñ "daşyma geçdiler". - Mydama merkezde işläp ýörüp bolmaz. Ýerlerdäki ýagdaýlary öwrenmek gerek. Sen ol ýerik git, ýene-de iki ýyldan yzyña çagyrarys. Ministriñ iñ soñky gelen netijesi şu boldy. Men razylaşdym. Men Gökdepe raýonynda işläp ýördüm. Wagt haýal geçýärdi. Şeýdip iki ýyly geçirmelidi. Aslynda iki ýyl geçäýende-de meniñ indi ugrumy idän bolarmyka? Bu bir ýöne aýdylan zat bolaýmasyn? Meni bir tarapdan şu soraglar ynjalyksyzlandyrsa, beýleki bir tarapdan işdäki kemçilikler, öñde durýan wezipeler böwrüme iññe bolup sanjylýardy. Bu aladalaryñ soñkusy rüstem bolup çykdy. Hawa, işler ugrugyp başlapdy. Dogrusy, käbir üstünliklerem ýok däldi. Raýon medeniýet bölüminde işlän döwrümde köp gezek Gara Seýitliýewiñ çuñ mazmunly çykyşlaryny, döwletli maslahatlaryny diñläpdim. Olaryñ diñe birini ýatlasym gelýär. ... Kerki raýonynyñ Kalinin adyndaky kolhozynda medeniýet işgärleriniñ respublikan ýygnagy geçirilýärdi. Şonda ministriñ özi doklad edipdi. Gara Seýitliýewiñ respublikamyzda medeniýet işiniñ ýagdaýy barada aýdyp, oba medeniýetini ösdürmegiñ wezipeleri hakynda eden sargytlary onuñ bu işe jany-teni bilen berlendigine güwä geçýärdi. Onuñ güýçli oratorlyk ussatlygy-da hemmeleri haýran edipdi. Doklad gutarandan soñ, prezidiumyñ stoluna gelip gowuşýan bölejik kagyzlaryñ yzy kesilenokdy. Her kim özüni gyzyklandyrýan mesele bilen ministre ýüzlenýärdi, soragyna göwnemakul jogap alýardy. Gara Seýitliýew gelen hatlaryñ birini okap durşuna çalarak ýylgyrdy. Soñra ol ony daşyndan okady. Ol hatyñ mazmuny, ine şeýleräkdi: "Hormatly Gara Seýitliýewiç! Eger mümkin bolsa bir minutlyjak ministr däl-de, şahyr hökmünde biziñ öñümizde çykyş etmegiñizi soraýarys". Ol ýekeje bent goşgy okady: Kim diýer ýaz güli owadan bolar, Kim diýer güýz güli owadan bolar, Soradym ýürekden, ýüregim diýdi: Her kimiñ öz güli owadan bolar... Bilmedim, bu goşgynyñ şol wagt dörän bolmagy hem mümkin. Dogrusy, men ony öñ döwürleýin metbugatda okamandym. Goşgy okalandan soñ, zaldaky şowhun wagty bilen köşeşmedi. Şahyr Gara Seýitliýewiñ joşgun bilen çykyş edip duran pursady häzirem göz öñümden gidenok... Iş bilen mazaly öwrenşipdim. Wagt diýilýän zadyñam ölçegi bir bolýar. Ol diñe öñe hereket edýär. Ine, bir günem meni partiýanyñ raýon komitetiniñ birinji sekretarynyñ ýanyna çagyrdylar. Bu ýerde Gara Seýitliýew hem oturan eken. Men bir hili ýakyn hossarymy gören ýaly boldum. Onuñ bilen gadyrly salamlaşdym. Iş-alada baradaky söhbetimiziñ soñy mundan iki ýyl ozal edilen gürrüñe syrykdy. - Wadada wepaly bolmaklyk, beren sözüñde tapylmaklyk adam üçin iñ bir gerekli sypatlaryñ biridir - diýip, Gara Seýitliýew maña seretdi. "Söz berip sözümde tapylmadyk ýerim barmyka?" diýip içimi gepletdim. Ministr sözüni dowam etdirdi: - Ýadyña düşýän bolsa, biz seni işe iberenimizde iki ýyl möhlet bilen iberipdik. Ine, iki ýylyñam iki gün ýaly bolup geçip gitdi. Indiki söz senden, eger Aşgabada giderin diýseñ çagyrjak. Men bu gezek köp garaşdyrmadym. Jogabym nagt boldy: - Gara Seýitliýewiç! Mümkin bolsa men bu ýerde entek işläýin. Ol çaga ýaly begendi. - Berekella, senden tamam-da şeýledi - diýip, egnime kakdy. Uly şahyr, uly jemgyýetçilik işgäri baradaky söhbetimi onuñ şu sözleri bilen tamamlasym gelýär: Ýüreklerde ýürek sözün dolduran, Dür söz bilen dünýä özün aldyran, Dünýäniñ aşygy dünýäden gitmez, Dünýäñ aşygyny dünýä unutmaz. Bu sözler beýik akyldar Pyragy hakynda şahyr Gara Seýitliýewiñ aýdan sözleri. Bu sözleri onuñ döredijiligine hem epigraf edip ulansa bolardy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |