16:19 Bahasyny tölediñ / intermediýa | |
BAHASYNY TÖLEDIÑ
Satiriki hekaýalar
- Başlyk, ogry tutdum. - Nädip tutduñ? - Ýakasyndan towlap tutdum. - Nirede? - Etdilem KPP-den geçip barýarka. - Näme ogurlapdyr? - Näme ogurlar öýdýäñ? Fabrigimiziñ çykarýan köwşünden birini çilipdir. - Be-e, maladis! Hany, sen dogryñy aýt, fabrigimiziñ çykarýan köwşi göwnüñden turýamy?.. - Juk. - "Juk" bolsa näme üçin ogurladyñ? Hä, jogap ber? - Ogurlan harydymyñ doly bahasyny töletdiriñ muña. - Be-e, men geçmeýän zadyñyzy başyma ýapaýynmy?! Öz bahasyna aljak bolsam magazinlerde-de baslygyp ýatyr. Mäñ, köwşüñizi yzyma alaýyñ - diýip, ogry köwşi başlygyñ öñüne oklady. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |