14:05 Erkek kişiniñ sözi / ýumoreska | |
ERKEK KIŞINIÑ SÖZI
Satiriki hekaýalar
Men söýgülime çynlakaý söz berdim: - Toý edemizsoñ göwnüñ küýsän zady señki bolar! Ol çaga ýaly begendi: - Hatda possunam äberermiñ?! - Gürrüñi näme... Wagt geçdi. Söýgimiz ýetjek derejesine ýetdi. Biz toý tutduk. Är-aýal bolduk. Gelnim maña bir wagtky wadamy ýatlatdy: - Possun alyp berermiñ?! - Hökman. Aýy-güni dolup, oglumyz boldy. Ol bir ýaşyna ýetip-ýetmänkä, ýöräp ugrady. Är-aýal begenişdik. Şonda aýalym ýene possunly gürrüñi gozgady: - Ýyljak possun bolaýsa!.. - Bor. Ol guş kimin uçaýjak boldy... Oguljygymyz ýedi ýaşady... Okuwa gitdi. Ilkinji bäşligini güjeñledi. Begendik. Guwandyk. Şonda aýalym uludan dem aldy: - Sen possunly wadañy unudaýdyñ öýdýän?! - Ýok-la, ýadymda. - Ýadyñda bolsa bolýa! - Ol öñküsi ýaly begendi... Oglumyz orta mekdebi gutaryp, instituta okuwa girdi. Biziñ kalbymyz ýene şatlyk gurşady. Bagtly tolgunşygyñ arasynda keýwanym ýene-de possunly gürrüñi gozgady. - Ynha, getiräýerin! - diýdim. Keýwanym ýaşyna bap gelmeýän näzli ýylgyryş bilen gözlerime garady... Oglumyz instituty gutardy. Saýlap-seçen gözeline öýlendi. Ýyl aşyp-aşmanka-da, ogul agtyjagymyz boldy. Begenjimizden dylym-dylym edişdik. Birdenem, keýwanym ýene köne heñine tutdy: - Possun?! - Bor-la, howlukmasana! Ol uludan dem aldy. Men şol minudyñ özünde pensiýa pulumy jübime saldym-da, gapdalymyzdaky magazine bardym. Possun satyn alyp, öýe getirdim. - Görseñ, erkek kişiniñ sözi birdir! "Alaryn" diýdim, aldymam. Keýwanym kütelşen gözlerini güldürmesine güldürdi, ýöne sesini çykarmady. Possuny aldy-da, agtyjagymyza şüle bişirýän gelnimiziñ ýanyna mytdyldap bardy: - Gelin jan, gaýyn atañ saña, gör, nähili owadan possun alypdyr. Gutly bolsun!.. Bir elinde agtyjagymyzy, bir elinde-de ýañyja getiren possunymy tutup duran gelnimiz edil çagajyk ýaly begendi. Allaguly ÝUSUBOW. "Edebiýat we sungat" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |