08:32 Mertebe dessany -9: Ýalan we çyn | |
IX. ÝALAN WE ÇYN
Publisistika
Biz ýetmiş ýyllap ”Türkmenistan Russiýa meýletin birleşdi” diýip gezdik. Ýowuz ýalan öňe düşdi. 37-nji ýylyň ýalnynyň içinden çirkizilip-çürtülip, geçen ýaşulular nämäniň-nämedigini magat bilýän bolsalar-da, gepläp bilmediler, lal açdylar. Soňraky nesiller bolsa totyguşa döndüler. Näme diýseler, şony dogrudyr öýtdüler. Ýowuz hakykat welin nägehan ýalanyň kölegesinde görünmän ýatyrdy. Türkmenistan Orsyýete “meýletin birleşmeginiň” şanyna düzülen goşgular, odalar, aýdylan aýdymlar çensiz-çaksyz boldy. Tom-tom kitaplar ýazyldy, sansyz-sajaksyz kinolar döredildi, spektakllar goýuldy. Ýowuz ýalan baýdagyny galgadyp, öňe düşdi. Hatda biz 1981-nji ýylda Türkmenistanyň Orsyýete “meýletin girmeginiň” 100 ýyllygyny uly toý edip, belläbem geçdik. Şäheriň iň gözel ýerinde 100 sany fontan bina edip, mukaddes ýagydgärlik hökmünde çynar oturdyp, bu seýilgähi “100 fontan” diýip hem atlandyrdyk. Munuň özi aslyýetinde Türkmenistanyň Orsyýete “meýletin girmeginiň” 100 ýyllygyna dikilen ýadygärlik bolsa-da, manysy boýunça ol başga zady simwolizirleýär. Bilmedim, onuň arhitektorynyň bilip eden işimi, ýa bilmän eden işimi, garaz, şol 100 fontan, meniň pikrimçe, bu gün türkmeniň ýüz ýylda akan gözýaşynyň simwoly ýaly bolup, paýyrdap akyp dur! Hawa, diňe şatlyga däl, hesrete-de ýadygärlik dikilýär. Täze Türkmen döwletiniň döremegi bilen täze türkmen jemgyýetiniň dörändigi jedelsizdir. Biziň taryhda ilkinji garaşsyz Konstitusiýamyzyň başynda Türkmenistanyň “dünýewi, demoktarik hukuk döwletdigi” aýdylýar we onuň hut şeýle döwlet boljakdygyna kepil geçilýär. Aslynda dünýewiligem, demokratikligem, hukuk prinsiplerem türkmenler we türkmen jemgyýeti üçin täzelik däl. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda demokratik jemgyýetde ýaşap geldi diýip aýtmaga esaslar bar. Ol jemgyýet öz döwrüniň siwilizasiýasyna laýyk demokratik jemgyýet bolupdyr. Ol biziň öz köküni has ägirt çuňluklardan alyp gaýdan halkymyzyň aňynda, edim-gylymynda, däp-dessurlarynda, kada-kanunlarynda bar hem bolan zat . Türkmen mentaliteti şeýle. Biz zorluk bilen däl-de öz peýwagtymyza işleýäris – gurýarys, döredýäris. Bu gün agaçekseň, ertir miwe iýersiň. Ýöne şol miwäniň dady idediş derejäňe bagly bolýar. Ýedi ýylyň içinde ýedi ýüz ýylda edip bolmajak işleri bitiren türkmen arkaýyn däl. Şu ýedi ýylyň içinde 10 milliard amerikan dollaryna barabar inwestisiýa özleşdirildi. Çig mal ýurdy indi gaýtadan işleýji merkeze öwrülip barýar. Ýurt – tutuşlygyna gurluşyk meýdany. Beýle gurluşyklar 70-ä däl, ýene 100 ýyl dowam edenem bolsa, SSSR-iň Türkmenistan baradaky planyna-da girmezdi diýip aýdyp bolar. Türksib demir ýol magistraly, Saýano-Şuşensk GES-i, BAM, Ýamal-Ýewropa gaz geçirijisi. Bularyň barysyna türkmenler gatnaşsdy. Emma bu zatlaryň höziri bu gün türkmen üçin däl. Iň bärkisi, gaz geçirijini alyp görüň. Moskwaly çinownikler bu gün şonuň üsti bilen türkmen gazyny hatda Ukraina, Zakawkazýä ibermäge-de dürli bahanalar bilen päsgel berjek berjek bolşup durlar. Olaryň isleýän zady belli. Emma Saparmyrat Türkmenbaşy 2 ýyllap şol gaz geçirijisinden gaz geçmände-de ýurduň ykdysadyýetine ol diýen bir uly zyýanyň ýetip durmajakdygyny ynandyryjy deliller bilen aýtdy. Bu – söwda. Islän satar, islän alar. Her niçik-de bolsa, geljek biziňki. Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan gaz geçirijisiniň proýektleri bu gün hereketde. Olar dünýä ähmiýetli proýektlerdir. Olar bizi ertirki eşretli durmuşa eltjek proýektlerdir. Dünýäde bir baý ýurt bolsa, ol Türkmenistan bolar. Çünki, ähli ýerasty baýlyk gorlarynyň 30 prosenti Türkmen topragynyň astynda. Indiki mesele – olaryň bazaryny tapmakda. Eger Türkmenistan dünýä bazaryna doly derejede çykyp bilse, onda onuň halkynyň, geljekki nesilleriň zerre gamy-gaýgysy bolmaly däl diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Şonuň üçin şu gün biz has köp işlemeli. 70 milliard tonna nebitgorumyz bar. Her ýylda onuň çykarylyşyny 30 million tonna ýetirip bolsa, diňe bir nebitiň özündenem ep-esli baýap bolar. Özümiziň Ýer şarynyň demirli guşagynda ýerleşýändigimiz-de Hudaýyň beren bir eşreti. Asudalyk bolsa, agzybirlik bolsa, Garaşsyzlygymyzy gorap saklap bilsek, bu zatlaryň ählisi özümiziňki. Ine, şu zatlary göz öňüne getirýärkäň, SSSR döwrüniň käbir “eşretleri” barada edilýän gürrüňler kejikdirmänem duranok. Nämemiş, hemme zat bolanmyş! Boldy, ýöne surnukdyryjy hem kemsidiji nobat bilen. Özem sanalgyja zat. Şol zatlara derek biziň mertebämiz aýak astyna gaçypdy. Mertebe – bahasyz zat. Ol satylmaýar we satyn alynmaýar. Ony özüň goramaly, özüň beýgeltmeli. Bilelikdäki öýüň käbir imrindiriji zatlary GDA-nyň ýurtlarynyň iki-ýekesinde SSSR baradaky ýympyk nostalgiýany döretdi. Ilki Orsyýetde, soňra Ukrainada Parlament saýlawlarynda kürsüleriň köpüsi aýlygyny wagtyndaalyp bilmeýän ýönekeý adamlaryň islegi bilen kommunistlere ýetdi. Olar bolsa ýene-de çüýrük diwary dikeltmegiň arzuwynda. Golaýda men ýene-de diktafonymy alyp, iliň köp üýşýän ýerine – ors bazaryna çykdym. Gabat gelene “Siz köne SSSR-i küýseýärsiňizmi ýa-da Garaşsyz Türkmenistana guwanýarsyňyzmy?” diýen sowaly berdim. Dogrymy aýtsam, meniň bu sowalym adamlarda gülki döredýän ýaly göründi. Hatda bir ýaşuly: “Indi SSSR diýen zadyňy goýsana, inim!” diýdi. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistana bolan aňrybaş guwançdy. Sähelçe salymyň özünde adamlaryň aňynda milli buýsanç esasy orny alypdyr diýen pikiri döredýärdi. Hut şunuň özem milli Galkynyş ruhy Galkynyş dälmi näme?! Kommunizm we Kommunistik partiýa düşünjesi indi türkmenler üçin ýat bir zada öwrülip barýan ýaly. Hatda onuň biziň durmuşymyzda bolany hem düýş pisint bir zat diýesim gelýär. Aslynda Kompartiýa nämedi? Bolmalysy-ha kommunizm ideýasyna ynanýanlaryň, ony alyp götermäge, ösdürmäge çalyşýanlaryň topary. Emma bizde kommunist bolmaga dyrjaşýanlar üçin ol wezipe tramplindi. Haýsydyr bir ynanjyň diregi däldi. Bu şol wagtam hemmä mälimdi, häzirem mälim. Indi onda häkimiýet ýok. Şonuň üçinem ol hiç kimiň ýadyna düşenok. Beýik Türkmenbaşy bir zady subut etdi: adamlary yzyňa düşürmek üçin nähilidir bir partiýa hökman däl eken, oňat ideýa we abraýly hem mertebeli ýol görkeziji Serdar ýeterlik eken! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |