13:57 Mertebe dessany -1: Watan mertebedir! | |
MERTEBE DESSANY
Publisistika
(publisistik oýlanma) Ruhubelentligiň iň ýokary ýüze çykmasy Watansöýüjilikdir. Çünki Watan mertebedir. Dünýäde Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň barlygy – taryhy hakykat. Ol Bölünmezdir, Bitarapdyr, Müdimidir! Bu taryhy hakykaty inkär edip biljek hiç zat ýokdur! Türkmen milleti ýitip ýok bolup gitmek howpundan halas edildi. Hakyda müdimidir. Hiç zat ýatdan çykmaýar. Ors agalygynyň 110 ýylyny üstünden geçiren halk galkynmaga gurbat tapdy. Eýsem, şol döwürde biz näme ýitirdik, näme gazandyk? Belli zurnalist Allaguly Ýusubowyň “Mertebe dessany” ine, şular hakdaky publisistik oýlanmalardyr. 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Gullugynyň konkursyna hödürlenen şu makalany aýratyn kitapça görnüşinde dykgatyňyza ýetirmekligi makul bildik. I. WATAN MERTEBEDIR! Eger hemme zadyň bolup, mertebäň bolmasa, onda seniň hiç zadyň hem ýokdur. Agaçdan ildirilen boş torbasyň, ýel girer – çişirer. Şemal haýsy tarapdan öwüsse, şonuň ugruna pökgerip galgar durarsyň. Belent mertebäň bolsun! Mertebäniň belentligi ruhuň belentligine baglydyr. Ruhubelentligiň iň ýokary görkezijisi watansöýüjilikdir. Ruhuňy belent tut! Watanyňy söý! Watan mertebedir! * * * Rawylar köp-köp rowaýat kyldylar. Gadymyýetde halkyň aňyndan örňän, döwründe dörän ertekileriň, aýdymlardyr goşgularyň ýüzlerçesini, “Görogly” ýaly eposy, ençeme dessany biziň günlerimize aşyrdylar. Biz olardan ata-babalarymyzyň ruhuny öwrendik, edim-gylymynyň nähilidigini bildik. Emma rawylar geçen asyryň aýaklarynda bolup geçen Gökdepe gandöküşikliginiň jikme-jikligini bize elin we doly ýetirmediler. Rowaýatlar, legendalar dilden-dile doly geçmediler. Rawylar gorkak boldular. Olar, ylaýta-da, Sowet döwrüniň 70 ýylynda juda gorkak boldular. Çünki, gylyç – ýalawdy, gamçy – gurşunlydy. Ine, şondanam rawylar pyşyrdap gürleýän boldular. Olaryň aýdan rowaýatlary gulaklara kä ilse, kä ilmedi, dilden-dile doly geçmän galyberdi. Aýagy gandally, boýny syrtmakly taryh bolsa bize başga zady gürrüň berdi. Ýalan sözledi. Bu gün munuň üçin taryhy mejbur edenler utanmasa-da, taryh utanýar. Häzirki wagtda birentek zat eliň aýasyndaky ýaly. Taryh öz mejbury “ýalňyşlygyny” düzedýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |