23:30 Ýürekdeş gürrüñ / satiriki hekaýa | |
ÝÜREKDEŞ GÜRRÜŇ
Satiriki hekaýalar
Bu seýrek bolýan hadysa. Naçalnigimiz Berdiliýew meniň bilen ömründe birinji gezek ýürekden gürrüň etdi. Belki, ol beýle ýürekdeş gürrüňi edaramyzda mundan öň hiç kim bilenem eden däldir. Özem bir mylaýym, bir mylaýym!... Onuň öňünde ýag ýaly eräberesim geldi. Ilki öz saglygymy, işimi, çag-çugalarymy soraşdyrdy. Iş barada gürrüň edenimizde-de: – Almaz oňat ýigit, şeýle dälmi? – diýip, ýarym ýyl mundan ozal işe gelen inspektor oglany öwüp başlady. Almazmy? Oňatlyk näme işlesin! Edil itiň biri-dä! Arabozar. Ýöne bu wagt heý, şeýle diýip bilerinmi?! Elbetde, ýok, naçalnik bilen ýekeme-ýekelikde ýürekdeş gürrüňleşilýär ahyryn! – Hawa, oňat oglan. – Bu sözleriň agzymdan nädip sypanyny bilmedim. Ýüzüm kömür ýüki ýeten peç ýaly gyzdy, ajy burç deý gyzardy. Ýüregiňdäkiň tersine gürleseň, eýsem, başga nähili bolsun! Berdiliýew bolsa gürrüňi barha çuňňur ýürekdeşlik derejesine ýetirmäge dyrjaşýardy. Ýöne özem öte bişen pomidor ýaly bolmasa-da, garaz, bärrägiçe-hä gyzarýardy: – Özem edermenje, başarjaňja oglan... Naçalnigiň bu sözlerinem “häsini” ýetirmeli-how! Ýöne ol Almaz deýýusda başarjaňlyk, guramaçylyk neýlesin! Baran ýeri bulagaýlyk. Ýöne men özüm bilen ýürekdeş gürrüň edilýärkä, ýürek bulamany başaramok: – Almazmy, tüýs siziň diýýänleriňiz-dä!... – diýip, men indi sussubasylmadan birneme rüstem gelibräk gürledim. – Onsoňam, Almaz ýaly ahlak taýdan päkizeleri tapaýmagam aňsat däl-ow häzir?! Berdiliýew Almazyň aýlygynyň gylla ýarysyny alimente berýänliginden bihabar ýaly gürledi. Azgynyň biri Almaz nire, ahlak taýdan päklik nire! Duranja bir jalataý-da! Ony bilmeýän barmy näme?! Ýürekdeş gürrüňi kül-peýekun edesim gelmedi: – Hawa-la, ýigidiň durnuklysydyr – diýdim. Utanmadymam, gyzarmadymam. Gürrüň hamala, başga biri hakda barýan ýalydy. – Edaraň abraýy üçin gije-gündiz ylgaýanlaram Almazdyr sen diýäýmeseň, başgalar-a... Naçalnik meni çykgynsyz ýagdaýda goýdy. Tasdanam çiň-arkan gaýdypdym... Görüň-ow, nähili ýürekdeş gürrüň! Işleseň bilinýär eken-ä. Menem iň ökdämiz Almazyň deňinde öwülip durun ahyryn. Özüň öwülýärkäň, birneme agrasrak bolmak gerek. Şonuň üçinem men “häni” diňe Almaz üçin berdim: – Hä – hawa-la, Almaz tüýs... Ol işinde ökde. Edarada alyp barýan jemgyýetçilik işleri... Ýerli komitete kömek berşi, diwar gazetiniň sözbaşylaryny ýazyp berşi... Önümiň hili ugrunda göreşişi... Sosialistik ýaryşa goşulyşy... Nähili ýürekdeş gürrüň! Bu gürrüňlerden soň men Almazy özümiň birinji dostum saýdym. Ol meniň üçin ideal! Görübiläýsem oňa “dogan jan” diýäýesim geldi-durdy... Ertesi ýygnak boldy. Bölüm naçalnigi wezipesine kimi bellemek barada maslahat ediljekdigini aýtdylar. Başlygymyz Berdiliýew Almazyň adyny gümürtigräk agzady-da: – Ilki bilen iň tejribeli işgärimiz Hezretow öz pikirini aýtsyn! – diýip, maňa ümledi. Gürledim. Düýnki ýürekdeş gürrüň maňa ganat baglan eken. Almazy şeýle bir häsiýetlendirdim, şeýle bir häsiýetlendirdim. Oturanlar gürrüňiň haýsy Almaz hakda barýandygynam bilmediler. Näme, ýüz Almaz barmy. Bizde ol ýeke-täk – Almaz Amanow! Menden soň hiç kime sözem berilmedi, hiç kim sözlejegem bolmady. Almaz bölüm naçalnikligine biragyzdan tassyklanyldy. Ýygnakdan soň “berekella” hantama bolup, Berdiliýewiň kabinetine girdim. Ol maňa başynam galdyrmady. Men bu zatlary ýüzüme alman, “Oňardymmy?” diýýän manyda ýylgyryp, naçalnige seretdim. Ol bolsa ýylgyrmadam: – Şü, soňky “Özem ýoldaş Berdiliýewiň doganoglany” diýen sözleriňi aýtmaly däldiň. Men seni oñatja oglanmykañ öýdýärdim – diýip, naçalnik öz işi bilen boluberdi. Men kabinetde özümiň artykmaçlygymy duýdum... Allaguly ÝUSUBOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |