18:04 Meşhur kezzaplar | |
MEŞHUR KEZZAPLAR
Geň-taňsy wakalar
Beýik adamlaryň şan-şöhradynyň Ýeriň ýüzüne jar bolşy ýaly, ynsanyýetiň taryhynda meşhurlyga eýe bolan kezzaplaram bar. Şolaryň käbiri barada gysgaça maglumatlar okyjylar üçinem gyzykly bolmagy ahmal. Wiktor Lýustig – Eýfel diňini satan kezzap Özüniň ilkinji kezzapçylygyny Wiktor Lýustig 1910-njy ýylda – 20 ýaşyndaka amala aşyrypdyr. Ol ynanjaň işewürleriň birine özi tarapyndan oýlanyp tapylan ýüz dollarlyk puly neşir edýän ykjamja enjamy görkezipdir we bu enjamyň ýekeje ýetmeziniň bardygyny – onuň örän haýal işleýändigini, ýagny her alty sagatda birje ýüz dollarlyk puly çykarýandygyny aýdyp, ony ynandyrmagyň hötdesinden gelipdir. Wiktor Lýustig öz enjamynyň işleýşini müşderisine doly derejede subut edenden soňra, ol 30 000 amerikan dollaryna ony şoňa satypdyr-da, dessine-de ökjesine tüýkürip, şol jelegaýlardan gürüm-jürüm bolupdyr. Pul çykarýan enjamyň eýesi bolsa, öýüne gelip, enjamy işledende ol on iki sagadyň dowamynda hakykatdanam iki sany ýüz dollarlyk puly çap edipdir...Soňra bolsa ol arassa kagyz bölejiklerini çykaryp ugrapdyr. Çünki, W.Lýustig müşderini ynandyrmak üçin, şol enjamyna bary-ýogy dört sany ýüz dollarlyk pul salyp goýan ekeni. Ýöne, W.Lýustig özüniň iň meşhur kezzapçylygyny, şondan 15 ýyl soň, Parižde Eýfeliň diňiniň abatlaýyş işlerini geçirmekligiň meýilleşdirilýändigini eşidenden soňra amala aşyrypdyr. Ol bu myş-myş gulagyna ilen badyna öz adyna Fransiýanyň Poçtalar we telegraflar ministrliginiň ýokary wezipeli emeldarynyň galp resminamalaryny taýýaplapdyr we şol döwürde Parižde ýaşaýan köne-küşül demir (metallolom) söwdasy bilen meşgullanýan işewürleriň bäş sanysyna özüniň täze, galp adyndan çakylyk hatyny ýollapdyr. Işewürler bilen duşuşanda-da, Eýfeliň diňiniň öz garamagyndadygyny, onuň halys könelendigi we ýykylmak howpunyň bardygy sebäpli, Parižiň häkimliginiň ony ýykyp aýyrmagy meýilleşdirýändigini, ýöne bu maglumatyň Eýfeliň diňine buýsanýan şäherlileriň gaharyny getirmeginiň mümkindigi sebäpli, özüne Eýfel diňini ýykmak we onuň demrini satmak boýunça potratyň ýapyk auksionyny (kim ýokary söwdasyny) geçirmegiň tabşyrylandygyny aýdypdyr. W.Lýustig şol ýerde-de ýapyk auksion geçirip “bäşleşikde utan” işewüre Eýfel diňini 250 000 franka satypdyr-da, şol günüň özünde-de ýurduň çäginden sumat bolupdyr. Wilgelm Foýgt – häkimligi basyp alan galp-serkerde 1906-njy ýylda, ýurtda hiç hili rugsatnamasyz ýaşaýan işsiz ykmanda Wilgelm Foýgt Berliniň etegindäki Kýopenik şäherçesinde prus (nemes, german) goşunynyň kapitanynyň köneräk lybasyny satyn alypdyr-da, bada-bat ony geýip, şäherçäniň garnizonynyň ýerleşýän ýerine ugrapdyr. Ol ýerde dört sany esger bilen bir seržanta gabat gelip, W.Foýgt olara öz yzyna düşmek hakynda buýruk beripdir. Düzgün-nyzam aňlaryna berk guýlan esgerler serkerdäniň buýrugyna ikirjiňlenmesiz tabyn bolupdyrlar. W.Foýgt soňra şol esgerleri yzyna düşüribem haýbat bilen şäheriň häkimligine giripdir-de, ol ýerde işläp oturan emeldarlara, olaryň döwlet gaznasynyň serişdelerini bikanun eýeländikleri üçin olaryň hemmesiniň tussag edilýändiklerini yglan edipdir. Soňra W.Foýgt ýanyndaky esgerlere tussag edilen emeldarlary garawullamagy tabşyryp, özem maddy subutnama hökmünde alnan häkimliginiň gaznasyndaky ähli pullary alyp, demirýol menziline ýönelipdir. Kezzap 10 günden soňra tutulyp saklanypdyr we kazyýet tarapyndan 4 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Emma, bu waka üstünden iki ýyl geçenden soň German kaýzeri (imperatory) Wilgelm II gulagyna ýetipdir we onuň hoşuna gelipdir. Şonda-da Wilgelim II gülüp keýpden çykandan soňra özüniň şahsy permany bilen W.Foýgta rehim edip, ony azatlyga goýberdipdir. 1909-njy ýylda bu täsin waka barada kitap ýazylypdyr, soňra bolsa çeper film düşürilipdir hem-de sahna eseri döredilipdir. Häzirki wagtda bolsa Kýopenik şäheriniň häkimliginiň basgançagynyň öňünde rowaýaty “kapitan” Foýgtyň heýkeli lowurdap dur. W.Foýgtyň özi bolsa baý adam bolup nepaga çykypdyr. Jozef Ueýl – Benito Mussolinini aldan kezzap Jozef Ueýl XX asyryň ortalarynda öz meşhurlygy sebäpli “kezzaplaryň patyşasy” diýen lakamy hem göteripdir. Bir gezek, J.Ueýl saý-sebäp bilen Italiýanyň Milli Söwda Banky – Munsiniň täze ýere göçýändigini eşidipdir. Şonda ol boş ýatan jaýy satyn alypdyr-da, onuň içini bankyň içi ýaly goş-golamlar bilen üpjün edip, galp kätipleriň we galp müşderileriň toparyny hakyna tutup, şol ýerde gyzgalaňly bank işiniň gidýändigini şekillendiripdir. Bu uly sahnadaky hemmeje zadam J.Ueýl tarapyndan dörtden bir bahasyna hödürlenýän ýer şahamçalaryny satyn almaga meýil bildiren ýerli millioner üçin gurnalypdyr. Müşderi, ýagny şol millioner bankyň hojaýynyna – Jozef Ueýle garaşyp oturan wagtynda bankyň işiniň juda şüweleňli dowam edýändigini gyzyklanma bilen synlapdyr. Biraz wagtdan soňra bankyň hojaýyny – J.Ueýl müşderini argyn hem-de nägile keşpde kabul edipdir we çeňňege ilen millionere özüni eýdip-beýdip, ýer şahamçalaryny satmaga yrdyrypdyr. Haçan-da “söwdasy oňan” millioner ýer şahamçasy üçin tölegini geçiren gününiň ertesi bolsa, geleşigiň galpdygyny bilip, haýrany hekgeripdir. Baryp görseler, düýnki “gyzgalaňly işleýän bank” hem ýokmuş! Şonuň ýaly usul bilen Jozef Ueýl Italiýanyň diktatory Benito Mussolinä-de Kolorado ştatyndaky baý magdanly ýerleri iki million amerikan dollaryna satmagyň hötdesinden gelipdir. Haçan-da Mussoliniň ýörite gulluklary J.Ueýliň kezzapçylygynyň üstüni açanlarynda ol diktatoryň gazabyndan gaçyp gutulmagam başarypdyr. J.Ueýl jemi 101 ýaşap, birnäçe gezek türmä düşüp-çykypdyr. Frenk Abigneýl – FBR-de (Federal Derňew Býurosynda) işleýän eks-kezzap Frenk Abigneýl-kiçisiniň amala aşyran kezzapçylyklary barada Golliwudda düşürilen we meşhur artist Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi janlandyran “Eger-de başarsaň, meni tut” atly çeper filminden bilmek bolar. Frenk Abigneýl 16 ýaşynda özünde çekleri (bank töleg tabşyryknamalaryny) galplaşdyrmaga bolan ägirt uly zehiniň bardygyny anyklaýar. Biraz wagtdan soňra F.Abigneýl talanty bilen “dünýä inderilen”, jemi 2,5 amerikan dollarlyk çekler Ýer ýüzüniň 26 ýurdunda dolanyşykda ýüze çykarylýar. F.Abigneýl “Pan Am” uçar kompaniýasynyň uçarmanynyň galp şahsyýetnamasyny we ýörite lybasyny edinip, bu kompaniýanyň öz işgärlerine ýeňillik hökmünde öz uçarlarynda mugt gatnamaga berýän rugsadyndan peýdalanyp, özüniň ýasan şol çeklerini “aýagynyň ýeten” ýurdunda nagtlaşdyryp gezipdir. Täze Orlean şäheriniň uçar menzilinde F.Abigneýl tasdanam polisiýanyň eline düşmän zordan sypandan soňra, ol hemme ýerde özüni çaga lukmany (pediatr) hökmünde tanatmaga başlaýar. Ondanam beteri, ol ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky hassahananyň çagalar bölümine çaga lukmany hökmünde galp resminamalar bilen işe girip, birnäçe wagtlap şol bölümiň müdiri wezipesinde-de işleýär. Soňra bolsa F.Abigneýl ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň baş prokurorynyň edarasyna hünärmen hökmünde öz ýasan galp resminamalary bilen işe ýerleşýär. Ol işe ýerleşende-de, şol ýerde hukukçy hökmünde hünär synaglaryndan üstünlikli geçýär. Ýeri gelende, F.Abigneýliň hiç haçanam hukuk ýa-da lukmançylyk ugrundan bilim almandygyny bellemek gerekdir. 1971-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň Ýokary kazyýeti F.Abigneýli 12 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyna höküm edipdir. Ýöne ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy onuň deňsiz-taýsyz zehinini ýurtdaky dürli kezzapçylyklaryň üstüni açmak üçin ulanmagy meýilleşdiripdir we F.Abigneýle ylalaşyk baglaşmagy teklip edipdir. Şonuň netijesinde-de F.Abigneýl bary-ýogy 4 ýyldan soň azatlyga çykypdyr. Häzirki wagtda F.Abigneýl FBR-de işleýär, ol resmi millioner, onuň aýaly we üç ogly bar. Ogullarynyň biri onuň edil özi ýaly FBR-de işleýär. Ýaşlygynda birnäçe ýyllap ony tutjak bolup jepa çeken FBR-iň agenti bolsa onuň ýegre dosty. Ferdinand Demara – lukman däl lukman 1950-1953-nji ýyllarda bolup geçen Koreýa urşy ýyllarynda “Kaýuga” atly kanada harby gämisine on bäş sany ýaraly esgerleri getiripdirler. Olaryň hemmesem gämi lukmany Jozef Kaýr tarapyndan operasiýa edilipdir we olaryň hemmesi soňra sagalypdyr. Jozef Kaýr tarapyndan geçirilen şol operasiýalaryň iň çylşyrymlysy bolan – döş kapasasyndan gülläni aýyrmak bolsa Kanadanyň ýörite lukmançylyk žurnalyna-da girizilipdir. Bu wakanyň žurnalda neşir edilmegem ula giden dawa-jenjeliň başlanmagyna sebäp bolupdyr. Habarçylaryň geçiren derňewiniň netijesinde Jozef Kaýryň Kanadanyň harby-deňiz güýçlerine galp at bilen gulluga girendigi, hakykat-da bolsa onuň hatda Kanadanyň raýatam däldigi, onuň çyn adynyň Ferdinand Demara bolup, onuň ABŞ-nyň raýatydygy anyklanypdyr. Iň täsin ýerem, F.Demaranyň lukmançylyga düýbünden dahylly zady ýok ekeni. Paş edilen F.Demara özüniň çagalykdan fotografiki ýatkeşliginiň bardygyny we özüniň ummasyz göwrümli tekstleri sözme-söz ýat tutup bilýändigini gürrüň beripdir. Lukmançylyk bilimleri bolmazdan şol ýaraly esgerleri operasiýa edende-de, F.Demara her operasiýa girmezinden ozal hirurgiýa boýunça okuw kitabyndan degişli bölümlerini ýat tutupdyr. Ondan başga-da F.Demara ömrüniň dowamynda gurluşykçy-inžener, şerifiň (ABŞ-da polisiýa ygtyýarly wezipeli adam) orunbasary, türmäniň başlygy, psihologiýa ylymlarynyň doktory, adwokat, Çagalaryň hukuklaryny goramak gullugynyň bilermeni, benediktin monahy, gazetiň redaktory, düwnük kesellerini bejeriji hünärmen, hirurg-lukman, mugallym bolup üstünlikli işlemegiň hötdesinden gelipdir. Iň geň galdyrýan zadam, şol kezzapçylyklaryny amala aşyranda F.Demara hiç wagtam maddy bähbit agtarmandyr. Diňe özüne we özgelere başarmagy başarýandygyny subut etmäge ymtylypdyr. Meri Beýker – şagyzy Karabu Meri Beýker atly kezzap zenanam öz kezzapçylyklaryndan maddy bähbit gözlemedikleriň biri bolup durýar. Ol 1817-nji ýylda Glosterşir şäherinde geň-enaýy eşiklerde, başy selleli şekilde duýdansyz peýda bolýar we şähere gele-gelmäşe baglara dyrmaşmaga, täsin, düşnüksiz dildäki aýdymlara gygyrmaga, käte bolsa çuw-ýalaňaç halda derýajykda suwa düşmäge başlaýar. Gyzyň dilini hiç kim bilmeýändigi sebäpli, ony ilkibada eýdip-beýdip ýerli dünýewi kazynyň öýünde ýerleşdirýärler, soň bolsa şäherjigiň hassahanasynda otag berýärler. Bir gezegem şähere gelen portugal deňizçisi Manuel Eýnesso gyzyň dilini bilýändigini aýdýar, soňam onuň aýdýan sözlerini terjime edip, gyzyň Hindi ummanyndaky adanyň şasynyň gyzy Karabudygyny aýdýar. Şeýle-de, şagyzy Karabuny deňiz garakçylarynyň öýünden ogurlap gaýdandyklaryny, soňam şol garakçylaryň gämisiniň deňizde heläkçilige uçrandygyny, şeýdibem Karabunyň bu şähere gelip düşendigini habar berýär. Bu habar şäheriň ýaşaýjylarynyň şagyzy Karabu gynanç bildirmeklerine we oňa ýerli-ýerden ýardam bermäge başlamaklaryna getirýär. Emma, şagyzy Karabunyň suraty gazetde neşir edilenden soňra başga şäherli zenan onda öz goňşusy bolan ädikçiniň gyzyny tanaýar. Kazyýet kezzap zenany temmi hökmünde Filadelfiýa sürgün edýär. Emma ol ýerde-de Meri Beýker ýene-de “şagyzy Karabu” bolmagyny dowam edip ugraýar. M.Beýkeriň terjimehalynyň esasynda Golliwud tarapyndan “Şagyzy Karabu” atly çeper film düşürilipdir. Sergeý Mawrodi – “MMM”-iň atasy Sergeý Mawrodi tarapyndan esaslandyrylan “MMM” atly kooperatiw kärhanasy 1993-nji ýylda gymmatly kagyzlary çykarmaga başlaýar. Kän wagt geçmänkä “MMM” Russiýanyň taryhyndaky ägirt uly maliýe piramidasyna öwrülýär. Maglumatlara görä, “MMM” kärhanasynyň gymmatly kagyzlaryny ol ýa-da beýleki möçberlerine 10-15 milliondan gowrak adam satyn alypdyr. “MMM”-iň paýnamalary 1994-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli ýagdaýda ilkibaşky bahasyndan 127 esse gymmatlap, diňe Moskwa şäherinde S.Mawrodi bir günde 50 million amerikan dollaryna barabar puly gazanmaga başlapdyr. Haçan-da S.Mawrodiniň maliýe piramidasy ýykylanda şol millionlap adamlaryň jemi 80 milliard emrikan dollaryna golaý puly ýitirendikleri çaklanýar. S.Mawrodi bolsa bary-ýogy 4,5 ýyllyk azatlykdan mahrum ediliş çäresine höküm edilýär. Doganlar Gohmanlar – Luwry awundyran Odessaly täjirler Doganlar Gohmanlar XIX asyrda Odessa şäherinde ýaşapdyrlar we olar özlerine degişli bolan antikwar harytlar dükanynda taryhy gymmatlygy bolan dürli harytlary satmak bilen meşgullanypdyrlar. 1896-njy ýylda olar Fransiýanyň Luwr muzeýine skifleriň patyşasy Saýtafarnyň täjini 200 000 franka satypdyrlar. Şondan soň ýedi ýyllap adamlar Luwrdaky skif şasynyň täjine aňk bolup tomaşa edip gezipdirler. Ýöne, şondan soň sekizilenji ýyl diýlende, Monmartrly nakgaş we heýkeltaraş Ellin Maýens täjiň galpdygyny çürt-kesik subut edipdir. Emma, muňa garamazdan doganlar Gohmanlar jogapkärçilige çekilmändirler. • Pawel Şpeýer – “Gyzyl walet” Moskwada, 1867-nji ýylda Pawel Şpeýer “Gyzyl waletler” atly kezzaplaryň toparyny döredýär. Kezzaplaryň bu toparynyň ilkinji uly aldawy ätiýaçlandyryş işi bilen baglanyşykly bolýar. Kezzaplar Russiýanyň dürli ýerlerine taýyn ýorgan-düşek daşlary we içki eşikler salnan köp sanly sandyklary ýollaýarlar. Sandyklaryň her birine-de 950 manat baha kesip, olary şol baha bilenem ätiýaçlandyrýarlar. Şol döwrüň kadalaryna laýyklykda, şeýle ätiýaçlandyryş dilhatylary tugraly kagyzda berlip, banklar tarapyndan karz alyş gymmatly kagyzlary (wekseller) bilen deň derejede alnan karz üçin girewine kabul edilýär ekeni. Kezzaplaryň ýollan sandyklary ahyrky nokadynda kabul edijiler alýançalar “Gyzyl waletler” şol ätiýaçlandyryş dilhatylaryny banklarda girewine goýup, olaryň deregine-de nagt pul alypdyrlar. Haçan-da “Deňiz, derýa we guryýer ätiýaçlandyryşynyň hem-de ýük daşaýyşynyň rus jemgyýeti” banklaryň talapnamasy boýunça, olaryň ýitiren pullarynyň öwezini dolmak üçin şol sandyklary açanda, olaryň içinden biri-biriniň içine goýlan birnäçe çelekler çykypdyr. Iň soňky çelekde bolsa, daşy gaýym edilip dolanan “Imperatrisa Ýekaterina Ikinjiniň ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli onuň ýatlamalary” atly kitap bar ekeni. Ýöne “Gyzyl waletleriň” iň belli kezzapçylygy Moskwa şäheriniň Twerskaýa köçesiniň 13-nji jaýy salgysynda ýerleşýän Moskwanyň şol wagtky general-gubernatorynyň jaýynyň satylmagy bolupdyr. Pawel Şpeýer eýdip-beýdip general-gubernatoryň ynamyna giripdir we onuň öýüni özüniň tanyş iňlis begzadasyna (lorduna) görkezmäge generalyň razylygyny alypdyr. Knýaz (rus hany) iňlis begzadasynyň öz öýüni arkaýyn, gysynman synlamagy üçin maşgalasy bilen özüniň şäher etegindäki mülküne gidipdir. Haçan-da yzyna dolanyp gelende bolsa, ol iňlis begzadasynyň hyzmatkärleri bilen bilelikde öz öýüne göçüp gelýändigini görüpdir. Soň anyklanylanda P.Şpeýer general-gubernatoryň öýüni iňlis begzadasyna 100 000 rubl bahasyna satypdyr ekeni. Dergazaba münen Moskwanyň general-gubernatory “Gyzyl waletleriň” ählijesini gysga wagtda anyklap, tussag etmegä buýruk berýär. Şonda bu kezzaplar toparynyň 48 sany agzasy tutulyp saklanylýar. Olardan 36 sanysy bolsa Rus patyşalygynyň ýokary begzadalar gatlagynyň wekilleridigi ýüze çykarylýar. Şonda-da kazyýetiň hökümi bilen bu kezzaplar toparynyň esasy guramaçylary Sibire sürgün edilýärler, galanlary bolsa, tussaglaryň goşun bölümlerine höküm edilýärler. • Graf de Tuluz-Lotrek, şol hem kornet Sawin – Gyş köşgüniň dellaly XX asyryň başynda kornet (rus patyşa atly goşunlarynda kiçi harby dereje) Nikolaý Sawin, San-Fransisko şäherine gelip, iň gymmatbahaly myhmanhana otagyna ýerleşýär we graf Tuluz-Lotrek hökmünde özüni tanatmaga başlaýar. Ol gazetlere berýän interwýusynda özüni rus hökümetiniň Transsibir demirýol magistralynyň gurluşygy üçin materiallary satyp biljek gowy we jogapkär amerikan senagatçylaryny tapmak hem-de olar bilen geleşik baglaşmak hakynda gepleşikleri geçirmek barada ýörite tabşyryk bilen ugradylandygyny gürrüň berýär. Ynanjaň telekeçiler onuň bilen tanyşmak üçin onuň işiginde ir ertirden agşama çenli nobata durýarlar. Her telekeçem “grafyň” göwnüni awlamak üçin oňa gymmatbaha sowgat-serpaý berýär. Graf Tuluz-Lotrek Kaliforniýa ştatynda birsellem syýahat edip, uly möçberde pul toplandan soňra, birdenkä hemmeleriň gözünden zym uçana dönýär. Soňra N.Sawin Ýewropa – Rim şäherine ýüzlenýär. Ol ýerde N.Sawin Italiýa korollygynyň harby ministrliginiň tutuş atly goşun üçin atlary satyn almak isleýändigini eşidýär. N.Sawin özüniň ummasyz baş tohum atlary ýetişdirýän athanalarynyň bardygyny yglan edýär-de, italýan hökümeti bilen atlary getirmek barada şertnama baglaşýar. Hakujy tölenen dessine-de N.Sawin ol ýurtdan gaýyp bolýar. Biraz wagtdan soň bolsa ol Bolgariýanyň paýtagtynda beýik knýaz Konstantin Nikolaýewiç Romanowyň keşbinde peýda bolýar. Şol ýerde-de onuň özüni iňňän ynandyryjy alyp barandygy sebäpli, bolgar begzadalary oňa Bolgar patyşalygyny tagtyna çykmagy teklip edýärler. Ýöne, haýp, birmahallar hakyky beýik knýaz Konstantin Nikolaýewiçiň saçyny timarlamak miýesset eden Sofiýaly sertaraş N.Sawiniň rus şazadasy däldiginiň üstüni açaýýar. Emma, Bolgariýadan ölümiň öýünde gaçyp sypan N.Sawin munuň bilenem köşeşmeýär. Ol amerikali tütjar baý telekeçä rus patyşalarynyň köşgi bolan Gyş köşgüni satmagyňam hötdesinden gelipdir. 1917-nji ýylda rus ynkylabynyň tutaşmagy bolsa N.Sawiniň ýene-de jeza çäresini çekmän aman sypmagyna mümkinçilik döredipdir. • Sofýa Blýuwşteýn – Sonka Altyn Eljagaz Sofýa Iwanowna Blýuwşteýn, şol hem Şeýndlýa-Sura Leýbowna Solomoniak – Rus patyşalygynyň jenaýatçylyk dünýäsiniň iň meşhur şahslarynyň biri bolup, onuň tanalýan lakamy “Sonka Altyn Eljagaz” bolup durýar. Öz terjimehalyny yhlas bilen ýaşyrandygy sebäpli S.Blýuwşteýniň gelip çykyşy baradaky maglumatlar özleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýarlar. S.Blýuwşteýn öz döwrüniň okumyş hem bilimli zenanlarynyň biri bolmak bilen birnäçe daşary ýurt dillerinde erkin gepleşip bilipdir, uly artistlik zehininden peýdalanypdyr. Maglumatlara görä, bu kezzap zenan birnäçe gezek durmuşa çykypdyr. Onuň soňky äri – humar leýlaçy (şuleri) we kezzap Mihail Blýuwşteýnden S.Blýuwşteýniň iki sany gyzy bolupdyr. S.Blýuwşteýn özüniň ilkinji ogurlygyny ýetginjek döwürlerinde amala aşyrypdyr. Şonda-da bu pişe ýaşajyk gyzyň şeýlebir hoşuna gelipdir welin, ol bütin ömrüni şu pişe bilen meşgullanyp geçiripdir. Onuň amala aşyrýan ogurlyklaram, kezzapçylyklaram özleriniň inçe tilsimliligi we mekirligi bilen tapawutlanypdyr. Çünki hiç kim begzada sypatly, ajaýyp keşpli zenanda ogurlygy we kezzaplygy özüne kesp-kär edinen aýýary güman etmändir. S.Blýuwşteýniň emelleri juda köp ekeni. Ol zergäriň dükanyna girip, ondan gymmatbaha daşlary görkezmegini haýyş edipdir, soňam daşlary synlap durka, haýsydyr bir başga zada satyjynyň ünsüni sowup, ýörite ösdürilen dyrnaklarynyň astyna gymmatbaha daşjagazlaryň birnäçesini dykmaga ýetişipdir. Ýa-da ebeteýsizlik bilen gymmatbaha daşlary ýere seçen kişi bolup, olaryň birnäçesini özüniň köwşüniň ýörite ýumşak ökjesine ýelmeşdirmäge ýetişipdir. Ýa-da ol mata dükanyna halta ýaly giň köýnegi geýip baryp, satyjynyň gözüne güýdüşip, şol köýneginiň astynda gymmatbaha matanyň ep-esli bölegini gizlemäge ýetişipdir. Ýa-da ol dükana baranda ýanyna ýörite tälim berlen maýmynjygy alyp barypdyr. Haçan-da S.Blýuwşteýn satyjynyň ünsüni sowanda bolsa ýörite yşarata endik etdirilen janawer gymmatbaha bezegi alyp, hasyr-husur ýuwdupdyr. Soňra öýlerinde-de S.Blýuwşteýn maýmynjygy ýörite klizma edip, onuň aşgazanyndan ogurlan gymmatbaha şaý-sepini çykarypdyr. Ýöne, her näçe sypjyk bolsa-da S.Blýuwşteýn ahyry tutulyp saklanyp, 34 ýaşynda azatlykdan mahrum edilipdir. S.Blýuwşteýn bendilikden üç gezek gaçypdyr. Emma her gezegem ony gaýtadan tutupdyrlar. Onuň jeza çäresiniň möhleti tamamlanandan soň bolsa ol Sahalin adasynda ömürlik sürgün edilipdir. • Artur Fergýuson – Ýadygärlikleriň söwdagäri Şotlandiýaly kezzap Artur Fergýuson amerikan jahankeşdelerine Angliýanyň milli ýadygärligi bolan Big-Ben minarasyny müň funt sterlinge, Bukingem köşgüni bolsa iki müň funt sterlinge satandan soňra onuň ady dünýä ýaýrapdyr. Ondan başga-da A.Fergýuson Teksan atly bankire Waşingtondaky Ak Tamy iki million amerikan dollaryna kärendesine bermegiň hötdesinden gelipdir. Ol bu kezzapçylygyny amala aşyranda, bankyň eýesini amerikan hökümetiniň şol wagtda maliýe kynçylyklaryna sezewar bolandygyny, şonuň üçinem Ak Tamy kärendesine bermegiň kül-külüne düşendiklerini, özüniň bolsa bu “ýagşy işde” dellalçylyk edýändigini ynandyrmagy başarypdyr. Mundan başga-da A.Fergýusonyň sada amerikaly jahankeşdelere Trafalgar meýdanyndaky admiral Nelsonyň ýadygärliginem alty müň funt sterlinge satandygy hakyndaky waka-da bar. 1925-nji ýylda bolsa ol ABŞ-a gelip, Nýur-Ýorkdaky Azatlygyň heýkeli satmakçy bolup duran wagty tussag edilipdir. Onuň şol etmişi üçin şol wagtky amerikan kanunçylygyna laýyklykda ol ömürlik azatlykdan mahrum edilmek jezasyna höküm edilmeli ekeni. Emma, kazyýet seljerişinde kezzaby, bu agyr jezadan halas eden ýekeje ýagdaý ýüze çykypdyr. Görlüp oturylsa, A.Fergýuson ABŞ-nyň çäginde syýahat edip ýörkä, Tehas ştatynda ýaşaýan bir dul aýalyň hojalygy ýananda oňa özüniň ýalan-ýaşrykdan toplan ähli pullaryny haýyr-sahawat diýip beren ekeni. Şonda-da A.Fergýuson ol dul aýala özüniň Gonkongly şazadadygyny we özüniň bütin Zemin togalagynda diňe şu pisint haýyr işleri etmek bilen meşgullanyp ýörendigini aýdypdyr. Kezzabyň şu jomartlygy üçinem kazyýet oňa bary-ýogy bäş ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny belläpdir. • Kristofer Rokankurt – galp Rokfeller Kristofer Rokankurt atly kezzap adamzadyň taryhynda galp Rokfeller bolup galmagyň hötdesinden gelipdir. Ol birnäçe ýylyň dowamynda özüniň Rokfellerleriň maşgalasyndandygyny aýdyp gezipdir we ABŞ-nyň prezidenti Bill Klintonyň ýegre dosty bolupdyr. K.Rokankurta kezzapçylyklaryny amala aşyrmaga onuň aýaly – “Playboy” žurnalynyň öňki modeli Mariýa Piýa Reýes ýardam beripdir. K.Rokankurt ilkinji kezzapçylygyny Fransiýada amala aşyrypdyr. Ol öz eýeçiliginde bolmadyk emlägiň resminamalaryny galplaşdyryp ýasapdyr-da, ony 1,4 million amerikan dollaryna satypdyr. 1991-nji ýylda K.Rokankurt Ženewa şäherinde zergärçilik dükanyny talap, ol ýerden birnäçe ýüz müň şweýsar frank bahaly altyn şaý-sepleri ogurlapdyr. Soňra ol geçen asyryň 90-njy ýyllarynda özüni kinoprodýuser Dino de Laurentisiň ýegeni, aktrisa Sofi Loreniň ogly, Dodi Al-Faýediň dogany hökmünde tanadyp, ýalňyz ýaşaýan baý zenanlaryň ynamyna girip, olaryň başyny-gözüni aýlap, iň soňunda-da olary talap, gürüm-jürüm bolup gezipdir. Ýöne, gaty bahym K.Rokankurt eger-de dünýä belli tütjar baýlar Rokfellerleriň “garyndaşy” bolmagyň, öz kezzapçylyklarynyň hemmesindenem beter bähbitli boljakdygyna göz ýetiripdir. Onsoň K.Rokankurt wagt ýitirmezden “Rokfeller” bolmaga başlapdyr. Ol bu keşpde örän çalt meşhur artistler Žan Klod Wan Damm, Mikki Rurk dagylar bilen dostlaşypdyr. Ol hatda Ž.K. Wan Damma onuň täze düşürmekçi bolýan filmini düşürmek üçin 40 million amerikan dollaryny bermegi hem boýun alypdyr. Ýöne, bu kino ýyldyzlar K.Rokankurtyň amala aşyrýan pyssy-pyjurlyklary üçin örtgi bolup hyzmat edipdirler. Ol öz tanyşlyklarynyň hasabyna dürli işewürleriň ynamyna girip, olardan maýa goýum hökmünde iri möçberlerde pul alypdyr. 2001-nji ýylda-da K.Rokankurt aýaly bilen bilelikde tussag edilipdir. Kazyýet mejlisinde-de K.Rokankurt telekeçilerden umumy 40 million amerikan dollaryny aldap alandygyny boýnuna alypdyr. Doganlar Popowlar – çaý kezzaplary XIX asyryň soňunda Rus patyşalygynda tütjar baý söwdagär doganlar Popowlar ilatdan öň ulanylan çaý şemmesiniň guradylan görnüşini sähel bahadan satyn alyp, soňra ol şemmä guradylan iwan-çaý ýaly dürli ot-çöpleri goşup hem-de şol önümiň reňkiniň hakyky gara çaýyň reňki ýaly bolmagy üçin ony gurum we gökdaş (kuporos) bilen garyp, täzeden ilata ýokary hilli hytaý çaýy hökmünde satypdyrlar. Doganlar Popowlar bu pişeleri bilen 10 ýyldan gowrak wagt meşgullanyp, Rus patyşalygynyň iň meşhur çaý söwdagärlerine öwrülmegiň hötdesinden gelipdirler. Ýöne muňa garamazdan 1888-nji ýylyň maýynda doganlar Popowlaryň ähli pyrryldaklary paş edilipdir. Derňewiň dowamynda olaryň diňe bir çaý önümlerini däl-de, eýsem derman serişdelerini hem galplaşdyryp ýasandyklary anyklanypdyr. Onsoň doganlaryň ulusy Aleksandr ähli günäni öz boýnuna alyp, Sibire sürgün edilipdir. Doganlaryň kiçisi Iwany bolsa aklapdyrlar. Aleksandr Politkowskiý – humarbaz begzada Pessejik boýly, garynlak, garaýagyzja rus begzada neslinden bolan Aleksandr Politkowskiý 1839-njy ýylda Napoleon bilen urşuň weterany, knýaz Aleksandr Çernyşýowyň ynamyna girip, 1812-nji ýylyň urşunda ýaralananlaryň we maýyp bolanlaryň komitetiniň direktory wezipesine bellenýär. A.Politkowskiý öz wezipesinden peýdalanyp, weteranlaryň işlerini galplaşdyryp, galp resminamalar bilen ýok adamlaryň adyndan döwlet nepaga pullaryny almaga başlaýar. Ol 1853-nji ýylda örän geň ýagdaýda – özüni heläkläpmi ýa-da iýmitden zäherlenipmi ýa-da kimdir biri tarapyndan awy berlipmi – aradan çykýar. Şoňa çenlem ol özüniň görkezilen komitete ýolbaşçylyk eden 14 ýylynyň dowamynda Rus patyşalygynyň jemi million rubla golaý puluny ýom-ýok edýär. Häzirki döwrüň pulunyň hümmetinden hasaplananda A.Politkowskiýniň kezzaplyk edip gazanan pullary, jemi 22 857 142,9 amerikan dollary töweregi bolýar. A.Politkowskiý öz kezzaplygynyň üsti açylmanka aradan çykmagyň hötdesinden gelenem bolsa, onuň yzynda uly möçberde emläk galmandyr. Sebäbi ol ölemen humarbaz bolup, bir gijede şol döwrüň pulundan 30 000 rubly ýa-da 100 000 rubly hem kartda utduryp ýa-da utup biler ekeni. 100 000 rubl bolsa, häzirki döwrüň pulunyň hümmetinde, takmynan 2 142 857 amerikan dollary bolýar. Entoni Žinýak – 30 ýyllap galp şazada 2017-nji ýylda ABŞ-da özüni 1991-nji ýyldan bäri hemmelere Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy hökmünde tanadyp gelen 47 ýaşyndaky kezzap Entoni Žinýak tutulyp saklanýar. Onuň soňky kezzapçylygy bolsa, ol telekeçi Jeffri Safferi, onuň myhmanhanalar ulgamyny ösdürmek üçin özüniň 400 million amerikan dollary möçberinde maýa goýjakdygyna ynandyrmaga çytraşmagy bilen bagly bolupdyr. Onuň kezzapdygynyň üstüniň açylmagyna-da onuň doňuz etinden taýýarlanan tagamlary çakdan aşa halaýandygy sebäp bolupdyr. E.Žinýagyň J.Saffer bilen nobatdaky duşuşyk-naharynda doňuz etinden kakmajy işdämenlik bilen iýýändigi, musulmanlaryň doňuz etini iýmeýändiklerini daş gulakdan eşiden telekeçide müňkürligiň döremegine getiripdir. Şol müňkürligi bilenem J.Saffer özüniň howpsuzlyk gullugynyň başlygyna “arap şazadasy” barada degişli maglumatlary anyklamak hakda buýruk bermegine getiripdir. Şondan soňam “şazadanyň” şazada däldigi örän tiz ýüze çykarylypdyr. Soň anyklanyşyna görä, E.Žinýak 30 ýylyň dowamynda şol bir “arap şazadasynyň” şekilini ýerine ýetirip, ynanjaň adamlary dürli möçberde çürkäp gelipdir. 2008-nji ýylda bolsa ol hatda “şazada” hökmünde ýaşan bir myhmanhanasyna ýetiren 10 müň amerikan dollary möçberindäki zyýany üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresinem çekipdir. Ondan başga-da ol birnäçe gezek tutulyp saklananda-da girewine uly möçberde pul töläp, jezadan gaçmagyň hötdesinden gelipdir. Maýkl Nýu – Nigeriýaly şazadanyň hatlary ABŞ-nyň Luiziana ştatynda polisiýa, özüni ýetginjek ýaşyndaky, garaýagyz Nigeriýaly şazada hökmünde tanadyp, e-mail poçtanyň üsti bilen internet ulanyjylara elektron hatlary ýollap, olary özüniň kyn maddy ýagdaýa düşendigine we maddy goldawa mätäçdigini ynandyryp, adamlardan aldap pul almak bilen meşgullanýan 67 ýaşly, akýagyz, pensiýadaky Maýkl Nýuny tutup saklapdyr. M.Nýu bildirilen günäde onuň 269 adamy aldap, puluny alandygy bellenilipdir. Ýöne, polisiýanyň çaklamalaryna görä, “nigeriýaly şazadanyň” öz “gözýaşly, naýynjar hatlarynyň” üsti bilen ynanjaň adamlardan millionlap amerikan dollaryny gazanan bolmagy ähtimal. Demir Maýk we jellada öwrülen kezzaplar Elbetde “kezzapçylyk” diýlende, zorluksyz jenaýatlar göz öňünde tutulýanam bolsa, adamzadyň taryhynda hemme kezzapçylyklar beýle häsiýetlem bolmaýar. 1933-nji ýylyň gyşynda Nýu-Ýorkda gizlin gammarhanaň hojaýyny Toni Marino ganhorluk etmezden adam öldürmegiň we şonuň üsti bilenem pul gazanmagyň kül-külüne düşýär. Ol şu maksat bilen Maýkl Malloý atly 60 ýaşyndaky öýsüz ykmanda alkogolige öz gammarhanasynda çäklendirilmedik möçberde spirtli içgileri içmäge ygtyýar berýär. Soňra bolsa M.Malloýyň ömrüni 3,5 müň amerikan dollary möçberinde ätiýaçlandyrýar. T.Marinonyň niýetine görä, M.Malloý içip-içip, gaty bahym ölmeli ekeni, ol bolsa onuň ätiýaçlandyrylan puluna eýe bolmaly ekeni. Emma... Sergezdan Maýkl çüýşe yzyna çüýşe boşadýandygyna garamazdan, ol hiç ölmeýär. Şonda T.Marino öz kisesine ätiýaçlyk pullarynyň tizräk girmegini üpjün etmek üçin, bu işi çaltlaşdyrmaga özüniň jenaýatçy dostlary Jozef Merfini, Frensis Paskuany, Herşi Grini we Deniel Krisbergi çekýär. Ülpetler üýşüp awara Maýkla antifriz bilen garylan wiski içirýärler. Maýkl ölmeýär. Gaýta, bu içginiň öňkülerden has berk kellesini sämedýändigini aýdyp, ýene-de şondan guýup bermeklerini soraýar. Ülpetler sergezdan Maýkla skipidar garylan brendi içirýärler. Maýkl ölmeýär. Ülpetler Maýkla alakalary zäherlenýän awy goşulan içgi içirýärler. Maýkl ölmeýär. Ülpetler Maýkla üstüne metanol guýlan ustrisa iýdirýärler. Maýkl ölmeýär. Ülpetler Maýkla porsan balykdan taýýarlanan we içine kindiwanja çüý bölejikleri sepelenen sendwiç iýdirýärler. Maýkl ölmeýär. Ülpetler öz aralarynda Maýkl Malloýy “Demir Maýk” ýa-da “Mizemez Maýk” diýip guwanç bilen atlandyryp başlaýarlar we günlerde bir gün Maýkly lül-gammar bolýança içirip, ony minus 26 graduslyk doňaklyk howa çykarýarlar-da, onuň üstünden bedreläp, buz ýaly suw eňterip, uzak gijelik aýazda taşlaýarlar. Maýkl... Ölmeýär. Gaýta ertesi irden hiç zat bolmadyk ýaly Toni Marinonyň gammarhanasyna gelip girýär-de, ýene-de şerap haýyş edýär. Sabyr käseleri dolan ülpetler Maýkl içgisini içip köçä çykýança garaşýarlar-da, ony ulaga kakdyrýarlar. Soňam ulagdan düşüp, Maýklyň buljum köçäniň gyrasynda bulam-delem bolup dem-düýtsüz ýatandygyny barlap görýärler-de, ertesi gün ätiýaçlandyryş guramasyna Maýkl pahyryň ömrüniň bahasyny almaga barýarlar. Ol ýerde-de... Maýklyň ölmändigini aýdýarlar... Ülpetleriň sabyr käsesi çym-pytrak bolýar. Olar Maýklyň garyplar üçin hassahanadan çalak-çulak bejergi berlip çykarylaryna garaşýarlar-da, ony çola ýerde tutup, onuň agzyna gaz plitanyň şlangasyny dykýarlar. Bu gezek... Ajal ýeňýär. Mizemez Maýk ahbetin aradan çykýar. Ülpetler Maýkl Malloýyň janynyň bahasyny alýarlar. Wakanyň iň esasy ýerem, ülpetleriň eden jenaýatynyň üsti hiç haçanam açyljak däl ekeni. Eger-de olar, Mizemez Maýk we onuň bilen özleriniň goparan hokgalary barada gabat gelen ýerde lakgyldap ýörmedik bolsalar... Ahyrynda ýaňra ülpetler tussag edilýärler we aýratyn zalymlyk bilen eden ganhorluklary üçin ABŞ-nyň şol wagtky kanunçylygyna laýyklykda ölüm jezasyna höküm edilýärler. Ülpetlerden diňe Herşi Grin deslapky derňewiň geçirilmegine ýardam berendigi üçin uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilmek jezasyna höküm edilip, diri galýar. Nikolaý Pawlenko – ýok bölümiň serkerdesi Näderejede haýran galdyryjy eşidilse-de, sowet döwrüniň iň uly kezzapçylyklarynyň biri Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda amala aşyrylypdyr. 1941-nji ýylda, Russiýanyň Twer şäherinde (şol wagtky Kalinin şäheri) frontdan gaçyp gaýdan Gyzyl Goşunyň serkerdesi Nikolaý Pawlenko galp resminamalar bilen “Kalinin frontynyň harby-gurluşyk şahamçasy №5” (UWSR-5) atly harby bölümi döredýär. Ýok harby bölümiň möhrüni N.Pawlenkonyň meslekdeşi Lýudwig Rudniçenko köwşüň ökjesinden kesip ýasaýar. N.Pawlenko özüni ýok harby bölümiň serkerdesi edip belleýär we özüne maýor habry derejesini berýär. Galp resminamalaryň esasynda alnan pullar bilen ýok harby bölüm dürli iri harby birikmeleriň tabşyrygynyň esasynda ýollary gurýar, harby lybaslary tikýär. Eger-de bank işgärleri ýok harby bölüm babatda nämedir bir zatlary güman edip başlasalar, olara uly möçberde para bermek arkaly olaryň “agyzlarynam, gözlerinem ýumdurýarlar”. Ondan başga-da N.Pawlenko harby komendaturalar bilen sowgat-salamly hyzmatdaşlyk edip, özüniň ýok harby bölümine ýaralanyp bejergi alan esgerleri gulluk etmäge ýolladýar. Şeýdibem 1945-nji ýyla çenli ýok harby bölümde 300-den gowrak şahsy düzüm gulluk edýär, ýok bölümde aýlanýan serişdeler bolsa üç million rubldanam geçip gidýär. Şol bir wagtda-da ýok harby bölüme berilýän ähli tabşyryklar boýunça işler öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilipdir. Beýik Watançylyk Urşy tamamlanandan soň N.Pawlenko “Kalinin frontynyň harby-gurluşyk şahamçasy №5” (UWSR-5) harby bölüminiň işini bes edýär-de, 1-nji Harby gurluşyk müdirligini (UWS-1) döredýär. Tä 1952-nji ýyla çenlem bu ýok bölüm öz işini üstünlikli dowam etdirýär. Kezzapçylygyň üstüniň açylmagyna-da tötänlik sebäp bolýar. Bir ýalňyşlyk bilen UWS-1 bölümine işe kabul edilen harby däl (raýat) işgärleriniň birine ýerine ýetiren işi üçin zähmet haky tölenilmän galýar. Ol işgärem milisiýa arza bilen ýüz tutýar. Barlagyň dowamynda-da SSSR-iň Goranmak ministrliginde “UWSR-5” atly we “UWS-1” atly harby bölümleriň hasaba alynmandygy anyklanýar. N.Pawlenkony şol ýyl Kişinew şäherinde polkownik harby derejesindekä tutup saklaýarlar. Onuň ýangoşlary dökülende bolsa general harby derejesiniň pogonlary tapylýar. N.Pawlenko ölüm jezasyna höküm edilýär. Geň ýerem, ýok harby bölümde gulluk eden esgerleriň aglaba köpüsi özleriniň bu kezzapçylygyň ýarany bolandyklarynam bilmän, hatda birnäçe döwlet sylaglaryna-da mynasyp bolup gezipdirler. Dürli internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |