09:21 Mentaliteti öwreniş ylmynyň wezipeleri | |
MENTALITETI ÖWRENIŞ YLMYNYŇ WEZIPELERI
Filosofiýa
Mentaliteti öwreniş ylmynyň esasy maksatlary şulardyr: • mentalitetiň nazary-usuly düşünje binýadyny (konsepsiýasyny) işläp düzmek; • mentaliteti jemgyýetçilik hadysasy hökmünde taryhy hem häzirki zaman jemgyýetçilik ösüşine degişlilikde doly we hemmetaraplaýyn öwrenmek; • mentalitetiň umumy jemgyýetçilik ösüşine edýän täsirini öwrenmek hem seljermek; • mentalitetiň we mentallygyň düýpli durmuşy-filosofiýa seljermesini geçirmek arkaly onuň şahsyýetiň we sosiumyň durmuşyndaky ähmiýetine düşünmek we ş.m. Görkezilen maksatlary amala aşyrmak üçin bolsa şu wezipeleri ýerine ýetirmek zerur bolup durýar: • mentalitet we mentallyk bilen baglylykda şu günki güne çenli amala aşyrylan ähli milli we daşary ýurt ylmy barlaglarynyň netijelerini düýpli seljermek we olary umumylaşdyryp, mentaliteti öwreniş ylmynyň nazary esaslaryny işläp düzmek üçin peýdalanmak; • mentalitetiň we mentallygyň düşünjesini, özlerine mahsus alamatlaryny, häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitlemek hem-de olaryň jemgyýetçilik aň ýetirişi, medeniýet, aňyýet, din, ahlak, hukuk, filosofiýa we beýleki jemgyýetçilik hadysalary bilen arabaglanyşygyny, jemgyýetiň ruhy dünýäsinde görkezilenlere baglylykda eýeleýän ornuny ýüze çykarmak; • mentalitetiň we mentallygyň akyl ýetirilýän we akyl ýetirilmeýän (ýagny, aňastyaň derejesindäki) düzüm böleklerini, olaryň wezipelerini kesgitlemek; • mentaliteti görnüşlere bölmegiň usullaryny kesgitlemek we ol görnüşleriň her haýsyny aýratynlykda seljermek; • kämilleşdirilen milli mentaliteti emele getirmeklige we ösdürmeklige täsir edip biljek esasy serişdeleriň toplumyny kesgitlemek we seljermek; • milli mentalitetleriň jemgyýetiň we jemgyýetleriň mentaliteti bilen baglanyşykly hereket etmeginiň kadalaryny umumy mahsus bolan kadalaryny ýüze çykarmak hem öwrenmek, olaryň biri-birine edýän täsirini oňyn ugra gönükdirmegiň uzakmöhletleýin we düýpli usullaryny işläp düzmek; • şahsyýetleriň mentallyklarynyň we jemgyýetiň mentalitetiniň Türkmenistanyň jemgyýetçilik ösüşine, döwlet-hukuk gurluşynyň ösüşine edýän (etjek) täsirini öwrenmek hem-de seljermek; • türkmen jemgyýetiniň mentalitetini öwrenmek we düzüm böleklerini seljermek arkaly geçirilýän nazary we amaly ylmy-barlaglaryň netijelerine esaslanyp onuň özenini düzýän iň esasy, baş ýörelgäni anyklamak we ş.m. Görkezilen wezipeler ylmy çemeleşme bilen görnüşlere bölüp beýan edilende, mentaliteti öwreniş ylmynyň öňünde duran anyk wezipeler hökmünde şulary görkezmek gerek: • ontologiki wezipe – mentaliteti öwrenişiň predmetini öwrenmek we öwretmek, jemgyýetçilik hadysalary hökmünde mentalitetiň we mentallygyň mazmunyny düşündirmek, açyp görkezmek wezipesidir. Bu wezipäniň manysy mentalitet we mentallyk barada maglumatlary agtaryp tapmakdan, olary toplamakdan, seljermekden hem-de tertipli ulgamlaşdyrmakdan ybaratdy; • gnoseologiki wezipe – mentalitetiň we mentallygyň emele gelmeginiň, hereket etmeginiň mazmunyny, özenini hem görnüşlerini hemişe öwrenmekden we öwretmekden ybarat bolan, mentaliteti öwreniş ylmynyň nazary-özleşdiriş wezipesidir; • prognostiki wezipe – mentalitetiň we mentallygyň geljekki ösüşini kesgitlemek babatda çaklamalary (prognozlary) işläp düzmekden we jemgyýetde ýüze çykmagy mümkin bolan mentalitetiň hem mentallygyň hereket etmegine (üýtgemegine) dahylly dürli çylşyrymly meseleleri öňünden anyklamakdan, olaryň öňüni almak babatda çäreleri taýýarlamakdan ybaratdyr; • ideologiki wezipesi – mentaliteti öwreniş ylmynda häzirki zaman jemgyýetiniň mentalitetiniň ösüşiniň has durmuşy we ähmiýetli taraplarynyň berkidilýändiginden we olaryň düýpli seljerilip, bu ylmyň çäklerinde jemgyýetiň ösen aňyýetiniň, kämil medeniýetiniň emele gelmegi üçin wagyz-nesihat işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyndan, şonuň netijesinde-de jemgyýetiň aňyýetiniň hem medeniýetiniň ösmegine we kämilleşmegine örän uly täsir edilýändiginden ybaratdyr; • aksiologiki wezipe – mentaliteti öwreniş ylmy tarapyndan mentalitete we mentallyga dahylly dürli sosial hadysalaryň jemgyýetçilik ýaşaýşy üçin ähmiýetliligini, zerurlygyny kesgitlemek we esaslandyrmak maksady bilen olary düýpli öwrenmekden hem-de netije çykarmakdan ybaratdyr; • terbiýeleýiş wezipesi – mentaliteti öwreniş ylmynyň nusgawy ahlak başlangyçlaryny, ýokary medeniýetliligiň wajyp esaslaryny özünde jemlemek bilen täze ýokary ahlaklylyk dünýägaraýşyny emele getirýändiginden hem-de islendik okuw dersine mahsuslykda özüni özleşdirýänleri terbiýeleýändiginden ybaratdyr; • usulyýet wezipesi – mentaliteti öwreniş ylmynyň beýleki ylymlaryň aglaba köpüsiniň nazary binýadyny, usulyýet esasyny kämilleşdirmeklige ýardam berýändiginden, ýagny onuň galan pudaklaýyn we ýörite jemgyýetçilik, tebigy we gumanitar ylymlaryň köpüsinde mentalitet we mentallyk bilen baglylykda ulanylýan esasy düşünjeleri, jemgyýetçilik aňynyň ösüşiniň, şeýle hem şol ylymlaryň çäklerinde mentalitete we mentallyga degişlilikde geçirilýän seljermeleriň wajyp ugurlaryny kesgitleýänliginden ybaratdyr; • amaly wezipesi – mentaliteti öwreniş ylmynyň mentalitet we mentallyk çygrynyň dürli ugurlarynda işleri amala aşyrmak üçin tejribe ündewlerini taýýarlamaga ýardam berýändiginden ybaratdyr. Şeýle ündewler mentaliteti we mentallygy öwreniji alymlaryň dissertasiýalarynda, monografiýalarynda, makalalarynda we beýleki ylmy işlerinde jemlenýär; • ewristiki wezipe – mentalitetiň we mentallygyň ösüşinde täze kanunalaýyklyklary, olaryň jemgyýete we onda emele gelýän gatnaşyklara täsir etmeginiň täze görnüşlerini hem usullaryny açmakdan ybaratdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |