22:27 Merhum Nezwal bilen söhbet | |
MERHUM NEZWAL* BILEN SÖHBET
Goşgular
Sen ýogaldyñ welin, howa sowady. Gar hem ýagdy. Ýaz çykanda turdy gaý. Şeýle ýagdaýlarda adamlar diýýär: asman hem ýas tutup bolýar başagaý. On üçünji aprel güni gün çykdy, Praga ýylgyrdy. Ýylgyrdy hatda iki-ýeke adam mazar başynda, emma gürrüñ edilýärdi sen hakda. Seniñ suratlaryñ gara jähekli goýlupdyr bu çakda witrinalarda. Suratlarda düşýär günüñ şöhlesi. Oýlanýaryn gaýly howa barada. Ýene bulaşarmy şäherde howa? Maý gelýär, maý aýt gelse Praga, tutuş gök öwüsýär bu uly şäher - meñzeýär gök, narynç, mämişi baga. Şäher köçeleri gyzlardan dolýar. Äpişgeden ýuwup aýran dek kiri, gyzlar gussamyzy ýuwup aýyrýar. Ýene synlaýaryn tutuş şäheri. Sem zerarly kalbymyza üýşen gam bizi goýup gidýär, bu maña aýan. Şeýdip Praganyñ köçelerini goýup gitdi bu gün hem seniñ saýañ. Durmuş şeýle, şahyr. Akylly merhum diýmez: siz kyrk günläp ýasymy tutuñ. Diýmez: sil alaýsyn bütin dünýäni, akylly merhumda başgadyr tutum. Dana merhumlardan ýagşy at galýar: Ýagşy söz, ýylgyryş ýa-da agaçjyk, mazar tümlügini paýlaşmaýarlar, bu ýagdaý saña-da, maña-da açyk. Mazaryñ daşyny ýekeje özi götermegi kyn görenok hiç biri. Merhum bizden hiç zat talap edenok, diýmek, ölen adam ölenok - diri. Nezwal, men añýaryn, sen şeýle merhum, özüñ ýagşyzada, özüñ paýhasly. Gowy bolup galýar mazarynda hem her kişiniñ gowy bolanda asly. Telefona çagyrýarlar, turaýyn... Dogan, göz öñünde hemişe dursuñ. Nurdur dünýädäki iñ ajaýyp zat, Senem dünýädäki ajaýyp nursuñ. 1958. Nazym HIKMET. ______________________________ * Nezwal Witezslaw (1900-1958) - beýik çeh şahyry. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |