18:23 Walentina / hekaýa | |
WALENTINA
Hekaýalar
Käriň gazetçilik bolsa, gezende bolýas. Dürli ýerlerde bolup görýärsiň, dürli ykbally adamlar bilen tanyşýarys. Bir gezek redaksiýanyň tabşyrygy bilen «ak altynyň» mekany Murgap jülgesine gitdim. Öňde baryjy bir brigadanyň ussat pagtaçylary, olaryň gahrymançylykly zähmeti barada oçerk ýazmalydym. Raýon merkezinde maňa «Arzuw» kolhozyna gitmegi maslahat berdiler. Öýlänler ýola düşdüm. Ol ýere baramda bolsa gün eňegini ýere beripdi. Kolhozyň posýology kiçijik şäheri ýadyňa salýardy. Asfaltlanan oklaw ýaly köçeler, olardan zymdyrylyp barýan ýeňil maşynlar, beýhuş ediji atyr ysyny dünýe ýaýradyp oturan dürli reňkdäki güller, gunduz ýaly ak jaýlar göwnüňi göterýärdi. Bu zatlaryň bary özgeren obanyň şu günki bagtyýar durmuşynyň gözli şaýady. Oba medeniýet öýüniň iki gat jaýy posýologyň ortarasynda howalanyp otyr. Onuň töweregi toý märekesine çalym edýär. Toý lybasyny geýnen ýaş ýigitlerdir gyzlar gaýda-gaýmalaşyk. Klubyň depesinde pasyrdaýan gyrmyzy baýdak hem gol bulap, adamlary bu ýere çagyrýan ýaly. Kolhoz prawleniýesinde meni bir adam bilen tanyşdyrdylar. Onuň ady Muhammet eken. Özem brigadir. Ol pälwan sypat, daýaw adamdy. Işden basyljak adama meňzänokdy. Men oňa gürrüňleşmek isleýändigimi aýdanymda, ol ýaýdanjyrap sagadyna seretdi. Men onuň bir ýere howlukýandygyny aňdym. Bolsa-da ol «gürleşmäge wagtym ýok» diýäýmedi-de, sypaýyçylyk bilen ýagdaýy düşündirdi: – Şu gün agşam klubda bir ýygnanyşyk boljak. Şoňa barmaly. Wagtyňyz bolsa, sizem baryň. Gaty gyssanmaç bolmasaňyz, şondan soň duşuşaýsak nähili bolarka? Soň agşam çaýyny hem öýde içäýeris. Gümür-ýamyr ederis. Ertir daň bilenem şol ýerden bileje iş üstüne gideris. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýipdirler. Pagta meýdanlaryna aýlanarsyňyz. – Ol meniň ýüzüme seredip, sözüniň üstüne goşdy. – Nähili görýärsiňiz? – «Myhman öý eýesiniň guly» diýipdirler, Muhammet aga, şeýdäýsegem bolman durmaz – diýip, men onuň bilen razylaşdym. Agşam menem kluba bardym. Ol ýerdäki gaýda-gaýmalaşygyň sebäbini şondan soň bilip galdym. Asyl Muhammet aganyň brigadasynyň zähmet ýeňşine bagyşlanan agşam geçirilýän bolsa nätjek? Men ol adamyň häsiýetine haýran galdym. Öz brigadasyna baýdak gowşuryljakdygyny ýalandan-çyndan ýaňzytmandyram. Ýöne Muhammet aganyň baýdagy kabul edende aýdan sözleri welin hiç ýadymdan çykanok. – Adamlar, baýdak diýilýän zat gudratly zatdyr – diýip, ol märekä ýüzlenipdi. – Beýik ýeňşimiziň alamaty hökmünde kyrk bäşiň maýynda biz Reýhstagyň depesinde Ýeňiş baýdagyny dikipdik. Biziň baýdagymyzyň aňyrsynda uly durmuş ýatyr, gaýduwsyz göreş bar. Ine, bize şu gün gowşurylýan baýdak hem ýeňiş baýdagy. Zähmet frontunda gazanylan ýeňiş baýdagy. Biziň brigadamyzyň adamlary şu baýdaga wepadar bolarlar. Gysga gürledi, ýöne manyly gürledi. Men şol gürrüňden Muhammet aganyň urşuň kynçylyklaryny hem başyndan geçiren adamdygyny bildim. Soňra çeper höwesjeňleriň konserti boldy. Şonda çykyş eden bir gyzyň aýdym aýdyşy meni haýran galdyrdy. Ýöne onuň ady meni aýdymyndanam beter haýran galdyrdy. Gyzyň özi türkmen bolsa-da, ady rus adydy. Walentina Muhammedowa. Men bu barada Muhammet agadan soramagy ýüregime düwsemem, soňa goýdum. «Geňirgenýän ýaly bolmaýyn-la. Soň bir ugruny tapyp soraryn-da diýdim. Dabaraly agşamdan soň Muhammet agalara gelip, çaý başynda gümür-ýamyr etdik. Şol wagt hem biziň oturan otagymyzyň gapysyndan bir gyz girip: – Kaka, nahar getireýinmi? – diýip sorady. Seretsem, şol aýdym aýdan Walentina. Asyl ol Muhammet aganyň gyzy eken. Men onuň familiýasynyň Muhammedowadygyny eşitsem hem ony Muhammet aganyň gyzydyr öýtmändirin. Meniň göwnüme bu gyzyň adynyň aňyrsynda bir syr bar ýaly bolup durdy. Bilesigelijiligim has-da artdy. – Ýaňky aýdym aýdan Walentina asyl siziň gyzyňyz eken-ow – diýip, Muhammet aga ýüzlendim. – Gaty gowy sesi bar eken. – Hawa, biziň gyzymyz bolmaly. Özem şu ýyl onunjyny gutarýar. Aýdym-saz ugrundan Aşgabada gidip okamakçydyr öz-ä – diýip, Muhammet aga jogap berdi. Ara ümsümlik aralaşdy. Men ýaýdanjyrap gürrüňe başladym: – Muhammet aga, o nähili gyzyňyzyň ady... – Düşünýän, düşünýän – diýip, men söze başlan badyma ol sözümi böldi. – Seniň şony sorajagyňy bilip otyryn. Inim, görýän welin, sen meni gürletjeg-ow. Ol elindäki owkalap oturan çilimini otlandy. Iki-üç gezek işdämenlik bilen sordy. Içine soran tüssesini bölüp-bölüp goýberip oturyşyna gürrüňe başlady: – Biziň halkymyzyň oňat däbi bar, inim. Ýagşy adamlar ýatdan çykarylmaýar. Olaryň ady ebedileşdirilýär. Obamyzyň ortarasyndaky ýadygärligi gören bolsaň, ana, şolam geçen Watançylyk urşunda Watan üçin, halk üçin wepat bolan obadaşlarymyzyň ýagty ýadygärligine gurlan bina. Ol ýerde esgeriň ýalynly ýüregini ýatladyp duran ebedilik alawam bar. Haçan barsaňam, ol ýeriň adamsyz wagty ýok. Her kim ol ýadygärlige ter gül desselerini goýýar. Hawa, biz öz gahrymanlarymyzy şeýle hormatlaýarys. Olara näçe hormat etseňem az. Olar dirileriň bagty üçin, parahatlyk üçin janlaryny pida eden adamlar. Hawa, meniň gyzym Walentinanyň ady hem şol uruş bilen baglanyşykly. Meni ölümden halas eden gyzjagazyň ady Walentinady. Ine men şol wakany başdan gürrüň bereýin. Bir müň dokuz ýüz kyrk ikinji ýylyň aňzakly gyşydy. Howa gaty sowukdy. Tüýkürseň, tüýküligiň ýere buz bolup gaçýardy. Özüň bilýäň, beýle sowuk biz ýaly ýyly ýurtdan baranlaryň haçan gören zady. Ýöne «adamyň başy daşdan gaty» diýleni çyn eken. Başyna düşende adam her zada döz geljek eken. Şol wagtlar buz ýassanyp, gar düşensegem, asyl o ýerim agyrýa, bu ýerim agyrýa diýip, hyk-çok etmänem bilmändiris. Biziň rotamyz güri tokaýlygyň içinde ýerleşýärdi. Rus tebigatynyň gözelligi haýran galdyrýardy. Ol ýeriniň tokaýyny diýsene! Ok ursaň geçer ýaly däl. Syrdym berýoza agaçlaryny göreniňde haýranlar galýarsyň. Bir ýerine tyg salmaga dözer ýaly däl. Ýöne nätjek, ýarylýan top oklary, omzaşyp barýan tanklar, ok-däriden emele gelýän ýangynlar ol tokaýlary paýhyn edip taşlaýar. Bu weýrançylygy göreniňde, möňňürip aglaberesleriň gelýär. Ýöne uruş hiç zady aýap duranok. Tokaýa görä has gymmadrak adamlaryň ömri hem paýhynlanýar... Bize üç bolup möhüm tabşyryk bilen razwedka gitmeklik buýruldy. Duşmanyň näçeräk güýjüniň bardygyny kesgitlemelidik. Eger ele salyp bolsa, «dil» hem alyp gaýtmalydyk. Bu meniň razwedka ilkinji gezek gidişim däldi. Garaňky düşüpdi. Biz käte bukdaklaşyp, käte bagrymyz bilen süýşüp, öňe gidip barýardyk. Biziň üsti-başymyz hem gar bilen reňkdeş bolansoň, hereketimizden aňaýmasalar, ýogsam kän bir adam bardygy hem seljerdip duranokdy. Dünýä çuw-ak bolup ýatyrdy. Ýöne herhal ätiýajy elden bermeli däldi. Dogrusy, şol wagtlar gorky-ürki diýen zat biziň ýadymyza-da düşenokdy. Asyl uruşda adam ölüm barada pikirem etmez eken. Ol ýeke-täk arzuw bilen ýaşaýar. Çaltrak iliňi, ýurduňy duşmandan azat etmeli. Hak iş üçin iň soňky damja ganyňa çenli göreşmeli. Hak iş bolsa adama ganat bekleýär. Hawa, biz şol gidip oturyşymyza suwly jara baryp ýetdik. Meniň jar diýýänimem biziň Murgabymyzdan kiçi däldi. Jaryň üsti galyň buz bilen örtülipdir. Ýalazy ýerden geçmek amatsyz bolýar. Biz jardan geçsek, birneme aňyrrakda asfalt ýoluň bardygyny bilýärdik. Ýoluň gyrasyndaky ganawdan ýokarlygyna dyrmaşyp, bagrymyz bilen süýşüp ugranymyzam şoldy welin, edil ýerden zompa çykan ýaly bolup, bir motosiklet deňimize gelip saklandy. Ondan üç sany fris alawagyrdy bolup düşdi. Olar bizi çyraň yşygyna göräýmeseler ýagşydyr diýip howatyrlandyk. Näme etmeli? Dogry, häzir olaryň janyny jähenneme ibermek itiň aňsadydy. Hersiniň ýekeje ok haky bardy. Ýöne tüpeň sesi çyksa, yzynyň bulaşjakdygy görnüp durdy. Sebäbi duşmanyň berkitmesi biziň öň ýanjagazymyzdady. Onsoňam biz entek duşmanyň näçeräk güýjüniň bardygyny bilemzokdyk. Duşman şol günler yza çekilip ugrapdy. Olaryň esasy güýjüni yza çekip, bu ýerde az sanly adam goýan bolmaklaram ahmaldy. Biz ýatan ýerimizde doňup galdyk. Nemeslerem öz aralarynda bir zatlar gürleşdiler-de, öz ugurlaryna gitdiler. Hernä bizi görmediler. Biz özümizi çalasynlyk bilen ýoldan aňryk atdyk. Biziň komandirimize Smirnow diýilýärdi. Ol gaty dogumly ýigitdi. Gözleri ýanyp durdy. Özem şol töwereklerde önüp-ösen adam bolansoň, ýola-yza beletdi. Aňyrrak bardyk welin, Smirnow maňa sag tarapda garawullap oturmagy tabşyrdy. Eger birden bir zat aňylaýsa, men duşmanyň ünsüni özüme çekmelidim. Smirnow bilen Sergeý daýy bolsa öňe gitdi. Sergeý daýy biziň rotamyzdaky iň ýaşulymyzdy. Ony hormatlap, barymyz onuň adyny Sergeý daýy diýip tutýardyk. Gaty degişgen, wäşi adamdy. Uruşdan soňam onuň bilen aragatnaşyk sakladyk. Ol ýaňy birki ýyllykda aradan çykdy. Ýerine-de baryp gaýtdym bendäň. Hawa, onsoň men garaşyp başladym. Meniň ýatan ýerimden duşmanyň bir tanky görünýärdi. Birdenem ýaňky tank gyzyl ot bolup ýanyp başlady. Awtomatlaryň tatyrdysy eşidildi. Bu zatlar Smirnowyň işidir diýip, men hiç komanda-da garaşman, öňe bakan ýöräp başladym. Sergeý aga-da duşmany çep tarapdan oka tutýardy. Frisler kän eken. Şeýle-de bolsa biz üstlerini duýdansyz basamyzsoň, dowula düşen duşman gaçmaga mejbur boldy. Ýöne, arman, mähriban komandirimizi aldyrdyk. Menem agyr ýaralandym. Yzymyza gaýdyp baran bir Sergeý daýy bolupdyr. Ol meni hem wepat bolandyr öýdüpdir. Emma men ölmändim. Ölüm bilen ýaka tutup göreşýärdim. Ýaram gaty agyr bolsa-da, men gymyldamalydygyna düşünýärdim. Sebäbi aldajy sowukda hereketsiz ýatsaň, gürrüňsiz doňup galjakdyň. Gyrmyzy ganymy saçalandyryp, sowuk garyň üsti bilen süýşenekleýärin. Barha ysgynym gaçýardy. Bu ýagdaýda uzak gidip bilmejekdigimi bilýärdim. Iň soňunda bir ýodajyga çykanymy bilýän. Soňra özümden gidipdirin. Näçe ýatanymy bilemok. Birden özüme gelen ýaly boldum. Ýene gymyldamaga-da mejalym ýokdy. Geň galmaly, şol wagt men ölüm hakda pikir etmeýärdim. Näme üçindir uzak ýerde galan obam, käbäm ejem, söýgülim Bagty, dogan-garyndaşlarym, goňşy-golamlarym hakda oýlanýardym. Olaryň keşbi ýeken-ýeken gözümiň öňünden geçýärdi. Birdenem, gulagyma Sahy bagşynyň owazy eşidilen ýaly boldy. Ol şonuň öňüsyralarynda biziň aramyza baryp, okoplaryň içinde aýdym aýdyp berip gaýdypdy. Men bu zatlaryň huşumdadygyny, düýşümdedigini bilemokdym. Ýene özümden gidipdirin. Men şonda gürrüňsiz heläk bolaýmalydym. Ýöne, ajalyň ýetmese, garaz bir sebäp tapylýar eken. Meniň bagtyma şojagaz ýodadan geçip barýan bir gyzjagaz iňňildimi eşidip, ýanyma sowlupdyr. Ojagaz gyz derrew bu barada obalaryna habar beripdir. Soňra oba adamlary gelip, meni ýygnapdyrlar. Ine, meniň ölmän galanyma sebäp bolan şojagaz gyzyň ady Walentinady. Muhammet aga üstünden agyr ýük aýrylan ýaly uludan demini aldy. Sözüne azajyk dyngy berdi-de, dowam etdi: – Uruşdan sag-aman gelenimden soň, Wagty bilen toý tutduk. Gyzymyz boldy. Şeýle bolaýbilseýdir diýip diläp ýördüm. Şonda onuň adyna Walentina dakjakdygymy eşidende, ejem ilki bada geňirgenjek ýaly etdi. «Näme, oglum, gyzyňa türkmen adyny tapmadyňmy?» diýdi. Men oňa hemme zady ine saňa gürrüň berşim ýaly gürrüň berdim. Şondan soň ejem: «Beýle bolsa, oglum, goý, gyzyň ady Walentina bolsun. Şol gyzjagaz ýaly edermen, rehimdar gyz bolup ýetişsin» diýip, meniň bilen razylaşdy. Ine, inim, Walentina adynyň taryha şeýle. – Onsoň şol Walentinanyň ykbalyndan siziň habaryňyz barmy? – diýip, men Muhammet, agadan soradym. – Hawa, olaryň maşgalasy bilen aragatnaşyk saklaýarys – diýip, Muhammet aga jogap berdi. – Men bir gezek olara gidibem geldim. Ýöne heniz şu iki Walentinany duşuşdyrmak niýetim başa baranok. Walentinanyň gelerine garaşyp ýörüs. Basym iki Walentinany duşuşdyrarmykam diýýän. – Şonda hökman maňa-da habar edeweriň, Muhammet aga. Meniň iki Walentinanyň duşuşygy barada ýazasym gelýär – diýip, Muhammet agadan haýyş etdim. Biziň halklarymyzyň doganlyk dostlugynyň nyşany bolan bu duşuşyk hakda hökman ýazmak gerek. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |