20:45 Adyñyz kim? / intermediýa | |
ADYÑYZ KIM?
Satiriki hekaýalar
Ýazyjy Çary Aşyrowyñ 80 ýyllygyna - Adyñyz? - Çary. - Atañyzyñ ady? - Aşyr. - Çary... Aşyr. Çary Aşyr. Wiý, Siz ýazyjy Çary Aşyrowmy? - Hut şonuñ özi. - Onda salawmaleýkim, Çary aga. - Waleýkim essalam... - Neme-le, bi, näme üçin iş wagty adamlar bu ýerik, ýagny uniwersitetiñ öñüne ýygnanyşýakalar? Ýa miting-zat geçirjek bolýañyzmy?! - Ýok, toý toýlamaga geldik. - O nämäñ toýy? Plan dolduñyzmy? - Ýok, plan ýañy 80 prosent boldy. Şony belleýäs. - Bagyşlañ, hormatly ýazyjy, bu zamanlarda plan dolanyñ bilenem beýle üýşmeleñ edilmeýä. Siz-ä ýañy 80 prosent... Ýogsa-da haçan 100 prosent bolmakçy? - 2010-njy ýylda. - Näme-e?! Düşünmedim. "80" diýdiñiz. "100" diýdiñiz. - Rahatlanyñ, bu ýygnanyşyk meniñ 80 ýaşymyñ toýy. Ýubileýim. - O-ho-ow, hälden şeý diýiñ-dä. Toýuñyz mübärek bolsun! Wagtyndan öñ 100 prosent boluñ diýenim bilen Siziñ artdyryp ýazma ýol bermejegiñizi bilýän. - Ynamyñyz üçin köp sag boluñ. - Ýubileý dabarasynyñ öñ ýanynda Size käbir soraglar bilen ýüzlenmek mümkinmi?! - Mümkin. Baş üstüne! - Edebiýata goşgy bilen geldiñiz, soñam proza... - Düşündim. Ol şeýle boldy. Uruşda meni ölümden gutaran Nina hakynda ýazan goşgymdan köpler habarlydyr. - "Ermeni gyzymy"? Onu ýatdanam aýdyp biljek. - Berekella. Ynha, bir gezek Ýerewana ýygnaga gidemde, galamdaşlarymyñ tagallasy bilen, öz halasgärimi tapdym duruberdim. Özem näçe ýyldan soñ, how! Tolgundyryjy duşuşyk boldy. Ähli gazetlere-de iş bolduk. Açan ýeriñ biziñ suratymyz boldy durdy. Gelenimden soñ keýwanym "Sen ýygnaga gitdiñmi, ýa..." diýip gatyrgandy. Öýümizde tüweleý turdy. Ine, şondan soñam proza geçdim. - Düşnükli. Siz "Tokmakda-da" işlediñizmi? - Işledim. Baş redaktor boldum. - Şonda bir gezek siz dynç güni redaksiýa gelipsiñiz. Ertesem işgärleriñize "Näme üçin düýn işe çykmadyñyz?" diýip gatyrganypsyñyz diýýäler. Şo çynmy? - Il diýýän bolsa ugrunda bardyr. Onsoñam "Tokmakda" gün sypdyrman işlemeseñ ýetişer ýaly hem däl. - Sizi "Tokmakdan" gyraklatdylarmy ýa-da özüñiz... - Häzir düşündireýin. Işläm döwrümde köp tankydy materiallar bilen çykyş etdim, žurnal sahypasynda. Bir gün tokmakçylar üýşdüler-de "Çary aga, señ tankytlan zadyñ bir hili düzelip barýar. Ähli zat gülala-güllük bolsa, kemçilik tapylmasa žurnaly ýaparlar. Onsoñ bizem... diýip howatyrlandylar. - Hä, onda Siz ýoldaşlaryñyzy işsiz goýmajak bolup özüñiz işsiz galypsyñyz-da. - Menem işsiz ýatmadym. On bir roman ýazdym. Onnañ... - Boldy, boldy. Sanamañ, göz degäýmesin. - Ýörüñ, Sizem ýubileý dabarasyna çagyrýan. - Eliñ boş gelşiksiz bolaýmasyn. - Jübiñ boş bolmasa bor, baryber. - Onda ýubileý dabarasyna barmazdan burun, Size bir etjek arzuwym bar. O ýerde bize gezek ýetermi, ýetmezmi, belli däl. - Iki gulagym sizde. - Haçan 100 prosent bolarkañyz diýip 2010-njy ýyla çenli garaşyp ýörmäñ. Siziñ on tomlugyñyzy çykarsynlar! - Agzyñyzdan neşirýatçylar eşitsin. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |