18:42 Serhowuz / ýumoreska | |
SERHOWUZ
Satiriki hekaýalar
Ýüregime düwen zadymy synap görmesem, meniňki bolanok. Üzüm dalbarynyň aşagyndaky sekiniň gapdalyndan howuz gurmak pikiri kellämde ýer eýeläli bäri maňa rahatlyk ýok-da. Bir günem amatly wagt tapyp, ele pil aldym. Başlan işimi boldum etmän taşlaýanlardan däl men. Howzuň ýerinden çykan iň soňky pil gumam pytratdym. Ertesi howzuň gyralarydyr-u düýbüni sementläp çykdym. Agşamlaryna dagy işden gelip, gök çaý süzüp otursaň gapdalynda! Gerek wagtam onuň buz ýaly suwundan alyp içseň! Ylaýta-da “Žiguli” piwosyny çüýşesi bilen düýbüne oklap, sähelçe salymyň içinde buza dönderägeden gulkuldatsaň! Garpyzy sowadyp iýjek bolsaňam, içine ataýmaly! Yssa çydamadyk wagtyň il aýagy ýatyşansoň, oňa çümüp çyksaňam bolman duranok. Soňam gapdalyndaky “Spidolaň” gulagyny burup, Aý ýagtysyna garnyňy sypala-da ýatyber! Tomsuň jokrama yssysam asyl saňa kär edip bilmez!.. Ýürek serhowzy küýsäp duransoň, garaşyp bolýarmy näme?! Öýüň gapdalyndan geçýän kiçijik suwly ýabyň gulagyny howza tarap burdum. Sähelçe salymyň içinde dag göwsüni ýaryp gaýdan çeşme suwundan howuz püre-pür boldy. Hezillik!.. Gelip görenlerem “Bu jaýyň-a jennet eken!” diýişdiler. Özümiňem pikirim şeýleräkdi. Janym rahat tapaýdy... Bir günem günüme guwanyp serhowzuň gyrasyndaky sekiniň üstünde serlip ýatyrdym. Gijäniň ýarynda bir güňleç wagyrda oýandym. - Kim sen?!. Ses-üýn ýok. Ýene gygyrdym. Ýene dym-dyrslyk. Aý, ukyň arasynda gulagyma eşidilendir-dä diýdim. Ukymyň yzyny dowam etdirmekçi bolup, ekllämiň astyna bir ýassyk, üstüne bir ýassyk atdym. Ýaňky tanyş ses ýene gaýtalandy. “War-r-ryk!”. Howza gurbagaň aralaşandygyny duýdum. Onuň öl-myžžyk bedeni, betnyşan sypaty göz öňüme geldi. Ukudan derek galmady. Gurbaga bir salymdan ýene ýürege düşdi: “War-r-ryk!..” Ol soňam telim ýola warryldady. Garaz haý, şol agşamyň ukusyndan meniň nesibäm ýok eken... Gündizine gurbaga ýer ýuwudan ýalydy. Ýogsam tutaýsam, günäsine galjagym çynymdy. Bu yssyda “jennetiň jaýyny” taşlap, içerik girip ýatasym gelmedi. Bir gurbagadan ýeňlenimi boýun almaga namys edip, bu agşamam sekiniň üstüne çykyp ýatyberdim. “Warry-yk, war-r-ryk, war-r-r...” Bu agşamky warryldy welin bir gurbaga, iki gurbagaň çaky däldi. “Megerem, tutuş sülsat bolsaň gerek” diýip oýlandym. Şonda-da sesimi çykarman, gulagymy pagta bilen mäkäm dykdym-da, başa gelenini çekip ýatyberdim... Irkilen ekenim. Garnymyň üsti buz ýaly boldy. Gyjygym tutdy. Şo bada hem ukudan açyldym. Zähräm ýaryldy: “Wa-a-aý!..” Meniň gykylygymdan soň “jülp-de-jülp” sesleri eşidildi. Diýmek, gezelenje çykan gurbagalaryňam gorkuşy meňkiden pes bolmandyr. Öz bolşuma hem utandym, hem gülkim tutdy. Gören-eşiden näme diýer?!. Üzüm dalbarynyň astyndaky şypaly dynç alalgany gurbagalar şalygy büs-bütinleý diýen ýaly eýeledi. “Muňa birnäçe tapylmazmy?!” diýip, ilden-günden soraşdyryp gördüm. Uç tapmadym. Gaýtam: “Gurbaga kän bolan ýerde ýylanam kän bolagandyr” diýip, ýüregimi ýardylar. Indi nätsemkäm? Ýylandan gorkuşym ýaly, gaplaňdanam gorkýan däldirin, walla!.. Hoş gal, şypaly seki! Hoş, serhowuz! Men indi öňküje hezil günümden dynyp, içerde der deňzine çümüp ýatýardym. Ýöne soňabaka serhowzuň daşynda warryldaşýan gurbagalaryň sesinden ýaňa içerde-de kän bir maza tapyp bolmady. Üstesine-de gurbaga kowalap ýören ýylanlar açyk penjireden girip geliberjek ýalydy. Nätmeli? Ahyram çäresini tapdym: howzy edil gazylmadyk ýaly edip gömdüm... Emma şondan soňam üzüm dalbarynyň astyndaky şol sekiniň üstünde gijelerine arkaýyn ýatyp, dem-dynjymyzy alanym ýadyma düşenok... Allaguly ÝUSUBOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 26.11.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |