23:53 Häsiýetnama / intermediýa | |
HÄSIÝETNAMA
Satiriki hekaýalar
- Meret Muhyýewiç, maña häsiýetnama gerek welin... - Näme, ýene-de öýlenjek bolýañmy, ýa okuwa zada giräýsem diýip hyýallanýañmy? - Ýok-laý, neme üçin gerek... - Turist bolup gitjek bolýañmy, daşary ýurda. Başlygyñam gözden salmagyn how, iki eliñi burnuña sokup geläýmegin. - Başlyk, harakteristka maña başga zat üçin gerek. - Hany, bar, başymy agyrtma-da, ýaz-da getir. Gol çekip peçat basyp bereýin. - Özüm özüme ýazaýynmy?! - Dagy näme, özüñi özüñden gowy bilýän adam barmy? - (Jübüsinden kagyz çykaryp uzadýar). Ynha, Meret Muhyýewiç, men-ä şeýleräk ýazaýjak. - (Okap ör-gökden gelýär). Ah-ow, muny nädäýipsiñ?! Aç-açanlyk döwri bolany bilen muny beýdäýmek bolmaz ahyry. - Hä, nädipdirin? - (Okaýar)... Işe köplenç içgili ýagdaýda gelýär, goh-galmagal turuzýar, kollektiwde çigidiñ gabygy ýalam abraýy ýok... Ýok men beýle zada gol çekip bilmen. - Başlyk, men henizen huşa getirjä düşenimi aýtmadym. Gaýrat ediñ! - Ýok, ýok, ýalbarybam oturma, bu zatlary görkezsek, taýagyñ beýleki ujy gelip maña deger. Dur, dur, muña dagy sered-ä! (okaýar) ...Gaçgyny jemgyýetçilik işi, bir ýumuş tabşyrsañ, on gezek ýatlatmaly... Sen näme, dälirediñm-ow?! - Başlyk jan, haýyş edýän, şu durşunajyk gol çekip beräýiñ, hä. - Bolmaz diýdim, bolmaz! - Aklygyñ-a ýetireýin, başlyk. - Ah-ow, bi häsiýetnama saña haýsy edara üçin gerek. - Woennikomadal-aý. - Ah, häliden şeý diýip düşnüklije aýt-da. Bar, maşynkada ýazdyryp gel, gol çekip bererin. (Ol gidýär, yzyndan) Eý, Sapbyýew, ýañky aklyk diýýäniñi unudaýmagyn-how! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |