14:00 Mertebe dessany -3: Taryhyñ ýazylmadyk sahypalaryny kim doldurmaly?!. | |
III. TARYHYŇ ÝAZYLMADYK SAHYPALARYNY KIM DOLDURMALY?!.
Publisistika
Watany hiç haçan hiç kime ýöne ýere bermeýärler. Watanyň diňe deň bolmadyk söweşlerde gan dökülip, uly ýitgiler çekilip elden gidrilmegi mümkin. Muňa alaç ýok. Bu – ykbal. Gökdepe gandöküşikliginde güýçler babatda ýagdaýyň nähilidigi barada bu söweşiň häzirki zaman bilermeni, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew özüniň “Skobelew milli gahrymanmy ýa-da...” diýen makalasynda şeýle ýazýar: “Gökdepäni zabt edip almak üçin Skobelew 45 rotany, 11 ýüzlügi (sotnýa – A.Ý.) hem eskadrony, 11 raketa stanogyny, 76 topy, 5 müňe golaý tüpeňi, 150 put därini, 1 million 140 müň patrony, 30 müňe golaýdürli kalibrdäki snarýadlary hem granatlary jemleýär”. Şunça güýç galanyň içinde jemlenen 3040 müň adamyň garşysyna gönükdirilýär. Maglumatlardan alnyşyna görä, olaryňam deň ýarysyndan gowragy aýallar, garrylar, çagalar. Galadaky adamlaryň hem nädereje ýaraglanandygyny ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew galanyň alynmagyna gatnaşan A.N.Kuropatkiniň memuaryndan şeýle parçany getirmek bilen aýan edýär: “Tiz atýan ýarag bilen ýaraglanan täze tipli goşunyň garşysyna her bir erkek adamy esger hasaplanýan, esasy ýaragy gylyç bolan we diňe garpyşma söweşini bilýän ilat göreşdi”. Ine, şeýle. Orslar ýaragyna – tälimine daýandylar, türkmenler bolsa topragyna – terbiýesine, däbine-dessuryna. Tälimli goşun hem sada watançy, ot açýan ýarag, tüpeň top, raketa hem gyly, pyçak, gyrkylyk! Biri bu topraga ýigrenç bilen geldi, biri bu topragy söýgi bilen gorady. Güýçler deň bolmady. Şeriň üstün çykýan pursaty azmy näme?! Herhal, bu gün biz başga döwürde ýaşaýarys. Biz indi özerkli, garaşsyz döwlet hökmünde dünýä ýüzünde deňli-derejeli ýurt. Özümiziň garaşsyz daşary we içeri syýasatymyz bar. Ýyllar geçdi. Gözýaşlar kepedi. 110 ýyllyk ors agalygy bu gün biziň kalbymyza ar biynjalygyny salyp duranok. Türkmen asman ýaly giň halk. Ol geçeni-geçdi bilip bilýän millet. Ýowuz ykbal üstümizden geçdi. Gökdepe gyrgynçylygy, dökülen nähak ganlar hem taryhda galdy, ýatlamalar derýasyna damjalarbolup goşuldy. Hakyda ýaşaýar. Ýöne onuň öç döretmäge haky ýok. Bu ýowuz ykbaly ors halky biziň boýnumyzdan ildirmedi. Belki, ol aýry-aýry ganojaklaryň işidir, belki, ol döwrüň işidir, belki ol ykbal işidir, belki Alla tarapyndyr. Geçen-geçdi, ýara-yz salsa-dageçdi. Geçdigi bolsun! Indiki nesillere Watany goramagyň nusgasyny görkezen, mertebäňi saklamagyň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň ruhuny ýatlamak, olaryň mertebesini öňküden-de belende götermek galýar. Gökdepe gyrgynçylygynyň her bir pursady dikeldilmäge degişlidir. Diňe şeýle etmek bilen taryhyň boş sahypalary doldurylar. Elbetde, Gökdepe gandöküşikligi barada obýektiw kartinany döretmegiň, ony eliň aýasyndaky ýaly edip görkezmegiň wagty geldi. Indiden soň dymmak, ylaýta-da, taryhçylar üçin gelşiksiz. “Obýektiw kartinany dikeltmek mümkinmikä?” diýip ikirjiňlenýänler bar. Mümkin. Muny eýýäm Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew halal subut edip barýar. Ol Orsyýetiň men diýen kitaphanalaryny gyzyl-dörjük etdi. Köp zat tapdy. Köp zat ýazdy. Emma taryhy waka ýazyjynyň çemeleşişi başga, taryhçy alymyň çemeleşişi birbaşga bolýar. Bu işde biziň azyýaran taryhçy akademik alymlarymyzdan kän bir zada garaşyp bolar öýdemzok. Sebäbi öz wagtynda olar üçin bu tema ýokdy. Umyt ýaşlarda. Bizde bolsa taryhçylaryň ot ýaly ýaş nesli döredi. Olaryň türkmen taryhyny dikeltmekde has köp iş edendigini, edýändigini biz eýýäm gördük, görüp ýörüs. Bize indi Seýitmyrat Öwezbaýew diýen watançynyň öz döwründe bolup ötendigi mälim. Ol Gökdepe gandöküşikligini gözi bilen görmese-de, ony görenler bilen köp gürrüňdeş bolan adam. 20-nji ýyllaryň aýaklarynda neşir edilen “Typкменоведение” žurnalynda S.Öwezbaýew tarapyndan çapa taýýarlanylan Gökdepe gandöküşikligini gözi bilen göreniň gürrüňiniň beýany bar. Ol ors dilinde. Öz döwrüniň bilimli, medeniýetli intelligenti Öwezbaýew hiç wagtam ors düzgüni bilen ylalaşmadyk adam. Ol öz ynanjynyň pidasy bolubam gitdi. Bu gün oňa sarpa goýmaga biz borçly. Türkmenistanyň Milli döwlet kitaphanasynda General Skobelewiň Ahalteke ekspedisiýasy baradaky birentek oçerkleriň, kitaplaryň, broşýuralaryň, ýazgylaryň bardygy belli. Ol ýerde N.I.Grodekowyň “Türkmen ilindäki uruş” atly dört tomlugy hem bar. Onda wakalar giňişleýin hem dokumental beýan edilýär. Sebäbi Grodekowyň özi hem Gökdepe gandöküşikligine gös-göni gylyç bilen gatnaşan örs generallarynyň biri. Gynandyrýan ýeri, şol kitaplaryň ählisiniň ors dilindedigidir. Meger, olar öňde-soňda türkmen terjimeçileriniň hem ünsüni çekse gerek. Indi Gökdepe gandöküşikligini gözi bilengörenler-de, gözi bilen görenleriň gürrüňleriniň diňlänler-de ýok. Hakykat kitaphanalardawe arhiwlerde ýatyr... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |