14:02 Mertebe dessany -4: Şeýtan oýunlary... | |
IV. ŞEÝTAN OÝUNLARY ÝA-DA MILLETIŇ BOLMASA, DÖWLETIŇ BOLMAZ, DÖWLETIŇ BOLMASA MERTEBÄŇ BOLMAZ !
Publisistika
Hawa, ors agalygy türkmene 110 ýyllyk keç ykbal boldy. Şu 110 ýylyň içinde ýitirilen zatlaram kän, gazanylan zatlaram bar. Biz birentek elhençlikleriň üstünden geçmeli bolduk. Şol elhençlikler bolsa bizi gür jeňňeligiň içinden ýalaňaç geçene dönderdi. Pers-ala etdi. Üzülip-ýolnan zadymyz örän köp. Biz agyr ýitgileri ors agalygynyň soňky 70 ýylynda çekdik. Orsyýetiň öz içinde dörän agdarylyşyklar-öwrülişikler bizi “derýada kädi münene” dönderdi. Kimiň-kimdigini tanap bilmän, kimiň näme maksadynyň bardygyna düşünmän, görgä galdyk. Biri ors diýdi, biri iňlis diýdi. Ýene biri ikisiniňem garşysyna durdy. Bolşewik-menşewik, aklar-gyzyllar. Bularyň barsy şeýtan oýny ýaly bir zatlardy. Şeýdip, daşary syýasata kän bir ähmiýet bermeýän türkmen syýasatyň toruna çolaşdy. Özüniň kimlikdigini bilmän, kän ejir çekdi. Ors patyşasy Nikolaý II agdarylandan soň ýurt başyna geçen Kerenskiniň hökümeti ors imperiýasynyň koloniýalaryna özbaşdaklygy wada beren-de bolsa, bolşewikleriň oktýabr agdarylyşygynyň bu wadanyň soňuna sogan ekendigini biz bilýäris. Çünki koloniýalaryň aglabasy ýöne bir koloniýa däldi. Olaryň birenteginiň territoriýasy tebigy baýlyklaryň tükeniksiz gorunyň mesgenidi. Oktýabr agdarylyşygyndan soň häkimiýet başyna geçen Wladimir Ulýanow-Lenin öz häkimliginde güýçli hem baý Orsyýeti görmekçidi. Zakawkazýäniň nebitinden, Ukrainanyň kömürinden, Orta Aziýanyň pagtasyndan, nebitinden, altynyndan, garaköli baganasyndan el üzüp boljak däldi. Oňa güýçli imperiýa gerekdi. Şonuň üçin koloniýalar bilen her hili eglişiklere gidenden bolunýardy. Ol “ikä üçi goşsaň, bäş bolýar – bu gerek däl” diýseler, “onda üçe ikini goşmaly” diýýärdi. Sebäbi köne imperiýa derek emele gelen metropoliýa “bäş” gerekdi. Ol her edip-hesip edip şol “bäşi” gazanmalydy. Ýüz gezek forma üýtgedildi. Mazmun şol öňküligine galdy. Ýene şeýtan ara düşdi. Öz oýnuny görkezdi. Ahyrsoňunda-da Iosif Staliniň awtonomiýa pelsepesi rüstem çykdy. Öwürdiler-çöwürdiler – imperiýany sakladylar. Respublikalaryň, awtonomiýalaryň özbaşdaklygy kagyz ýüzünde kepillendirilgidi. Taryh bu gün bize hemme zady aýdyp dur. Bize özbaşdak diýselerem, garaşsyz diýselerem, jylawyň merkeziň elinde bolandygy indi düşnükli zat. Şonuň üçin Orsyýet Sowet bolsa – bizem Sowet bolardyk. Orsyýet Sosialistik bolsa – bizem Sosialistik bolýardyk. El-aýagy daňylgynyň hiç wagtam azat bolan ýeri ýokdur. Nirä süýreseler, şol ýere-de gitmeli. 1918-nji ýyldaSowet Russiýasy döredilende OrtaAziýa we Gazagystan oňa “Sowet Türküstany”bolup girip durdy. Gündogar Ýewropada yzly-yzyna döreýän “Sowet döwletleri” deň hukuklardan peýdalanmagy, birek-birek bilen sylag-hormatda ýaşamagy isleýärdiler. Şonuň üçinem 1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Russiýa Sowet Döwleti, Ukraina Sowet Döwleti, Belorussiýa Sowet Döwleti, Zakawkazýe Sowet Federasiýasy birleşip, Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzyny – SSSR-i döretdiler. Şol döwürde Orta Aziýa we Gazagystan bu Soýuzyň subýektleri däldi. Olar ýöne bir Sowet Russiýasynyň Türküstan awtonom Sowet Respublikasydy. Ondan känbir pikir hem soralyp durulmaýardy. 1924-nji ýylda Türküstan Awtonom Sowet Respublikasy Respubliklara we Awtonom Respubliklara bölünip, SSSR-e girdi. 1940-njy ýylda eýýäm SSSR-i “özbaşdak, deňhukukly, azat Sowet Sosialistik Respubliklaryň” 15-i düzýärdi. Ynha, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabry. Bu sene 1991-nji ýyla çenli Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilen güni hökmünde bellenilýärdi. Diýmek, baýram! Ýöne 27-nji oktýabr kalendarlarda diňe dynçalyş günlerine düşende gyzyl bilen alamatlandyrylýardy. Başga wagt hüýt-garady. Iş günüdi. Ýöne beýle döwletiň bardygyny beýleki döwletler-ä beýlede dursun, özüne diňe taryhy siňdirip bilýän taryham ykrar etmedi. Beýle döwlet ýokdy. Şeýle koloniýa bardy. Ýöne Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Garagaplagystanyň we beýleki käbir koloniýalaryň özbaşdak bolmagy üçin amatly taryhy pursatwelin bolupdy. Entek ýaňy dörän SSSR demoktarik şygarlara duwlanýarka, delilleriň garşysyna delil gözlemek bilen meşgullanýarka, entek bolşewistik diktatura ganly gamçysyny doly bulamaýarka, Staliniň repressiýa maşyny herekete girmänkäşol taryhy pursatdan peýdalanyp galmaga mümkinçilik bardy. Sebäbi Orta Aziýa häkimligi, formal taýdan bolsa-da, esasan Orta Aziýalylaryň öz elindedi. Türküstan Awtonom Sowet Respublikasynyň jylawy eline berlen Ahunbabaýew, Atabaýew we başgalar ýene-de sähelçebatyrgaý hereket edende Türküstan Awtonom Sowet Respublikasynyň çäklerinde Türkmenistan, Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikalary, birentek awtonom Sowet Sosialistik Respublikalary däl-de, Özbaşdak, Garaşsyz döwletleriň birnäçesi dörärdi diýip aýdyp bolardy. Elbetde, şeýle taryhy amatlykdan peýdalanylmazlygy Ahunbabaýewiň, Atabaýewiň gös-göni günäsimi, ýalňyşymy? Bu barada näme diýjegiňi-de bileňok. Ýöne olaryň haýal-ýagallyk edeni-hä çyn. Başga-da bir ýagdaý bar: eger şol döwürde Orta Aziýa aýry-aýrylykda Orsyýetden aýrylyp, garaşsyz döwlete öwrülen bolsa, olar özleriniň şu günki garaşsyzlygyny tapyp bilermidiler? Biz örän çylşyrymly taryhy jygba-jyglyklaryň üstünden geçdik. Belki çagşadyjy, dargadyjy pursatlar biziň garaşsyzlygymyzy has uzaklara zyňardy. Ýene amatly pursatlara asyrlap garaşmaly bolardy. Bu hem oýlandyrýan ýagdaý! Meger, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan başga bir amatly pursat bolup hem bilmezdi. Ol pursat sypdyrylmady. Döwür bize öz wagtynda, öz ornunda Serdar berdi. Onuň ýolbaşçylygynda Ýer togalagynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti döredi. 800 ýyldan soň Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti döredi. Bu döwlet – baky döwlet! Ol türkmen milletiniň belent mertebesi. (dowamy bar)... Allaguly ÝUSUBOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |