23:11 Men ertir öýlenýän! / satiriki hekaýa | |
MEN ERTIR ÖÝLENÝÄN!
Satiriki hekaýalar
Ahyram ikitaraplaýyn ylalaşyk gazanyldy. Taraplar birek-birek bilen saçak alşyp, halat ýapmak proseslerini geçenlerinden soň hoşniýetli garyndaşlyk gatnaşyklarynyň açylmagy üçin doly mümkinçiligiň bolup biljekdigini nygtadylar. Şundan soň ellerindäki spisogy görüp, ejem-kakam haşylaşyp, eginlerinden dem alsalar-da, men özümi bagtly saýdym. Obanyň iň gowy gyzy – meniňki! Hawa, meniňki, obanyň iň gowy oglanlary hasaplanylýan Almazyňkam däl, Aşyryňkam däl, Döwranyňkam däl – meniňki!.. Indi menem uýam Aýbölegiň aýnadyr daragyny alyp, jaýymyzyň kölegesinden aýrylmaýanyma iki-üç gün boldy. Şu möwritiň içinde saçymy dört tarapyna-da darap gördüm. Hiç ýagdaýda-da göwnüm suw içmedi. Kirpiniň tikeni ýaly hüžžerdi durdy. Gaşymyň gyşyk tüýlerini müçenek bilen ýeke-ýekeden ýoldum. Düýbi garalyp giden kepje ýaly dyrnaklarymy aýryp, barmaklarymy ýeňletdim. Ýöne şu saçym... Her näçe darasamam bolanok. Dim-dik durýar. Bir tarapa gyşarmalydyr öýdenok. Ýogsam solidordyr nigroldan başga ähli ýaglardan bir hatar çalyp çykdym. Bolmady. Göwnüm bir: “Sapar dellegiň ýanyna baryp, kelläňi takyrlat” hem diýdi. Her näme-de bolsa, bolmaz! Ertir toý ahyryn! Maýsagözel ýaglyk atynyp, goýnuma dolmaly!.. E-eh, men nähili bagtly! Häzir maňa hemmeleriň içi garalýandyr. Almazyň, Aşyryň, Döwranyň içi bolsa, hut ot alan tamyň diwarlary ýaly, hüýt garadyr. Görsünler kimiň ökdeligini!.. Maýsagözeliň özi dagy meni görse: “Ýüzüň gursun!” diýýärdi. Erte agşam näme diýerkä!.. Ýüregimdäki suw-sil bolýan joşgunyň zarbyna zeý kanalyň boýuna gezelenje çykanymam duýmandyryn. Guş-gumrulara kesek atyp, ep-esli ýere gidipdirin. Bir görsem, oba görnenok. Dört tarapym Garagumuň aňňat-aňňat gum depesi. Ýüregim pökür-r edip gitdi. Erbet gorky aňyma aralaşdy: “Azaşypdyryn!..” Emma önüp-ösen ýerimde azaşmajagym belli zat ahyryn! Sebäbi orta mekdepde geografiýany okadym. Güne garap, ugur tapmagy öwretdiler. Asman bulut däl. Maý aýynyň parlak Güni gülüp dur. Ýöne men göwnümiň edil şuş-şu mahal nähilidir bir başdan geçirmäni isleýändigini duýup durun! Bolmaz! Ertir toý! Başdan geçirmeleriň bolsa, köplenç, başdan geçirýänler üçin şowsuz gutarýan halatlary-da bolýar! Men geografiýanyň öwredişi ýaly, Günden ugur alyp, oba tarap ugradym. Keýpim bolsa kök! Ýürek joşgun –böküp dur! Gülälekleriň üstünde ýatyp agynýan... Şol barmana-da, obamyzdaky iki sentner agramly Nazar aşpeziň hyşyldysyna meňzeş bir hyşyldy inimi tikenekletdi. Men bu çemenzarlykda Nazar aşpeziň togalak garnyny sypap ýatmandygyny bilmez ýaly, çagajykmy näme! Bu bolubilse, kepjebaş ýylan bolmaly! Çakan bada öldürýändiginem bilýän. Huşum başymdan uçdy. Keşbini göz öňüme getirip-getirmänkäm, aýagymyň edil astyndan towlanjyrap çykdy. Ertir öýlenmeli adam obanyň gyrasyndaky başdan geçirmäniň gurbany bolaýmalymy näme!.. Şeýle bir gaçdym, şeýle bir gaçdym. Şol wagtky tizligimi sekundomer bilen ölçän bolsalar, kim bilýär, onda ylgamak boýunça dünýä rekordynyň resmi ýagdaýyda täzelenip durubermegem mümkindi... Ol hiç. Beladan sypanym nämä degmeýär! Obanyň golaýyna geliberenimde bolsa, başga bir betbagtlyga uçradym. Ýabyň hol aňyrrakdaky köprüsinden geçenden, şu golaýrakdan böküp geçsem, birneme wagt utjakdym. Ozalam böküp ýörenje ýerim-dä! Ýene bökdüm. Edil hyňzap akyp ýatan ýabyň ortarasyna jülp boldum. Indem tutara zat ýok. Akyp barýan. Kä çümýän, kä çykýan. Şo-ol “kyrk-kyrkdan” sanap oturyşym. Gygyraýyn diýsemem, daş-töweregimden çekinýän. Biri göräge-de: “Ertir öýlenjek ýigit oba arasyndaky arykda akyp barýar” diýäýse nädersiň. Gowusy, şol sözleri eşidenimden, has uzagraga akyp gidenim gowy... Birdenem suwuň ýüzüne böküp çykanymda, kelläm bir gaty zada gütüläp degdi. Paýapyl. Ol edil suwa degsem-degsem diýip dur. “Ýa Hudaý!” diýip, urdum penjämi paýapyldan. Suwuň akymy güýçli. Ol meni paýapylyň aşagyna baka dykyp barýar. Ine, şu ýerde-de ejizläýipdirin: – E...E...Ej-je-e!.. Golaýdan eşidilen bedräniň şaňňyrdysy halas boljagyma umyt döretdi.Kimdir biri iki bökende paýapylyň üstüne gelip, bada-bat hüwjük saçymdan penje urdy. (Ine, şonda saçymy syrdyrmadygyma begendim). Halasgärim bu wagt aýaklarymdan tutup, meni ýokary götermek üçin dyrjaşýardy. Megerem, ol meniň kellämi aşak sallap, ýuwdan suwlarymy çykarjak bolýandyr. Men o diýen bir kän gark hem bolmandym. Şonuň üçin artykmaç suwam ýuwdamokdym. Ahyram ol meni göterip bilmän, gülçüldedip gara ýere oklap goýberdi. Men şonda halasgärimiň, kimem bolsa, aýal maşgaladygyny syzdym. Müşki-anbar ysy meni huşuma getirdi. Mejalsyzlykdan ýumlan gözlerimi ýaltalyk bilen açdym. ...Görsem... Meni Hudaý urandyr indi, adamlar! Alnymda duran erte agşam öýüme getiriljek gelinligim Maýsagözel bolsa nädersiň! Gulak-burnum, agzym-gözüm suw astynda ösýän ösümlikler ýelmeşenligi üçin görer ýaly däldi. Şonuň üçinem Maýsagözel meni heniz tanamandyr öýdýän. Ol görgi baryny görüp, maňa ellerimi hereketlendirmek arkaly emeli usulda dem almaga kömek etjek bolýardy. Suwa gark bolana ilkinji kömegi şeýle bermelidigini mekdepde-de öwredýärler ahyryn. Maýsagözel bolsa düşbüjedi. Maýsagözel indi meniň ýüzüme-gözüme ilişen gurbagaň bedenine meňzeş ot-çöpleri aýryşdyryp başlady. Birdenem “Hiýh!” diýip, ýakasyny tutdy. Iki ädim gaýrak böküp düşdi... Ol meni tanady. Men indi şu ýerde näme etmeli? Öli ýaly ýatybereýin diýsem, Maýsagözel gözümi açanymy gördi. Ýerimden turaga-da, : “Sag bol, meniň halasgärim!” diýsem, o-da bibrhili. Birden ýerimden turaga-da, “Näm bolsa, şol bolsun!” diýip, göterdim ökjäni! Içi suwdan dolan köwşüm bolsa “Jork-jork” edip, barha masgaramy aşyryp barýar. Onam başymdan aýlap urup gaçdym. Indem öl-myžžyk bolan üst-başymyň şogurdysy ýürege düşüp barýar. Däli-porhan ýaly bolup, obanyň ortarasyndaky köçeden geçmek aýyp-how! Özümem ertir uly ili ýygnap toý tutjak adam... Agaçdan agaja bukulyp, kä ýerde durup, kä ýerde oturyp, baryberdim ýuwaş-ýuwaşdan. Özüm bolsa, öler ýaly ahmyr edýän. “Heý, meni halas etjek bolsa, başga adam gytçylyk etdimikä?! Adamyň işi gaýtjak bolsa, garaz...” Garry tuduň ýeňsesinden çykan”Wöwf-f” sesi ýüregimi ýardy. Yza gaçjagymam bilmedim, öňe gitjegimem. Injiklerim sandyrap, gara ýeriň üsütne düýe çöken ýaly oturyberipdirin. Soň özümi dürsedim. “Muň ýaly ýerde minneti iki aýagyňdan çekmelidir” diýdim-de, gabat garşymda dişlerini syrtardyp duran gulak-guýrugy kesilgi ala köpege hile gurandyryn öýdüp, gaçmaga başladym. It it bolýar. Heý, gaçany kowmanam oňup bilýärmişmi ol?! Düşdi söbügime. Aldym-aldym diýip gelýär. Men näme diýýänimi-hä bilemok welin, ýöne walalaýlap gygyranymy-ha bilýän. Dadyma ýeten bolmady. Köpek arkama hopba boldy. Ýere ýazyldym. Özi dalady, özi gitdi. Hernä agyr ýara salman eken: çignimi çala çeýnäpdir. Topugymda dişiniň yzy bar. Ellerim bir azajyk dyrçanaklanypdyr. Bagtym bar eken – ýüz-gözüme ýara düşmändir. Ujyzja sypypdyryn!.. Öýe özümi atamda-da meňki bolmady. Bolşumy görüp, kakam tasdanam suwa salma ýenjipdi. Ejem aglap-eňräp, Hezret doktory çagyryp geldi. Gele-gelmäne, olam muşakgat baryny ýagdyrdy. “Ogluňyzyň guduzlaýmagy mümkin. Şol ite ynam ýok” diýdi. Ejem-kakam ony ýalbar-ýakar edip, zordan sakladylar. “Şu sözleriňi başga bir ýerde diliňden sypdyraýma!” diýip, ondan haýyş etdiler. Hezret doktor: – Men guduz keseline garşy kyrk ukol sançmaly boljak – diýdi. Kakam gözüni elek-çelek etdi: – Kime? Itemi? – Ýok, ogluňyza. Edil göbeginiň ýanyndan sançmaly! Soňra ol ýaralaryma derman baryny çalyşdyrdy-da: – Hany, han ogul, arkan ýat-da, köýnegiň etegini galdyr! – diýdi. Göbegimiň gapdalyndan bir ýogyn iňňe sançdy welin, tas janym dagy çykypdy. Hezret doktor goş-golamyny ýygnap bolandan soň. Elini sabynlap ýuwdy-da, äýnegini burnunyň üstüne süýşürip, ejem bilen kakamy ýanyna çagyrdy: – Ine, şu dermalary içsin. Köplenç ýatsyn. Özüni alyp barşyna mydama gözegçilik ediň! Ýanyna adam-gara goýbermäň! Özüni, düşegini aýrylaň. Ýene bir gezek aýdýan, gelen-gidenem, özüňizem ýanyna kän golaýlaşjak bolmaň!.. Hezret doktora ertir öýlenjekdigimi aýtmadylar. Ýogsam, onuň ýene bir hokga tapaýmagy mümkindi. Biziň özümize galsa-ha, “Itdir-dä, gabat geleni ýarar-ýörer” diýip gezibererdik. Indi bolsa, ejemiňem, kakamyňam, meniňem ýüregim bükgüldili. Hemmämizde bir pikir: “Indi näderkäk?!” Toýy yza tesdirip boljak däldi. Munuň ýaly ýerde bir gün müň güne barabardy. Sähel säginsek, yraň-daraň bolnup, gazanylan ylalaşygyň sypdyrylaýmagy mümkindi. Iň esasam, bu ylalaşyga Maýsagözeliň garşydygyny, göwnüme bolmasa, uly ilem bilýän ýalydy. Ejemem gelende diýdi ahyryn: “Guzujyk, näler arkan gaýyşdy welin, ahyram ata-enesiniň raýyny ýykardan ejiz geldi...” Men ýatyryn. Ýaralaram ýeňil. Olaryň awusy Hezret doktoryň sanjyp giden ukolynyňkyça-da ýokdy. Häzir “gal” diýselerem, ýerimden galyp biljekdim. Şol barmana bir bahana-da tapyldy. Kakamyň eline orak alyp, bir ýere çykanyny bilýän. Ejem bolsa, geçen ýyldan galan bedäni zol aňňyryp duran eşegimize alyp bermek üçin agylyň üstüne çykjak bolup, görgi baryny görýärdi. Laňňa ýerimden galdym: – Eje, azara galmasana, men durkam, sen tamyň üstünde näme işlejek? Men hakyky goç ogul boljak boldum. – Ýatyber, oglum, sen azarlysyň! Özüm bir alajyny ederin! – Ýok, eje! Ine görersiň. Ogluň tut ýalydyr! Bujagaz ýarajyklar döw ýaly adamy näder öýdýäň?! Iki bökemde agyla söýelgi merdiwanyň ýanyna bardym. Ejemiň garşylygyna garaman, agylyň üstüne çykdym. Agylymyz pessejik kepbelerden däldi. Kakamyň özi bir uzyn adam bolansoň, onam diýseň belent edip gurupdy. Ine, şonuň üstüne-de biz her ýyl mallar üçin gyş otumyzy basýardyk. Sygyrdyr goýunlarymyza gök ýorunja bersegem, gyşdan galan bedämizi çüýretmezlik üçin, ony eşegimiziň öňüne dökýärdik. Men bir ýandan alyşdyryp başladym. Bedä güýmendimmi, ýa başga bir pikire başymy aýlatdymmy, bilmedim, birdenem...Hawa, näme bolandyr öýdýärsiňiz? Aýagym typdy-da, tamyň üstünden güwläp aşak gaýtdym! Özem bu bolýan zatlara serediň-ä – hut agylyň düýbünde gäwüşäp ýatan ala sygrymyzyň üstüne gaçaýmanmy! Hälem, janawer, kellesini bir gapdala gyşardyp ýetişäýdi. Şonuň üçinem döşümden dürtülmeli ýabak ýaly şahy çep budumy paralady... Ine, indem tegelek ýigrimi gün bäri gözümi tegeläp, keselhanada ýatyryn! Toýdan-zatdan bolsa geçdik. Kakam: “ Göripleriň gözi degdi” diýýär. Ejem bolsa: “Duşmanlaryň saňa doga içiripdir” diýýär. Ýene biri: “Maýsagözeliň närazylygynyň netijesi bu!..” diýip, samahyllaýar. Garaz, dürli-dürli çaklamalary, toslamalary aýdýan-diýýän kän. Men bolsam, içimi hümledip ýatyryn... Ertir bolsa, Maýsagözel bilen Almazyň toýumyş! Biz bilen gaýtmyş edenmişler. Garaz, adamlar, işiň gaýtmagy üçin düýäň üstünde itiň ýarmagy hökmanam däl eken! Gördüňiz gerek!.. Allaguly ÝUSUBOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |