20:56 Ömri uzaýan adam | |
ÖMRI UZAÝAN ADAM*
Ýatlamalar
Biz obadan çete çykdyk. Dag eteginden gelýän salkyn şemal, durnañ gözi ýaly dury suw keýpiñi götermänem duranokdy. Ene ýapdan saka alyp gaýdýan ujypsyz salmajygyñ başynda saklandyk-da, daş-töweregimize nazar aýladyk. Oglanlaryñ biri salmajykdaky suwy eýläk-beýläk serpikdirip otyrdy. Onuñ bu bolup oturşy bir görseñ çagalygyñy ýada salýan ýalydy, bir görseñem şujagaz şildiräp akýan suwuñ bir giden ýere bereket paýlaýşyna haýran galýan ýalydy. Ol käbir adamlar ýaly, öz duýgusyny gizläp durmady: "Görýäñmi şujagaz guş suwuny" diýdi-de, ýerinden turdy, aýaklarynyñ, biliniñ gurşuklaryny ýazdy. - Ynha, şujagaz suw bir giden meýdany suwarýar, hasyl berýär. Ýañky gürrüñ berlen adamam şeýle. Ol öz zehinini, yhlasyny köplere bagyş edipdir. Onuñ ýeke özi gör, näçe adamy sowatly edipdir! Men şujagaz salmany şol mugallym oglana deñeşdirdim. Zor meñzetme! Mugallym gözli çeşme - bilim sakasuna meñzedilýär. Edil şu wagt bütin Kelejaryñ adamlary aýaga galan ýalydy. Olar misli bir üýtgeşik owaz bilen Mülki mugallym hakynda mukam çalýan ýaly bolup gulaga eşidilýärdi. Kolhozyñ ekinzarlygyna çapar ýaly süýnüp barýan çeşme suwy-da bu mukamy has güýçlendirýän ýalydy. Salmajygyñ kenarynda otyrkak, oba adamlarynyñ gürrüñleri hakydamyza gelip-geçip dur: "Ol şu wagta çenli mugallym bolan bolsa, köp iş bitirerdi. Makarenko ýaly kitap ýazardy, tanymal adam bolardy", "Mülki neresse oñat mugallym bolmagyñ, şahyr bolmagyñ höwesindedi..." Onuñ durmuş ýoluna ser saldygyñça, nämüçindir iñkise gidýäñ, nämüçindir mugallymyñ basan ýerlerine misli bir gudrat kimin seredesiñ gelip dur. On dokuz ýaşynyñ içinde köp iş bitirendigi üçinmi?! Özüniñ goşgulary bilen halk köpçüligini terbiýeländigi üçinmi?! Mülki mugallymyñ obadaş dostlarynyñ biri öñki duşuşugymyzda ol hakda, oña bolan mähri hakda jaýdar bir söz aýtdy: "Tebigat käte öz gazaply kanunyndan çykýan bolsa bolmaýarmy. Il-gün üçin iş bitirýän adamlara ol näme üçin fiziki bakylyk berip bilmeýärkä?!." Mugallymyñ bu pikirleri bizi ýene-de duýgularyñ ummanyna alyp gitdi. "Mülki mugallym häzir obadaşlarynyñ arasynda ýaşaýar, biz oña hiç haçan aramyzdan aýryldy diýip bilmeris. Mülki mugallym obadaşlarynyñ arasynda baky ýaşaýar. Muña onuñ il-gün üçin bitiren işi, goýup giden ruhy mirasy yem güwä geçýär. I. Gökdepe raýonynyñ Kelejar obasyndaky 10-njy orta mekdebiniñ baýry mugallymlarynyñ biri, 40 ýyl pedagogik stažly Mülki Orazberdiýew bilen duşuşygymyz köpe çekdi. Ol öz atdaşy, söwer dosty Mülki hakynda söz açylanynda bir hili bozuljak ýaly etdi. - Oglanlar, siz ýene-de meniñ derdimi gozgajag-ow. Öñürägem ony biri sorap gitdi. Şonda-da gaty bozulypdym. Mülki mugallymyñ saglygynyñ hem gaty bir o diýen ugry ýok. Şonuñ üçin biz gürrüñiñ ugruny başgarak ugra sowduk. - Ýoldaş mugallym, bu obañyzyñ ekin-dikini nähili, ondan habaryñyz barmydyr? Gurjak ýaly bezelen kiçijik otagyñ içi öñküsinden giñän ýaly boldy. Hälki Mülki diýilse gözüne ýaş aýlajak bolup duran pedagog özüniñ ýylgyranynam duýman galdy: - Äl, şu kolhoz ýaly bereketli çeşme ýog-ow. Men ynha, kolhozyñ ilki guralan ýyllaryny gözüm bilen gördüm. Şonda aktiwistleriñ biri şeýle diýipdi: "Soñrak görersiñiz weli, kolhozyñ arkasyndan zähmet çekýän adam bal gününe batar, özbaşyna ýeñil maşyn ediner, radioly bolar, Iliç çyraly jaýda ýaşar". Bu gürrüñ daýhan üçin gara öýüñ içinde aýdylýan ertekidi. Ýöne ynha, soñ welin şol gürrüñiñ erteki däldigini gözümiz bilen gördük. Ol kellesiniñ gyzgynyna öz atdaşy hakyndaky meselä geçendigini añşyrmady: - Mülki neresse şu kolhozyñ guralmagynda in iñ oñat işlänleriñ biridi. Neresse şeýle bir dilewardy, şeýle bir şirin dillidi welin, edil eredip-akdyryp barýardy. Men oñ bilen gaty köp tirkeşdim welin, onuñ müzzerip ýören wagtyna gabat gelmedim. Onuñ baran ýeri ala-ýazdy. Gülki, şorta sözdi. Oniñ baran ýerinde adamlar gülküden ýaña gözleriniñ ýaşlaryny saklap bilmezdiler. Mülki bilen Şorgaladaky kommunistik ýaşlar mekdebine (ŞKM) okuwa girdik. Mekdebiñ direktory Baba Pälwanow Mülkinin zehinlidigine, başarjañlygyna tüýs ýürekden guwanardy. Mülki mugallym gürrüñ berip otyrka, öz atdaşynyñ oñat gylyklaryny nygtaýar. Mysal üçin, ýaş ýigit gaty sabyrly eken, ýoldaşynyñ gahary gelýän pursatlarynda oña ýomak aýdyp berip, ony açýan eken. 1935-nji ýylda peduçilişede okan ýyllarynda hem Mülki neresse diñe tapawutlanmak bilen okady. Ol şol ýyllarda ýygnaklarda öz goşgulary bilen çykyş ederdi. Aýratyn-da onda satira bolan äheñ duýulýardy. Uçilişäni gutaranyndan soń 17-nji kolhoz ýaşlar mekdebinde okatdy. 1939-njy ýylda goşun gullugyna çagyryldy. II. "Urşa gitdi, gaýdyp gelmedi. Ýöne ol bir zada weli gaty berk oglan eken. Ol öz deñ-duşlaryna ýazan goşguly salam hatlarynda Watany goramagy hemme zatdan ileri tutdy, ol öz şygyrlary bilen obasyny faşizmi ýigrenmäge aýaga galdyrdy. Onuñ hatyna oba sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Onuñ hatyndan soñ her bir daýhan täze ruha ýugrulyp, işe başlaýardy. Ine, Mülki şeýle oguldy". Bu jümleleri Mülki Orazberdiýew soñky gezek baranymyzda aýdyp berdi. III. Mülkiniñ inisi Mämmet Kelejarda işleýär. Ýöne, ol biziñ gözleýän zadymyza gezek gelende hiç hili kömek edip bilmedi. Biz onuñ frontdan iberen goşgularyny tapjak bolýardyk. Mämmet bizi agasynyñ atdaşy Mülki Orazberdiýewiñ ýanyna iberdi. Mülki aga ýene-de ahmyr edýär: "Ýeri şol wagtlar maña günde bolmasa-da günaşa goşgy bilen hat ibererdi. "Obadaşlaryma okap ber" diýip ýazardy. Ynha, indi gerek bolanda gultunyp oturmaly. Ýogsam men onuñ "Jellatlar", "Biz ýeñeris", "Gaýrat edip zor işläliñ" diýen goşgularyny daýhanlara okap berenim ýadymda. Hatda olaryñ käbir setirlerem ýadymda". IV. Oglanlaryñ kimdir biri obada toý bolanda goşgy aýdyşmaşak edipdir. Bir student oglan "Öz obadaşlarymyzyñ goşgularyndan iki sanysyny aýdyp bereýin" diýip, Mülki Mürşidowyñ goşgularyny okap beripdir. Şondan soñ ýene-de gözlege çykdyk. Oba mugallymlarynyñ biri "Mülki mugallym 1935-nji ýyllarda respublikan gazetlerde goşgulary bilen köp çykyş edipdir" diýip aýtdy. Biz indi ugur tapdyk. Gazet podşiwkalaryny agdarýarys. V. "Mydam taýýar" gazetiniñ 1935-nji ýylyñ 20-nji aprelindäki nomeri. Onda "Öwezim" diýen goşgy ýerleşdirilipdir. Ol goşga gol çekenler Mülki Mürşidow, Durdy Saryýew, Orazdurdy Igdirow. Goşguda okuwyna barmaýan, sapaklaryna ýetişmeýän Öwez diýen okuwçy tankytlanýar. Okuwyndan galyp obada gezýän, Biderek zatlarda gözüñ Öwezim. Birýandan lodurlyk, tertibem bozýañ, Bazarlarda gatyk satýañ Öwezim... Mülki mugallymyñ urşa gitmezinden öñki döredijiligi diñe mekdep durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Onuñ döredijiliginiñ esasy temasy ýaşlara okuw we bilim bermeklige, watansöýüjiligi terbiýelemeklige bagyşlanypdyr. Mysal üçin, şahyryñ "Artýar höwesim" (Okuwçy pioner gyzyñ enesiniñ ýazan hatyna jogaby), "Sözde däl, işde", "Watan söýgüsi" diýen şygyrlarynyñ hemmesi okuwçylarda terbiýe bermekde uly terbiýeçilik roluny oýnaýar. Mülki mugallymyñ goşgularyny okanyñda birehim urşuñ talantly terbiýeçiniñ ömür tanapyny kesişine ýürekden gynanýarsyñ. Onuñ ýazan goşgularyny müñlerçe okyjylar ýat tutdular. Häzirem okyjylar onuñ şygyrlarynyñ birentegini ýatdan bilýän bolsalar gerek. Belki, okyjylarymyzyñ köpüsi başlangyç klaslarda okanlarynda "Sözde däl, işde" diýen goşgyny ýat tutandyrlar. Ana, şol goşgy 1937-nji ýylyñ 16-njy martynda "Mydam taýýar" gazetinde çap edilipdir. Goşgyny Mülki Mürşidow bilen Orazdurdy Igdirow ýazypdyr. Emma näme üçindir, bu goşgy okuw kitaplaryna geçirilende, Mülki Mürşidowyñ ady düşürilipdir. Kitaby düzüjiler bu hatany düzederler diýip tama edýäris. Mülki mugallym "Sowatlylyk ugrunda göreş", "Kolhozçy sesi" gazetlerinde hem öz goşgulary bilen ýygy-ýygydan çykyş edipdir. Terbiýeçiniñ şygyrlaryny okanyñda olarsa nähilidir çaga bolan mähir we söýgi duýulýar. VI. "Kolhozçy sesi" gazetiniñ 1941-nji ýyldaky nomerini agdaryp otyrys. Gazetiñ 13-nji fewralyndaky çykan sanynda "Gyzyl Goşun" diýen goşgy ýerleşdirilipdir. Ony front gullugyndan Mülki Mürşidow bilen Öwez Kürräýew iberipdir. Bu goşgyny okanyñda, esger ýüreginiñ Watanyñ eziz topragy diýip urup durandygyna göz ýetirmek kyn däl. Geliñ, şol goşgynyñ bir bendini okap göreliñ: Tehnikany öwrenýäs, gaýgyrmazdan janymyz, Watan üçin gurban edip; damja gyzyl ganymyz. Kabul etdik berk kasam, gahrymanlar känimiz, Bu hormatly gulluga borçly bilip özümiz. Halka hyzmat edýäris, çünki biz Gyzyl Goşun. VII. "Kakam il-gün üçin işläpdir, janyny gurban edipdir. Meniñ ýolumam kakamyñ ýoludyr. Onuñ tutan işine mydama wepaly bolmagy kasam edýärin..." Begmämmediñ ejesine beren sözi. Begmämmet kakasynyñ yzyny yzarlap gitdi. Ol kakasy ýaly mugallym bolup ýetişdi. Kakasy ýaly çagalara durnukly bilim bermäge çalyşdy. Günlerde bir gün Begmämmedi üýtgeşik bir pikir gaplap aldy. Ol "Be, kakamyñ mazaryny, nirede jaýlanandygyny bilip bilermikäm?" diýip oýlandy. Şol oýlar bilen ahyry Wolgograd oblast harby komissariatyna hat ýazmagy makuk bildi. "Uç tapdyrmaz, jeñde haýsy bir öleniñ mazaryny anyklajak" diýip ýören mugallymyñ öýüne bir gün poçtalýon hat getirip gitdi. Ol hatda şeýle diýilýärdi: "Ýoldaş Mülkiýew Begmämmede. Aşgabat ş. 22. Halklaryñ dostlugy köçesiniñ 127-nji jaýy. Siziñ hatyñyzy aldyk. Wolgograd harby komissariatynyñ maglumatlaryna görä, 84-nji atyjylyk diwiziýasynyñ kiçi leýtenanty Mürşidow Mülki Atajykowiç 1942-nji ýylyñ 28-nji noýabrynda wepat bolupdyr. Ol Wolgograd oblastynyñ Kalaçýow raýonynyñ Wertýaçiý hutorynyñ ýanyndaky doganlyk mazarynda jaýlanypdyr". Begmämmet Mülkiýew dogan-garyndaşlary bilen kakasynyñ mazaryny görmäge gitdi. Wolgograd olary mähir bilen garşylady. Obanyñ pionerleri we mekdep okuwçylary olara doganlyk mazaryndakylaryñ bitiren edermenlikleri barada gürrüñ berdiler. Mekdep okuwçylary şol edermen gerçekleriñ arasynda türkmen doganlary Mülki Mürşidowyñ hem uly hyzmatlarynyñ bardygyny aýtdylar. Pionerler Türkmenistandan gelen myhmanlary mekdebe çagyrdylar. Doganlyk mazarynda jaýlanan esgerleriñ bitiren hyzmatlary bilen olary tanyşdyrdylar. Ýygnanyşykda pionerler öñki esgeriñ ogly Begmämmet Mülkiýewi hormatly pionerlige hem kabul etdiler. VIII. Begmämmediñ kakasy Mülki mugallymyñ obasy indi tanalmaz ýaly özgeripdir. Ol ýerde bir zat şol bir bolşuny saklapdyr. Olam şol Mülki neressäniñ gözi bilen görüp giden dagsan gelýän çeşme suwy. Ol çeşme şol bir bolşuny saklap, çasly akyp ýatyr. Biz Mülki mugallymyñ obasyndaky 10-njy orta mekdebe bardyk. Ol ýerde mugalkym şahyryñ goşgularynda wasp eden, arzuw eden otliçnik okuwçylaryny, Mülki mugallymyñ propogandirlän ussat pedagoglaryny gördük. Kolhoz prawleniýesine baryp, Mülki neressäniñ özi aýtmyşlaýyn "Zähmet arkasyndan gurply bolan" daýhanlary gördük. ... Mekdebiñ zalyna göz gezdirip barýarkan aýratyn bir ýerde saklanman geçip bolanok. "Biziñ obamyzdan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar" ...Mülki Mürşidow! Gözleriñe biygtyýar ýaş aýlanýar. On dokuz ýaşda gül ömri solan. Ýok, onuñ ömri solan däldir! Ol öz obadaşlarynyñ ýüreklerinde ýaşaýar. Obadaşlary Mülki mugallyma hormat goýup, her ýyl onuñ doglan gününi belleýärler. Şonda onuñ goşgularyny okaýarlar. Munuñ özi biderek geçen ömürmi?! Ýok! Uzaýan ömür ýaşaýan ömür! IX. Biz Kelejar obasyna her gezek baranymyzda, Mülki mugallymyñ gezen ýerlerine aýlanýarys. Mülkiniñ inisi Mämmet şeýle diýýär: - Ol şeýle bir dözümsizdi, awa gitse boş gelerdi. "Dilsiz-agyzsyz haýwany atyp, arkaýyn ýatyp biljek däl" diýerdi. ... Ortasan ýokary, ullakan gözli, daş keşbi şol wagtyñ mugallymyna meñzeş, gadyrly, salamly, ýörände dogumly basýan, algyr laçyn ýaly adam Gökdepe raýonynyñ "Mir" kolhozynyñ köçeleri bilen mekdebe sary barýar. Ol kiçi leýtenant, mugallym-şahyr Mülki Mürşidow... Kelejara baranymyzda, ol biziñ göz öñümizde şeýle janlanýar.... __________________________________ *Oçerk žurnalist S.Gurbanow bilen bilelikde ýazyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |