09:29 “Mini Futurisme” kysymly kyssajyklar - Çykalga | |
ÇYKALGA
Mistika we fantastika
Tükeniksiz Älem tümlügi. Uçuşyň 28-nji ýylynda, gämini dolandyrýan emeli paýhas, ekipažyň 12 agzasynam gibernasiýadan (iňl.: hibernation-“gyş ukusy”) gyssagly oýardy. -Meteorit bilen çaknyşmagyň netijesinde, gämiň ekipažyny ýaşaýyş şertleri bilen üpjün ediş ulgamynyň mümkinçilikleriniň elli göterimi dikeldip bolmaz derejede ýitirildi...-diýip, emeli paýhasyň duýgusyz, enjam owazy, kapitana habar berdi. Dolandyryş merkezine hümer bolan agzalar oýa batdylar. Ümmülmez, mährewsiz garaňkylyk. Ýoluň ýaňy bir ýarysy geçilen. Kimden haraý islejek? Delalat diläp bagyraňda, kim sesiňi eşitjek? “Gark bolýanlary halas etmek, gark bolýanlaň öz işi” diýler ekenmi, hol garaňky alysda galan Ene Mekanlarynda... Nätmeli?! Ekipažyň agzalarynyň, mundan öňki oýanyş düzgünlerinde kän bir sesini çykarman ýören biri bardy. Onuň ýaly ýeser gözlerini ýyltyldadyp gezýänlere, goýlup gaýdylan Zemin saýýarasynda: “etjegi içinde” diýer ekenler. Dymyşlygy şol bozdy: -Belki...kart oýnarys?-diýip ol, kombinezonyň budüsti kisesini “şypyrdadyp” açdy-da, ondan kart dessesini çykardy. Soňam üstüni ýetirdi:-...utulan çykdydan... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |