14:08 Mertebe dessany -5: Dok öýüñ açlary... | |
V. DOK ÖÝÜŇ AÇLARY...
Publisistika
Baryp, graždanlyk urşunyň möwjeýän ýyllarynda bolşewikler hökümetiniň baştutany Wladimir Lenin Çeleken nebitine umydyny dikýändigini mälim edipdi. Türkmenistanyň pagtasy, garaköli baganasy, beýleki baýlyklary Orsyýede gerekdi. Eýýäm şol wagtlarda Garabogazkölde nähili baýlyklaryň bardygyny bolşewikleriň hökümeti bilýärdi. Şonuň üçinem başy budýonnowkaly sibirli, urally ýaş ýigitleriň ýüzlerçesiniň maslygynyň Garagum çöllüginde galmagyna ol dözýärdi. Şol ýigitler bu ýerde, Garagum çöllüginde “ilaty nähildir bir betpäl adamlardan – basmaçylardan gorap”, janlaryny gurban edenmişler. Hakykatda welin olar Garagumda Orsyýediň kolonial bähbidini ýerli ilatdan – öz ýurdunyň watançylaryndan gorajak bolup, heläk bolýardylar. Elbetde, uly bähbitler uly ýitgileri hem talap edýär. Bu gün oturyp oýlanýarsyň. Türkmenistan bary-ýogy ýedi ýyla golaý wagtyň içinde dünýäniň iň baý ýurtlaryna deňleşip barýar. Munuň özi diňe bir geçiş döwrüniň jygba-jygly döwründe bolýan zat. Hemme zadyň, aňyň, ýetmiş ýyllap ornaşdyrylan psihologiýanyň kynlyk bilen özgerdilýän döwründe boluň geçýän zat. Önümçilige, önüme, öndüriji güýçlere bolan garaýşy döwmek, täzelemek, bazar gatnaşyklaryna düşünmek, göz ýetirmek ýeňil däl. Emma biz gysga wagtyň içinde has uly eşretlere ýetenimizi dünýä görýär. Ýurt baýaýar. Görlüp oturylsa, işläberseň boljak eken. SSSR welin 70 ýylda-da biziň hiç birimizi gönendirmändi. Birimizi iki etmändi. Diňe boş wadalaryň girdabyna düşüp, kommunizm jenneti barada oýlanmak hem eýýäm ýürege düşüpdi. Aslyýetinde welin, dok öýüň açlary bolupdyk. Pikir edip görüň, uruşdan soňky ýyllarda bat alyp ösen Kuweýt hem beýleki arap ýurtlarynyň ýeten ykdysady derejesi nähili? Ýöne bu barada biz indi-indiler eşidip ýörüs. Hytaýdan aýrylyp, özüni özbaşdak diýip yglan eden Taýwanyň ösüşini göremzokdyk. Kiçijik Gonkongyň ýeten derejesini bilmeýärdik. Hatda biziň uruşda ýeňlip, derbi-dagyn edip gaýdan Germaniýamyzyň hem öz ykdysadyýetini sähelçe wagtyň içinde SSSR-iň derejesinden hem ösdürendiginden bihabardyk. Dogry, sowetler ýurdy ýaraglanyşykda deňsiz-taýsyz ösdi. Dünýäni ýaragdan doldurdy. Şonuň üçin bu gün bir ýerde uruş bolýan bolsa, şol ýerde Kalaşnikow awtomatlary, sowet agyr tanklary, sowet bombalaýjy samolýotlary herekete girýär. Aslynda Sowet Soýuzynyň daşary ýurtlar bilen söwdasy diňe ýaraglary çykarmakdan ybaratdy. Ýarag satyp baýap bolýarmy näme? Ýarag satyp baýajak bolmak ahlaksyzlyk dälmi näme?! Ýurtlar ösýärdi, halklar baýaýardy. Biz bolsak, uzyn-uzyn nobatlaryň sapynda surnugýardyk. Bu näme üçin beýle bolupdy? Elbetde, bu sowal çözülmez matal däl. Indi birazajyk oýlanyp görüň, soňky 5-6 ýyldan bäri nirede we nämäniň nobatyna duranyňyz ýadyňyza düşýärmi? Düşmez! Sebäbi nobatlar indi Türkmenistanda ýok. Döwlet köp zady üstünden aýyrdy. Görüp otursaň, uzyn-uzyn nobatlary döredýäniň özi ozalky döwlet sistemasy eken. Bazar ykdysadyýetiniň adamlaryň daňylgy gollaryny gollaryny çözýändigi, ýurdy gün-günden gülledýändigi bu gün görnüp duran zat. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, Saparmyrat Türkmenbaşy ýurtda azyk howpsuzlygyny berkarar etmegiň gamyny iýdi. Düýnki “bolsada” meňzeş arzuw bu gün aňryýany bilen myrat tapdy. Türkmen topragy bir million 200 müň tonna galla berdi. Ýakyn ýyllarda ol iki million tonna ýeter. Desterhanyňda nan bolsa, başyňda alada bolmaäz. Aýdypdyr-a, ata-babalarymyz “Garny doka - bela ýok” diýip. Meniň bir zada ünsi çekesim gelýär: entek SSSR öýünde ýaşalýarka, fond gatnaşyklarynyň zynjyry gutarnykly gyrylmanka Türkmenistanda şeýle bir jygba-jygly ýagdaý dörän eken. Muny mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy Ýaşulularyň Daşoguzda bolan VIII maslahatynyň we Halk Maslahatynyň bilelikdäki mejlisinde sözlän sözünde aýtdy. Olşeýle diýdi: “1989-njy ýylda Moskwa şäherinde, Kremlde respublikalaryň ýolbaşçylary we M.S.Gorbaçýow, hemmämiz üýşüp şol mahalky ýurduň içindäki ýagdaýa seredýärdik. Ol ýygnaga Federasiýa geňeşiniň agzalary gatnaşýardylar, ýygnagy M.S.Gorbaçýow alyp barýardy. SSSR oba hojalyk ministri çykyň edip Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Sowet Soýuzynyň Ýewropa bölegine girýän respublikalaryň ýene biriniň adyny tutup,şol respublikalardaiki günlük bugdaý galandygyny aýtdy. Ondan soň ol ýerlerde açlyk boljak diýip, bir ýerden bugdaý satyn almagy teklip etdi. Şol mahallar bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy dünýä bazarynda 80 dollardy, galla arzandy. M.S.Gorbaçýow meniň we beýlekileriň ýüzüne seretdi, ýöne sesini çykarmady. Şol mahal Sowet Soýuzynyň düzümine giren respublikalaryň ýolbaşçylarynyň iki sanysy “Biz bugdaýyň her tonnasyny 80 dollardan däl-de, 40 dollardan sataly. Bizden satyn alyň” diýdiler. Menem diňläp otyryn. Türkmenistanda iki günlük galla galdy. Ýöne şol ýerde oturanlaryň içinde maňa “Hany, ýoldaş Nyýazow, biz kömek edeli. Näme gerek?” diýen tapylmady ” Kynçylykda seni taşlajak bolsalar, bile bolmak nämä gerek? Hakyky doganlar şeýle bolýarmy? Muňa şol bada düşünen türkmen lideriniň düşen ýagdaýam göz öňüne gelýär. Herhal, şonda açlyk howpunyň üstüne abanandygyny halk duýmady. Iki gündenem, üçgündenem, bäş gündenem, on gündenem, biraýdanam açlyk bolmady. Saçagymyzda nan boldy. Nähili kyn hem bolsa, nähili çylşyrymly hem bolsa, halkyň ägirt howpdan hamyrdan gyl sogrulan ýaly edilip alnyp çykylandygyny biz ençeme ýyldan soň bilip galdyk. Belki, bu ýagdaý sapak bolandyr. Şu günki 1 million 240 müň tonna şol günki ýürege düwlen maksadyň myradydyr. Dünýäniň ägirt bölegini eýeläp oturan ägirt SSSR dargady. Emma biz gark bolup barýan gämiden ilki bolup gaçyp barýan alakalaryň gününde bolmadyk. “Minaly meýdandan”seresap hem ýitgisiz geçdik. Munuň özi asuda öwrülişikdi. Biz hiç kimi öýkeletmedik we özümizi-de öýkeletdirmedik. Bu zatlarbeýik lider SaparmyratNyýazowyň syýasat sungatynyň netijesidi. Bu gün pritça öwrülen sözler bar: “Syýasat – bu mümkin bolan sungatdyr”. Il-gününi görnüp duran belalardan sowup, dawa-jenjellerden aman-esen alyp çykyp bilýän syýasat hakyky sungatdyr. Biz şu günümiz üçin öz syýasatymyza, ony bina ediji Serdarymyza guwanmaga haklydyrys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |