03:38 Öwrenmeli zat | |
ÖWRENMELI ZAT
Ýatlamalar
Kerim şahyry ýatlap... Ol wagtlar men Türkmenistan SSR-niñ telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetinde başlygyñ birinji orunbasary bolup işleýärdim. Kerimlere jañ etdim. Saglyk-amanlykdan soñ näme üçin bimaza edýändigimi aýtdym. - Telewideniýe arkaly çykyş edip beräýseñiz. Tomaşaçylardan gaty köp hat gelýär... Ol meniñ sözümi böldi. - Düşnükli. Ýöne ol häzir-ä bolmaz. - Wiý, o näme üçin? Ýa saglyk ýagdaýyñyz... - Ýok, saglygym Hudaýa şükür, häzir oñat. Ýöne men erte-birigün radioda çykyş edýän. Onsoñ yzly-yzyna Gurbannepesow bolup durmasyn. Gelşiksiz bolar. Ara azajyk maý düşsün, hökman çykyş edip bererin.... Trubkany goýup oýlandym. Eý, aman! Her hili kanagatly, sabyrly adamlar bar-ow. Käbiri çapawullap, günüñe goýanok, ýokary edaralara arz edýäler. Olar başarsalar, her günde çykyş etmäge-de taýyn. Şahyrdan biziñ entek öwrenmeli zadymyz gaty kän eken. ■ Myhmançylykda Bir iş bilen Kerimlere bardym. Salam berip, gapydan girenimden ol ýerinden turdy-da, meniñ bilen elleşip salamlaşdy. - "Işleýän ýerim "Tokmakdy", Küýüm ondan sypmakdy" - diýip, ol beýleki eli bilen taýly gezek arkama kakdy. Ikimizem gülüşdik. Ol işläp oturan eken. Şeýle pursatlarda döredijilik adamlaryna, aýratyn hem Kerim şahyra azar bermeli däldigini men oñat bilýärdim. Men kän oturman, habarymy aýtdym. - "Вечерная Москва" gazeti "Tokmagy" myhmançylyga çagyrýar. Žurnala wekilçilik edip beräýseñiz. - Myhmançylyga iki eliñi burnuña sokup baryp bolmaz. Oña "saçak" taýýarlamaly. Paýtagtly okyjylar gaty talapkärdirler... Bz Kerim bilen añsat düşünişdik. - Onda näme, haçan habar tutaýyn! - Arkaýyn bol, özüm bararyn. Hemem"tokmakçylar" bilen degşip-gülşüp, olaryñ çaýyny içeris. Ol köp garaşdyrman, goşgusyny getirdi. "Вечерная Москва" gazetiniñ "Tokmakly" sanyny soñ Kerim şahyra özüm elon eltip gowşurypdym. Şonda ol çaga ýaly begenipdi. ■ "Onyñ ogurlyk däl" Bu waka ýetmişinji ýyllaryñ ortalarynda bolupdy. Men mekdep durmuşyna degişli "Doglan ýyly sygyr" atly bir satiriki hekaýa ýazypdym. Eseriñ bir ýerinde Kerim şahyryñ goşgularyndan bir sýužeti çeper detal hökmünde ulanypdym. Elbetde, ony özümçe teswirläpdim. Onda-da ony şahyryñ özüne aýtman ulanmaga bogmum ysmady. Kerimlere bardym. Ol meniñ gürrüñimi soñuna çenli diñledi-de, başyny ýaýkap güldi. - Señ onyñ ogurlyk däl. Ogurlyk edýän adamlar ony aýtmaýarlar. Olar gündiziñ günortany eseriñden çilýärler-de, soñam "Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar" edýäler - diýip, edebi täsir bilen edebiýat ogurlygynyñ tapawudy hakynda söhbet açdy. Bilmedim, Kerim şahyr ýokarky sözlerini belli bir adama gönükdirip aýtdymy ýa-da ýok. Onçasyny biljek däl, ýöne meniñ-ä birhili ýüküm ýeñlän ýaly boldy. ■ Gökdepe galasynyñ ýanynda Kerim bilen Gökdepä gitdik. Maşynyñ rulunda özümdim. Olardan ugranymyzam şoldy welin, men: "Ýolda ýene-de birini alaýsam nähili görýärsiñiz!" diýip, oña sala saldym. - Kim ol! - diýip, Kerim gözlerini gyrpyldadyp maña seretdi. - Meniñ mugallymym, özem Siziñ goşgularyñyzym köpüsini ýatdan bilýän adam - diýip, men ýene-de onuñ adyny aýtmadym. Şahyryñ bilesigelijigi artdy. - Ah-ow, ol adamyñ ady ýokmy? - Ol adama Selim Nurnazarow diýýäler. Kerim arkan-ýüzin gaýşyp güldi. Ýaşaran gözlerini ýaglygy bilen syldy-da: - Selim, ol meniñem mugallymym ahyryn. Gitse äkideli, hökman äkideli - diýip, ol gaýtam Selimleriñ öýüniñ nirededigini maña salgy berdi. Biz üç bolup Gökdepä bardyk. TKP Gökdepe raýkomynyñ şol döwürdäki birinji sekretary Aşyrgeldi Saryýewiñ ýerine göründik. Soñra "Bolşewik" kolhozyna tarap gitdik. Gökdepe galasynyñ gabadyna bardyk. Men gözümiñ gyýtagy bilen Kerime seredýärdim. Ol ähli ünsüni bir zada jemleýän ýaly gaşlaryny bürüşdirip uzaklara seretdi. Birdenem setirler seçelenip gaýtdy. Asmany dolduryp göçüp barýardy Gara sygyr ýaly gara bulutlar. Biri "Ýagar" diýýär, beýleki "Ýagmaz!" - Aşakda pal atýar bulda beletler... Men maşyny ýuwaşatdym. Bu okalýan poemany - "Parahatlyk ilçisini" men öñ žurnalda okapdym. Ýöne Kerimiñ eserlerini onuñ öz agzyndan diñlemekligiñ hiç zat bilen deñeşdirip bolmajak lezzzeti bardy. Ol poemanyñ bir ýerine ýetende saklandy. Nämedir bir zatlary ýatlajak bolup, özüni gynady. Men maşyny sakladym-da: - Me, yzyny şu ýerden okaýyñ - diýip, maşynyñ tahylyndan "Sowet edebiýaty" žurnalyny alyp, oña uzatdym. Kerim geñirgenip, meniñ ýüzüme seretdi. - Be, sen täsin adam-aý, meniñ eserlerimi ýanyña göterip ýörsüñ - diýip, ol poemanyñ yzyny okady. Soñra ol Gökdepe galasy barada köp zatlary gürrüñ berdi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |