13:59 Mertebe dessany -2: Ors agalygy türkmene ykbalmydy ýa-da?!. | |
II. ORS AGALYGY TÜRKMENE YKBALMYDY ÝA-DA?!.
Publisistika
Müň sekiz segsen birinji ýylda Orsyýet patyşasynyň dişinden dyrnagyna çenli ýaraglanan agyr leşgeriniň zarbyna-emeline döz gelmedik Gökdepe galasynyň, görlüp-eşdilmedik gahrymançylyk görkezse-de, ahyrsoňunda synmaly bolandygy indi hemmä mälim zat. Müňlerçe adamyň türkmen topragy, onuň azatlygy, watan hatyrasy üçin şirin janyndan geçendigini biz bilýäris. Müňlerçe adam talandy, kemsidildi, zorluga, horluga duçar edildi. Gahryman Gökdepe galasynyň synmagy bilen baglanyşykly pajyga şoňa çenli Orsyýet imperiýasynyň goşunlaryna onda-munda köp-u-az garşylyk görkezip gelýän türkmeniň ruhunyň belli bir derejede pese düşmegine sebäp bolupdy. Mundan ozal, ýagny 1870-nji ýyllarda bir hanlyga birleşen Mary we Ahal hanlyklarynyň ýaşulularynyň aýratyn döwlet döretmek hyjuwy ýetjek derejesine ýetipdi. Ahal hanlygynyň teke türkmenleriniň esasy hanlygy bolmalydygy, şoňa görä-de mary hanlygynyň Ahal hanlygyna garaşly bolup durmalydygy, Nurberdi hanyň hem bütin teke türkmenleriniň hany, hanlar hany diýip yglan edilendigi şol wagt eýýäm hemmelere aýandy. Nurberdi handyr Gowşut hanyň bilelikdäki aladalary, hyjuw-höwese ýugrulan tagallalary öz örüsini barha giňeldýärdi. Aýratyn döwlet bolmak ideýasyna saryk-salyr birleşmeleri hemullakan gyzyklanma bildirýärdiler. Mongol atlarynyň aýak yzlarynyň bireýýäm ýitip giden, arap leşgerleriniň galmagaly ýatyşan bu gadymy toprakda täze türkmen döwletini döretmek islegi barha joş alypdy. Hatda Nurberdi han bilen Gowşut hanyň tagallalary bilen täze türkmen döwletiniň özbaşdaklygynyň ykrar edilmegi soralyp, goňşy-golam bolup oturan döwletleriň dört-bäşisine elleri möhürlenilen hatly çaparlar hem gönderilipdi. Emma... Emma... Döwlet berkararlygy baradaky arzuw ýene-de boş hyýallygyna galmaly bolupdy. Gökdepe galasynyň synmagynyň öň ýanlarynda Nuirberdi han hem Gowşut han eýýäm bu dünýäede ýokdy. Gowşut han-a bu ýerlerde eýýäm kerep taşlan ors imperiýasynyň içalylary tarapyndan 1878-nji ýylda ýörite yzyna düşülip, awulanylyp öldürilipdi. Sebäbi ol imperiýa üçin täze koloniýa ýol arçamakdaky uly päsgelçilikdi. Döwlet döretmek üçin tekeleriň agzyny birikdirmekde uly işleri eden adam, ors goşunlarynyň garşysyna agzybir durmagy gazanmakda hemuly işleri edip biljekdi. Ol hut şonuň üçinem howpludy. Ömür tanapy gyrlanda Gowşut hanyň bary-ýogy 57 ýaşy bardy. Beýleki bir döwletçi Nurberdi hana-da uzak ýaş nesip etmedi. 1880-nji ýylyň ortalarynda ors generallarynyň jansyzlary tarapyndan ol hem awy berlip öldürildi. Şonda hanlar hany ýaňy altmyşdan aňry ätläp başlapdy. 1960-njy ýylda neşir edilen “TSSR taryhynyň ” 2-nji kitabynyň 1-nji tomunda Nurberdi hanyň 1850-nji ýyldan tä 1880nji ýyla – ömrüniň ahyrky ýyllarynda bolsa Ahalyň hem Marynyň hany bolandygy aýdylýar. Diýmek, halk 30 ýyllap onuň agzyna garapdyr. Şu 30 ýylyň soňraky böleginde ol Gowşut han bilen bilelikde öz deminiň ýetýän ýerlerinde türkmen döwletini gurmaga çynlakaý girişipdi. Emma taryh türkmene başga ykbal hödürledi. Bir tarapdan döwlet gurmak hyjuwy bilen rowaçalyp, örboýuna galyp ugrasa, beýleki bir tarapdan ors patyşasynyň agyr leşgeriniň türkmen topragyny koloniýa öwürmek matlaby joş alyp ugrady. Ahyrsoňunda-da iki matlap çakyşdy. Onuň netijesi Gökdepe gandöküşikligi boldy. Ors agalygy türkmeniň maňlaýyndan şum ykbal bolup çykdy. Gökdepäniň synan gününden başlabam Türkmenistanda hakyky ors agalygy ýola goýuldy... Häzirki wagtda taryhçylaryň ählisi diýen ýaly bir pikire gelýär: Türkmenistanyň ykbaly Gökdepe galasynda çözüldi. Munuň hakykatdanam şeýle bolandygy şeksiz. Nurberdi han ölenden bary-ýogy dört günden soň, onuň ogly 20 ýaşly gögele Magtymguly han bütin Ahalyň hany diýlip yglan edilipdi. Ol Gökdepe galasynyň goranyşyna beýleki türkmen serdarlary bilen bilelikde ýolbaşçylyk eden-de bolsa, gala synandan soň bada-bat ors agalary bilen hyzmatdaşlyga başlaýar. Hatda ol, “Türkmen hanlary we serdarlary” diýen kitapda bellenilişine görä “Tejeniň we Marynyň Orsyýetiň raýatlygyna uruşsyz geçmekleri ugrundatagalla baryny edýär. Bu hyzmatlary üçin Zakaspidäki ors komandowaniýesi Magtymguly hanyň sylagyny ýetiripdir...” Ol ilki maýor, soň podpolkownik, soňra-da polkownik çinine göterilýär, ömürlik uly pensiýanyň eýesi bolýar, patyşanyň orden-medallarynyň ençemesini döşünde hatarlaýar. Türkmene wekilçilik edip, birnäçe gezek Sankt-Peterburga baryp gelýär. Türkmen taryhyna ady guwançly gahrymanlaryň hataryna giren Dykma Serdar hem Gökdepe urşundan soň ors goşunlarynyň aýry-aýry otrýadlarynyň başyna ilki Göroglynyň “wellemşah” oýnuny getiren-de bolsa, soňra Skobelewiň hut özüne tabyn bolupdyr. Imperatoryň hyzmatyny edipdir. Patyşa goşunynyň ýalpyldawuk pogonyny egnine dakypdyr. Hatda ol teke delegasiýasyna ýolbaşçy bolup, Sankt-Peterburga hem gidip gelipdir. Ak ýürekden hyzmat edenligi üçin Ak patyşanyň sylaglaryny-da alypdyr. Nurberdi hanyň Marydaky aýaly, dul galan Güljemal han hem Marynyň Orsyýete çalt birikmeginiň dynuwsyz aladasyny edenleriň biri. Ol köp möçberde gan dökülerinden gorkup, Marynyň ors raýatlygyna alynmagyny sorap, patyşa generallaryna birnäçe gezek hat ýollaýar,olar bilen dostlukly gatnaşyklary giňden açýar. Dostanalygy hem-de görkezen myhmansöýerligi üçin Mary topragyna arkaýyn aýak basan patyşa generallary Güljemal hany we onuň ogly Ýusup hany hem edil Magtymguly han ýaly sylag-serpaýlaýarlar. Güljemal hanyň özüne 2.000 manat möçberinde ömürlik pensiýa belleýärler. Onuň ogly Ýusup hana bolsa kapitan çinini berýärler, serpaý ýapýarlar. Patyşa goşunlarynyň aralaşan beýleki ýerlerinde hemşeýle bolýar. Lebapda-da uly ýaranjaňlyk bilen olary gujak açyp garşylaýarlar. Patyşa generallary bolsa baran ýerlerinde öz dikmelerini oturdýarlar. Gökdepe galasy, Gökdepe gandöküşikligi, Türkmenistanda ors agalygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly taryhy, garaz XIX asyryň ikinji ýarymyndaky türkmen syýasy durmuşy bilen baglanyşykly taryhy dikeltmekde, ile ýetirmekde biziň professioanl taryhçy alymlarymyzdan hem has köp iş bitiren halk ýazyjymyz Nargylyç Hojageldiýewiň “Gökdepe galasy” diýen kitabynda şeýle sözler bar: “Soňra 1884-nji ýylda Maryda bolan “geňeşiň” netijesi hem 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çözülipdi”. Hawa, 1884-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Mary türkmenleriniň Orsyýete birleşdirilmegi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Maryda ýörite geňeş çagyrylypdy. Emma Güljemal hanyň işjeň gatnaşmagynda we taglla etmeginde geçirilen bu geňeşiň çözgüdi, N.Hojageldiýewiň belleýşi ýaly, dogry üç ýyl öň – Gökdepe galasynyň synan güni belli bolupdy. Türkmenler başga bir ýoly tapyp bilmändirler. Tutuş dünýäni paýlaşmak, her kimiň güýjüne, ýaragyna baýrynyp, köp-köpden almak ýaryşynyň joş alýan şol döwründe patyşa goşuny Türkmenistany Orsyýete goşulsa-da goşjakdy, goşulmasa-da goşjakdy. Doýmaz-dolmaz imperiýa koloniýa gerekdi. Örän köp gerekdi. Onda ýarag, tälimli goşun, düzgün-nyzam bardy. Gökdepe gandöküşikligi bolsa bu güýjüň garşysynda durup biljek başga bir güýçleriň, pähimli syýasatyň bardygyny şübhe astyna salypdy. Türkmenistan Gökdepeden soň tutuşlygyna eýýäm orslaryň elindedi. Mary geňeşi bolsa ýöne bir syýasy aktdy, manysyz deklarasiýady. Her niçiksi bolsa-da, türkmen halky bir zada begenmäge, guwanmaga haklydyr. Biziň ata-babalarymyz, herhal, binamyslyk donuny egne geýmediler. Ýurdy esasan söweşsiz bermediler. Güýçleriň deň däldigini bilip-görüp dursalar-da, mukaddes Watan üçin baş goýmagy, gan dökmegi makul bildiler. Munuň özi, bilseler, öňki-soňky nesiller üçin ullakan mertebe sapagydyr! Bu beýik sapak Gökdepede bolan Beýik Türkmen Watançylyk urşudyr. Bize şeýle sapagy berip bilen ata-babalarymyzyň şu mertlik ýoly Watany goramagyň hemişelik ýoly bolup galmalydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |