21:53 Mizan terezisiniň ölçegi | |
MIZAN TEREZINIŇ ÖLÇEGI
Söhbetdeşlik
Çaý başynyň söhbedi GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Sen menden giňişleýin interwýu aldyň. Ol meniň kyrk ýaşym mynasybetli Daşkent şäherinde çykan «Ahmyrym ertirde» atly bir tomlugymda ýerleşdirilipdi. Gepiň gerdişine aýtmagyma görä, şol şahyrana ýygyndymyň kitap bolup çykmagynda seniň gönüden-göni hyzmatyň uludyr. Diňe olmy? Diňe men däl, juda köp adamlar seniň ýagşylygyňy görüpdi. Bu gün men saňa sowallarym bilen ýüzlenjek. Ine ikimizem edebiýat atly bereketli saçagyň başynda otyrys. Supra başynda özüňi duýşuň nähili? OSMAN ÖDÄÝEW. Eger seniň sözleriň bilen aýtsam, edebiýat saçagynyň başyna gelenimde, maňa o diýen üns berip durmadylar. Saçagyň başynda adam känkä ýekesiremekden erbet zat ýok bolsa gerek. «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýýärler. Ýekelik, belki, Hudaýa-da ýagşy däldir. Bendesine ýagşy bolmadyk Taňrysyna nädip ýagşy bolsun?! Ýürek ýeke, ol özüne hemra küýseýär. Men edebiýat saçagynyň başyna gelip uzak wagtlap ýeke bolmadym. Maňa Öde Abdyllaýew, Nargylyç Hojageldiýew ýaly ussatlar howandarlyk etdiler. Ahmet Bekmyradow, Nobatguly Rejebow daga ýüregimi ynandym. Edebiýat saçagynyň başynda kalbyma tekge berýän Döwlet Garkyn, Döwran Agaly, Torum Ýaýlan diýen inilerim bar. Şolaryň barlygynda men özümi rahat duýýaryn. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Özüm-ä «Halk ýazyjysy», pylan baýragyň eýesi we ýene gaýry epitetler-ä beýlede dursun, ýöne ýazyjy diýen tituldanam utanýaryn. OSMAN ÖDÄÝEW. Bagyşla welin, bu soragyň Leonid Iliçi ýadyma saldy. O bendäni ýüzüne şeýle bir öwýärdiler, hiç bir zadyň çeni-çaky däldi. Şonda Brežnewiň öwülişine utanyp, ýere giräýjek bolardym. Ol bende ap-arkaýyndy. Öwgi bilen şeýle öwrenişip bolýandygyna haýranlar galardym. Ýazyjy diýen ady göterýänler gyryň daşyna döndi. Sen ýazyjy diýip öwýän-döwýän bolmandan soň, şol gyryň daşynyň arasynda gyrmyldap ýörün. Ýazyjy diýen ady götermegiň ýakymlydygyny gizlemäýin. Zähmetiňe wagtynda bahasyny berseler ýagşy. Ýaşy kyrkdan geçen ýazyjylar, şahyrlar bar. Entegem Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna kabul edilenoklar. Adam ykbalyna beýle biperwaý çemeleşmeli däldigini aýtmak isleýärin. Käbir gowy ýazyjylaryň entegem agzalyga kabul edilmeýändigini görenimde, özümi oňaýsyz duýýaryn. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Agzamyň-dälmiň, ol beýle bir uly mesele däl. Ýöne zehinlini wagtynda kabul etmän, süýjüden bolýarlar. Menem iliň soňunda kabul edilenleriň biri. Özüm-ä ýeke gezegem atalap barmadym. Birnäçe gezek ýöriteläp çagyransoňlar, haýyşnamamy ýazdym. On-on bäş ýyl owal, Kaýsyn Kulyýewi Lenin baýragyna hödürlediler. Elbetde, oňa beýle uly baýrak ýetmedi, ýöne şahyryň döredijiligi hakda uly gürrüň bolupdy. Şonda biri geň söz aýdypdy — ol özüni hiç mahal ŞAHYR diýip atlandyrmandyr, bu sözi adynyň öňüne goşmakdan gorkupdyr. Bütin ömrüne şol söze mynasyp bolmaga çalşypdyr. Şeýle duýgy sende barmy? OSMAN ÖDÄÝEW. Ussatlaryň hiç birem men şahyr ýa ýazyjy diýip magtanjak bolmandyr. Bu hakda, ýadyňda bolsa, Kerim Gurbannepesowda gowy goşgy bar. Kim men şahyr ýa ýazyjy diýip tekrarlaýan bolsa, onda onuň ussatlygy ýabygorly bolmaly. Men bir zada haýran galýaryn. Ýazyjy diýen belent ady az görüp, her hili sylag-baýrak aljak bolup hars urýanlar bar. Meniň üçin-ä ýazyjy diýen at ähli sylagdan, baýrakdan ýokary. Kaýsyn Kulyýewdäki duýgy eserlerini at-baýrak bilen däl-de, hakyky ýazyjylyk bilen belende götermäge çalyşýan her bir döredijä mahsusmyka diýýärin. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Bu sowaly men öz edebiýat dünýäňi döredip bileniň üçin berdim. Seniň öz stiliň, öz beýan ediş ýoluň bar. Şonuň netijesinde-de sende öz gahrymanlar toplumyň emele geldi. Başda «Albaý» powestiňdäki Ýabany alyp göreli. Gylyç («Möjek kanuny» powesti), Sary aga, Mülki («Aýlaw» powesti), Adylla («Ogry depe», «Takdyryň ýagyr teni» hekaýalary) — olaryň köpüsi oba adamlary. Her biriniň özboluşly obrazy bar. Ol obrazlara kimdir biriniň gahrymanyna meňzeş diýer ýaly däl, olar Osman Ödäniňki. Sen il ýaly ýaşaýan, il ýaly pikir edýän adaty bir türkmen obasynyň — Saganaly obasynyň adamlarynyň çeper keşplerini döredýärsiň. Seniň döreden obaň adamlarynyň köpüsi indi maňa tanyş. Olaryň içinde ýüregime ýakyn adamlar az däl, halamaýan adamlarym hem bar. Bu gahrymanlar nireden çogup çykýar, nähili döreýär? OSMAN ÖDÄÝEW. Obamyzda Saganaly diýen atyz bardy. Onuň içinde sagana — içi otag ýaly, kerpiçden örülen mazar ýerleşýärdi. Durgunlyk ýyllarynyň ekerançylyk ýerlerini giňeltmeli diýen şygary esasynda saganany tekizläp, gowaça ekdiler. Saganalynyň daş-töweregi depe bolansoň, ol oýa çalym edýärdi. Men ol atyzyň içinde işläp ýörşüme atyzy ýer şaryna, içini-adamlary, mazary durmuşa meňzederdim. Hyýalymda işläp ýörenleriň her birine kaşaň öý gurup bererdim-de, boluşlaryny synlardym. Halamadyk adamlaryma juda eçilibermezdim. Oglanlykdan saýlandym. Durmuş aga meniň sada oglan düşünjämi aýna dek çym-pytrak edip döwdi. Gylyk-häsiýetlerini halamadyk adamlarymyň köpüsini kaşaň jaýlarda oturtdy, bol-elinlik eçildi. Halal zähmet çekýäniň, adamkärçilikliligi üçin eziz görýänlerimiň günemalaryna gezek gelende husytlyk etdi. Saganaly atlandyrylan kiçeňräk atyzymyzy beýleki atyzlar bilen birleşdirdiler. Indi ol ýerleriň ady ýok. Şol atyzyň ady ýitmesin diýip, men Saganaly obasyny döretdim. Saganalylar ýat adamlar däl — Saganaly atyzynda işlän obadaşlarym. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Göwnüme bolmasa, sen sözleme, leksiki serişdelere, dil bilen baglanyşykly çeperçilik serişdelerine garanyňda, obrazyň üstünde, onuň has indiwidual, has aýratyn bolmagy ugrunda köp aladalanýaň. Seniň üçin baş çeperçilik ölçegi, ilkinji nobatda, obrazda jemlenýär. OSMAN ÖDÄÝEW. Birinji, ikinji, üçünji derejeli diýip döredijilikde hiç bir zady bölemok. Ýazan zatlarymy okanyňdan soň sende şeýle pikir dörän bolsa, onda ol meniň gowşaklygym bolmaly. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Suratlandyrýan gahrymanlaryň seniň hyýalyň önümimi ýa durmuşda şol tiplere sataşdyňmy? OSMAN ÖDÄÝEW. Köplenç, iki hili ýagdaý bolýar. Birinji ýagdaý. Haýsydyr bir pikir esasynda hekaýa ýazasym gelýär. Şeýle ýagdaýda gahrymanlar, köplenç, fantaziýaň önümi bolýar. Mysal üçin, segseninji ýyllarda käbir wezipelere SSSR-iň alys bir ýerlerinden Türkmenistan hakda oňly düşünjesi bolmadyk başga milletiň wekilini getirip oturtdylar. Onuň eýelän wezipesini gül ýaly oňarjak adamlar bolsa, gara ýaga bulaşyp ýörendirler. «Goňşynyň kel towugy gözüňe gözel gaz bolup görner» diýip, halkymyz gowy pähim döredipdir. Ine, şu syýasata närazylygymy ýaňzytmak üçin «Özümiziňki gowy däl» atly hekaýamy ýazypdym. Ýene bir mysal. Durgunlyk ýyllarynda kommunist bolmasaň, ýaşyň durugyşmasa, seni wezipä çekmezdiler: başarnygyňa görä däl-de, esasan, ýaşyňa, partiýa agzalygyňa, şahsy deloňa, galyberse-de, dag ýaly arkaňa görä işe çekerdiler. Özüňi erkin alyp barmak, pikiriňi erkin aýtmak bolmaýardy ahyryn. Zehinlere däl-de, galstugyny ýumruk ýaly edinip, ertirden agşama çenli oturýana, tilkilik etmegi başarýana orun bardy, wagt-peýwent geçenden soň, ýaşyň bir çene barandan soň seniň zehiniňi duýýan pursatlary bolýar. Şondan soň saňa orun berjekler. Wagt geçenden soň ol adamda öňki entuziazm ýok, şeýle ýagdaýa orslar «poýezd uşýol» diýýärler. Anygyny aýtsam, Ahmet Bekmyradow babatda şeýle bolupdy. Ine, şu zatlar hakda «Tüweleý» atly hekaýa ýazypdym. Hekaýadaky Tüweleý atly bedewiň prototipi Ahmet Bekmyradow bolmaly. Ikinji ýagdaý. Haýsydyr bir obraz peýda bolýar. Onsoň şol obrazyň esasynda waka döredilýär. Obrazlar naturadan çekilende işiň ep-esli ýeňilleşýär. Fantaziýaň esasynda obraz döredilende gahrymanyň kemi-kösti tapylyp durýar. Köplenç halatda anyk adamyň keşbini çekmäge çalyşýaryn. Bu aňsadyna bakmak däl, ýazylýan eseriň bähbidi üçin. Anyk adamyň keşbi çekilende galamyň batyrgaý hem çalt işleýär. Mysal aýdaýyn. «Takdyryň ýagyr teni», «Ogry depe» hekaýalaryndaky Adylla aga. Bazardan kiçeňräk halta pul tapyp üç aýlap eýesiniň gelerine garaşan, şeýdibem köpleriň gözüne «samsyk» görnen, ilkinji gezek ogurlyk edilende ogryny obadan çykaryp kowup, obasyny halal saklamak islän Adylla aganyň obrazyny men oýlap tapmadym. Şeýle halal adamlar biziň Astanababa obamyzda kän. Obada bir dostum bar. Käri mugallym. Onuň bir ýetmezi — ölemen kartbaz. Ol çagalaryndan ogryn kart oýnaýar, özem köplenç utulýar. Onsoň şol utduran pulunyň öwezini dolmak üçin öýünde hars urup işleýär, aç gezip, näçe manat tygşytlandygyny hasaplaýar. Ol utduran pulunyň öwezini doldum edenden soň ýene süňňüni saklap bilenok, kartbaz meslekdeşleriniň ýanyna ýelk ýasaýar. Onuň üýtgeşik obrazyny döredesim gelýär. Men ikinji ýagdaýda döreýän obrazlary gowy görýärin. Şu ýagdaýda eser döretmäge çalyşýaryn. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Kakam maňa «Oglum, seni gowy görýän, ýöne dostlaryň özüňdenem gowy» diýýär, ol şeýle diýende Abdyreşit Taşowy, Ahmet Halmyrady, Kömek Kulyny, seni göz öňünde tutup aýdýar. Siz bize geleniňizde näçe gözümi alartsamam, kakam aramyza goşulýar. Goşulýar-da ünsi öz gürrüňlerine çekýär, myhmanlarymy elimden alýar. Esasanam, ol seniň bilen hezil edip gürleşýär. Oňa sen menden golaý bolup dursuň. Üstesine-de «Guldurdy, kakaň özüňden gowy» diýip, çetime degýärsiň. Umuman-a, şu berilýän bahalaryň hemmesem guwandyryjy. Seniň kakaň Hojageldi aga barada-da birnäçe ýakymly gürrüňleri eşitdim. OSMAN ÖDÄÝEW. Bilýänsiň, öňräk edebiýatymyza birgiden ýetim geldi. Olar ýetimligini baýdak edinip, her bir babatda özlerine kömek-goldaw berilmegini talap etdiler. Meniň olaryň otrýadyna giresim gelenok... Kämillik ýaşyna ýeten erkek kişä «Men ýetim» diýmek gelişmeýär. Köne döwürde erkek kişiler ýekeligini ilden ýaşyrmaga çalşypdyrlar. «Sabyrly gul Käbä ýeter», «Her kellede han otyr», «Bal tutanyň barmagy» hekaýalary abamyň durmuşyndan ýazypdym. Ol ömrüni kolhoz işine bagyş etdi. Gijelerine elkin ýatyp işledi. Ýöne «bozuk arabany» kolhozy düzedip bilmedi. Ony düzetmek mümkinem däl eken. Arman, şuny bilmän gitdi. Obalarymyzda ömürlerini kolhoz işine bagyş eden garamaýak adamlar kän. Olar sözüň hakyky manysyndaky ZÄHMET GAHRYMANLARY. Haýp, olaryň gahrymançylygy gara ýere garylyp ýatyr... GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Her kime ýaraşa žanrlar bar, kim hekaýaçy, kim powest ýazagan. Ýöne men-ä seniň pikir öwrüş ýaýbaňlygyňy, global problemalary orta atyp bilşiňi, goruňy görüp, tizden-tiz başbitin roman žanryna geçmelimikäň öýdýän. OSMAN ÖDÄÝEW. Şu pikir bilen men öňräkden bäri «keselläp» ýörün. Dogrusy, «Sabyrly gul Käbe ýeter», «Bal tutanyň barmagy» hekaýalarym «Taýagyň üçünji ujy» romanymdan bölekler. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Taýagyň üçünji ujy. Sen esere at goýmaga ussat. Üçünji uç nirede bolar? OSMAN ÖDÄÝEW. Ol Allatagalanyň elinde bolmaly. Biz adam öz bagtynyň bagbany diýip gaýtalamaga halys endik edipdiris. Ýöne, näçe ökde bagban, ussat, seresaply bolsaň boluber, käte durmuş taýagynyň üçünji ujy başyňa ýatsaň-tursaň oýuňa gelmejek şeýle bir oýunlar salýar, faşistiň etmejek sütemlerinem çekmeli bolýarsyň. Taýagyň iki ujunyň özümizdeligine buýsanýarys, şol buýsanç bilen edýän telek işlerimiz az bolmaýar. Ýedi arka — ýedi puşt diýen köne düşünje bar. Meniň pikirimçe, ýedi arka Allatagalanyň «küşt tagtasy» — eden etmişleriň üçin jeza beriş möhleti. Mysal üçin, birinji arka edibilen günäsini edýär, Allatagala ony jezalandyrjak bolup howlukmaýar, ol etmiş üçin hasaby ýedinji nesilden çykarýar. Betbagtçylygyň goşalanyp gelýändigi barada köp gürrüň edýärler, megerem, ol seniň ýedi arkaň haýsy-da bolsa biriniň etmişleriniň jezasynyň depäňden goşalanyp indigi. Edeniňi çaga-çowluklaryň çekmeli. Erbet jeza! Iň gowusy, edeniňi özüň çekip, özüňden soňkulara diňe gowulyk galdyryp gitmek. Hany, şeýdýärlermi näme?! Edenim bolýar diýip, soňuny saýman eňterip gidip otyrlar. Gürrüňi uzaldyp nädeýin, romanyň leýtmotiwi şeýleräk we öňler aýdylyşy ýaly, ş.m. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Çakym çak bolsa, seniň döredijiligiň çür başyna çykjak eser şol romanyň bolsa gerek. Ýazaryňa howlugýaryn. Romanyň taslamasyny öňem birki ýola maňa gürrüň bereniň üçin aýdýaryn. Ol tema diňe türkmen edebiýatyna däl, dünýä edebiýaty üçin hem täzelik. Tutuş adamzada degişli hikmet ol. OSMAN ÖDÄÝEW. A.Twardowskiý ýazyjydan her sapar «Bu eseriňde nämäni inkär etdiň?» diýip soraýan eken. Eser, köplenç, nämedir bir zady inkär etmek üçin ýazylýar. Özem başlyk bilen brigadiri däl-de, döwlet gurluşynyň haýsydyr bir anyk uçastogyny, adam inženeriýasynyň haýsydyr bir ahlak bölegini. Özüm babatda aýtsam, mydama şu ýörelgeden ýöremäge dalaş etdim. Onuň maňa näderejede eýgerdendigini sen menden gowy bilmeli. Hudaýlygymy aýtsam, meni ýazyjylyk dünýäsine iteklän güýç ilkinji söýginiň şowsuzlygy däl-de, öňümden çykan birtopar adalatsyzlyklar. Seýdi-de şeýle setirler bar: Kim bar diýse, şu dünýäniň wepasy, Nadandyr, akmakdyr, dälidir-däli. Şu dünýäniň wepasy bar diýýän adam samsykdyr diýmegiň özem ýeterlik, ýöne şahyr üç sinonim bilen dünýäniň garşysyna çykýar. Bu diňe jany ýananyň sözi bolmaly. Aslynda, «gözün süzüp duran loly dünýäniň» (Seýdi) janyny ýakmadyk adamy berin barmyka? Şol örtenmeler adamy ýazyjy, şahyr edýär. Egni boş horjunly ykbalyň meni edebiýata getirendigine müň-de bir razy. Içki howalalarymy paýlaşýan edebiýat bolmadyk bolsa, men ýa sazanda bolup, joşgunymy köşeşdirerdim, ýa-da arakhor bolup. Sebäbi käteki bolýan eden-etdilikler, wejeralyklar ýüregiňe syganok. Onuň garşysyna edibilýän zadyňam ýok. Onsoň janyň ýanýar. Janyň ýansa, nämedir bir iş edýärsiň. Bozuk dünýäni men-men diýen ärlerem düzedip bilmändirler. Meniňem düzedip bilmejegime akylym çatýar. Gogol «Öli janlylaryny» ýazansoň, Russiýa düzeler öýdüpdir-ä! Üýtgän zat bolmandyr. Adamlaryň belli bir topary jemgyýetçilik gurluşdan nägile bolup köçä çykýar, demonstrasiýa edýär. Bu içki närazylygyňy beýan etmegiň bir görnüşi. Meniň nägileligimi beýan etmegim — stol başyna geçmegim. Türkmen halk ertekisinde biriniň «Isgenderiň şahy bar» diýip gygyrmasyna düşünmek gerek. Içiňe sygmaýan zatlar bar: käte nägilelikden, käte begençden, käte meslikden. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Osman, özüňden öňki ussatlar barada seniň garaýşyň, olara meňzemelimi ýa olary inkär etmelimi? Seniň Turgenýewi edebiýatyň çürbaşynda goýýanlygyň üçin soraýaryn. OSMAN ÖDÄÝEW. Çingiz Aýtmatow çykyşlarynyň birinde pikirlenmek üçin okaýandygyny aýdypdy. Kitapdaky pikirler, wakalar, gahrymanlar sende käte täze-täze pikirleri oýarýar. Ol pikirler okan kitabyňdan ogurlyk däl, olar düýbünden başga, täze pikirler. Okaýan mahalyň durmuş tejribäň, ýoluň akyl eleginden geçýär. Şol elege-de täze pikirler düşýär. Şonuň üçin men, sähel mümkinçilik bolsa, klassyka okaýaryn. Klassyka meniň üçin hem ybrat alyş mekdebi, hem oýlanmak, ýolumy gözlemek üçin özboluşly älem. Bäsleşik diýen sözüňe düşünýärin. Elbetde, men klassyka meýdanyndaky ýazyjy däl, «general bolmagy islemeýän soldat barmy» näme?! Ussatlara meňzejek bolmagyň aýyby näme? Her döwrüň, her klassygyň öz ýoly, aýratynlygy bar. Atamyrat Atabaýew Magtymgulynyňky ýaly didaktiki goşgyny ýazyp biljekdigini aýtsa-da, XVIII asyryň öwüşginini saklap bilmese gerek. Bu gün Puşkiniň, Tolstoýyň, Gogolyň äheňinde eser döretmek sadalyk bolsa gerek. Şolaryň äheňini, stilini öwrenip, şu gün bilen deňeşdirip, akyl eleginden geçirip, «bişirip», soň eser döretmegi işe dogry çemeleşmek hasaplaýaryn. Gurbannazar Ezizowyň goşgusy ýadyňdadyr: Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy, Päkligiňde bolup bilseň şonça bol. Sen sanama gara saçyň agyny, Sen sag-aman öreniňe monça bol. Ine, şu günüň didaktikasy. Saz äleminde öz ýoly bolmadyk bagşy hasaplanmaýar. Bagşylar ençe ussatlary öwrenip, ybrat alyp öz ýollaryny tapýarlar. Ýeri gelende aýtsam, biziň ýazyjylarymyzyň köpüsi öz ýollaryny tapyp bilenoklar. Soragyňdan biraz daşlaşandygym üçin bagyşla... GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Dogry aýdýarsyň, özüňi özgelerden gözlemeli. Sözüňem özgelerden gözlemeli. Diňe özüňi tapaňsoň, sözüňi tapaňsoň, ýazyjy bolup bilýärsiň. OSMAN ÖDÄÝEW. Adamyň esasy bir halypasy, mugallymy bolýar. Ol hem DURMUŞ. Ol öwredende ýadyňdan çykmaz ýaly, gaty berk öwredýär. Durmuş halypam maňa şu ýaşyma çenli örän köp zady öwretdi. Özem ol bir görseň gazaply, bir görseň rehimgöý. Durmuş mugallymyndan soňky halypalar barada aýtmaly bolsa Hudaýberdi Durdyýewden, Ata Yklymdan öwrenen zatlarym az bolmady. W.Gýugonyň, L.Tolstoýyň, I.Turgenewiň, A.Çehowyň, I.Gonçarowyň, T.Mannyň, W.Astafýewiň, Ç.Aýtmatowyň döreden eserleri ýüregime has ýakyn, ýakymly.. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Nesip edip, meşhurlyk gelse, kämillik gelse, atlarymyz ebedileşdirilse sen nämäni arzuw edýäň? OSMAN ÖDÄÝEW. Be, geň sorag berdiň. Köçä adymyň dakylmagyny däl-de, gowy, gohsuz, arassa köçede, gowy jaýda ýaşamak isleýärin. Köçelere at dakmak kampaniýa öwrüldi. Şu günler birinji kampaniýa gutardy, ikinjisi başlandy. Soňunyňam nähili boljagyny Alla bilsin. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Göwnüme bolmasa, suhanwerlik, ylham saňa eje tarapdan geçen ýaly. Ejeň Ogulmeýrem daýzanyň inçelikden juda jaýdar sözleri aýdýandygyny öz içimden belläp goýupdym. OSMAN ÖDÄÝEW. Enemiň durmuşy ýaşlygynda ýeňil bolmandyr. Häzirem ýeňil däl. Ýazyjy dostlarymyň biriniň «Köňlümiň aramy» atly hekaýasynda enäniň elleri hakda şeýle setirler bar: «Şu elleriň çeken zähmetinden men näçe kitap satyn aldym. Bu eller latynçalap gol çekip, student ogluna näçe pul ýollandyr! Bu eller ogul öýermek, toý tutmak üçin häzirem wagtyny boş geçirmeýän bolarly». Pul, baýlyk biziň gapymyza Keminäniň aýalyndanam seýrek geldi. Enem meni okatmak üçin her aýda yzymdan pul ýollardy. Şol pullaryň nähili kynlyk bilen gazanylyp iberilendigine şu günler düşünýärin. Ykbal meni ýazyjylyk küýüne atlandyryp Aşgabada taşlapdyr. Meniň welin, ýüregim enemiň ýanynda. Enemiň bar gaýgysy men. Alladan bar dilegem maňa berk jan saglyk, uzak ömür. Enemiň dileginiň sähelçesi ýerine gowuşsa-da, men örän uzak ýaşamaly. Ýöne kesel ajala öwrülip depände pelesaň ursa, şol erbet. Meniň infarkt bolanymy eşidende, enem dessine samolýota münüpdir. Gözüne ýaş aýlap, elden-aýakdan galyp dur. Ata-enäniň janynyň perzentdedigi çyp-çyn. Çary Söýünow diýen lukman garyndaşymyz bar. Ol her sapar eneme Aşgabada gaýtjagyny aýdyp, näme sargydynyň bardygyny sorap gaýdýar. Ýöne arada işi gyssagly bolup, enemiň ýanyna barman gaýdyberipdir. Onuň gaýdanyny eşidip, enem ynjalyp bilmändir. Ogluma bir zat bolandyr, onam menden ýaşyrýandyrlar öýdüp gorkup, şähere jaň etmäge gaýdypdyr. Sesi gorkuly çykdy: — Sesiňi eşitdim, indi arkaýyn men, oglum!.. — diýýär. Men indi ýigrimi ýyl bäri aýraçylykda ýaşaýaryn. Şunça ýylda aýraçylyga öwrenişiläýjek ýaly. Ýöne obadan gaýtjak bolanymda hernäçe özüne erk etjek bolsa-da, enem gözýaşyna rüstem gelip bilenok. Hamrak enemiň şol gözýaşy «Ugradyş» hekaýamy döredipdi. Ol hekaýany sen sentimentallykda aýyplapdyň. Ýöne men öz sentimental dünýämi gizlejek bolup nädeýin. Ýeri gelende aýtsam, ikimizem sentimental adam. Soňky döwürde hem enemde, hem mende bir gorky döredi: betbagtçylyk öýümize ýene at salyp geläýjek ýaly bolup dur. Bu duýgy ýigrimi iki ýaşly inim Begenji, abamy sähel wagtyň içinde ajal alyp gidenden soň has çiş alyp, pikir-duýgymyzyň alnynda süzme halta ýaly asylgy dur. Oba barsam, birki gün hiç ýerik çykamok, enem bilen oturyp, dünýäniň gürrüňini edýäris. Şol gürrüňler meniň döredijiligim üçin egsilmez çeşme. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Meniň ejem dünýeden ir gitdi, ýogalanda saçynda ýekeje-de ak gyl ýokdy. Ýöne ir gitsin, giç gitsin, eneden doýma barmy? OSMAN ÖDÄÝEW. Bir söz bilen aýtsam-a, özümi bergisini kyrk ýyl bäri doly üzüp bilmän ýören bergidar ýaly duýýan. Enemiň ýazyjy oglundan tamasy uly, ýalňyz oglunyň hem bergidarlygy kiçi däl. Çagalyk ýyllarym ýadyma düşýär. Pagta ýygardyk. Biziň pagta ýygman oýnasymyz gelerdi. Şonda enem maňa iki sany kiçeňräk fartuk tikip beripdi. Her doly fartugyňa bir gyzykly erteki. Özem isläniňi — döwli gerekmi, haýwanlar hakdamy, gülkülimi, şu günler hakdamy, obamyz hakdamy — zakaz beräýmeli. Ertekileriň gutarar gorkusy ýokdy. Enemiň gapdaly bilen erteki diňläp, pagta ýygyp barşyma hezil ederdim. Soň görüp otursam, şol ertekileriň galabasyny ogluna pagta ýygdyrmak, çeper edebiýata imrikdirmek üçin enemiň özi döreden eken. Şol gyzykly ertekileri men şu günlerem hezil edip ýatlaýaryn, körpe ogluma aýdyp berýärin. Enem birnäçe dessany, «Görogly» eposyny ýaşka ýat tutupdyr. Ol käte bir aýdymyň bir bendini aýdyp, şonuň haýsy dessanda bardygyny soraýar welin, bilmeýänime ýüzüm gyzýar. Ol gazetleri, žurnallary sypdyrman okaýar. Olaryň her bir sanyndan oglunyň adyny gözleýär. Oglam muny duýsa-da, tamany ödemän, gezip ýör. Enemiň sözleri bilen aýtsam, «gaty az işleýärin, mundan ýagdaý bolmaz». GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Maşgala durmuşyň barada özüm-ä bilýänem welin, okyjylar üçin birki agyz aýdaýsaň. OSMAN ÖDÄÝEW. Aýalym Oguldurdy Gurbannazar gyzy çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär. Ol meniň ýazýan eserlerimiň birinji okyjysy. Oglum Guwanç uniwersitetiň himiýa fakultetinde okaýar. Wepa obada — enemiň ýanynda. Ol şu okuw ýylynda orta mekdebi tamamlaýar. Sapa mekdepde, Pena çagalar bagynda. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Ömür beýanyňy öz diliňdenem eşideli, ýogsa ony sorap, muny sorap özüň ýatdan çykyp barýaň. OSMAN ÖDÄÝEW. 1954-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda (Ýazyjynyň dünýä inen hakyky senesi şu bolsa-da, dogluş şahadatnamasynda «1954-nji ýylyň 11-nji ýanwary» diýlip görkezilipdir — red.) Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň Türkmenpolk uçastogynda dünýä indim. Çölüň eteginde ýerleşýän üýtgeşik obamyz bardy. Oba arasynda aýdylyşy ýaly, orslar gelende Türkmenpolk obasynyň adamlarynyň hemmesi Owganystanyň Antguýy obasyna göçüpdir. Laýdan edilen uly-uly üçekler, howlular boşap galypdyr. Astanababanyň Garagaç uçastogynda ýaşaýan käbir hojalyklar — biz — omarlar urugynyň gataýaklar topary boşap galan oba göçüp gelipdiris. Meniň deňi-duşlarymyň ilkinji «klas tagtalary» şol üçekleriň, haýatlaryň diwarlary bolupdy. Boşap galan obada uzak ýaşamak bize-de nesip etmedi: on alty sotukly mellege — täze tipli posýologa göçürip, Türkmenpolk obajygyny ýer bilen ýegsan etdiler. Indi biziň şol oturan ýerimizde her ýyl bereketli «ak altyn» hasyly alynýar. («Ojak» hekaýasy). Mekdebi tamamlap, elbetde, uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa geldim. Giriş ekzameninden ýykyldym. Soňkusy ýyl türkmen filologiýasyna girip bilmerin diýen howatyrlanma bilen daşary ýurt dilleri fakultetine girjek boldum. Ýykyldym. Şondan soň daşary ýurt dilleri fakultetiniň taýýarlaýyş kursuna okuwa girdim. Okuwyň daşyndan «Soýuzpeçatda» sortlaýjy, kerpiç zawodynda bar otur-kersen getir, demir ýolda ýükçi bolup işledim. Daşary ýurt dilleri fakultetiniň nemes dili we edebiýaty bölüminiň soňky kursunda — 1979-njy ýylda Ahmet Bekmyradowyň öňe düşmegi bilen «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda korrektor bolup işe başladym. Bäş ýyldan soň şol žurnalyň medeniýet, tankyt we bibliografiýa bölümine edebi işgär bolup işe geçdim. 1989-njy ýylda belli režissýorymyz Kakajan Aşyr Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna ýolbaşçy saýlandy. Ol meni teatryň edebiýat bölümine işe çagyrdy. Ikelläp razylaşdym. Sebäbi Kakajan türkmen teatr sungatymyzda uly mekdep. Ondan öwrenerlik, nusga alarlyk zat kän. Bu günlerem, özüň bilýäň, Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň «Ruh» döredijilik-önümçilik birleşigi bilen. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Hususy neşirýat açmak meselesinde sen köplerden öňürtdiň, meselem, men-ä bu işe senden soň başladym. OSMAN ÖDÄÝEW. Men-men diýilýýän ýaşa ýeteniňden soň köp işleri bitiresiň gelýär, bitirip biljegiňem duýýarsyň. Repressiýa düşenleriň, aramyzdan ir gidenleriň eserlerini çap etmek, olaryň ömür ýoluny beýan edip, ruhlaryny galkyndyrmak, şeýle hem türkmen halkynyň ruhy mirasyny elýeterli etmek üçin çalyşmak meniň üçin-ä hökmanylyk, borç. «Ruhuň» esasy maksadam şu. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Astanababadaky obaňyza köp gitdik, obadaşlaryň deň ýary meni tanaýandyr, obadaky dostlaryň meniňem dostlaryma öwrüldiler. Dostlaryň seniň ýazyjylygyňa nähili baha berýär? OSMAN ÖDÄÝEW. Her biriniň öz talaby bar. Abraý käte agyr ýazýaň, podtekstleriň üstüni açyşdyr diýýär. Akmyrat powest, hekaýa ýaly kiçi žanr bilen meşgul bolup ýörmän, her biri ýassyk ýaly roman ýazmagymy, Görogly, Oblomow, Korçagin, Stalin ýaly ýatda galýan üýtgeşik obrazlar döretmegimi teklip edýär. Allamyrat gahrymanlaryň prototipleriniň kimlerdigini, her bir çykan esere näçe manat beriljekdigini bilmek isleýär. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Seniň Çehowyňky bilen atdaş «Altynjy palata» atly bir oňat hekaýaň bar. Şonda dostlaryňdan, ýoldaşlaryňdan närazylygyňy ýaňzydýaň. Sen dostlaryň, ýoldaşlaryň hatasyny göwnüňe alýaňmy? Dost hatasyny bagyşlap bilýäňmi? OSMAN ÖDÄÝEW. Eger dostuň her bir hatasyny göwnüňe aljak bolsaň, onda bu ýalançy dünýäde ähli kişini ýalançy hasaplap, dostsuz geçäýmeli. Esasy zat, dostuň ýüreginde görüpligiň, ýamanlygyň bolmazlygy. Onça-munça kemçiligiň patyşanyň gyzynda hem bolandygyny ýöne ýere aýtmandyrlar, onça-munça hatany ýatlap ýörere bolanok. Aýratynam, meniň dostlarym babatda. Özümdäki kemçilikleriň birini aýdaýyn: men dostlaryma şeýle bir ynanýaryn, käbir aýdylmasyz gürrüňlerimi-de aýdyp, olar bilen derdimi paýlaşmakçy bolýaryn. Sebäbi dünýäniň ahwalatlary kiçi ýüregiňe sygar ýaly däl. Ýüregiňdäkini kimdir biri bilen paýlaşsaň, dünýäň giňeýär. Asyl, kimdir birine sygynyp, içiňi döküp ýaşamak ýeňil. Men şol ýeňillige gidip kösenýärin. Içimi dökenlerimiň biri ertirki gün meniň aýdanlarymy ile pişme seçen ýaly edip goýberýär. Ynanan adamyň ikilik etse, öýkelemezmiň?! Men özümi öýkeçil hasaplaýaryn. Ýöne meniň öýkämi, köplenç, duýanoklar. Onsoň, menem öýkämi duýdurjak bolup ýöremok. Täze aladalar bilen öýkeler ýatdan çykyp gidýär. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Öwgi hoş ýakýar, gizlemäli, ýöne tankyda çydaýarmyň? OSMAN ÖDÄÝEW. 1983-nji ýylda geçirilen ýaş ýazyjylaryň respublikan seminar-maslahatynda ýazyjy Tirkiş Jumageldiýewiň meniň «Albaý» powestime eden belligini ýatlaýaňmy? Eserde beýan edilýän wakalardan, gahrymanlaryň geýnişlerinden, gepleýişlerinden, ýaşaýyş ukladyndan seniň diýýän döwür — wagt birligiň duýulmaly, duýulmaýan bolsa ýazyjynyň kemçiligi. Bu waka pylanynjy ýylyň pylanynjy gününde bolupdy diýen takyklamanyň zerurlygy ýokmuka diýýärin. Bagtyň geçmegi bilen eser könelýän, möwritini, aktuallygyny ýitirýän bolsa, onda onuň hakyky eser däldigi barada köp gürrüň etdiler. Göwher üstünden näçe asyr geçse-de, göwherligine galýar. Eserdäki ideýanyň islendik asyrda bolup geçmegi mümkin, üýtgejek zat diňe ýaşaýyş uklady. Tankyda nähili garaýaň diýýäň? Tankydy dostlarym etse halaýaryn. Edilen tankydy belligi, köplenç, düzedýärin. Ýöne bahylyň, gowy niýetli däliň belligine üns berip duramok. Durmuşyň gowy tarapy — haýsydyr bir pes niýetliniň seni garalamaga, üstüňden atanak çekmäge synanyşany bilen gara adam bolaňok. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Eseriňi çyzsalar, goşsalar, düzediş girizseler nähili garaýaň? OSMAN ÖDÄÝEW. Redaktorlar hil-hil bolýar. Käbir redaktor redaktirleýän eserini öz galypyna saljak bolup, sözlemleriňi parçalaýar. Sözlemleri öz galypyna salmak keseline ýolugan redaktorlary men halamok. Käbir redaktor seniň beýan ediş usulyňa derrew düşünip, ruçkasyny sözlemleriň üstünde palta dek oýnatjak bolmaýar: «tüssäniň» çykyşyna üns berýär. F.M.Dostoýewskiniň eserleriniň üstünde şeýle bir işlemek isländikleri, ýöne ýazyjynyň stiline palta urmakdan saklanandyklary hakda edebiýaty öwreniş ylmynda köp gürrüň etdiler. Nobatgulynyň degişmä salyp diýýän sözi bar: — Redaktorlar käbir ýazyjynyň eserini düýpden täzeden ýazyp, olaryň näteňenälet ýazyjydygyny ile tanatman geçdiler. Goý, nähili sözlem düzüp bilýändigiňi, näderejedäki ýazyjydygyňy il görsün, baha bersin. Redaktoryň «eşigi» bilen ile çykmak, meniň pikirimçe-hä, masgaraçylyk. Sözlemi dürs düzüp bileňokmy, başarýan başga pişäňi edibermeli. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Eserleriň arasyndan özüňe aýratyn gadyrly bolanlaryndan üçüsini saýla. Men «Albaý», «Aýlaw» powestleriňi, «Hum» hekaýaňy saýlardym. OSMAN ÖDÄÝEW. Bagyşla, bu saýlawa gatnaşyp biljek däl. Özümiň halamadyk eserimi hiç ýere hödürlämok. Ile çykaran «harydyma» özüm at dakyp, bu ýagşy, bu ýaman diýip durmaýyn. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Häzire çenli döreden eserleriňi ömrüňe hem mümkinçiligiňe paýlasak, prosent hasabyndan nähili bolardy? OSMAN ÖDÄÝEW. Adamyň ýaradylyşyna oturyp-oturyp geň galýaryn. Allatagala adamyň gursagyna GÖWÜN salyp, «Adamlary ummasyz maksatlara, arzuwlara atar, goý, olar şol arzuw-maksatlaryna doly ýetip bilmän dünýäden ylgap geçip gitsinler» diýen bolmaly. Öňümizde şeýle bir arzuw-maksat baýlygy bar, aňrysyna hiç ýeter ýaly däl. Garyp arzuwçyl bolar eken. Ýeter-ýetmezçilik arzuwyňy köpeldýär. Käte işim kän, arzuw edere wagtym ýok diýýärler. Meniňki tersine, şeýle bir arzuwlar basýar, şol arzuwlardan ýaňa iş edere wagt ýok. Biler bolsaň, şu güne çenli bergisiz ýaşan günüm ýok diýen ýaly. Şol bergiler elimi-aýagymy, döredijiligimi duşaklap durlar. L.Tolstoý «Döretmek üçin tyl gerek» diýipdir. Mende, ana, şol tyl ýok. Şeýle bolansoň dumly-duşumdan ýakymly-u-ýakymsyz hüjümler bolup dur. Çagalaryň birine «Montana» gerek, beýlekisine «Adedas». Olaryň her biriniň bahasam müň manatdan aşak däl. Dişi gädikje körpäm biz dördünji gatda ýaşaýarys, birinji gat magazin. Magaziniň öňem durşuna söwdagär, mekgejöwen bilen garpyzyň satylýandygyny gelip buşlar. Alyp bermez diýip pikirem edýän däldir. Sen ogluňa mekgejöwen bilen garpyzy köp iýmegiň zyýanlydygyny düşündirjek bolarsyň... Onsoňam, biziň köp wagtymyz bihuda geçip dur. Garyplyk sanja öwrülip, böwrüňden dürtse, resmilikler böwenjik deýin wagtymyza doýman-dolman talaň salýar. «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda işlän ýyllarymy ýatlaýaryn. Sagat dokuza işe barardyk. Altyda hem işden gaýdardyk. Günuzyn işde işsiz oturmaly. Edaranyň bir aýlyk işini dört-bäş günüň içinde aňryýany bilen bitirip bolýardy. Aýyň galan günlerini diňe ýüz elli manat aýlygyň hatyrasy üçin oturmaly. Özem hiç iş etmän oturmaly. Nähili aýylganç jeza. Ömrümiziň gül ýaly wagtyny şeýdip boş oturyp geçiripdiris. Edarada döredijilik bilen-ä meşgul bolar ýaly däl. Beýleki bölümdäkiler hem işsiz bolansoň, seniň ýanyňa warsaky hantama bolup gelerler. Şeýle boş geçen günler bir däl, iki däl, eý-ho, ýatlasam, ýüregime dowul düşýär. Edarada, elbetde, ertirden agşama çenli işlemeli. Işläbem ýörler. Ýöne iş ýogam bolsa, aýlygyň hatyrasy üçin hiç ýerik çykman boş oturmaga mejbur etmegi gurluşymyzyň rehimsizligi hasaplaýaryn. Häzire çenli döreden eserlerimiň ömrüme hem mümkinçiligime görä has azdygyny açyk bilýärin. Ynansaň, dünýäni unudyp şeýle bir işläsim, ýazasym gelýär. Wah, hiç bolmanda üç-dört aýlap ähli aladalarymy allowarra taşlap bir işlesedim!.. Men indi iki-üç ýyl bäri ýeke setirem ýazamok diýsemem boljak. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, päsgelçilik ýüplerinden sypyp, nirädir bir ýerik işlemäge gidesim gelýär. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Ara ep-esli wagt salyp, ýazmaýan wagtlaryň bar. Arasynda durmuşdan basyljak bolýaňmy? OSMAN ÖDÄÝEW. Ýok, diňe onuň üçin däl. Soňky döwürde durmuşyň birden üýtgemegi bilen edebiýata bolan garaýşam üýtgedi: hiç bir babatdan çeper eser diýen ada mynasyp bolmadyk eserleri, şol eserleriň awtorlaryny öwüp arşa çykaryp ugradylar. Ýagşy bilen horda garyşdyryldy. Edebiýatyň MIZAN TEREZISINIŇ ÖLÇEGI bozuldy. Netijede bolsa, edebiýata bolan höwes düýpden gaçdy, kitabyň okyjysy azaldy. Şu hem mende tykyrama döretdi. Men ýalan bilen halky uzak aldap bolmajakdygyna hemmeleriň düşünmegini isleýärin. Mende indi başky gorky azaldy. Gowy eser döretmäge ukyply bolsaň, et-de gidiber. Irde-giçde ýazanlaryňa wagtyň adyl sudy sereder. Ine, şu pikir bilenem işläsim gelýär. Men gowy eserler döredýän diýmekçi bolamok. Näme ýazsam ýüregim bilen ýazýandygymy aýdaýyn. Ýüregimden çykýan «önümler» ilhalarmy ýa-da dälmi, ony okan bilýär. Ýöne kitap dükanyna juda seýrek barýan okyjylardanam bu gün öýke eder ýaly däl. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Ýazyjynyň ömri onuň döredijiligine siňýär diýilýär. Ol sende nähili? Ömrüň döreden eserleriňe laýyk gelýärmi ýa-da ol edebiýatdan düýpgöter üzňemi? OSMAN ÖDÄÝEW. Edebiýatymyzda, üns berýän bolsaň, soňky döwürde şeýle bir hapa köpeldi, Men edebiýatdaky otrisatel tipleriň položitel gahrymanlardan köpdügini, agalyk edýändigini, edýän eden-etdiliklerini hem hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajakdygyny göz öňünde tutýaryn. Bu bir. Ikinjiden, položitel diýilýän gahrymanlaryňam «Bä, şuňa meňzäp bolsady» diýdirýäni ýok. Köpüsi maýda gepli, zeýrenjeň, ylhanat gahrymanlar. Şeýle bolansoň, meniň bu ýoldan gidesim gelenok. Men içimdäki ýaramaz adamlara bolan gahar-gazabymy gowy adamlaryň belentliklerini beýan edip, nusga etmäge çalşyp sowatmak isleýärin. Edebiýaty diňe gowy obrazlar ýaşadýar diýen pikir bilen işleýärin. Men döredijilikden idealymy beýan etmek bilen lezzet alýaryn. Şu güne çenli näme döreden bolsam, olar meniň idealym, göwün islegim-telwasym, zeýrenjim-gaharym, söýgim. Şonuň üçin döredijiligimi ömrümden ýagty, bagtly hasap edýärin. Mysal üçin, meni durmuşda örän köp gezek aldadylar. Şonuň üçin men ýalançylaryň obrazyny döretmäge ýykgyn etmedim. Aldawyň oduna ençeme gezek çürşenimden soň, men lebiz, birsözlülik, messep, halallyk hakda, bäş günlük ýalançyda ýalançy bolup ötmeli däldigi hakda ýazýaryn. Bir söz bilen aýdanymda, ýüregim gowulygy ýaz diýýär. Menem ýüregimiň guly. Aldasa ýüregim aldasyn. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Graždanin hem ýazyjy: jemgyýetde ol ikisiniň haýsy biri öň döräp biler? Ýa-da olaryň diňe birisi bolaýanda-da ýeterlikmi? OSMAN ÖDÄÝEW. Men bir zada göz ýetirdim: zehinlileriň galabasy jemgyýetde zehinine görä hormatlanmaýar, olaryň küýi-köçesi öz meşgullanýan ugry bilen bolansoň, köplenç, sadalaç görünýärler. Zehine biraz garyplaryňky beýle däl: olar kim bilen nähili gürleşmelidigini, baran ýerlerinde özlerini nähili alyp barsa hormatyň uly boljakdygyny gowy bilýärler. Bilip, köplenç, kaşaň kürsüleri eýeläp, zehinlileriň üstünden ýolbaşçylyk edýärler. Mysal üçin aýtsam, zehinli alym Ahmet Bekmyradowa bitiren hyzmatyna görä hormat-gadyr goýmadylar. Bir elde iki garpyzyň götertmejekdigi baradaky pähim, megerem, zehinliler babatda dörän bolsun gerek. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Eserleriň döreýiş taryhynda gürrüň beräýseň, seniň özüňem şu sowaly illere bermäni gowy görýäň. OSMAN ÖDÄÝEW. Belli bir galyp ýok: käbir eser haýsydyr bir wakanyň täsiri esasynda birden döreýär, käbiri birki ýylyň täsiri esasynda. Mysallar. Möjeklerde şeýle kanun bar: gowşaklary möjekler ýok edýärler, diňe daýawlary ýaşamaly. Bizde onuň ýaly däl, gowşaklar nähilidir bir ýol bilen düşewüntlije wezipäni eýelemegi başarýarlar, şeýdibem zehinlileriň, ruhy hem fiziki taýdan sagdynlaryň üstünden agalyk sürýärler. Möjekler etmişini boýun alýarlar, adam bendesi her hili pesliklere gidibem bolsa, öz etmişini boýun almaýar. Möjekleriň şu kanuny hakda eşidenimde «Möjek kanuny» powestini ýazmak pikiri döredi. «On üçünji perde» hekaýanyň wakasyny Nobatguly Rejebow, «Hum» hekaýanyň wakasyny obadaşym Jumanazar Rozyýew, «Bir tokga nabat» hekaýasynyň wakasyny enem, «Takdyryň ýagyr teni» hekaýasynyň wakasyny mugallymlarym Gandym Ýolbarsow bilen Akmyrat Abdyrazakow gürrüň berdiler. Olaryň beren gürrüňleri esasynda hekaýa ýazdym. «Aýlaw» powestiniň ýazylmagyna Pirguly Garaýewiň «Turkmenskiýe koni» atly kitabynda ahalteke bedewleriniň tohumynyň Hazarysdan getirilendigi baradaky legendanyň ýoýulyp ýazylmagy sebäp bolupdy. Obaňyzda bolanymda seniň bir bolşuňy, gürrüň beren wakaňy hekaýa etmek isländigimi aýdypdym. Üç-dört ýyllap şol hekaýanyň «açaryny» tapyp bilmän kösendim. Seniň obadaky bolşuňy dostlaryma birki gezek gürrüň berdim. Şol gürrüňleriň birinden soň öýe gelýärkäm, hekaýanyň «açary» birden kelläme geldi. Hekaýa «Göwün kirşi» diýip at goýdum. Stol başyna geçişimi gürrüň bereýin. Işlejek bolsam, aýagym bişýän ýaly, iki ýana elewräp ugraýan. Çagalaryň gaýnadan çaýyny özlerine berip, özüm täzeden gaýnadýan. Stoluň üstüni birki gezek tertibe salýan. Meniň elewräp ýörşüme çagalar düşüş bolupdyrlar: «Abamyz işlejek bolýar» diýýärler. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Osman, seniň obaň daýhançylygyň gülläp ösen ýerinde ýerleşýär. Obalaryňyzda, göz degmesin, türkmençilik ýoly oňat saklanýar. Ýerli halkyň dili — leksikasy, däp-dessurlary seniň eserleriňe doly girip bilenok diýip hasap edýärin. Bizde ýoň bolan bir dert bar: gahrymanlarymyzy diňe edebi dilde gürletjek bolup çytraşdyk. Sen ýerli halk diline, özboluşly durmuş edim-gylymyna üns bermeli diýen pikire nähili garaýaň? Dogry düşün, men bu meselede seni tankytlamok, oňat göze görner hyzmatyň bolany üçin aýdýan. OSMAN ÖDÄÝEW. Men alty ýyllap nemes dilini öwrenip, nemes halkynyň baý leksikasyna haýranlar galdym. Nemesleriň kyrka golaý dialekti bar. Şol dialektleriň leksikalarynyň ähli nemese düşnüklisi aktiw ulanylýar. Düşnüksiz hasap edilen söz çykgytda görkezilip, eseriň diliniň baý bolmagy üçin çalşylýar. Bizde nähili? Ähli kişä düşnükli dialekt sözlerini ulanmak gadagan. Soňky döwürde, eger ýalňyşmaýan bolsam, diňe bir söz — «peýşin» sözüni şahyr Kerim Gurbannepesow dolanyşyga girizdi. Şondan başga nähili söz dolanyşyga girizildi diýilse, men-ä biljek däl. Biz türkmen diliniň birmahalky baýlygy bilen oňňut edip, öňki endik boýunça dilimiz baý diýip gaýtalap gelýäris. Hakykatynda bolsa, dilimiz ýylsaýyn garyplaşýar. Baýlygyň üsti ýetirilip durulmasa, ol azalmak bilen bolýar. Ata-babalarymyz bize türkmen diliniň şirinligi, baýlygy bilen miras goýdular. Şol baýlygyň üstüne baýlyk, şirinligiň üstüne şirinlik goşmak, ilkinji nobatda, çeperçilik intelligensiýasynyň borjy. Hawa, biziň borjumyz. Biz bolsa borjumyza dili ýoýmak manysynda düşünip geldik. Şeýdibem, dilimiziň baýlygyny, şirinligini saklajak bolup, çyplaňlaşdyrdyk. Ýene bir zat. Nemes ýazyjylary eserlerinde täze söz, aňlatma ýasamakdan, frazeologiýa söz düzümini döretmekden çekinenok. Başardygyndan täzeçe aňlatma gözleýär. Ýazyjynyň döreden sözi, söz düzümi şowly bolup, dolanyşyga girse-hä, onda ýazyjynyň bagtynyň getirdigi, ýok, täze dörän söz, söz düzümi dolanyşyga girmese, halkyň ýitirýän zady ýok. Synanyşyk kitapdan çykyp hiç kime azar berenok. Bizde her bir söz düzümine täzeçe çemeleşmek bolanok. Dogma. Sähel üýtgedendigiňi duýsalar, «Bu meňzetme beýle bolmaly däl, eýle bolmaly» diýip, gönertlemäge başlaýarlar. Döredijiden köne galypdan çykman eser döretmegi talap edýärler. Söhbetdeşligimiziň başynda «Göwnüme bolmasa, sen sözleme, leksiki serişdelere, dil bilen baglanyşykly çeperçilik serişdelerine garanda, obrazyň üstünde, onuň has indiwidual, has aýratyn bolmagy ugrunda köp aladalanýaň» diýdiň. Şu pikiriň sende näme üçin, nädip dörändigine men gowy düşünýärin: käte bile-göre leksiki normalary bozýaryn. Ine, seni tykyradýan zat. Bir aňlatmany üýtgedip, özümçe alanym bilen türkmen diliniň hiç zat ýitirmejekdigini bilýärin, eger utsa begenjekdigim üçin şeýdýärin. Şu ugurda Nobatguly şahyrda şowly synanyşyklar kän. Men obamyzyň adamlarynyň gepleýiş, däp-dessur aýratynlyklaryny özboluşlylygy bilen şeýle bir beýan edesim gelýär, ýöne şu günki demir galyp maksadyma ýetmäge mümkinçilik berenok. Şu günler latyn elipbiýine geçmäge taýýarlyk görülýär. Belki, latyn elipbiýi biziň ýolumyzy giňelder. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Ýazyjy okyjysyz oňup bilermi? Öz okyjylaryňy nähili göz öňüne getirýäň? Saýlantgy okyjylar üçin ýazýaňmy ýa olaryň saňa tapawudy ýokmy? OSMAN ÖDÄÝEW. Meniň baş okyjym — özüm. Eger ýazan eserimi özüm inkär etmesem, ile hödürleýärin. Ony her hili okyjy okap biler. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Döredijilige goşgynyň üsti bilen geldiňmi? OSMAN ÖDÄÝEW. «Çöl we bahar» atly goşgym «Mugallymlar gazetinde» çykypdy. Goşgy çykansoň Ahmet Bekmyradow duşdy (daşary ýurt dilleri fakultetiniň studentleri türkmen filologiýasy fakultetiniň studentleri bilen bir umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardylar). Ahmet goşgyny okandygyny aýtdy: — Inijik, goşgy ýazmamy goýdum. Ýogsam maňa Halyl Kuly, Kerim Gurbannepesow dagy ak ýolam arzuw etdiler. Barybir, men şahyr däl. Kömek Kulam goşgy ýazýar, olam şahyr däl. Men oňa-da goşgy ýazmaňy goý diýdim. Kakajan Rejebe-de diýdim. Men-ä ylym bilen gidişjek. Sen proza geç. Kömek proza geçdi. Şahyrlyk Hudaýtarapyn berilýär. Hudaý şu asyrda türkmene eçilibilipdir — Rehmet Seýit, Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz, Halyl Kuly, Nobatguly Rejep. Hudaý indi beýleki halklara-da eçilmese bolmaz... Ahmediň şol ynandyryjylykly sözlerinden soň goşgyny taşladym. «Gara kölegeler», «Aýdylmadyk aýdym», «Sergin şemal», «Wepa» atly powestleri ýazdym. «Gara kölegeler» powestimden bölekler «Komsomoles Turkmenistana» gazetinde çykypdy. Ol powestlerim başga hiç ýerde çykmady. Olary hiç bir ýygyndyma hem goşmakçy däl. Sebäbi olar juda gowşak. Men irki döwürde nemes dilinden hekaýalar terjime edýärdim. Olar birnäçe gezek gazetlerde çap edildi. «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda işlän ýyllarym oçerk, makala ýazmak maksady bilen respublikamyzyň köp ýerlerine aýlanyp çykdym. «Albaý» powestimi «Sowet edebiýaty» žurnalyna eltip beripdim. Men ol powesti on sekiz gezek täzeden işlän ekenim. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Haýsy zat ýürege köp agram salýar — perzentleriň, eneň öňündäki borçmy, dostuňa beren wadaňmy ýa-da ynsan hökmünde hut öz öňüňde goýan maksadyň, arzuw-islegiňmi? OSMAN ÖDÄÝEW. Eger olary terezä çekip bolýan bolsa, onda olaryň biri beýlekisinden kem geler öýdemok. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Ş.Petefi gysga ýaşapdyr diýýäris. M.Lermontow, A.Tokaý, S.Ýesenin dünýäden örän ir gidipdirler. Wagt geler, biz G.Ezizow, H.Kulyýew. N.Halmämmedow, I.Nuryýew gysga ýaşapdyr diýeris. Akmyrat Şir, Ahmet Bekmyrat, Bapba Gökleň, Yslam Babaýew ýaly ýigitleriň örän gysga ýaşandygyny boýun almaly bolar, sebäbi olaryň ornuny tutjak ýok. Ajal Alladan gelýär diýýärler. Emma ajalyň baş ýoly bigadyrlykdan, ynsan nyrhlarynyň peselmeginden bolaýmasyn? OSMAN ÖDÄÝEW. Baba Annanow ýogalanda şeýle ägirdi alyp, ýerine kimi berýäň diýip Nobatguly şahyr panydan perýat etdi. Ägirtleriň ornuny tutup bolmaýar. Olaryň gitmegi ýüregiňi daglaýar. Akmyrat Şir «Hany, kelle degirişip iç döküşeli-le» diýende, men aladamyň kändigini bahanalap gaýdypdym. Nireden bileýin onuň iň soňky günüdigini. Ýogsam, men ony, heý, goýbererdimmi! Biziň mukaddes parzymyz gidenler hakda gowy ýatlama, ýadygärlik galdyrmak. Halkymyzy ateist etjek bolup edilmedik iş, geçirilmedik çäre galmady. Halk ateist diýibem gygyrma kemini goýmadyk. Ateist bolmaly diýen kötek aýryldy welin, gör, asyl ateizme ynanýan ýok eken. Ýassyk ýaly galyň kitap ýazan ateist alymlaram bu gün toba gelip, başgaça gürläp ugradylar. Men bu zatlary diýmek bilen, ajalyň ýoluna bigadyrlyk, ynsan nyrhynyň peselmegi-de täsir etse edýändir, ýöne ajalyň esasy ýoly sanalgyňa baglymyka diýmekçi bolýaryn. M.Gorkiniň «Adam — bu at belent ýaňlanýar» diýen sözlerini gaýtalamak birmahal ýoň bolupdy. Özem ol gowy aýdylan pikirdigi üçin köp gaýtalanýardy. Adam beýik, hyzmaty ondanam beýik. GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Iň uly arzuwyň näme? OSMAN ÖDÄÝEW. Beki Seýtäkow kä gün işe gelip: «Kelledäki bar pikiri ýazyp gutardym» diýer eken. Beki aganyňky ýaly, ýazsam diýip ýören zatlarymyň hiç bolmanda, ýarpysyny bir saglyk bilen ýazsam!.. Dostlarymyň haýsydyr biriniň şu ömrümde hiç bolmanda bir gezek: «Osman, ýagdaýyň nähili? Näme kemçiligiň bar?» diýip ýürekden soramagyny isleýärin. Soraýan ýok. Içki dünýäň, aladaň, begenjiň-gynanjyň bilen hiç kimiň işi ýok. Her kimiň öz aladasy. Ýanyma gelen diňe öz aladasy, öz bähbidi bilen gelýär. Adamlar käte, hawa, käte, öz aladalaryndan birje gez ýokary galyp, gapdalyndakylaryň aladaly dünýäsine seretse, kömegi ýetmese, hoşamaý söz bilen goldaw berse, gör, nähili gowy bolardy! GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Şu beren soraglarymy az görýäňmi? OSMAN ÖDÄÝEW. Ýok, sowal-jogaba hezil etdim. Sag bol. Egnimden ýüküm ýeňlän ýaly bolaýdy. Oktýabr, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |