TÜRKMENIÑ AJAÝYP ŞAHYRY ~ PAÝZY ORAZ
Eserleri mundan ozal gazet-žurnallaryñ, köpçülikleýin ýygyndylaryñ iki-ýekesinden başga ýerde çap edilmedik Paýzy Oraza türkmeniñ ajaýyp şahyry diýmäge esas bar.
1926-njy ýylyñ 1-nji martynda Hojambaz etrabynyñ Burdalyk obasynda doglup, 1987-nji ýylda aradan çykan bu uly şahyryñ durmuş hem döredijilik ykbaly pajygadan doly.
Onuñ öñünden bela hemişe goşa-goşa bolup çykdy we ony rehimsiz büdretdi.
Ol ömrüniñ soñky pursatyna çenli özüni ýeñlen hasaplamady we tutan ýoluny hak saýdy.
Bu beýik Ynam onuñ ganynda bardy we onuñ bilen bile gitdi. Şeýle-de bosa, ol Ynamy Paýzy Oraz edebi döredijiligine siňdirmäge ýetişmedi...
Elbetde, Paýzy Orazyñ edebi döredijiligi, onuñ goýup giden ummasyz poetik mirasy barada gürrüñ etjek bolsañ, oña boýdan-başa beletlik gerek. Üstesine, bu agyr ýüki gerdenine atjak kişi tutuş türkmen poeziýasynyñ ruhuna düşünýän, ykbalyna şäriklik edýän adam bolmaly. Onsuz Paýzy Orazyñ döredijiligi barada-da, özi barada-da düşünjelo hem obýektiw gürrüñ edip bolmaz. Hut şonuñ üçinem biz bu ajaýyp şahyr we wepadar dost hakynda bu gün diñe žurnalistlik nukdaýnazardan dostana söhbet edip oñmagy ýerlikli bolduk.
Bizde Paýzy Orazyñ näderejedäki şahyr bolandygy baradaky jedele ot bermek meýli ýok. Ony ölçeýän terezi başga ~ eserleri. Ýöne Paýzy Orazyñ öz döwürdeş şahyrlaryndan ýekeje dişem pes bolmandygyny, türkmeniñ ajaýyp şahyrlarynyñ hatarynda ötendigini welin, öz pikirimiz hökmünde ikirjiñlenmän aýtmaga birjigem çekinemzok we onuñ şeýledigine ynanýarys. Dogry, başga-da pikir bolup biler. Oña-da hormat goýmak gerek. Ýöne olam kim-de bolsa biriniñ ýalñyz şahsy pikiri bolup galar we başga zat bolup bilmez!
■ Paýzy Oraz... Onuñ döredijilik keşbi, ahlagy we ömür ýoly ~ terjimehaly!
Hany bu zatlar? Ony hiç kim ýazanok. Ol barada onuñ döwürdeşlerinden köp bilýän ýok. Ýöne, näme üçindir, olar şeýle bir dymýarlar welin, edil Paýzy Orazyñ ady agzalaýsa, özleriniñ nähilidir bir uly aýby açylaýjak ýaly! Dymýarlar. Dymybersinler. Çarhypelek çarhyn aýlar oturar. Bir gün halk diñe Paýzy Oraz barada gürrüñ eder-de, bu gün "Halk ýazyjysydyryn, pylan baýraklaryñ eýesidirin" diýýänleriñ adynam tutmaz. Ine şonda ýaman bolmaz. Onuñ häzir diri döwürdeşleri üçin juda ýaman bolar!..
■ Paýzy Oraz kim?
Biz, alaga-da, "Türkmeniñ ajaýyp şahyry Paýzy Oraz" diýýäris we bu sözleri zol gaýtalaýarys. Ýöne bu gün Paýzy Oraz diýseñ, "ol kim?" diýen sowal hem döräýjek ýaly bolup dur. Çünki ýowuz ykbal ony bu güne ~ öz döwrüne niýetlemändi, ertir üçin aýapdy. Meger, şonuñ üçindir, onuñ adyny şeýle bir gizlin sakladylar. Sebäp diýseñ, "Paýzy Oraz" ady göýä pitne çakylygy deý bolup ýañlanýardy. Dub stollarynyñ añyrsynda oturanlar üçin ol ýowuz howpdy. Gorkýardylar we çekinýärdiler. Pitnewi adamdygy bolsa Paýzy Orazyñ mañlaýyn ýazylgydy.
Sen birinji bol, sen ikinji bol ~ öz döwründe ol hiç kimi wezipesi, stoly üçin sylap durmady, "Ýüzüñ üstünde burnuñ bar" diýip, her kimiñ garagyna bakyp, gös-göni aýtdy. Şonuñ üçinem ony el-aýagy zynjyrly göresi gelenler seýrek bolmady. Ony ile däl, zyndana rowa gördüler. Zyndan onuñ ruhuny syndyryp bilmedi. Soñ özüni çykardylar-da, adyny zyndana dykdylar. Şondan soñ ol bar zada kaýyl boldy: diñe öz-özi ~ şygyrlary bilen ýowuz ýalñyzlykda ýaşady. Ýöne özi üçin däl, diñe halky üçin ýaşady we adyny "HALKOGLY" diýip öwürdi.
Ol durmuşy juda oñat görýändigi üçin oña juda ynanýardy. Entek çagaka, ykbal ony çagalar öýüne getirdi. Ine, şonda ol hakyky durmuşy ýaşamaly boldy. Durmuşyñ kitaplardaky we kinolardaky ýaly däldigini duýdy. Oña Watanyñ nämedigini düşündiripdiler, Stalini, partiýany söýmegi bireýýäm öwredip ýetişipdirler. Ol şol söýgini gursagynda göteribem ýowuz jeñe gitdi. Şol söýgi bilenem ýowy gaýtardy. "Stalin ~ beýik serdar!", "Partiýa ~ biziñ ýol görkezijimiz"... Bu ruh onuñ kalbynda kök urdy. Ýöne Nikita Hruşýowyñ bir pursatlyk beren ruhy azatlygy oňa oýlanmaga az-kem maý döretdi. Ol kimiñ-kimdigini saýgarjak bolmaga çytraşdy. Ýöne şahyr kimiñ-kimdigine göz ýetirmäge ýetişse-de, nämäniñ-nämedigini añşyrmaga pursat tapmady. Çagalykdan beýnisine guýlan ynanç-salgym bilen galdy. Onda indi bir ideal bardy: Kommunistik partiýa!
"Ýaşasyn partiýa!", "Partiýa we halk birdir!", "Hakyky kommunist", "Partiýanyñ ýoly ~ biziñ ýolumyz!", "Ýaşasyn kommunizm!" we ş.m... Bu şygarlar Paýzy Orazyñ şygyrlarynyñ içinden parran geçdi we onuñ parlak baýdagy boldy. Ol özüne, ömrüne, ömrüne mahsus ahlak hem maddy azatlygy ruhy azatlyk bilen utgaşdyrmagyñ ebeteýini tapmady. Ol özüniñ beýik idealyna örklüdi we ondan boşanyp bilmedi. Bize ideallar bilen ýaşamagy öwredipdiler we bizi olara dañypdylar. Bize şygarlar bilen ýaşamagy öwredipdiler we biz olar bilen hem ýaşaýardyk. Bize şeýle bir ýagty geljegi wada edipdiler...
■ Elbetde, Paýzy Oraz Boris Pasternak däldi...
Ol biziñ her birimiz ýaly sada, ynanjaň we oturymly türkmendi, öz topragyndan kineli däldi we diñe aýry-aýry adamardan öýkelidi. Olaryñ garşysyna göreşmegi borç we parz hasaplaýardy. Ol ajaýyp şahyrdy we onuñ şeýledigine juda ynanýardy. Şol ynam oña döşüne kakmagy ündemese-de, ýaşamaga ýol açýardy. Ýogsam, onuñ üçin ähli gapy ýapykdy. Hatda asly-binýadyny tutan öz öýüniñ gapysam...
Ideallary, beýik-beýik ideallary döredýänler başgalardy ~ "hojaýynlardy". Ýöne ideallar bilen diñe sadalar ýaşaýardy. Emma ideallar depelenende çydap-çekip bilmejekler, namys oduna çürkenjekler ýene sadalar bolup çykdy. Çar tarapda kök ýaýradan azgynlyk, ogurlyk, wezipä baýrynmak we tireparazlyk Paýzy Orazy öz erkine goýmady. Ine şonda ol "Ýolbaşçylar nirä seredýärler?" diýip, ilkinji bolup öñe çykdy we býurokratiýanyñ tumşugyna ýelmemäge çagyrdy. Oña gulak gabardan tapylmady. Ol gözüniñ alnynda öz idealynyñ duman ýaly dargap barşyna dözüp bilmedi. "Siz eý, gyzyl biletliler, nirede?" diýip özelendi. Jogap bolmady. Oña güldüler. Akylyndan azaşan hökmünde ony dälihana dykdylar. Üstüne buz ýaly sowuk suw guýup ýençdiler. Ykbal oña rehim eden borly. Ony dämihanadan çykardylar. Tizaradan ol özüne rehim edilendigini däl-de, özüniñ elhenç jeza höküm edilendigini duýdy. Ondan "edebiýatyñ noly" bolmagy talap edýärdiler, oña gazet-žurnallarda, neşirýatlarda eserlerini neşit etdirmek gadagandy. Bu elhenç jezady. Şonda ol ýene gygyrýardy: "Siz eý, warryklar, boşadyñ edebiýaty!.." Bu sözler nirä ýetsin we näme etsin?! Binamyslyk, alhorluk we masgarabazlyk ýetjwk kaddyna ýetipdi we onuñ sada kalbyny ýaralaýardy. Muña ol diñe dälihanada göz gelip biljekdi...
■ Totalitar syýasata Paýzy Oraz ýalylar gerek däl!
Totalitar syýasat üçin düşünjeli we paýhasly, ak ýürek Paýzy Oraz gerek däldi. Oña öz öýünde iki epilýän Paýzy Oraz möhümdi. Kim-kim ýaşar, a Paýzy Oraz beýle ýaşap bilmez! Ol göreşe çykdy. Söweş meýdanynda bolsa onuñ ýeke özi. Deñ bolmadyk söweş! Ýeñjegine gözi ýetmese-de, ýeñilmejekdigine ol ynanýardy. Özüni öz Watanynyñ söwer ogly saýýardy. Bu söweşde onuñ tanky, awtomaty şol ynamdy:
"Aklymy hor etmedim,
Gamyñ iýe-iýe men.
Ençe nepe ýetmedim,
Watan diýe-diýe men.
Sen müñ ursañ, dat diýmen,
Dözmen, ursa ýat, Watan.
Senden özge zat diýmen,
Sen maña ~ bar zat, Watan!"
Watan duýgusy onuñ üçin ar-namysdy, wyždandy. Ol muny hiç zat bilen çalşyp bilmejekdi we "Watan" diýip ençe nepe ýetmän galmaga taýýardy. Ol şeýle hem etdi we kasamyna ygrarly gitdi...
■ Paýzy Oraz näme üçin ýanaldy?
Paýzy Oraz näme üçin gynaldy?
Bu gün bu sowallar ýalañaç ritorika däl. Olar özüniñ anyk jogabyna garaşýar. Ol jogaba müñlerçe adam garaşýar.
Bu sowallar bilen daga-daşa, asmana-zemine däl, onuñ anyk jogabyny bermäge adam garaşýar.
Bu sowallar bilen daga-daşa, asmana-zemine däl, onuñ jogabyny anyk adamlara ýüzlenilýär?
Näme üçin?
Bu döwrüñ sowaly.
Haýp! Otuz ýedinji ýylyñ repressiýasynyñ paş edilmegi bilen sosializmde ýowuz gyşarmalaryñ soñuña sogan ekilmändi. Indi adamlaryñ kellesi gös-göni çapylanokdy. Göräýmäge, olara açykdan-açyk fiziki ölüm hem howp salyp duranokdy. Repressiýa... Indi adamlara fiziki däl-de, ruhy repressiýa howp salýardy. Özem bary-ýogy başgaça pikirlenýändigi, dub stollaryñ başynda oturanlaryñ däl-de, öz kellesi bilen pikirlenýändigi üçin şeýle howp abanýardy. Munuñ özi stalinizmiñ repressiýa maşynynyñ mynjyradylyp, onuñ ýerine Hruşýowyñ repressiýa maşynynyñ işe girizilmegidi.
■ ...Paýzy Oraz ~ hünäri boýunça ýurist
1959-njy ýylda uniwersitetiñ taryh-ýuridik fakultetini gutaran. Soñra onuñ terjimehalynyñ bir bölegi Dänewde ýazylypdyr. Onuñ bu ýerde raýon prokurorynyñ kömekçisi bolup işländigine, Kommunistik partiýanyñ çlenligine kandidat bolup girendigine güwä geçýän dokumentler bar. Şol dokumentler Paýzy Orazyñ Dänewde iki ýyla golaý işläp, partiýa hataryna göterilmänkä işden çykandygyna, soñra Aşgabatda işsiz gezendigine güwä geçýär. Emma logika başga zady, hakykaty aýan etmekde işjeñlik görkezýändigi, kemçilikleri köwleýändigi, asudalygy bozýandygy üçin Paýzy Orazyñ halanylmaýan adama öwrülendigini, şonuñ üçinem işden çykarylandygyny, soñra hiç ýerde iş berilmän, Aşgabatda işsiz gezmäge mejbur bolandygyny aýan edýär. Ine, şeýle pursatda bolsa şygyr onyñ ýoldaşydy. Ol goşgy ýazýardy. Ýöne olar Paýzy Orazyñ çemodanyndan başga ýere ýetip bilenokdylar. Çünki döwür özüni halamaýan adamynyñ döredijiliginem halanokdy. Syýasatyñ ykbalam, edebiýatyñ ykbalam haýsydyr bir tüýlek penjelerdedi. Diýmek, ynsan ykbaly şol penjelerdedi. Bu ýalançyda ähli zatdan geçen Ýalan mukaddeslige öwrülipdi. Mukaddes Ýalan! Umumuadamzat mukaddesliginiñ ähli zynaty-zeri aýak astynda! Şol sanda Şahyryñ mukaddes sözem...
■ "Men ~ şahyr Paýzy Oraz, Siz bolsa ~ ..."
Bize Paýzy Orazy onuñ ömrüniñ soñky on bäş ýylyny has ýakyndan tanamak we onuñ bilen duz-emek bolmak bagty miýesser etdi. Bu adamyñ ady eýýäm rowaýata öwrülipdi. Ol hakda her hili gürrüñler gezmeleýärdi. Emma şol gürrüñleriñ birem onuñ tersine däldi. "Paýsy Oraz respublikanyñ käbir ýolbaşçylarynyñ garşysyna, olaryñ pyssy-pyjurlyklarynyñ garşysyna bir özi göreşýär. Türkmenistanda Leniniñ mukaddes ýolundan gyşarylýandygy hakynda özüni respublikadaky birinji nomerli kommunist hökmünde görkezip, beýleki doganlyk respublikalaryñ ýolbaşçylaryna, Moskwa beýannamalar, şikaýatlar iberýär" diýýärdiler. Şonda göýä ony nädogry bir iş edýän adam ýaly görkezjek bolýanlar hem ýok däldi. Ýöne Paýzy Orazy ýüregi bilen unaýanlar hem käte dili bilen dalaýardy. Her kim öz döwrüniñ perzendi ahbetin! Aslynda ony açyk goldaýan ýokdy.
Paýzy agada geçmişine ökünç ýokdy. Ol: "Men ~ şahyr Paýzy Oraz, Siz bolsa ~ warryklar!" diýýärdi. Onuñ näme üçin beýle diýýändigi özüne we ony tanaýanlara aýdyñdy.
Bu gün Paýzy aganyñ işiniñem, hereketleriniñem hakdygyny döwrüñ özi subut etdi. Mukaddes ýalan özüniñ "mukaddesligini" ýitirdi-de, bir wagtlar Paýzy Orazyñ başdan geçirmeli bolan ykbalyna sezewar boldy. Paýzy Oraz juda mamla bolup çykdy. Indi şol döwürlerde onuñ hatlaryny señrigini ýygryp okanlaryñ bu gün bir zat diýerine garaşýarsyñ. Näme diýerlerkä? Näme diýip bilerlerkä? Ýok, olar hiç zat diýmezler we diýibem bilmezler. Ölenler-ä muny syr edip alyp gitdiler, dirilerde-de edil ozalkysy ýaly gaýrat ýok. Olar bu gün agzy gulply adamlar ahyryn...
■ "Indi warryklardan döwran gutardy..."
Paýzy aga bilen onuñ geçmişi, çeken jebri-jepaay hakda gürleşmek kyndy. Ol bu zatlar hakda dil ýarmak islemeýän ýaly görünýärdi we gaty bir zerur bolmasa, dil ýarmaýardy.
1985-nji ýylyñ güýzünde ol agyr kesele duçar boldy we ömrüniñ soñky günleriniñ köpüsini keselhanada geçirdi. Ol keseliniñ ýowuzdygyny we ömrüniñ ahyrky günlerini ýaşaýandygyny duýsa-da, özüni göýä durmuşyñ çetinden ýañy girýän adam ýaly tutmaga çalyşýardy. "Indi döwran hakykata dolandy we garaşylýan günler geldi" diýip buýsanýardy. "Hakyky dostlara-da, hakyky ýanýoldaşa-da men indi duşdum. Indi ýaşasa bolar, indi warryklardan döwran gutardy..."
Onuñ hakyky dostlar diýmeginiñem, hakyky ýanýoldaş diýmeginiñem öz sebäbi bardy.... Çünki ol özüne iñ ýakyn tutan adamlaryndanam haýynlyk görüpdi. Ýöne Paýzy aga döredijilikde hem durmuşda özüne edilen kast hakda dil ýaranokdy we bu temadan gürrüñ edilmegini-de islänokdy. "Olar esasy zat däl" - diýýärdi. - "Esasy zat ~ şygyr!" Munuñ şeýledigini bolsa ol şygyrlarynyñ birinde has düşnükli edip aýdan eken:
"Şygyrlarym ömrüm bolup,
Ony uzaldarlar esli.
Önmese-de mende nesil,
Goşgular ~ añymyñ nesli.
Görünsem-de şeýle sada
Pikirim arşa "ýasar çygyr".
Her kes "janym" diýr bir zada
Meniñ bolsa janym ~ şygyr".
* * *
(dowamy bar)...
Edebi makalalar