08:05 Mesele özümizde | |
MESELE ÖZÜMIZDE
Jemgyýetçilik tankydy
Bir adam aýalynyň gowy eşitmeýändiginden endişe edip başlapdyr. Beýdip gidiberse, günleriň birinde onuň ker bolup galaýmagy gaty mümkin... Ol gulak doktorynyň ýanyna barmagy ýüregine düwüpdir.. aýaly bilen gürleşmekde kynçylyk çekýändigini arz edip, onuň gulagynyň agyrdygyny ýaňzytmak isläpdir. Lukmanyň maslahatyna görä hereket etmegi ýüregine düwüpdir. Maşgala lukmany oňa: “Eşidiş ukybyny, derejesini barlap görmegiň köneden gelýän, däp bolup galan bir ýoly bar. Adamsy aýalyndan kyrk ädim uzaklykda durmaly we aýaly bilen adaty äheňde gürleşmeli. Saňa jogap berse, bu gowudygy, ýogsamam 30 ädimden gürleşmeli. Jogap berse, oňuna, ýogsam ýigrimi ädimden gürleşmeli. Seslense, eşidýändigi, ýogsam on ädimden gürleşmeli. Şeýdip, tä eşidýänçä aralygy ýygjamlatmaly”. Agşamara adamsy işden öýüne dolanypdyr. Aýaly aşhanada biş-düş bilen meşgul eken. Ol içinden maşgala lukmanynyň maslahatyny synap görmegiň tüýs wagty diýip, pikir edipdir. Ol aşhana otagyna tarap gidipdir we kyrk ädim çemesi uzaklykdan adaty ses bilen aýalyna habar gatypdyr: Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, jogap bolmandyr. Soňra ol otuz ädim aralyga süýşüp, ýaňky soragyny gaýtalapdyr. Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, ýene-de jogapsyz galypdyr. Soňra ýigrimi ädim golaýa süýşüpdir: Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, jogap bolmandyr. Ol on ädim aralyga süýşüpdir: Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, ýene-de jogap bolmandyr. Ol ahyry aşhana giripdir we aýalynyň arkasynda durup, ýaňky soragyny gaýtalapdyr: Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? Aýaly ýylgyryp: - Ezizim, men saňa bäşinji gezek jogap berýärin – bu gün gowrulan towuk. Kähalatda ähli mesele beýleki tarapdadyr öýdýäris, ýöne köplenç özümizde boluberýär. Diňe aýtmagy däl, beýlekileri diňlemegi hem başarmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||