08:26 Mertebe dessany -7: Biz näme ýitirdik, näme gazandyk?! | |
VII. BIZ NÄME ÝITIRDIK, NÄME GAZANDYK?!
Publisistika
SSSR binýat edilip, Türkmenistan hem onuň içine girizilenden soň türkmeniň gören zyýany, çeken ýitgisi çensiz-çaksyz boldy diýip aýtmaga esas bar. Bolşewikler ideologiýasy hemme zady orslaşdyrmaga örän bilniksiz gönükdirildi. 100-den gowrak milleti özüne birleşdirýän metropoliýa halklaryň hiç biriniň hem, şol sanda türkmen halkynyň hem mentalitetini nazara almady. Bela bütin ýurda bilelikde geldi. Onuň has ýowuz netijeleri 30-njy ýyllarda ýüze çykdy. “Troskizm”, “Panturkizm” we şuňa meňzeş toslama akymlar halkyň boýnundan ildirilip, il-günüň ylymly-bilimli gatlagy, telekeçilik edip gününi dolaýanlar pürrelenip başlandy. Özüni çala oňarýanlar “duşman synpa” öwrüldiler-de, “baý-kulak” diýlip sowuk Sibire iberildi. Garaz, öz döwründe unitar Soýuza “meýletin” girmek bilen biz öz başymyzy özümiz gowga sokduk. Men diýen gerçekler “halk duşmany” boldy. 1979-njy ýylda Aşgabatda neşir edilen “TKP sosializm gurmak we kem-kemden sosializme geçmek ugrundaky göreşde” diýen kitapda şeýle setirler bar: “Respublikada baýlary ýok etmek işi 1930-njy ýyla çenli çekdi. Baý we pomeşikçilik hojalyklaryň üç müňüsinden köpüsi ýok edildi”. Görüň, näçe adamy öldürmelidigi ozalyndan belli edilen ýaly. Sosializmde ölüm hem planly. Belki, her etraba “pylança adamy tutmaly, pylança adamy öldürmeli” diýip, ýörite tabşyryk hem berlendir. Şol öldürilenleriň, ýok edilen hojalyklaryň türkmenlerdigi, musulmanlardygy düşnükli ahyryn. Segsene ser uran ejem häli-şindi öz kakasyny – meniň hiç haçan ýüzünem, suratynam görmedik babam Ysmaýyl baýy ýatlaýar. Ony baý diýip tutupdyrlar. Ähli düýelerini, goýunlaryny alypdyrlar. Baýlary bolsa ýaňky kitapda bellenilişi ýaly, tutuş hojalygy, maşgalasy bilen ýok edýän ekenler. Şeýle howp babamyň maşgalasyna-da abanypdyr. Ine, şonda oba şurasynda işleýän bir garyndaşy olara kömek etmek isläp, ejemiň ejesiniň – meniň hiç wagt ýüzüni hem suratyny görmedik mamamyň ýanyna gelipdir-de: “Seniň äriň Ysmaýyl baý tutulyp, Sibire iberilýär. Eger çagalaryňy, özüňi halas etjek bolsaň, äriň bilen nikaňy boz, aýrylyş. Şonda size hiç kim hiç zat diýmez” diýipdir. Mamam bu sözleri ýokuş görüpdir. “Indi men 5 çagam bilen ärinden aýryldy adyny alarynmy? Men bütin ile masgara bolarynmy? Gowusy, men öleýin. Huda şu gije meniň janymy alsady...” diýip, kän aglapdyr. Keç ykbalyndan nalapdyr. Onuň özüne uzyn gije gargandygyny ejem häli-şindi aýdýar. Hudaý onuň gargyşyny eşidipdir, masgaraçylykdan halas edipdir. Ertir görseler, mamam pahyr dem-düýtsüz sowap ýatyr eken. Şondan soň ejem dagynyň maşgalasyna zat diýilmändir. Bir zat welin meni hemişe geň galdyrýar. Öz güýji-zähmeti bilen mal-mülk edinen babamy Sowet häkimiýeti ýok etse-de, onuň adyny adamlaryň aňyndan öçürip bilmedi. Amyderýanyň sag kenarynda 5-6 sany ulygyr bar. Olaryň birine “Ysmaýyl baýyň gyry” diýýärler. Oňa mundan soňam şeýle diýerler. Sebäbi ol il-günüň dakan ady. Halk hakydasy - hemişelik zat. Babamy-mamamy görmesem-de, käte men şol gyry synlaýaryn. Şo-da bir teselli. Dinine degilmegini musulmanlar degnasyna degilmegi hasaplaýarlar. Emma Sowet ideologiýasy näme etse-de, ilki gözüňi-başyňy, eliňi-aýagyňy “daňyp”, soň edýär. Il-günüň iň bir uýýan, perişdä deňeýän adamlary bolan ahunlar, işanlar, Hudaýa sygynyp oturan mollalar sähelçe salymyň içinde “jalataý” hataryna goşuldy. Olaryň mertebesi peseldildi. Şeýdibem halkyň aňyndan olara bolan ynamy almaga synanyşyk edildi. Hudaýyň ýerdäki öýi hasaplanylýan metjitler ýykyldy. Bu ýowuz ideologiýa halkyň ýaş gatlagynda we soňky nesillerde Beýik Taňra bolan tersleýin garaýşy kemala getirmäge dyrjaşdy. Biz öz dillerimiz bilen Marksyň “Din halk üçin tirýekdir” diýen myjabatly sözlerini mukaddes Kurany-Kerimiň sürelerinden, Muhammet Pygamberimiziň (s.a.w) Hadyslaryndan ýokarda goýmaga çenli baryp ýetdik. Halkyň elinden ynam alynsa, onuň elinden barzadynyň alyndygydyr. Bu belli bir möçberde şeýle hem boldy. Munuň özi ors agalygy zamanasynda biziň çeken iň uly ýitgimizdir. Türkmen edim-gylymynyň öz aýratynlyklary bar. Ol beýleki halklaryň mentalitetine, edim-gylymyna laýyk gelmeýär. Türkmeniň aýal-gyzlara garaýşy üýtgeşik. Ol öz zenanyna ar-namys, maşgala mertebesi hökmünde garaýar. Bu zatlar biziň aýalllarymyzyň geýnişinde-de, öýde we meýdanda özüni alyp barşynda-da ýüze çykýar. Türkmeniň myhmana garaýşy-da beýleki halklaryňa meňzänok. Biz myhmanymyzy atamyzdan hem uly görýäris. Munuň özi biziň gulagymyza çagalykdan guýulýan zat. Ol dessur nesilden-nesile geçýär. Ony hatda sowet ideologiýasynyň zabunlyklary-da biziň aňymyzdan aýryp taşlap bilmedi. Emma nesilden-nesle geçip gelýän birentek ýörelgeler, edim-gylymlar, däp-dessurlar welin “gyzyl aždarhanyň” garnyna gitdi. Sünnet meselesine Moskwanyň gözi bilen garalmagy biziň iň bir degnamyza degen zatlaryň biri boldy. Kommunizm sünnet bilen tä soňky demine çenli göreşdi. Emma türkmen halkyna musulmançylygyň bu parzyndan el üzdürip bilmedi. Munuňözi türkmeniň kommunizm ideýalaryna görä öz din-imanyna hasygrarly bolup galandygyny görkezdi. Nahar iýeniňde çemçäni haýsy eliňde tutmalydygyny, tabaga kimiňilki el uzatmalydygyny, çöregi nähili döwmelidigini, eje-kaka, ýaşulular bilen gürleşeniňde salamlaşanyňda özüňi nähili alyp barmalydygyny, toý-tomgyny nähili guramalydygyny, geçirmelidigini, saza, sazanda, özüňden ula, özüňden kiçä nähili garamalydygyny... ýene-de ýitip, ýok bolup giden ýa-da ýatdan çykyşyp barýan däpleriň-dessurlaryň ençemesini öz çagalarymyza – geljekki nesle biz indi täzeden öwretmeli. Aslynda yrymlar ýöne ýerden döremändirler ahyryn. Çaga köp däpler-dessurlar yrymlaryň üsti bilen öwredilipdir. Halk mirasy halka ýene hyzmat eder. Gyşaran türkmen ýene göneler! Biz muňa ynanýarys. Sowet döwründe şäher ýerlerindäki çagalar ýasli-baglarynda terbiýeçilik işleriniň kileň ors dilinde alnyp barylmagy hem bize ruhyýetde köp ýitgi çekdirdi. Ýasli-baglaryndan öýlerine gelen çagalar,köplenç, hatda öz ata-eneleri bilen hem düşünişip bilmediler ýa-da örän kyn düşünişdiler. Olara esasan partiýa, Lenin, Moskwa hakyndaky aýdymlar, goşgular öwredildi. Hut soňky ýyllara çenli-de Aşgabatda bar bolan 60-a golaý mekdebiň 8-10-syndan özgesi ors dilinde okadylýan mekdeplerdi. Magtymgula derek Gorkini, Maýakowskini öwrenýän çagalaryň türkmen ruhundan, edim-gylymyndan barha we barha daşlaşyp barýandygy hiç kimi biynjalyk etmeýäne meňzeýärdi. Milli mentalitetde mutasiýalaşma geçýärdi. Ne türkmen, ne ors! Belki, türkmen myhmanparazlygynyň saçaga näçe çüýşe aragyň çykarylmagy bilen ölçenilip başlanmagy-da, diller senaly ýaşulularymyza “Ýaşulyşka” diýip ýüzlenilip başlanmagy-da, maşgalada aýal ornunyň, erkek ornunyň näbelli bolup başlamagy-da şonuň netijesidir? Hemme zat okaýan okuwyňa bagly! Hudaýa şükür. Ol bize hälem öz wagtynda aslymyza dolanmaga pursat berdi... Biz bu gün ykdysadyýetde, gurluşykda ýitirilen zatlary sanap durmagy zerur hasaplamaýarys. Mertebesi belent Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy olar barada şänik döwen ýaly edip, kän aýtdy. Diňe bir SSSR zamanynyň soňky 15 ýylynyň içinde bizden 200 milliard amerikan dollaryna barabar zady alyp, deregine 2 milliardlyk zat berendikleri indi hemmämize mälim. Biz pagta, ýüpek öndürdik-de, sintetika geýdik, biz gaz çykardyk-da, çöpleme, tezek ýakdyk, biz nebit çykardyk-da, benzinsiz kösendik... Agyr degen ýeri – bize merkeziň boýnunda oturan agyr ýük hökmünde gyýa seretdiler. Biziň gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklary bilen dokan halylaryny “Buhara halysy” diýip satdylar. Bizi “medeniýetsiz çarwa halk” diýip atlandyrdylar. Emma bir gowy zat, nähili kynçylyk, nähili horluk, nähili kemsidilme bolanda-da “Bu-da geçer!” diýip giňlige salan türkmen bu zatlary hem öz üstünden geçirdi. Başyny aman saklady. 110 ýyllyk ors agalygy türkmenden türkmen taryhyny gizläp saklady. Okuw kitaplary gös-göni ors taryhynyň terjimesi boldy. Biz Gökdepe urşunyň Beýik Watançylyk urşy bolandygyny soň bildik. Çekilen pidalar, dökülen ganlar taryha girmedi. Türkmeniň özbaşdaklygy, ruhy päkligi ugrunda göreşen gerçekler “basmaçylar”, ”galtamanlar” diýip atlandyrylypdy. Türkmen ruhy bize ýat ruh bilen garyşdyryldy. Gahrymançylyk eposlarymyz, yşky-liriki dessanlarymyza, aslynda tutuş edebi-çeper mirasymyza zyýanly zatlar hökmünde garalyp, olar biziň aňymyzdan öçüriler ýaly derejä getirildi. Poeziýada türkmen ruhuna bap gelmeýän däpler öňe çykaryldy. Bütin Gündogara kybapdaş türkmen goşguçylyk däpleri Ýewropa stiline iterildi. Ak goşgular döredi. Aýdym-sazlarymyz hemmilli keşbinden daşlaşyp ugrady. Aýdym-saz äleminde Türkmen sährasy ýaly sadalygyň, agraslygyň ýerine ýeňleslik, göçgünlilik eýeledi. Herhal, şeýle göçgüne, şowhuna döz gelip, biziň bagşylarymyz, sazandalarymyz öz dutarlaryny, gyjagyny ýitirmediler. Olar bize atalardan miras geçipdi. Bu gün biz uzaga çeken ors agalygynyň ýowuz netijeleri üçin ors halkyna kitüwli däl. Ors halky bize hemişe dost boldy, dogan boldy. Sistema günäkär. Ol türkmenem awundyrdy,orsuň özünem. Biziň belent mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy ors halkyny gahryman halk diýip atlandyrdy. Beýik goňşymyz Orsyýet bilen bolsa dostlugymyzyň bakydygyny aýdýar. Dogry gürrüň. Il-günem şeýle pikirdeelbetde, 110 ýyllyk ors agalygynyň bize beren zatlary barada hem aýtman bolmaz. Dogry, bu mesele, belli bir ýagdaýda jedel döretmänem duranok. Kim “Türkmenistanyň Orsyýetiň golastynda bolmagy halkymyzy çökerdi” diýse, kimse ony türkmen halkynyň häzirki zaman siwilizasiýasyna goşulmagynda rolunyň uly bolandygyny nygtaýar. Hawa, türkmen bu gün doly bolmasa-da, belli bir derejede siwilizlenen halk. Bilimli, sowatly. Biz siwilizasiýa ors medeniýetiniň üsti bilen geçmeli bolduk. Gyşarmalar, öte geçmeler boldy. Ýöne biz sowatly, medeniýetli halk bolup ýetişdik. Ylaýta-da, doly sowatlylyk babatda biz ors halkyna minnetdar bolmalydyrys. Eger SSSR öňde-soňda bize bir zat beren bolsa, ol bilimdir, sowatdyr. Şunuň bütin “Sowet halky” diýlen deň-derman paýlanan zatdygyny boýun almak gerek. Sowatlylygyň bolsa hemme zady çözýändigini unutmak bolmaz! Ýurduň birentek ýerini birleşdirýän müňlerçe kilometrlik demir ýolunyň, dünýäde iň uly emeli derýa bolan Garagum kanalynyň, örän ujypsyz hem bolsa iki-ýeke zawodyň hem Türkmenistanyň territoriýasynda bolmagy bellärliklidir. Emma Garaşsyzlygyň ýedi ýyla golaý wagtynyň içinde bina edilen zatlaryň ýanynda welin, olar deňizden bir damja alan ýalydyr. Şeýle-de bolsa,olaryň barlygy gowy. Ors-türkmen bileliginde biziň ýene-de bir guwanýan zadymyz bar: biz bilelikde adamzadyň ganym duşmany bolan faşizmi kül-peýekun etmäge gatnaşdyk. Özüni syýasatda bütin dünýä tanatmagy başaran türkmen ykdysady reformalary örän agyrysyz amala aşyrmak bilen, bazar gatnaşyklaryna geçmegi tamamlamagyň soňky etaplaryna ýol arçady. Azyk howpsuzlygy gazanyldy. Munuň özi ruhy galkynyşyň esasyny goýdy. Biz öz aslymyzyň nirelerden gaýdýandygyny bilmezden, taryhymyzyň haýsy döwürlerden başlanýandygyny bilmezden, doly derejede galkynyp bilmeris. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1993-nji ýylda Stambul uniwersitetinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Türkmen halky Oguz hanyň 6 müň ýyllyk taryhyndan, oguz nesilleriniň bütin taryhy geçmişiň dowamynda dünýäde guran 50-den gowrak döwletleriniň taryhyndan, türkmenleri bir ýere jemläp, Anadola, Şama, Yraga, Kawkaza akyn-akyn akdyran Togrulbeg bilen Çagrylbegden, Alp-Arslandan, Soltan Sanjardan, Seljuk begden, olaryň Dendenakan, Malazgirt söweşlerinde görkezen ölmez-ýitmez gahrymançylyklaryndan, Anadolyda dörän ýigrimiden gowrak türkmen begliklerinden guran Osmanly döwletiniň taryhyndan mejbury halda bihabar galdy”. Bu sözlerde halk halyna agy bar, arman bar. SSSR-iň hiç bir ensiklopediýasynda ady şahsyýet hökmünde agzalmadyk Oguz handan gaýdýan türkmen taryhynyň doly derejede dikeldilmegi bize özümiziň kimdigimizi açykdan-açyk aýdar. Biz türkmen taryhyny bu günki gün “Türkiýe taryhy” diýilýänden aýrylykda öwrenip bilmeris. Seljukly imperiýasy, Osmanly imperiýasy bu türkmen taryhynyň belli bir döwrüdir. Hazar kaganlygy, Peçenek hanlygy, Garahanlylar döwleti, Gaznawylar döwleti, Hindi topragyndaky türkmen döwletleri, Gypjaklaryň döwleti, Beýik Seljukly imperiýasy, Ýazyrlar ýurdy, Horezmşalaryň döwleti, Salyr soýuzy... Bularyň ählisi biziň taryhymyz. Biziň ruhyýetimiz öz gözbaşyny, käbir diletantlaryň belleýşi ýaly, diňe gara öýden alyp gaýdýan däldir. Aşgabadyň etegindäki Nusaý harabaçylygy, Marydaky Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Amyderýanyň çep kenaryndaky, ýüpek ýoluny üstünden geçiren Daýahatyn kerwensaraýy, Daşoguzdaky ajaýyp orta asyr ýadygärlikleri we başga birentek arhitektura ýadygärlikleri türkmeniň öz ömür ýoluny, taryhyny, medeniýetini gara öýden başlamandygynyň subutnamasy hökmünde häzire çenli saklanyp galan şol kaşaňdan-kaşaň ymaratlar ösen türkmen medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi biziň ata-babalarymyzyň ruhunyň gara öýüň derejesinden has ýokarda, hasbelentde bolandygyny aňladýan ýagdaý. Biziň edebiýaty öwreniş ylmymyz türkmen edebiýatynyň diňe orta asyrlardan başlanmaýandygyny subut etmäge borçludyr. Sowet döwründe birentegi ýok edilen-de bolsa, şu çaka çenli saklanylyp galan golýazmalar şol döwürden aňyrky boşlugyň syryny açyp biljek açardyr. Biz şol açary müňýyllyklarda dörän posdan arassalamalydyrys. Biz beýik Galkynyşyň ýoluna düşdük. Bize öz taryhymyzy, medeniýetimizi, edebiýatymyzy, sungatymyzy öwrenmäge uly taryhy mümkinçilikler döredildi. Muny beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döretdi. Biz şol ägirdiň şoly bilen şu beýik mümkinçilikden aňrybaş peýdalanmaga, halkymyzyň ruhuny öňküden-de galdyrmaga ýardam etmäge borçludyrys!biz muny öz geljek nesillerimiz üçin etmelidiris, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany baky belent, müdimi döwlete öwürmek üçin etmelidiris! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |