14:12 Mertebe dessany -6: Deñlik o dünýäde! | |
VI. DEŇLIK – O DÜNÝÄDE!
Publisistika
Biziň käbirimiz bu gün Sowet döwrüni “hemmeler üçin deňligiň döwri” diýip atlandyrmaga ýykgyn etjek bolýarys. Emma “Deňlik – o dünýäde” diýip, garry enemiň hemişe gaýtalaýany ýadyma düşýär. Ideýanyň “deňlik” şygaryndan ybarat bolandygyny biz bilýäris. Emma ideýa bir başga, real hakykat birbaşga. Aslynda deňlik boldumy? Hojaýyn bilen hyzmatkäriň bir okara el sokan ýeri barmy? Seýrek! Umumy kersendäki ýagly omaça kimiňki? Kim hojaýyn bolsa – şonuňky! Onsoň deňlik barada nähili gürrüň bolup biler? Meger, SSSR-iň paýtagtynyň Moskwa bolmagy hem şunuň üçindir. Kiýew ýaDaşkent däl, Minskýa Tbilisi däl, Almaty ýa Aşgabat däl! Näme üçin? Bu gün bu sowal – adaty ritorika. Oňa jogap gerek däl. Adamlar hem edil şeýle ýagdaýda boldy. 30-njy ýyllarda zandy baýlar ýok edildi. Emma 70-nji, 80-nji ýyllarda olaryň deregine ogry baýlar döredi. Şolar hem SSSR-iň deňlik ýa-da adalat öýi däldigini subut etdiler. Ýok edilen zandy baýlardan tapawutlylykda soňky dörän ogry baýlarda eldegrilmesiz häkimiýet hem bardy. Olar nomenklaturada durýardylar. Hersi Ýokary Sowetleriň birsydyrgyn deputatlary, Sosialistik Zähmetiň Gahrymanlary. Hatda ol eldegrilmesizlik hukuklary Konstitusiýa hem ýörite kanunlar bilen-de berkidilendi. Kim onsoň olara “Ýüzüň üstünde burnuň bar” diýsin? 1985-nji ýylda Türkmenistanda hem bütin Soýuzda bolşy ýaly täzeden gurmak tolkuny bat aldy. Respublikanyň täze ýolbaşçysy Saparmyrat Nyýazowyň şondan bir ýyl soň diňe bir Daşoguzda ýa respublikada däl, tutuş regionda ady haýbatly daşoguzly ketdäniň ýüzüne onuň galplaşdyryjy, parahor, garyndaşparaz, artdyryp ýazýan gözboýagçy adamdygyny köpüň içinde gös-göni bazyrdadyp basmagy we onuň wezipesinden boşadylmagyny gazanmagy adamlarda adalatyň entek gutarnykly ölmändigine ynam döretdi. Beýle batyrgaýlyk geçen 70 ýylyň içinde görlüpmidi näme? Şeýle aýgtytlylygy Saparmyrat Nyýazowyň öňden görüji, adyl, uzaga gidiji, düýbünden täze tipli ýolbaşçydygyny görkezdi. Halkda ynam döredi. Lebapda, Maryda, Ahalda iň ýokary wezipelerde telim ýyllap sarsman oturan parahor we gözboýaçy ýolbaşçylaryň birenteginiň küli kakyldy. Iň ýokardan başlanan şahsy göreldäniň bat bermegi bilen halk ýygnaklarda, metbugatda özüniň telim ýyllar bäri ýüreginde göterip ýören dogry sözüni aýtmaga çekinmedi. Muňa “aýanlyk” diýdiler. Aslynda munuň özi ruhy taýdan galkynmagyň başlangyjydy. Dar galypda ýaşaýan halkyň ruhy bütinleý gurşupdy. Nyýazowyň batyrgaýlyk başlangyjy şol gurşugy ýazmaga açylan ilkinji mümkinçilikdi. Halk gerindi. Halk galkyndy. Şeýle bir zat ýadyma düşýär: 1987-nji ýylyň başlarynda ýa ortalarynda respublikanyň şol wagtky ýustisiýa ministriniň çykyşyny “Sowet Türkmenistany” (hazirki “Türkmenistan”) gazeti üçin çapa taýýarlamaly bolupdym. Şonda ministriň getirýän bir fakty meniň ünsümi aýratyn çekdi. Olşol Daşoguz welaýatyndaky bir kolhozyň respublikada iň öňde baryjy hökmünde hemişe öňe çykarylan bolsa-da, soňky barlaglaryň bu hojalygyň hiç wagtam döwlet planyny hakykat ýüzünde dolmandygyny görkezýändigini faktlar bilen delillendiripdi. Geň galarlyk ýagdaý! Bu hojalyk Sosialtistik Zähmetiň Gahrymanlarynyň 37-sini, iki gezek gahrymanlaryň hem birini öňe çykarypdy ahyryn. Şu hojalyga baraga-da, kim bilen salamlaşsaň, onuň döşündäki Zähmet Gahrymanynyň “Altyn Ýyldyzy” şaňňyrdap, gözüňi gamaşdyryp durdy. Görüp otursaň, bu-da sosializmiň bir ýympyk oýny eken. Tutuş ýurt – sahna, adamlar hem haýsydyr bir rollary býerine ýetirýän artistler. Bu sahnada edil položitel gahrymanlar bilen bir hatarda otrisatle gahrymanlar hem aýyl-saýyl edilen ýaly. Ine, şonda Darganata, häzirki Balkan welaýatynyň käbir etraplary ýaly ýekeje “Altyn Ýyldyzsyz” raýonlaryň bolandygy weýeke bir hojalykda 37 sany “Altyn Ýyldyzly” “gözboýagçynyň” bolandygy bilen baglanyşykly ýagdaýa näme diýip bolar? Aslynda, artdyryp ýazmalaryň, gözboýagçylyklaryň ummasyz uly faktlaryny şol “Altyn Ýyldyzsyz” etraplardan däl-de, “Altyn Ýyldyzly” hojalyklardan tapdylarahyryn. Beýle zatlaryň arasyndan deňligi gözlejek hem bolup oturmalyň.ol ýok. Ol asyl bolmandy! Ýene bir ýagdaýy mysal getiresim gelýär. Lebapda bir “Altyn Ýyldyzly” hem atly kolhoz başlygy barada iki hili gürrüň edýärler. Bir gürrüňçilikde ol başarjaň hem guramaçy hökmünde häsiýetlendirilýär. Başga bir gürrüňçilikde bolsa ony zalym hem husyt,ogry hem ganhor edip goýýarlar. Hatda “Derýadan maslygy tapylan pylany-pylanylar hut şonuň eliniň işi” diýip, çekinmän aýdýarlar. Elbetde, bu zatlary hiç kim “men gözüm bilen gördüm” diýip tassyklap hem baranok. Meniňkem eşitmiş. Ýöne kalbyňda güman galýar. Hut şol döwürde biz mafiýanyň nämedigini eşidip başlapdyk ahyryn. Puluň köp ýerine, häkimiýetiň köp ýerine zandy hapalar aralaşanda şeýle zatlar we şeýle ýagdaýlar hemişe bolagan bolýar. Biz bu gün ors mafiýasynyň bütin dünýäni sandyradan italýan mafiýasyndan ýa amerikan mafiýasyndan has ozdurandygynyň faktlaryny bilýäris. Gawun-gawundan reňk alar. SSSR ahlagynyň ýeten derejesi şeýle boldy. Özbegistanly Adylow, krasnodarly Medunow we ýene-ýene ýalylar Türkmenistanda bolmandy ýa-da ol zatlar bize mahsus däl diýip hiç kime aýdyp bilmese gerek! Hemme zat bir ojakda, bir gara gazanda gaýnaýardy ahbetin! “Doňzuň ölse-de hor-hory ýatmaz” diýip aýdylan sözler bar. Türkmenistan garaşsyz bolandan soňam goçulyk satjak bolanlaryň tapylandygyny bilýäris. “Kanuny ogrular” (worzakonlar) we şuňa meňzeşler öz kanunlary boýunça ýaşajak bolýardylar. Döwlet içinde döwlet bolmaýar. Kanun hemmeler üçin deň. Döwlete we onuň bütewiligine, halkyna kast edene Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda jenaýatçy toparlaryň 50-ä golaý ordasynyň duw-dagyn edilmegi halkyň gerdeninden agyr ýüki aýyrdy. Gorkup ýaşamagyň ruhubelentlige eltýän ýoly ýapýandygy düşnükli zat. Ruhyýet binýadyny dikmek üçin mafiýany, öz kanunlary bilen ýaşaýan jenaýatçy toparlary aradan aýyrmasaň bolmaýandygyna halk şonda düşündi. Muňa soňky ýyllarda jenaýat faktlarynyň belli-külli azalmagy-da şaýat. Goý, hemişe şeýle bolsun! Ýurduňda jenaýatçy näçe azalsa, dünýäde mertebäň şonça beýik! (dowamy bar)... Allaguly ÝUSUBOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |