09:28 Mentaliteti öwreniş ylmynyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy | |
MENTALITETI ÖWRENIŞ YLMYNYŇ BEÝLEKI YLYMLAR BILEN ARABAGLANYŞYGY
Filosofiýa
Bellenip geçilişi ýaly, mentalitet we mentallyk bolsa häzirki güne çenli ylmyň özbaşdak pudagynyň predmeti hökmünde garalman, esasan filosofiýa, taryh, sosiologiýa, psihologiýa, hukuk, ykdysadyýet we ş.m. ylymlarynyň çäklerinde öwrenilip gelipdi. Görkezilen jemgyýetçilik hadysalary öwrenmeklige gönükdirilen ylmyň täze pudagy hökmünde mentaliteti öwreniş ylmy hem esasan ylymlaryň görkezilen görnüşleri bilen has ýakyn arabaglanyşykda durýar. Ylmyň bellenip geçilen pudaklary bilen mentaliteti öwreniş ylmyň arasyndaky arabaglanyşyk barada her haýsy boýunça aýratynlykda durlup geçilende şu aşakdakylary bellemek bolar: 1. Ilkinji nobatda mentaliteti öwreniş filosofiýa ylmy bilen ýakyn arabaglanyşykda durýar. Sebäbi filosofiýa ylmy jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi, dünýägaraýyş, dünýä we adamyň ondaky ornuna bolan garaýşyň, pikileriň ulgamy bolmak bilen, adamyň dünýä bolan aň ýetiriji, durmuşy-syýasy, gymmatlyk, ahlak we gözellik gatnaşyklaryny, häzirki zaman adamzat siwilizasiýasynyň ykbalyny, medeniýetiň köpdürliligini we bütewiligini, ynsan aň ýetirişiniň tebigatyny, ýaşaýyş durmuşyny we dilini öwrenýär hem seljerýär [Статья «Философия». Большая электронная энциклопедия «Кирилл и Мефодий». Москва, 2007. Раздел статьи.]. Mentaliteti öwreniş ylmynyň predmeti bolan mentalitet hem mentallyk bolsa, ilkibaşda döränlerinde-de filosofiýa düşünjeleri hökmünde döräp, ylmyň bu pudagy bellenip geçilişi ýaly, edil filosofiýa ylmy ýaly şahsyýetiň we sosial umumylyklaryň aň ýetirişiniň, dünýägaraýşynyň, pikir ýörediş usullarynyň emele gelmegi, hereket etmegi we ösmegi ýaly jemgyýetçilik hadysalaryny, ol hadysalaryň umumy kanunalaýyklyklaryny hem-de özara arabaglanyşygyny, mentalitetiň we mentallygyň häsiýetli alamatlaryny, mazmunyny, görnüşlerini, jemgyýetçilik durmuşynda we onuň durmuşy taýdan düzgünleşdiriş ulgamynda mentalitetiň hem mentallygyň ornuny, ähmiýetini we görkezilen jemgyýetçilik hadysalary bilen bagly beýleki derwaýys düşünjeleri öwrenýär hem-de seljerýär. Görkezilenlerden filosofiýa we mentaliteti öwreniş ylymlarynyň predmetleriniň biri-birine juda ýakyndygyna göz ýetirmek bolýar. Ylmyň bu iki pudagynyň predmetleriniň çalymdaşlygy olaryň maksatlarynyň hem wezipeleriniň meňzeşligini-de emele getirýär. Bular bolsa ylmyň bu iki görnüşiniň biri-biri bilen ýakyn arabaglanyşykda durýandygyny aýdyň beýan edýär. 2. Mentaliteti öwreniş ylmy taryh ylymlary bilen hem berk arabaglanyşykda durýar. Ylmyň bu iki pudagynyň arabaglanyşygy mentalitetiň we mentallygyň emele gelmeginiň, hereket etmeginiň we ösmeginiň umumy kanunalaýyklyklary öwrenilende, şonuň ýaly-da umumy adamzat ösüşiniň (siwilizasiýasynyň) mentalitete we mentallyga, şeýle-de olaryň umumy adamzat ösüşine täsiri we olara dahylly jemgyýetçilik hadysalary seljerilende zerur taryhy maglumatlar bolmazdan ylmy derňewleri netijeli amala aşyryp bolmaýanlygyndan, şeýle maglumatlaryň aglaba köpüsini bolsa mentaliteti öwrenmeklige gönükdirilen ylmy iş bilen meşgullanýanlaryň diňe taryhy ylymlardan we taryhy ylmy usullaryň kömegi bilen almaga mümkinçiligiň barlygyndan gelip çykýar. Onsoňam mentalitetiň we mentallygyň mazmunyny emele getirýän düzüm bölekleriň ählisi-de umuman täzelikde dörän zatlar däl-de, olar adamzat taryhynyň tutuş dowamynda hereket edip, döwürlere we jemgyýetçilik aň ýetirişiniň üýtgeýşine görä özgerip-üýtgäp gelipdirler. Mentaliteti öwreniş ylmy görkezilen jemgyýetçilik hadysalaryna ünsi çekýär. Şu nukdaýnazardan hem mentalitetiň doly we hemmetaraplaýyn öwrenilmegi diňe taryhy ylymlaryň kömegi bilen mümkin. Şol bir wagtda-da taryhy ylymlara girýän, etnografiýa ylmyna, medeniýetiň taryhyna, ylmyň we tehnikanyň taryhyna, sungatlaryň (mysal üçin, saz sungatynyň taryhy, şekillendiriş sungatynyň taryhy we ş.m.) taryhyna, sebitleriň taryhyna (mysal üçin, afrikanistika, balkanistika we ş.m.), halkyň (mysal üçin, sinologiýa we ş.m.) we halklaryň toparynyň (mysal üçin, slawýan halklarynyň taryhy, türki halklaryň taryhy we ş.m.) taryhyna olar tarapyndan öwrenilýän dürli soraglar barada anyk netijeleri çykarmaga mentaliteti öwreniş ylmynda jemlenýän nazary umumylaşdyrmalaryň ýardam berýändigini bellemek zerur. 3. Mentaliteti öwreniş ylmynyň jebis arabaglanyşykda duran üçünji ylmy sosiologiýadyr. Mälim bolşy ýaly, sosiologiýa [Lat. Societas-jemgyýet we logos-söz, okuw] - bu bir bütewi ulgam hökmünde jemgyýet we aýry-aýry sosial institutlar, prosessler, sosial toparlar we umumylyklar, şahsyýetiň we jemgyýetiň gatnaşyklary, adamlaryň köpçülikleýin özlerini alyp baryşlary baradaky ylymdyr. Görkezilen institutlar hem jemgyýetçilik hadysalary bolsa şol bir wagtda mentaliteti öwreniş ylmynyň seljeriş predmetine-de degişli bolup durýar. Onsoňam sosiologiýa ylmynyň hem, mentaliteti öwreniş ylmynyň hem özeninde jemgyýetçilik durmuşyna doly düşünmeklige we ony köpçülige düşündirmeklige gönükdirilen akyl işjeňligi durýar. Ylmyň bu iki görnüşiniň biri-birine ýakynlygy olarda ulanylýan ylmy seljerişleri geçirmegiň usulyýet düzümi hem örän birmeňzeş. 4. Psihologiýa ylmy-da mentaliteti öwreniş ylmynyň iň ýakyn arabaglanaşykda durýan ylymlarynyň biridir. Çünki psihologiýa ylmynyň predmeti adamyň we haýwanlaryň psihiki durmuşynyň kanunalaýyklyklary, mehanizmi we hakyky ýagdaýlary (faktlary) bolup durýar. Mentaliteti öwreniş ylmy hem haýwanlaryň ruhy dünýäsi bilen gyzyklanmasa-da, ynsanyň ruhyýetini öwrenmegi özüniň wajyp wezipesi hökmünde kesgitleýär. Sebäbi adamyň psihologiýasy onuň mentallygy bilen juda berk baglanyşykda durýarlar we biri-birine üznüksiz täsir edip, birek-biregiň hereketlerini hemişe ugrukdyryp durýarlar. Şonuň ýaly-da mentalitet we mentallyk hem psihologiýa ylmynyň deňeşdirme psihologiýasy, sosial psihologiýa, ýaş psihologiýasy, çaga psihologiýasy we pedagogiki psihologiýa, zähmet psihologiýasy, döredijilik psihologiýasy, medisina psihologiýasy ýaly ugurlarynyň, esasan hem etnopsihologiýanyň öwrenýän we seljerýän jemgyýetçilik hadysalarynyň iň wajyplarynyň biri bolup durýarlar. Görkezilenler bilen birlikde mentaliteti öwreniş hukuk, syýasaty öwreniş (politologiýa), ykdysady (ekonomika) ylymlary ýaly ylymlaryň dürli görnüşleri bilen berk arabaglanyşykda durýar. Sebäbi ylymlaryň bu görnüşleriniň mentaliteti öwreniş ylmy üçin maglumat çeşmesi hyzmat edişleri ýaly, ol hem görkezilen ylymlara mentalitete we mentallyga dahylly nazary hem amaly maglumatlary toplamaga, seljermäge hem-de olar boýunça anyk netijeleri çykarmaga ýardam berýär, öz gezeginde-de mentalitetiň esasy görnüşleri bolan syýasy mentaliteti, ykdysady mentaliteti we hukuk mentalitetini öwrenmekde görkezilen ylymlaryň usulyýet düzüminiň kömeginden hem-de şol ylymlaryň çäklerinde toplanan maglumatlardan işjeň peýdalanýar. Belli bolşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde ylymlaryň “sinergetika (grek. “sin”-bilelikde, bile we “ergos”-hereket)” diýlip atlandyrylýan täze görnüşleriniň toplumy uly meşhurlyga eýe bolýar. Mentaliteti öwreniş ylmyna bu düşünjäniň ýagny sinergetika ylymlarynyň iňňän uly dahylynyň bardygyny nazarda tutmak bilen, şu ýerde ylymlaryň bu täze toparynyň gelip çykyşy, mazmuny, onuň beýleki “dessurlaýyn” ylymlardan tapawutly aýratynlyklary we dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde sinergetika ylymlaryna bolan garaýyş barada gysgaça durup geçmek zerur. Ylymlaryň bu täze toparynyň ady geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Germaniýanyň Ştutgart uniwersitetiniň professory German Hakeniň, dürli tebigaty bolan (elektronlar, atomlar, molekulalar, öýjükler, neýtronlar, mehaniki düzüm bölekler (elementler), adamlaryň, haýwanlaryň beden agzalary, ulag serişdeleri we ş.m.) kiçi ulgamçalardan ybarat bolan ulgamlary öwrenmek hem-de şol ulgamçalaryň özara baglanyşykly hereketiniň nädip, makroskopiki möçberde giňişlik, wagt ýa-da giňişlik-wagt düzüm gurluşlarynyň emele gelmegine getirýändigini ýüze çykarmak bilen meşgullanýan ylmyň pudagara ugruny aňlatmak üçin oýlap tapan adalgasy bolup durýar. Sinergetika ylymlarynyň döremegi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan birmeňzeş kabul edilmändi. Alymlaryň käbirleri sinergetika tebigaty öwreniş, jemgyýetçilik we gumanitar ylymlarynda binýatlaýyn (fundamental) ylymlaryň we olaryň usullarynyň birleşdirilmeginiň esasynda döredilen täze paradigma [gr. “paradeigma-mysal, nusgalyk”, taryhyň belli bir tapgyrynda, ylmy jemgyýetçilikde agalyk edýän, meseleleriň goýmagyň we çözmegiň, ylmy seljerişleri geçirmegiň usullarynyň nusgasy] hökmünde garapdyrlar. Beýlekileri sinergetikany çyzyklaýyn däl yrgyldylaryň we tolkunlaryň häzirki zaman taglymaty bilen deňeşdirip, onda hiç-hili täzelik ýok diýip hasaplapdyrlar. Alymlaryň üçünji topary bolsa sinergetika bary-ýogy birleşdiriji şygar hökmünde garamaklyga ýykgyn edip, bu täze ylmy ugruň töweregindäki esassyz şowhuna nägilelik bildiripdirler. Sinergetika barada garaýyşlaryň şunuň ýaly köpdürliligi esasan sinergetikanyň we onuň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygynyň käbir adaty bolmadyk aýratynlyklary sebäpli ýüze çykypdyr. Iki sany ylmyň çatrygynda döreýän beýleki ylymlardan, mysal üçin biri täze ylymda predmeti beýlekisi bolsa ylmy seljeriş geçirmegiň usulyny aňladýan fiziki himiýadan ýa-da himiki fizikadan tapawutlylykda, sinergetika dürli predmetleýin çygyrlarda ylmy seljeriş geçirmeklige mümkinçilik berýän usullara esaslanýar we çylşyrymly (köpdüzümli) ulgamlary olaryň tebigatyna dahylsyzlykda öwrenýär. Sinergetika bilen tanyşýan islendik alym ony ilkinji nobatda özüniň meşgullanýan ylmynyň nukdaýnazaryndan öwrenýär we ähli zatdan öňürti, sinergetikanyň özüne mälim bolan ylmyň esasy ideýalaryna ýakyn, çalymdaş taraplaryna üns berýär. Sinergetikanyň öňden hereket edip gelýän we köplere belli bolan ylmyň pudaklaryndan tapawutly aýratynlyklary bolsa ony öwreniji üçin ýedi gat perdäniň, ýagny ol alymyň öňden uýýan pikirleriniň, öz “söýgüli” ylmyna mahsus bolan garaýyşlaryň döreden emeli perdesiniň aňyrsynda galýar. Hakykatda welin, hut şol özboluşly alamatlar sinergetikanyň beýleki ylymlardan artykmaç häsiýetlerini özlerinde jemleýärler. Ilki bilen sinergetika dessura öwrülen ylmy çemeleşmeler ulanylyp seljerme geçirilende öwrenilýän predmetiň seljerişiň çäklerinden daşynda galýan zatlara üns berýär. Mysal üçin, termodinamika we maglumatyň nazaryýeti statistikany öwrenýärler, sinergetika bolsa dinamika has ýiti gyzyklanma bildirýär. Algoritmleri we elektron ulgamyň bellenilen tertipde işlemegini üpjün etmeklige mümkinçilik berýän dolandyrmagyň usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan kibernetikadan tapawutlylykda, sinergetika dolandyryjy ölçegler özbaşdak üýtgän ýagdaýynda ulgamyň öz-özüni guramagyny öwrenýär. Sinergetika ulgamlarynyň esasy aýratynlygy, olary ulgamda hereket edýän kesgitleýji şertleri (faktorlary) üýtgetmek arkaly daşyndan dolandyrmagyň mümkinliginden ybaratdyr. Mysal üçin, öýjüklere dürli himiki jisimler bilen täsir etmegiň netijesinde olaryň ösmeginiň tizligini daşyndan kadalaşdyryp bolýar. Edil şonuň ýaly-da mentalitetiň sinergetika ulgamyny döredip, onuň mazmunyny düzýän maşgala terbiýesine, däp-dessurlara, bilime, medeniýete, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş usulyna özgerdiji täsir etmek arkaly, mentalitetiň özgermegini hem jemgyýetçilik ösüşi üçin zerur bolan oňyn ugra gönükdirmek bolar. Sinergetika ylymlarynda ulgama täsir edýän kesgitleýji şertler “dolandyryjy şertler (faktorlar)” diýlip atlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, sinergetika ulgamlarynyň wagtdaky ösüşi (ewolýusiýasy) doly takyklyk bilen öňünden kesgitlemek mümkin bolmadyk sebäplere bagly bolup durýar. Sinergetika ulgamlarynyň geljekde nähili hereket etjekdiklerini öňünde kesgitlemegiň mümkin bolmazlygy, diňe bir olaryň köp sanly ulgamçalarynyň ýagdaýy barada maglumatyň ýetmezçiligine, ýagny ulgamçalaryň sanynyň köplügi sebäpli olaryň her haýsynyň mazmunyny aýratynlykda beýan etmäge mümkinçilik bolman olaryň tutuş toplumyny umumy suratlandyrmak bilen çäklenmeklige däl-de, eýsem käbir ulgamçalaryň özbaşdak üýtgeýşiniň başlangyç şertlere beýleki ulgamçalara garanyňda has duýguly bolýandygyna-da bagly bolup durýar. Başlangyç şertlerdäki iň bir ujypsyz tapawutlyklar bolsa şol ulgamçanyň soňraky üýgteýşini düýpgöter üýtgedýär (adatça bu prosess R.Bredberiniň meşhur hekaýasyndan alnan “kebelegiň effekti” diýen adalga bilen atlandyrylýar). Ylymda bolsa sinergetika ulgamlarynyň ösüşini öňünden kesgitlemegiň mümkin bolmazlygy “tötänleýinlik (stohastiçlik)” diýen adalga bilen atlandyrylýar. Umuman, görkezilenleri jemlemek bilen, çeperleşdirilip aýdylanda, sinergetika – bu, jemgyýetiň we ylmyň geljekki ösüşini görmek üçin äýnekdir. Şonuň ýaly-da ol ylymlaryň tutuş toplumynda mentaliteti öwreniş ylmyny görmek üçin hem “äýnek” bolup hyzmat edýär. Has çuňlaşdyrylanda, mentaliteti öwreniş ylmy sinergetika ylymlarynyň bir görnüşi bolup durýar. Çünki ol, ýokarda bellenilişi ýaly, filosofiýa, taryh, sosiologiýa, psihologiýa ýaly öňden bar bolan, “ýaşuly” ylymlaryň predmetini, usulyýetini we maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň toplumyny özünde sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly, olaryň has tizleşdirilen depginlerde ösmegi we kämilleşmegi üçin juda giň mümkinçilikleri döredýär. Başgaça aýdylanda, mentaliteti öwreniş ylmy görkezilen ylymlaryň “bilelikdäki hereketiniň (sinergetikasynyň)” netijesinde emele gelen we hereket edýän pudagara ylymdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |