09:06

Mentalitetiň we mentallygyň özara baglanyşygy

Filosofiýa
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 597 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 23
0
1 Bagabat  
43
"Nämüçin bärde muň ýaly tukat zady goýýar-aý?!" diýilmegi mümkin (Nämüçin "A"? diýen ýaly boldy :-)).
Sebäbi:
1. Saýtda "Filosofiýa" diýen bölüm ba ken.
2. "Suwa daş at! Tolkunyny synla" diýilýä. Gep öz eýesini tapar-la.
3. Birnäçe ýyl bäri "Mentaliteti öwreniş ylmy (Mentalitologiýa)" hakda monografiýaň üstünde işlän bo:p ýö:düm (Dogrumy aýtsam, her ýylda iki sahypadanam azrak ýazylýa. Sebäbem ýaltalyk :-)). Onsoň şol işiň hünärmenlere däl-de köpçülige düşnükli bolaýjak ýerini, pikirleri barlap görmek üçin goýaýyn diýdim.
4.Okan okar, okamadyk okamaz...

0
2 Revo  
484
"Okan okar, okamadyk okamaz..."
Teswir ýazyp dursaňyz, okamajaklaram okajak. :)

"Näme üçin "A"?" atly hekaýaňyzyň manysyna menä düşünmedim, sizem düşündirmediňiz, ýogsa birki sapar teswirlerde seslenipdimem. :(

0
6 Bagabat  
43
Çagakak "Leýlin babamyzyň" türmede döwri, özüne iýmäge berlen çöregi çeýnäp, ýumşadyp, ondan syýadan ýasaýşy we oňa özüne içmek üçin berilýän süýdüň gündelik möçberinden (normasyndan ýa-da türkmençeleseň: "normysyndan") syýa ýasanyp, erkinlikdäki ýoldaşlaryna hat ýazyşy, eger-de türme gözegçisi oňa hat ýazmak gadagan edilendigi sebäpli ony düzgün bozmada tutmak üçin güpürdäp kamera girende-de ýeserlik bilen hasyr-husur içi doly "syýaly" "syýadany" lak-luk atyşy hakynda hekaýany heziller edip okardyk. Islendik gyzyklylyga aşyk gögele beýnimizdir-ýüregimiz bilenem "Leýlin babaň" ugurtapyjylygyna, ýeserligine, hamala şol pişäni özümiz gaýyrýan dek şady-horram bolardyk.
Bu hekaýajyk hakda gürrüň bermegimiň esasy sebäbi, şonda aýdylyşyna görä, süýt bilen ýazylan hat guradylyp, ugradylandan soň, ony alan adam şo hat ýazylan kagyzy şemiň ody degmez ýaly edip gyzdyrsa, onda kagyza siňe süýt "ýanyp" (ýagny temperaturaň täsiri bilen reaksiýa geçip), onuň reňki goňralýarmyş-da, ony okamak mümkin bolýarmyş (Bäh! Geň galan zadym, şo hekaýany birnäçe gezek okasam-da, bir gezegem kagyza süýt bilen ýazgy ýazyp, onam şemiň oduna tutup synag edip görmändigim hut şu wagt ýadyma düşdi :-)).
Indi aýtjak bolýanym, @Revo, gardaşym, senem şo "Nämüçin "A"?" atly hekaýaň teswirlerinde öz soragyňy eýdip-beýdibem bolsa "süýtsyýa" bilen ýazan bolaýmasaň :-)... Ne islenende, ne kitapçyda hekaýaň manysy hakda sowal görmedim. Olaň teswirlerini şeme tutup barlap göreýin diýsemem, özüň düşünýäň...
Adminler muňa rugsat berjekmi, bermejekmi?!...
"Nämüçin "A"?" atly hekaýaň ýazylanda göz öňünde tutan manym bolsa, öz durmuşy tejribäme esaslanyp, käbir gepedüşmez, näçe düşündirseňem seň nukdaýnazaryňam, ylym-bilimiňem, aýdýan zatlaňňam gara şaýa alman, şol bir depen ýerini depip durýan keçjal, özdiýenli, men-menlikli adamlaryň tipiki görnüşini şunuň ýaly gülkünç edip şekillendiresim geldi. Onsoňam köplenç ýagdaýda şeýle gepedüşmediksiremegiň adamyň degnasyna degende ýüze çykýan netijäni beýan etmek isledim.

0
11 Revo  
484
Oňat hekaýa eken. Ýöne XIX asyryň ahyrlarynda Rus imperatorlygy öz tussaglaryna süýt zat berip (häzirki günümizde islän wagtyň içere süýt tapdyryp duranok), şeýle oňat seredendir diýip, ýatsam-tursam aklyma gelmezdi. Bu hekaýa biraz mende gabaňjaňlyk duýgusyny hem oýardy. :) Bar Leýlin babaňyz süýtli syýadany lak-luk atypdyramda, ýöne ol süýtli syýasy bilen ýazan kagyzyny näme etdikä?! Şu hakda pikirlenip görmediňizmi, Serdar kaka?! Durmuşyňyzda tejribe geçirip görmediňizede begendim, ýogsa Leýlin babaňyza we onuň ugurtapyjylygyna bolan bar höwesiňiz ýele sowrulardy. :)
Berýän soraglarymyzam köplenç jogaplarymyz ýalydyr agam. Pikirimizi beýan edýäris, eger-de ýalňyş ýola ýolugan halatymyzda özleri düzeder tamasy bilen.))

0
14 Bagabat  
43
Süýtden hat ýazylan kagyzyň näme edilýändigi hekaýada gysgajyk düşündirilýädi-le. Ýöne teswirde men ýazmandyryn. Hekaýada bolsa, şübhe döretmezlik üçin, hamana adaty syýa bilen adaty mazmunly hat ilki ýazylyp, soňam, şo hatyň gyralaryna ýa-da ýeňsesine-de süýt bilen gizlin hat ýazylýandygy aýdylýardy.
"Leýlin babadan" göwün geçmek hakynda aýdylanda bolsa, üýtgedip guramakda çar ýana pytradylan çyn-u-ýalan maglumatlar diňe meniň däl, tutuş şo ýyllarda aňy-düşünjesi kemala gelen nesilleňem "göwnüni geçirdimikä" diýýän.
Esasanam, Solženisynyň "Arhipelag Gulagy", Warlam Şalamowyň "Kolyma hekaýalary", Wladimir Zazubriniň 1923-nji ýylda çap edilen "Kesindijik (Щепка)" romany we şo romanyň esasynda 1992-nji ýylda režissýor Aleksandr Rogožkin tarapyndan surata düşürilen "Çekist" filmi, 1991-nji ýylda Gennadiý Zemelýa tarapyndan surata düşürilen "Adamhor" filmi "Leýlin babaly" ynançlaň süňňüni elendiripdi.

Sorag hakda aýdanyňy goldaýan. Kimiň aýdandygy ýadyma düşenok welin,"Islendik dogry berlen sorag özünde jogabyň 70%-ini saklaýar" diýen aýtgam bar.

0
3 Revo  
484
"Mysal üçin, biziň jemgyýetimizde, käbir ýagdaýlarda uzak ýol söküp, ýakyn garyndaşlykdaky ýa-da dostluk gatnaşygyndaky hassany soramaga gitmek, ol hassahana ýerleşdirilen halatynda, peýdasy degmese-de hassahananyň daşynda ony “saklamak” her bir garyndaşyň ynsançylyk borjy diýlip hasaplanýar, türkmen halkynda bu umumy ykrar edilen ahlak kadasy, dessur we halkyň mentaliletiniň anyk ýüze çykmalarynyň biri bolup durýar."

Hassa bolmasyz bir zat bolaýsa, özlerini wyždan azabyndan gutarmak, öz nobatlarynyňam ýetme gorkusy we sosiumyň doly derejede indiwiduallaşmazlygy (toplum jemgyýetinden doly derejede saplanmazlyk) ýaly ýollar bilen düşündirse bolar.

0
7 Bagabat  
43
Mentalitetimiziň mahsuslygynyň psihologiki düşündirişi bolupdyr.

Aslynda adamzadyň jemagat bolup ýaşamagy, köp derejede hut şu süri we sürüde özüňi goragly duýmak duýgusydyr, haýsydyr bir ýaramaz wakalardan öňünden ätiýaçly bolmak instinktine daýanýarmyka diýýän. Mysal üçin, toýa-ýasa gidilende "il-günüňkä gatnaşmasaň, soňurrak öz gapyňdanam garap gelen bolmaz" diýen düşünje-duýgy...
Bu erbetmi?
Ýa-da hemmeje gowy, asylly diýlip ykrar edilýän zatlaň astynda-da haýwany, ýagny diňe instinktleredir-reflekslere esaslanýan başlangyçlaryň bardygyny aňladýarmy?

Birinjiden-ä adamam biologiki klassifikasiýa boýunça, birneme gysgaldyp aýdylanda, süýdemdirijiler klassynyň primatlar otrýadyna degişli.

Ikinjidenem Saltykow-Şedriniň aýtmagyna görä, baryp-ha Seneka-da: "naturalia non sunt turpia" (Tebigy zat betnyşan dädir :-)) diýip ýanjap ötenmiş.

0
12 Revo  
484
"Bu erbetmi?"

Meň pikirimçe erbet däl, ýöne öz-özüň bolup bilmezlik erbet. Özüňi parçalara paýlamak, bolsadylara bil baglap edesiň gelmeýän zatlary etmek, gidesiň gelmeýän ýerlere gitmek we ýene ş.m-ler belli bir dereje özüňi aldamakdan nyşan dälmikä?!

0
15 Bagabat  
43
Dogry.
Şahsyýetiň erkinligi nukdaýnazaryndan ylalaşýan.
Ýöne, Berdi Kerbaba halypa aýtmyşlaýyn: "eýsem-de bolsa", tutuş adamzat siwilizasiýasynyň kemala gelmegem, häzirki güne çenli dowam etmegem hut şo indiwidiň indiwidual azatlygynyň sosiumyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna çäklendirilmeginden, ýagny indiwidualizm bilen kollektiwizmiň kompromissinden emele gelen närse dälmi?!

Özüm-ä durmuşda anyk sataşyp görmedim.
Ýöne, aýtmyşlaryna (ýa-da ýazmyşlaryna :-)) görä, hemme milletleň içinde diňe ýewreýler diňe, köpbilmişligiň düýbüni deşip, soraga sorag bilen jogap berýämişler. Biziňkem, göwnüme bolmasa, şoňa barýan ýaly :-).

0
17 Revo  
484
Gynansakdamy ýa-da begensekdemi bir sorag başga bir soragy emele getirýär. :)

0
4 Revo  
484
"Mälim bolşy ýaly, jemgyýet diýlende, ilkinji nobatda, bir ýurduň ilatyna, onuň taryhy kökleriň, bähbitleriň we zerurlyklaryň, islegleriň, ynançlaryň, özüňi alyp baryş we ruhy aýratynlyklaryň birligi ýa-da düýpli kybapdaşlygy zerarly bir bütewiligi emele getiren raýatlarynyň jemine düşünilýär."

Jemgyýeti ýurt araçäkleriniň çäkleri bilen çäklendirilse biraz ýaňlyşyrak bolaýjak ýaly.

0
8 Bagabat  
43
Serhet bilen jemgyýet hakdaky düşünjäň bilen 100-ä däl, 1000 göterim ylalaşýan.
Sebäbi SSSR 30 ýyl bäri ýok.
Serhetleň üýtgänine eýýäm 30 ýyldanam gowrak wagt boldy.
Emma, mentalitet henizem doly üýtgäp ýetişenok. Ylmy işde şu barada aýratyn durup geçmekçi bolup ýö:düm. Esasy mysallammyň birem şudy.
Ýa-da "üstünde Gün ýaşmaýan" diýilýän, Zeminiň takmynan 31 million inedördül kilometrden gowrak meýdanynda ýaýrap ýatan (özem bu bu imperiýaň Antarktikadaky 8 million kwadrat kilometrini göz öňünde tutmanyňda), adamzadyň taryhyndaky iň uly imperiýa bolan Britan imperiýasy dargap, serhetler üýtgänem bolsa, henizem Zeminiň ilaty ýa-da Umumadamzat jemgyýeti "Pax anglo-saxon"-da we onuň täze wersiýasy bolan "Pax Americano"-da ýaşamagyny dowam edýär.

0
10 Bagabat  
43
Ýöne şonda-da mentalitetiň üýtgemek möwritiniň azyndan ýarym asyr, bir asyrdygyny göz öňünde tutsaň, serhediň, şol çägiň içinde ýaşaýan ilatyň mentalitetine täsiri örän uly we ýiti bolýar.
Ýöne beýle diýlende, ilki bilen, Benilýuks ýurtlarynyň arasyndaky ýaly simwoliki araçäkler däl-de, sözüň doly manysyndaky serhet göz öňünde tutulýar.

0
5 Revo  
484
"Ýöne, edil şahsyýetiň mazmunynyň özeni paýhas, paýhasyň özeni bolsa mentallyk bolşy ýaly, jemgyýetiň özenini hem mentalitet emele getirýär. Mentalitet bu jemgyýetiň paýhasy. Ol hem şahsyýetleriň mentallyklarynyň jeminden emele gelýär."

Biziň jemgyýetimiziň özeni nämeden ybaratka?!

(Oňat düşündiriş bolupdyr, sag boluň!)

0
9 Bagabat  
43
Oňat pikir alyşma boldy, sag bol! :-).

0
13 Revo  
484
Süýtli syýa bilen jogaplap, çagalyk heýjanelegiňizi bu teswirde amala aşyrypsyňyzow. :))

0
16 Bagabat  
43
Ýazylmadyk zady okamagy başarmagam - özboluşly bir talant!

0
18 hoşowaz  
390
Mentalitalogiýa hakdaky monografiýada aýdyljak bolunýan zatlar durmuşa geçirilse, gowy zat, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne, ylym bary şol bölünip gidip otyr, şol bölünip gidip otyr. Ho-ol pylança ýyldan şu Mentalitalogiýa hem bölüner birnäçe ugurlara.

Lenin babaň hekaýadyr ertekileri barada bolsa: heniz-henizlerem täsirinden çykyp bilmän ýörenler, hat-da henizem ynanyp ýörenler bar bolsa, onda çyndanam, ýeser we ugurtapyjy ýaşuly eken. :)

0
19 Bagabat  
43
Ylmyň ugurlarynyň sanynyň köpelmegi, uzagyndan bir pudagyň birnäçe özbaşdak pudaklara bölünmegi – bu tebigy hadysa.
Islendik siwilizasiýa maglumaty näçe köp topladygyça, onuň seljermeli, öwrenmeli ugurlaram, jogap tapmaly soraglaram şo-o-l artyp gidip otyr.
@Revo öz teswirinde: “Gynansakdamy ýa-da begensekdemi bir sorag başga bir soragy emele getirýär” diýip gaty laýyk belleýär. Ýöne diňe her bir sorag däl, her bir jogabam täze soragy döredýär.
Ylmyň ewolýusiýasynyňam kadasy şeýle.
Haýsydyr bir zady öwrenmek zerurlygy ýüze çykanda, ylmyň täze pudagy döreýär. Şol birwagtda-da ylmyň başga bir pudagy bolsa, jemgyýetiň dinamikasynyň şol tapgyrynda derkarlygyny, ähmiýetini ýitirendigi sebäpli ýatdan çykýar, onda barlaglar geçirilmegi bes edilýär.
Mysal üçin, 20-nji asyryň harby ylmynda tanklar söweş meýdanynda esasy hüjüm ediş serişdesine öwrülmänkä, müňlerçe ýyllap, kawaleriýa (atly goşun) zabt etmegiň esasy strategiki we taktiki serişdesi bolupdyr. Hut şol sebäpli-de kawaleriýa hünärini öwretmek üçin ýörite harby mekdepler döredilip, olar ýüzlerçe ýyllap hereket edipdir, kawaleriýany harby ylmyň bir ugry hökmünde köp ýurtlaryň General Ştablarynyň (Baş Karargähleriniň) ýanyndaky Harby akademiýalarda öwrenipdirler. Ol boýunça ylmy işler, okuw kitaplary ýazylypdyr.
Emma häzirki wagtda harby ylymda, kawaleriýany diňe harby ylmyň taryhyny öwrenijiler öwrenýärler.
Mentaliteti öwreniş ylmy hakda monografiýada bolsa, meň bilşime görä :-), heniz-ä: “eýdeliň, beýdeliň, düzedeliň, üýtgedeliň we ş.m.” diýlen ýeri ýokdy öýdýän :-).
Diňe şu jemgyýetçilik (sosial) hadysanyň jemgyýetiň durmuşyndaky ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekmek bilen, ony has düýpli hem-de ulgamlaýyn esasda öwrenmek üçin, psihologiýa we hukuk psihologiýasy, çaga psihologiýasy, maşgala psihologiýasy we ş.m. ýaly onuň pudaklary, şeýle-de sosiologiýa (jemgyýeti öwreniş) we bilimiň sosiologiýasy, syýasatyň sosiologiýasy, hukuk sosiologiýasy, dolandyryş sosiologiýasy we ş.m. ýaly onuň pudaklary bilen bir hatarda, ylmyň özbaşdak pudagyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda pikir öňe sürülýär.
Onsoňam, eger-de ylmyň şeýle pudagynyň zerurdygy ylmy jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilen halatynda, oňa ulgamlaýynlyk nukdaýnazaryndan çemeleşmek üçin, onuň predmeti, mazmuny, usulyýeti, öňünde durýan wezipeler, beýleki ugurdaş ylymlar bilen arabaglanyşygy hakynda monografiýaň awtorynyň şahsy pikiri beýan edilýär hem-de ylmyň şeýle pudagynyň gerekdigi hakynda awtoryň delilleri getirilýär.

Çagalykdaky okalan, eşidilen hekaýalardyr-ertekileriň täsirinden çykyp bilmezlik hakynda aýdylanda bolsa, öňem bir ýerde: “Çaga – edil ak kagyz ýalydyr. Näme ýazsaň şolam ýetişer” diýlene çalymdaş bir jümläni okapdym.
Bir nesliň beýleki nesle düşünmezligi hakynda bolsa, Gurbannazar Ezizowyň 1969-njy ýylda ýazylan “Çaga dogrulýan öýüň öňünde oýlanma” atly goşgusy bar. Öz aýtjak bolýan pikirimi ine şo goşgudan bir parçajyk bilen aýtsam has gowy gelşäýjek ýaly.

0
20 Bagabat  
43
Aradan ýyl geçer
Soň 10-y geçer.
Ine, şu çagalar
Dilden dür seçer.

Öňde bir şahyryň
Aýdyşy ýaly:
On bäş, on altyda
Gyz bor hyýaly.

Biri şygyr okar,
Birisi ýazar.
Geçmişe, geljege
Salarlar nazar.

Ýüzleri, ykbaly
Gül ýaly ýaşlar,
Biz bilen, biz bilen
Ylalaşmazlar, —

Oturşymyz bilen,
Turşumyz bilen,
Pikir edişimiz,
Gurşumyz bilen,
Geýnişimiz bilen
Ine, şu ýaşlar
Ylalaşmazlar.

Biz — ýüzün tutanlar
Ýagmyra, ýele,
Başymyzy ýaýkap,
Ýylgyrys çala.

Soň ýeke galarys,
Çygjarar gözler.
...Alynmadyk gala,
Undulan sözler,

Çekilen gussalar,
Dökülen derler,
Gülenler, aglanlar
Ýada düşerler.

Ýöne özi bilmän
Jedelçi nerler,
Biziň şu kyn ýoly
Dowam ederler.

Hyjuwlar ýatyşar,
Paýhaslanar has.
Ötenler, diriler
Şu ýoldan barýas.

(Hamala bu dünýäň
Haýyr, zyýanyn
Diňe sen ýerbe-ýer
Goýaýjak ýaly).

Ýüzün oda-suwa
Tutan şu nerler,
Iň soňy şu jaýyň
Öňüne gerler.

Ýokarky penjirä
Kesek atarlar.
Öňem köp edilen
Oýa batarlar.

Şonda ata çykan
Ýigrimýaşarlar.
Biz bilen, biz bilen
Ylalaşarlar.

Geýnişimiz bilen,
Gurşumyz bilen,
Aglaýşymyz bilen,
Gülşümiz bilen,
Ýeňlişimiz bilen,
Ýeňşimiz bilen,
Umuman, ine, şu
Durşumyz bile
Ylalaşarlar!

Biziň şu gürrüňdeşligimizem (ýagny, has takygy “teswirleşmegimizem” :-)) @Revoň: “Gynansakdamy ýa-da begensekdemi bir sorag başga bir soragy emele getirýär” diýýän tezisini özboluşly tassyklaýar. Her bir teswir we onda aýdylan her bir degerli pikir täze teswiri “dogurýar”.

Teswiriňize sag boluň.

“Türkmeni dürtmeseň duýmaz”, “Türkmeni göçürjek bolsaň gapdalyndan göç geçir” diýleni.
“Dürtülmese” ýa-da “gapdalyndan göç geçip gidäýmese” bi owarramçyl beýniň gatybir gymyldaberesem gelmiýän ýaly :-).

0
21 Bagabat  
43
Çagalyk döwrümiziň gowy hekaýalarynyň biridi.
Indiki çagalara hekaýa okatjak bolsaň, ýüzlerini kürşerdýärler. Bilen-bitenleri telefon, "Halk kurşit", Betmen. Uluraklarynyňkam imo, instagram...

0
22 hoşowaz  
390
Köpçülige pikiri oklamagyň özi "dürtüp görmek" ýaly, "eýdeliň, beýdeliň"-den tapawutly.

Galyberse-de, menem şol hekaýalara ynanan nesil we Lenin babaň fanadydym. :)
Ýeserdigini boýun alaýaýyn diýdim.

0
23 Bagabat  
43
Dogry.
"Suwa daş at! Tolkunyny synla" diýilýä.
Ýesere bolsa, ýeser diýmeli. Hakyky şo.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]