08:28 Mertebe dessany -8: Haşamly akwariumdaky balyjaklar | |
VIII. HAŞAMLY AKWARIUMDAKY BALYJAKLAR
Publisistika
Ýurduň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy il-günüň arasyna çykanda, halk bilen didarlaşanda, söhbet edende “Gurjak ýaly döwletimiz bar” diýen sözleri häli-şindi gaýtalaýar. Gurjak ýaly döwlet! Daşyndan seredeniňde bu iki düşünje biri-biri bilen deňeşdirip bolmajak ýaly görünse görünýändir. Emma bu deňeşdirme ýöne ýerden dile gelen zat däl. Gurjak – çaganyň iň eý görýän zady. Ol arassa, kir-kimirsiz kalpdan mähir siňdirilýän zat. Ýürek höwesi. Bu ýerde “Öz ýurdumyzy çaganyň öz gurjagyny söýşi ýaly söýeliň” diýen many-çagyryşyň bardygy görnüp duran zat. Bu sözleri aýdanda Serdaryň çaganyňky ýaly arassa kalbyny uly joşgunyň gurşaýandygyny, ýüreginiň Watan duýgusyna gurşalan sarsgyna sezewar bolýandygyny, hatda onuň daş keşbindenem aňyp bolýar. Ol bu jadyly jümläni şeýle bir mähir-muhabbet bilen gaýtalaýar welin, hatda oňa jüpüne düşýän deňeşdirme-de tapman görgä galýarsyň! Hawa, biziň gurjak ýaly Türkmenistan döwletimiz döredi. Bu külli türkmeniň sekiz asyrlyk arzuwynyň wysal tapmagy. Beýle berkararlygy gör, näçe gan döküşikleriň, çekip-çydap bolmajak kemsidilmeleriň, agzalalyklar ýalnynyň içinden geçilip gelindi. Biziň gara gul ýaly ejir çekdirilen ýerlerimizem boldy, biziň maýmyn ýaly oýnalan ýerlerimizem boldy. Ýöne asyr çalşygynyň sepgidinde biz berkarar döwletli we hemmäni agzyna bakdyryp bilýän Serdarly bolduk. Guran döwletimiziň binýady polatdan, diwary mermerdendir, palçygy biziň arzuwlarymyzdandyr. Indi oňa wagt yzgary kär etmez. Diken ýaşyk tugumyz ömürbaky pasyrdar durar. Yza ýol ýok. Biz – Garaşsyz döwlet. Saparmyrat Türkmenbaşy arada şeýle diýdi: “Eger SSSR ýene-de bir 30 ýyl dowam eden bolsa, onda türkmeniň öz milliligini büs-bütin ýitiräýmegem mümkindi”. SSSR döwletiniň hatarynda bolan ýyllar türkmende, diňe bir türkmende däl, daş-töweregi çitenekli sim bilen örtülen bu ýurtda ýaşaýan milletleriň ählisinde-de şeýle bir arkaýynçylygy, kaýyllygy döredipdi wlin, eliňdäki kakyp alyp gitselerem arkaýyn aňkaryp oturar ýaly bolupdy. Şonuň üçinem soňky döwürde garaşsyz döwlet gurmak barada nähilidir bir tagalla etmeg-ä beýlede dursun, hatda ol barada pikir etmegem kellä geler öýdülýän zatdäldi. SSSR hamala biziň ömürlik ykbalymyz ýalydy. Sowet ideologiýa maşyny adamlaryň aňyny şol derejä çenli üýtgetmegi oňarypdy. Göýä jadylanan ýaly. “Biz mankurtlaşdyk” diýip, meniň galamdaşlarym, meger, şonuň üçin aýdan bolsalar gerek. 1991-nji ýylyň 17-nji martynda SSSR-iň sostawynda galyp-galmazlyk bilen baglanyşykly referendum geçirildi. Halkyň öňünde goýlan sowala “Hawa” ýa-da “Ýok” diýip jogap bermelidi. Emma şol sowal şeýle bir çylşyrymlydy welin, onuň haýsy dilde ýazylanlygy-da mälim däl ýaly bolup durdy. “Siz Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzyny deňhukukly, özygtyýarly respublikalaryň her bir milletden bolan adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede kepillendiriljek täzelenen federasiýasy hökmünde saklap galmagy zerur diýip hasap edýärsiňizmi?” Referendumyň öň ýanynda men elime diktofonymy alyp, Aşgabadyň ortarasyndaky ors bazarynyň köp adamly ýerine bardym-da, öňümden çykana öwrümli däl-de, ýönekeýje sowal berdim: - Siz Türkmenistanyň täzelenen Soýuzyň hatarynda galmagynyň tarapyndamy ýa-da Soýuzdan çykmagynyň? Berilýän jogaplar edil biragyzdan çykýan ýalydy: - Soýuz bolmasa, biz ýaşap bilmeris. Kyn bolar. Adamlardan başga jogaba garaşmak hem mümkin hem däldi. Sowet ideologiýa maşyny etmeli işini edipdi. “Agasy” “inisini” şeýle bir güne salypdy welin, hatda ol “Partiýa-hökümet” diýen sözlerden başga sözi aýdybam bilmeýän ýaly görünýärdi. Hatda biziň gepleýşimizem edil terjime eseri ýaly bolup gidipdi. Biz edil akwariumdaky balyjaklar ýalydyk. Dörtburçlukdan çykyp bilmeýşimizem, dymyşymyzam, üstümizden taşlanýan iýme bagly bolşumyzam edil şolar ýalydy. Şonuň üçin şol döwürde nämedirt bir zadyň kimdir birinden geň görüljek bolnup durlan ýerem ýokdy. Hemmeler birmeňzeşdi, hemmeler şol birmeňzeş haşamly akwariumyň balyjaklarydy. Akwarium balyjaklaryna bolsa käte “tylla balyjaklar” hem diýilýär. Edil referendumyň öň ýanynda, ýagny 1991-nji ýylyň 16-njy martynda “Ýaşkomda” (häzirki “Watan”) kärdeşimiz Täçgeldi Gutlyýewiň “Soýuz hem Garaşsyzlyk” atly makalasy çap edildi. Biz muny edilşol güne ýetişdirmek üçin kän urunmaly bolupdyk. Makala Türkmenistanyň özbaşdak, garaşsyz döwlet bolmagynyň tarapyny çalýardy. Referendumy opurmaga gönükdirilen bolmasa-da, ol türkmen halkynyň baknalyk döwründekä görä garaşsyzlykda has oňat ýaşajakdygyny deliller arkaly düşündirýärdi. Emma bir makalanyň, iki makalanyň bitirip biljek işi ýokdy. Ertesi referenduma gatnaşanlaryň 99%-i SSSR-iň sostawynda galmagyň peýdasyna ses berdi. Ýöne garaşylyşy ýaly, bu makala köp emosiýa döretdi. Köne kommunistler, şol döwrüň nomenklaturaly işgärleri, belli bir döwürde atlandyrylyşy ýaly, partokratlar muny referendumyň öň ýanynda “ýagyrnydan urlan pyçak” hökmünde häsiýetlendirdiler. Radioda, telewideniýede “men-men” diýip oturan professorlar, akademikler “beýle zat bolup bilmez” diýip çykyş etdiler. Herki zat öz ýerine öz wagtynda gelýän eken. Şol ýylyň oktýabrynyň 27-si muny açykdan-açyk görkezdi. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň sessiýasynda Türkmenistan SSR-niň Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny bütin dünýä jar etdi. Külli türkmen el çarpdy. Garaşsyzlygyň düýp-teýkaryna düşünýän Saparmyrat Nyýazow köplügi öz yzyna düşürmegi başardy. Şol gün onuň Serdarlygynyň iş ýüzünde hakyky ýüze çykmasy bolupdy. Döwür asyryň aýagynda bizi Serdarly etdi. Şol günden – 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan başlap biz özümiziň täze taryhymyzy ýazyp ugradyk. Ýer şarynda täze Garaşsyz döwlet döredi. Onuň ady Türkmenistan. Biz öz Garaşsyz döwletimize guwanmagy öwrenip başladyk. Ol biziň telim ýüzýyllyklaryň içinden ölmän geçip, şu günki gün wysal bolan arzuwymyz ahbetin! SSSR-iň ýykylmagyny kimler aşagyndan çykyp bolmajak pajyga hasaplady, kimler tükeniksiz toý-baýram hökmünde belläp başlady. Kimler bu beýik berbatlyga haýran galyp, baş ýaýkamak bilen oňdy. Her kim bir zat diýdi. Dogrudanam, SSSR-i kimler ýykdy? Bir zat belli: ony türkmenler ýykmady. Şonuň üçin bu sowal bizi gyzyklandyrmaýar. Biri ýykdymy, özi ýykyldymy – ol ýykylanyň öz işi. Aslynda ol ýöne bir sowal däl, tükeniksiz jedel. Biziň bolsa tükezibana goşulyp ýörmäge wagtymyz ýok. Täze garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkden tutmaly. Tutarysam. Türkmen bu pursata sekiz asyrlap garaşypdy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy zerurlyk bolup orta çykdy. Belki-de bu Taňry işidir. Türkmeni baknalykdan çykaran kim? Türkmeni dagynyklardan goran kim? Türkmeni gandöküşiklikden goran kim? Türkmene açlykdan-horlukdan, gedaýlykdan, goran kim? Türkmen ilini jebisleşdiren kim? Türkmen ilini asudalykda saklan kim? Türkmen ilini abadançylyk öýüne öwren kim? Türkmeni millet hökmünde galkyndyran kim? Türkmeni belent mertebeli eden kim? Bu sowallaryň ählisiniň bir jogaby bar: Saparmyrat Türkmenbaşy! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |