09:18 Mentaliteti öwreniş ylmynyň usulyýeti | |
MENTALITETI ÖWRENIŞ YLMYNYŇ USULYÝETI
Filosofiýa
Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, ylmyň islendik pudagyna mahsuslykda, mentaliteti öwreniş ylmynyň hem öz predmeti bilen birlikde usuly (metody) we usulyýeti (metodologiýasy) bar. Bellenilişi ýaly, ylmyň bu özboluşly pudagynyň predmeti onuň haýsy soraglary öwrenýändigini kesgitleýän bolsa, usulyýeti şol soraglaryň neneňsi usullar bilen seljerilýändigini açyp görkezýär. Häzirki wagtda mentaliteti öwreniş ylmynyň predmetini öwrenmegiň we seljermegiň häsiýetli aýratynlyklaryndan ugur almak bilen onuň usullaryny ýokarda bellenip geçilişi ýaly, esasan iki topara bölmek bolar: • umumyylmy (uniwersal, filosofiýa) usullar; • hususyylmy usullar. Umumyylmy usullar hökmünde idealistik (metafizika) we materialistik (dialektika) usullaryny görkezmek bolar. Metafizika usulynyň çäklerinde mentalitete we mentallyga adamyň erk-islegine garaşly bolmadyk, hemişelik we üýtgewsiz, özbaşdak hadysa hökmünde garalýar. Olaryň döremegi we hereket etmegi bolsa obýektiw paýhas (jemgyýetçilik aň ýetirişi) ýa-da adamyň öz erkine garaşly bolmadyk täsirleriň astynda emele gelýän, hereket edýän we ösýän aň-düşünjesi, onuň içki dünýäsi hem akylly-başly ymtylyşlary bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde-de, mentalitetiň we mentallygyň hereket etmegi hem kämilleşmegi hakyndaky garaýyşlarda daşky kesgitleýji sebäpler barada däl-de, özboluşly ruhy başlangyçlar, esasan hem dini ynançlar barada düşünjeler agdyklyk edýär. Mysal üçin, mentalitetiň we mentallygyň mazmunynyň esasan dini ynançlardan ybaratdygy hakyndaky, köp alymlar tarapyndan goldanylýan garaýşyň emele gelmegine metafizika usulyna ýykgyn edilmeginiň sebäp bolandygyny çaklamak bolar. Dialektika usuly tebigatyň, jemgyýetiň we pikir ýöredişiň ösüşiniň, şonuň ýaly-da ýaşaýşyň we aň ýetirmegiň umumy kanunlaryna esaslanýar. Bu usulyň çäklerinde mentalitetiň we mentallygyň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň ykdysadyýet, hukuk, syýasat, medeniýet ýaly galan hadysalary bilen bilelikde emele gelmegi, hereket etmegi we ösmegi seljerilýär. Metafizika, dialektika bilen bir hatarda mentaliteti öwreniş ylmynyň ýene-de bir umumyylmy usuly hökmünde sinergetikany [gr. synergeia-bilelikdäki hereket] ýagny, öz-özlerini guraýan çylşyrymly durmuşy hadysalar baradaky ylmy usuly hem görkezmek gerek. Mentaliteti öwreniş ylmynyň hususyylmy usullaryna bolsa şulary degişli etmek bolar: Dogmatik usulynyň çäklerinde mentalitet diňe ýeke-täk, özbaşdak hadysa hökmünde, beýleki jemgyýetçilik hadysalaryndan aýratynlykda öwrenilýär, ýagny mentalitetiň we mentallygyň tebigaty, mentalitetiň mazmunyny emele getirýän hadysalar ykdysadyýet, syýasat, ahlak, etika ýaly başga hiç bir jemgyýetçilik hadysasy ýa-da hadysalary bilen deňeşdirilmeýär-de, olaryň düzüm bölekleri aýratynlykda seljerilýär. Seljerişiň adalgalaýyn (terminologik) usulynyň çäklerinde mentalitet we mentallyk, olaryň mazmunyna dahylly meseleler ylymda berkidilen, umumy ykrar edilen adalgalaryň, düşünjeleriň hem kesgitlemeleriň esasynda öwrenilýär we seljerilýär. Ylmy deňeşdirme usulynyň çäklerinde, anyk bir ýurduň jemgyýetiň mentaliteti we şol ýurduň raýatlarynyň mentallyklary, olara täsir edýän hadysalar we yzygiderlikli hereketleriň toplumlary (prosessler) başga bir ýurduň ýa-da ýurtlaryň jemgyýetleriniň mentalitetleri, raýatlarynyň mentallyklary, olara täsir edýän hadysalar we yzygiderlikli hereketleriň toplumlary, olaryň arasyndaky meňzeşlikleri we tapawutlyklary ýüze çykarmak arkaly, olaryň has netijeli hereket etmegi üçin çäreleri işläp düzmek maksady bilen deňeşdirilip seljerilýär. Bu usuly ulanmagyň esasynda birnäçe jemgyýetleriň mentalitetlerini we dürli medeniýetlere degişli şahsyýetleriň mentallyklaryny deňeşdirip seljermek bolýar. Takyk-jemgyýeti öwreniş (sosiologiýa) usulynyň çäklerinde, mentalitetiň we mentallygyň tebigaty dürli jemgyýetçilik hadysalaryny öwrenmekligiň üsti bilen seljerilýär. Mentalitetiň we mentallygyň ol ýa-da beýleki taraplary babatda jemgyýetçiligiň pikiri öwrenilýär. Şonuň ýaly-da jemgyýetçilik ýaşaýşynyň dürli ugurlary barada hasabat (statistiki) maglumatlary düýpli seljermek, jemgyýetçilik bilen pikir alyşmak, dürli görnüşdäki synag tejribelerini (eksperimentleri) geçirmek hem-de olara gözegçilik etmek arkaly mentalitetiň we mentallygyň dürli düzüm bölekleriniň, görnüşleriniň hereket edişiniň netijeliligi, kemçilikleri ýüze çykarylýar. Ylmy nazary taýdan modelirlemek usuly mentalitetiň we mentallygyň belli bir düzüm böleginiň ýa-da düzüm bölekleriniň nazary esaslaryny hem düzüm gurluşyny düýpli öwrenmek we ony oňyn jemgyýetçilik ösüşine täsir etmek maksady bilen kämilleşdirmek üçin zerur bolup durýar. Taryhy-deňeşdirme usulynyň çäklerinde mentalitetiň we mentallygyň, onuň dürli düzüm bölekleriniň hem görnüşleriniň, taryhyň belli bir döwründe emele gelmeginiň, üýtgemeginiň hem ösmeginiň tapawutly aýratynlyklary, umumy kanunalaýyklyklary deňeşdirip öwrenilýär. Logiki usulyň çäklerinde, mentalitetiň we mentallygyň tebigaty many taýdan yzygiderlikli (logiki) öwrenişiň esasynda seljerilýär. Bu usulyň esasy ugur alýan pikiri: Mentalitet – bu anyk düzüm böleklerinden ybarat bolan, belli bir ýagdaýlarda uzak wagtyň dowamynda durnukly durýan, belli bir ýagdaýlarda bolsa gysga möhletlerde üýtgemäge ukyply ulgamdyr, onuň her bir düzüm bölegi-de – umumy aň ýetirişe we şahsy aň ýetirişe düýpli täsir edýär. Logiki usulyň birnäçe düzüm bölekleri hem bar: • analiz (seljerme) – bu usul bir bütewi obýekti böleklere bölüp, onuň her bir düzüm bölegini aýratynlykda öwrenmekden ybaratdyr. Mysal üçin, jemgyýetiň mentaliteti toparlaryň, milletleriň, halkyýetleriň, maşgalalaryň mentalitetine bölünýär, olar bolsa şahsyýetleriň mentallyklarynyň jeminden emele gelýär. Her bir şahsyýetiň hem işjeňliginiň çygryna degişlilikde ykdysady, hukuk, medeni, syýasy we gaýry mentaliteti bar; • sintez - bu usul öwrenilýän obýektiň umumy görnüşine göz ýetirmek maksady bilen toplanan maglumatlary many taýdan yzygiderlikli we tertipli birleşdirmekden ybarat; • induksiýa – bu usul seljerişi hususylyklardan umumylyklara tarap alyp gitmekden ybaratdyr. Mysal üçin, belli bir jemgyýetde dünýä inen we ýaşaýan anyk bir şahsyýetiň mentallygyny düýpli seljermegiň esasynda şoňa meňzeş şahsyýetleriň mentallyklarynyň jemi hökmünde şol jemgyýetiň tutuş mentalitetiniň düzüm gurluşyna, tapawutly aýratynlyklaryna düşünmek bolýar, ýa-da anyk şahsyýetiň mentallygyna mahsus alamatlary öwrenmek bilen tutuş jemgyýetiň mentalitetiniň şol mentalitete mahsus alamatlaryň aglaba köpüsini özlerinde jemleýän şahsyýetleriň mentallyklarynyň jemidigine göz ýetirmek mümkin. • deduksiýa – bu usul seljerişi umumylyklardan hususylyklara tarap alyp gitmekden ybaratdyr. Mysal üçin, anyk bir jemgyýetiň mentalitetini umumylykda öwrenmekden başlap, onuň belli bir düzüm bölegine, ýagny şol jemgyýetde doglan we ýaşaýan anyk bir şahsyýetiň mentallygyna çenli öwrenmekligi dowam etdirmek. Görkezilenlerden başga-da, mentaliteti öwreniş ylmynyň usullaryna durmuşy-ruhy (sosial-psihologiki), matematiki, kibernetiki, statistiki usullar ýaly ýörite usullary hem degişli etmek bolar. Sebäbi, mysal üçin, mentalitet we mentallyk bilen bagly statistiki, ykdysady ýa-da hukuk maglumatlaryny gözlemegiň, toplamagyň we seljermegiň enjamlaşdyrylan işinde mentaliteti öwreniş ylmynyň kibernetiki usulyndan peýdalanylyp bilner. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |