17:41 “Mini Futurisme” kysymly kyssajyklar - Täsin güljagaz | |
TÄSIN GÜLJAGAZ
Mistika we fantastika
Älem gämisi ilkinji gezek, Zemin saýýarasyndan 4,24 ýagtylyk ýyllyk alysda ýerleşýän Proksima Sentawra ýyldyzynyň B ekzosaýýarasynda gondy. Emeli paýhas tarapyndan dolandyrylýan akylly zond-satellitler, gäminiň göwsünden çar ýana ýaýrap, ilki bilen howaň, topragyň, suwuň düzümi boýunça seljerme geçirdiler. Saýýaraň bioçygrynda ekipažyň saglygy üçin howply wiruslaryň hem bakteriýalaryň ýokdugyny anykladylar. Birnäçe wagta çeken seljeriş işlerinden soň, ähli toplanan maglumatlary hemmetaraplaýyn we doly öwrenen ekipaž agzalary begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Adamzadyň aşygy alçy gopdy! Tüýs diýen ýerleri – uçmahy mekan! Hemme zat adamzat nesliniň ýaşamagy üçin doly ýaramly – howa, toprak, suw, biomassa, grawitasiýa, ýagtylyk, temperatura we ş.m.. Esasy zadam bu saýýaraň paýhasly eýeleri – adampisint aňly jandarlar ýok. Heniz bu planetaň tebigaty aň-düşünjeli jandary emele getirmek derejesine çenli ösüp ýetmändir. Birje iňkise gidirýän ýagdaý – olam, nämüçindir bu saýýarada ösümlik dünýäsi pajarlap ösýär-de, haýwanat dünýäsi iňňän asgyn derejede. Älemdeşleriň ýolbaşçysynyň tabşyrygy boýunça, gämiçiler saýýara çykmaly barlag toparyny düzdüler. Barlag topary öz maksatnamasyna laýyklykda, saýýaraň dürli ýerlerinden howaň, suwuň, topragyň, ösümlikleň we ş.m.-leň synaglyk nusgasyny çöpledi. Elbetde, akylly enjamlar bu zatlaň ählisi boýunça degişli seljermeleri geçiripdi. Ýöne, enjam-a enjam, ynsanam ynsan bolýar. Hatda aňrybaşy döwrebap enjamyňam wideookulýarynyň netijeliligi, ynsanyň akylly-başly nazaryça bolabilmez. Barlag topary yzyna dolanyp, gämä girende, hemme howpsuzlyk çärelerinden soň, olary garşy alýan barlaghana ammarynyň androidi, toparyň agzasy bolan ýaşajyk biologyň elinde täsin güljagazy saklap durandygyny gördi. -Bü näme?-diýip, psiho-emosional gurluşy mümkin boldugyndan adamyňka meňzedilip programmirlenen robot sorady. -Owadan gördüm-de, getiräýdim...-diýip, ýaşajyk hanym gyzardy. -Hä-ä, gözellik gowy zat. Ol organizmiň estetiki zerurlyklaryny gandyrýar,-diýip, android özüniň elektron esasyna ýazylan algoritmlere görä jogap gaýtardy:-ony barlaghanaň ammarynda galdyrmakçymy ýa-da öz otagyňyza äkidermisiňiz? -Otagyma,-diýip hünärmen gyz, pert aýtdy. -Bolýar. Gämä gireniňizde geçirilen degişli howpsuzlyk çärelerinden soň, gäminiň goranyş teswirnamalarynyň kadalary muňa idin berýär. Gyz sesini çykarman başyny atdy-da, çykalga ýöneldi. ...Şol gün agşam, ýaşajyk hanym uklap ýatyrka, onuň otagynda, tekjäň üstündäki golçajyga oturdylan täsin güljagaz, adamzadyň oýlap tapan tehniki enjamlarynyň saýgarmaýan biotolkun meýdanynda, B saýýaraň ösümlik dünýäsi bilen aragatnaşyga çykdy. Saýýaraň bir bütewi ösümlik dünýäsiniň mähnet paýhasy, kesekileriň arasyna ornaşdyrylan jansyzynyň habaryny ýüzüniň ugruna okady: “Bigäneleň ynamyna girip, gämisine aralaşdym. Meýilnamaň ýok ediş tapgyryna girişýärin.”... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |