15:50 Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa | |
BILGIÇLERE YNANYÑ!
Satiriki hekaýalar
Wah, oña ýetesi näme bar, ol belli zat-la, başarsaň kesellemejek bolmaly. Hany, beýle bagt hemişe ýetdirip duryamy?! Onsoñam ol seniñ erk-islegiñe ýa wezipäñe, baylygyňa-da garap duranok, ýakañdan ebşitläp tutýa-da, aldym-berdime salyberýär. Ýogsam, baýlyga gezek gelse, haýsy bela-beteriň öñünde durmaly bolsa durup biljek. Magtanmak üçin aýdýandyr öýtmäñ, Hudaýa şükür, elim uzadan ýerime ýetýär. Dagy näme, näçe ýylyň başlygy bolup yörün. Hawa, hawa, giden uly bir hojalygyň ýolbaşçysy. "Tüf" diýsem, tüýküligim ýere gaçanok, öz siňegimi özüm gorap bilýän. Ýöne... Hawa, kesel diýilýän nägehanyň haýsysy bolanda-da, onuň yüzüne ot degsin. Bi, örgün-ä O-of, meniň ýanymda şonuñ bir gürrüňini etman, low-low ýanyberýän. O kesel baryp ýatan allajy eken. Walla, bi meni gotur açana dönderdi, gars-gars gaşanyp ýörmeli Seredin, bi endamymdaky gyzyl-gyzyl tegmillere, atyljak wulkan ýaly, bulduraşyp durlar. Özi aýrylarmyka öýdüp, başda baş galdyrmadym. Gaýtam gitdigiçe beterledi, tutuş endamym petir bezān ýaly. Ýok, munuň bilen oýun etmeli däl, derrewjik ugruna çykmaly, lukmanlara görkezmeli, ýogsam.. Lukman başyny ýaýkap-ýaýkap, endam-janymy synlady-da, sag eliniň süýem barmagy bilen ýag garynjasy ýaly, topbaryp duran kindiwanja murtuny dyrmalady. - Be-ýe, bi nämeden beýle bolýakan-aý? - diýip, ol açyk duran penjireden daşaryny synlady. Ýogsa-da, bi, ýaňky soragy kime gönükdirdikä? Otagda ikimizden başga janly-jemende ýok. Belki, ol öz-özi bilen gürleşýändir. Onuň nämeden bolýanyny, name üçin bolýanyny bilsem, haraý isläp, seniň ýanyňa geljekmi?! Haý, berebekgeý, aý, şu lukmanlaňňam käbiri, bolýa-da, ýöne. Ol soragyny dowam etdirdi. - Soňky döwürde iýen zatlaňňy sana?! O-hohow, bi asyl mundan çykdy-ow. Oslagsyz berlen sorag menin aňkamy aşyrdy. Lukman diýip prokuroryň ýanyna geläyen däldirin-dä, hernä. Meniň iýen zatlarym bilen näme işiň bar? Olaryň haýsy birini sanaýyn. Ýolbaşçylyk edýän kolhozymy onki süňňüne çenli gemirdim, ýykdym. Süri-süri malyny ýuwutdym. Indem kolhozy döwlet önünde bergidar diþip dargatsalar, özüm satyn aljak. Dagy näme, ýeňiyoluk daýhanyň gurby çatar öydyäňmi oňa. Be, bi meniň iýen zatlarymy name etjekkä? Aslynda, meniň bu keselime onuň näme dahylly yeri barka? Dek soňky on günüñ içinde ýigrimi adama mellek yeri berip, hersinden çildim ep-eslijäni. Kolhozyň araky geçiren toýunda-da doýup galdym. Bir goýnuň yerine on goýun öldürdim diýip ýazaňda-da, towugyňa «tok» diýýän yok. Gadymy ertekidäki böwen jik ýaly, lak-luk atylýan zatlar kändir. Iýen zatlarymy sanasaň sogaby bardyr. Näme jogap berjegimi bilmän, lukmanyň ýüzüne soragly seretdim. - Näme, iýen zatlaryň ýadyňa düşenokmy? Bananmy, kaktusmy, almamy? Umuman, daşary ýurtlardan getirilýän miwelerdir dürli ir-iýmişler hemme kişä ýarabam duranok. Başarsaň... Wah, kelläm gursun, paňkelle. Onuň aýdanlaryna düşünmän, özümi heläkläp oturypdyryn. Özüm ili aldap ýörendirin welin, neden ahmal galypdym. Hernä düşünişdik wagtynda. Ol üç-dört sany derman ýazyp berdi. Içinde içmelisem bar, endamyňa çalmalysam. Ýeser lukman eken, osmakladyp oturmady, gönüsini gürledi. Agam, bu dermanlary heläk bolup dermanhanalardan gözläp ýõrmegin, öňi-soňy tapmarsyň. Jygyllyga barsaň bardyr. Size ýene-de bir ýatlatjak zadym, azajyk bokurdagyňyza buýruň. Bäş gün zat iýmäniñizde-de hiç zat bolmaz. Lukmanyň maslahatlaryndan mas ýüklenip, öýe geldim. Aýdylan-diýlen zatlary etdim. Wah, dermany derrew tapdym-la. Puluňy gysganmasaň, öyüňe-de getirip berýärler. Ýöne onuň aýdanlarynyň nepi degmedi. Ýene şol lukmanyň ýanyna bardym. Ol başyny ýaýkap, kellesini ýolaýjak boldy. Dodaklaryny çommaldyp sygyrdy. Onuň bolup durşuny görüp, meseläniň yüzleý däldigine düşündim. Ýa keselhana saljak bolýamyka? Ýok, ol ýene-de meniň garaşmaýan zadymy aýtdy. - Men şu ugurdan kandidatlygy gorap, alym bolanam bolsam, beýle- beýle zatlary heniz göremok. Gaytam öňküsinden beterläpdir-ä bi. Agam, sen gowusy bilgije görün... - Tebibemi? - diýip, men onuň aýdanlaryna düzediş berjek boldum. - Ýok-yok, bilgije. Munyň ahyrzaman-la how, gowulygyň nyşany däl. Alar bi, seni. Nätjek, itiň dertli bolmasyn diýleni. Gum eteginde ýaşaýan Baýram bilgijinkä bardym. Ol kän gürleýän adam däl eken, oña ähli zat aýan bolarly. Ýüzüme çiñerilip seretdi-de: - Aýdan zatlarymy edip biljek bolsañ aýtjak, ýogsam - diyip, ol sözüni soñlaman goýdy. - Wah, diliñ gymyldasa bolýa. Aýdan zadyňa aňryýany bilen hötde gelerin, arkaýyn bol - Ýok, gowusy aytmaýyn. Ýalañaç galarsyň. Bilgijiñ mus-musuna gaty gowy düşünmedim. Näme, ol maña goly ýukadyr öýdýämikä?? Şuña özümiñ kimdigimi aýdaýyn-la. - Baýram aga, arkaýyn bol, men başlyk bolup işleýän. Hudaýa şükür... - Bilýän-bilýän. Maña ähli zat ayan, elimiň aýasynda ýaly, görnüp dur. Gadymy patyşalaryň köşgüne gaýra dur diýýän jaý saldyranyňam bilýän. Seň süri goýnuny kimiñ bakyp ýöreninem aýdyp biljek. Şäherdäki garyndaşlaň howlusynda bukup saklaýan daşary ýurt maşynyňy... Ine, bilgiç diýip muña diyseň. Öz ýadyma düşmeyān zatlaram aýdyp otyr. Keselden saplanjagyň çynyň bolsa, bilgijiň şertine kaýyl bolmaly. - Dur-dur! - diýip, men ony sakladym, özümiň ähli zada razydygymy aýtdym. Ak ezýaka köýnekli, ak sakgally, ak guş ýaly bolup oturan gojanyň gözleri nurlanyp gitdi. - Han ogul, haramydan el çek. Orramsylyk edip ähli gazanan zatlaryňy yzyna gaýtar. Şeýtseň, bu keselinden saplanarsyň, ýogsam... Jan gerekmi, pyçak diýleni boldy. Bä, näme etsemkäm, içimi gürledip öýe geldim. Ähli baýlygym, gazananym tereziniň bir gapdalyna mündi. Şeýdip, bu zatlardan el ýuwaýmaly bolarmyka? Bilgijiň diýenini edip, hemme zadymy orta goýsam, ýaralarym aýrylarmyka. Ol deýýus meni oýnap ýören däldir-dä. Synanaýyn, peýda etmese.... Şarňyldap duran jaýymy içiniň goşlary bilen kolhozyň çagalar bagyna berdim. Mal-garalardan dyndym. Iküç sany maşynym bardy, olaram tabşyrdym. Aý, garaz, sopbaş özüm galdym. Ýöne ýaralarymyň ýeňleýän zady ýok. Der-gazaba münüp bilgijiňkä bardym. Onuñ göwni bir ýaly, gaýtam ýylgyrdy-da: - Han ogul, egniňdäki eşikleňňem öz daban azabyňdan däl ahbetin. Gaty görme, ählisini çykar-da, me, ynha, şujagazy geý diýip, ol sary giden köneje jalbary öňüme oklady. Men beýleki otaga geçip çalşyryndym. Elbetde, bilgijiň beren jalbary meniň diñe uýat ýerlerimi ýapdy diýäýmesem, syrlaşyp dur. Ýöne endamymdaky ýaralar welin, walla, ynanmarsyňyz, edil pyçak bilen syrylyp aýrylan ýaly boldy. Sypba sypyrlaýdy. Bir hili dünýäm giňäp gitdi, yüküm ýeňledi. Bäý-bä-ä, bilgiçlere ynanmazçylyk etmeli däl eken. Olara ynanmaly how, ynanmaly! Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |