08:34 Mertebe dessany -10: Bilimi bolanyñ hemme zady bolar! | |
X. BILIMI BOLANYŇ HEMME ZADY BOLAR!
Publisistika
Näme üçin ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti mertebeli Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynyň ugruny kesgitlände ilkinji nobatda täze “Bilim” syýasatyny öňe sürdi? Sebäbi her bir döwletde bilim esasy zat. Türkmenem aýdypdyr ahyryn “Bilegi zor – birini ýykar, bilimi zor - müňüni” diýip. Köne bilim sistemasy indi garaşsyz Türkmenistanyň täze bilim ýodasy üçin ýaramsyz. Bize garaşsyzlyk ruhly bilim sistemasyny düzmek gerekdi. Durmuşyň ähli ugruny bilim kesgitleýär. Bize bilimli nesil gerek. Diňe bilimli bolup, Watany, ýurdy beýgeldip bolar. Men Päkistan Yslam Respublikasynda bolup gördüm. Şonda maňa ýurduň ilatynyň 75 prosentine golaýynyň düýbünden sowatsyzdygyny aýtdylar. Sowatsyz halk ýaramaz ýaşaýar. Öz gününi görüp bilmeýär. Kim sowatly bolsa, şol hem baý. Bize baý nesil gerek! Goý, olar ýurdy öňküden-de ösdürsinler. Täze nesil eýýäm bilimi täzeçe alýar. Olar öz ata ýurduny öwrenýärler. Ýöne olara öwredilýän materiallar döwrüň talabyna laýyk bolsa ýagşy. Bir zat ýadyma düşýar. 1969-njy ýylda uniwersiteti tamamlanymdan soň, iberilen ýerime – Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) etrabyna işe bardym. Maňa raýon halk magaryf bölüminiň mekdepler inspektorynyň wezipesini berdiler. Inspektor diýen adam – barlagçy. Düşünjäm, tejribäm bolmasa-da, men inspektor. Ol az aýlykly wezipe eken.şonuň üçin oňa höwes edip durmaýan ekenler. Garaz, 4-5 aýdan soň meni gumuň içindäki birküçsany mekdepdçe inspektorlyk barlagyny geçirmäge iberdiler. Etrap merkezinden 250 kilometr ýol geçip, Gyzylgaýa şäherçesine bardym. Soň Altyguýruk diýen ýerdäki başlangyç mekdebe nähili barmalydygyny maňa düşündirdiler. Ol ýere maşyn örän seýrek gidýän eken. Şonuň üçin düýeli gitmeli boldy. Ep-esli ýöräp bardyk. Men mekdep görjekdim. Görkezdiler. Bir otagdan ybarat hütdük ýaly jaý. Onuňam gapysyna gulp urulgy. Kanikul döwrem däl, dynçgünem däl. Mugallymlary nirede, direktor nirede? Okuwçylar hany? Görüp otursam, mugallymam, direktoram bir adam eken. Başlangyç mekdep bolansoň, onuň dört klasynda ähli okaýan okuwçy 9 sany eken. Hemmesem bir otagda goşulyp, bile okadylýan eken. Mugallym nebitdagly bolansoň, bir ýarym aý mundan ozal öýne gidipdir. Şondan bärem gelmändir. Okuwçylar diýilýänleriň iki-ýekesi bilen gürleşip görsem, hatda olaryň 4-nji klasda okaýanlary hem harplary doly tanamaýan eken. Emma mugallym welin “depder barlady, klas ýolbaşçysy boldy, kružogy alyp barýar, mugallym, direktor” diýip 460 manat aýlyk alýardy. Raýon halk magaryf bölüminiň mekdepler inspektorynyň aýlygy bolsa 90 manatdy. Bu zatlar şu günki ýaly ýadymda. Onsoň Garaýman diýen ýerdäki sekizýyllyk mekdebe gitmeli boldum. Asudaja obajyk. Sekizýyllyk mekdepde 40-a golaý okuwçy bar eken. Barysam çopanlaryň çagalary. Men ors dili sapagynyň okadylyşyny barlamak üçin klasa girdim. Ors dili mugallymy türkmen oglany eken.ol bu ýere tussaglykdan çykandan soň iberilipdir. Ogurlyk edeni üçin basylanmyş. Ýöne gep mundadäl. Iň erbet ýeri, ors dili mugallymy ors dilini bilmeýän eken. Görüp otursam, asyl onuň hiç hili pedagogik bilimem ýok eken. Bilýänje ors sözlerinem tussaghanada öwrenenmiş Bu bir anekdot ýaly zat. Men raýon halk magaryf bölüminiň Sowetinde barlan iki mekdebimdäki ýagdaý barada mesele goýdum. “Başga kadr ýok” diýdiler. Soňra bu barada “Zähmetkeş” diýen raýon gazetinde makala bilen çykyş etdim. “Öz uçastogyňy tankytlapsyň” diýip igendiler. Ýöne raýkom, raýispolkom goşulyp, Altyguýrukda we Garaýmanda ýagdaýy düzetdim etdiler. Nireden düzelsin! Sistema giren zadyň düzelmejekdigi öz-özünden belli ahyryn! Bu bir ýönekeý “gözdaňdy” oýnydy. Edil gumly çagalar sowat bermejek bolup, bilgeşländen edilýän ýalydy. Gumda mal yzynda bolar ýaly çopan gerekdi. Men bu zatlary mysal getirmek bilen, sowet bilim sistemasynyň derejesini görkezmek isledim. Indi bize öz-özümizi aldamak gerek däl. Çaga bir sagat okadylsa-da, şol bir sagadyň içinde nähilidir bir peýdaly zady öwrense, düşünjesi bir gez beýgeler. Şonuň üçinem öwredilýän zat saýlanylyp-seljerilse ýagşy. Ynha diýeli, bu gün Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimi” garaşsyz döwrüň nesline, düýbünden başga sistemada ýaşamaly nesle taryhy hakykaty öwredip bilermi? Partiýa komitetleriniň işini şöhlelendirýän “Nebitdag” romany, “Aýsoltan” powesti olara näme berer? Hydyr Derýaýewiň “Ykbaly”, Beki Seýtäkowyň “Doganlary” hem edil “Aýgytly ädim”, “Nebitdag”, “Aýsoltan” ýaly, öz döwrüniň ajaýyp eserleri. Olar kommunistik aňy, “ösen sosializmi” berkitmekde öz wagtynda belli bir roly oýnadylar. Towşan Esenowanyň “Şemşady”, “Günodgar uzan goly”, beýleki birentek eserler hem şeýle. Bu gün olary okuw programmasyna goşmak zerurmy? Bu eserler öz döwründe naýbaşy derejede görlen eserler. Emma indi okuw kitaplarynda olaryň ýerini garaşsyz milli edebiýat eýelese, dogry bolmazmy näme? Elbetde, ýokarda atlary agzalan eserleri hem islän adam okabermeli. Bazar gatnaşygy döwründe neşir işleremuly biznes. Olar hususy neşirýatlarda gaýtalanylyp neşir edilip durulsa-da, hiç kime zyýan etmez diýip pikir edýärin. Muňa bazar diýilýär. Bazar gatnaşyklarynyň döwri kimdir birlerinden “kumirleriň” emeli döredilmegi bilen ylalaşyp bilmeýär. Ýurduň mertebesini belende göterýänler şeýle derejä – hormata mynasyp. Kumirleri şu günden gözlesek, ýaşňyşmasak gerek! Eger klassyka derejesine çykan, türkmen halkynyň ruhuny götermäge niýetlenilen, aýdaly, Magtymgulynyň, Mollanepesiň derejesindäki ölmez-ýitmez eserler bolsa, kim oňa garşy. Okuw programmasy giň. Biz bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, onuň dünýä ýüzündäki mertebesine, mertebeli Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň edýän işlerine buýsanýarys. Buýsanç barada ata-babalarymyz şeýle pähmi miras goýupdyrlar: “At üstünde oturan – bir sagt buýsanar. Eýer-esbap edinen – bir gün buýsanar. Öýe gelin getiren – bir ýyl buýsanar” Menem şuny üstüne goşmakçy: “Garaşsyz Watany bolan – ömürlik buýsanar”. XI. HAKYKAT Hawa, Taryh ýalandan başga hemme zady içine siňdirýär. Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýipdi: - Türkmenistan döwleti döredi. Yza ýol ýok! Bu dünýäde Türkmenistan döwletiniň barlygy – taryhy hakykat. Ol Müdimidir, Bölünmezdir, Jebisdir, Bakydyr! Ony esaslandyran, berkarar eden, jahana tanadan Saparmyrat Türkmenbaşydyr! Bu taryhy hakykaty inkär edip biljek hiç zat ýokdur! Beýik Taňrynyň ýeke bolşy ýaly, Hakykat hem ýekedir. Taňrynyň ýekeligine dil ýetirseň, saýrap duran diliňden jyda düşersiň. Hakykatyň ýekeligine dil ýetirseň, göni barýan ýoluňdan jyda düşersiň! * * * Ine, mertebe dessany häzirlikçe şeýle. Elkyssasyny ýazyp gutarmak mümkin däl. Ol dowam eder. Namalaryny galamdaşlarym, şahyr dostlarym bireýýäm ýazdylar. Ýene ýazýarlar. Tutuş türkmen ili goşgy ýazýar, nama aýdýar. Watan hakda, halk hakda, Serdar hakda, mertebe hakda. Bu – tükeniksiz tema! Mertebe dessany tükenmeýän dessandyr! 25.08-01.09.1998-nji ýyl. (soñy) Allaguly ÝUSUBOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |