17:18 Möjegiñ ogly ~ Juma / hekaýa | |
МÖJEGIÑ OGLY - JUMA
Hekaýalar
1. «Ýogsa-da, möjegiň adam çagasyny ekläp-saklandygy barasynda bir gürrüň gulagyma ildi. Şol çynmyka?» diýýäňizmi? Hawa, şeýle gürrüňüň jany bar! Birnäçe ýyl mundan ozal, men hut şol wakany öwrenip, gazete bermek üçin makala hem taýynlapdym. Aýdyp bersem, bu waka Sarygamyş kölüniň töwereklerinde, ikinji jahan urşunyň yzysüre bolup geçipdir. Bir gezek nebitdir gaz gözleýän geologlar wertolýotly barýarkalar, yzyna üç sany güjügini tirkäp, adam aýagy sekmedik hyşaly-toraňňyly jeňňellikde gezip ýören ene möjegi görüpdirler. Ol döwürlerde ýyrtyjy haýwanlaryň köp wagty, onda-da Sarygamyş çöketliginiň jeňňelliklerinde bu bir adaty ýagdaý ekeni. Ýöne welin, geologlaryň ünsüni çeken zat möjegiň çagalarynyň birisiniň tüýsüzligimişin. Uçary pessaýladyp, gowuja synlasalar, ýaňky çaga hakyt adam çagasymyşyn. Ol käte emedekläp, käte-de iki aýagynyň üstüne galyp, ylgap, ene möjegiň yzyndan galanokmyşyn. Bu waka haýran bolan geologlar adam çagasyny tutmagy ýüregine düwüpdirler. Ertesi tüpeňli, torly ýaňky jelegaýa ýörite dolanypdyrlar. Wertolýotyň üstünden jeňňeli oňat synlap bolýandygy üçin bir-iki öwrüm edip, çagalary bilen güneşläp ýatan ene möjegi tapypdyrlar. Güňlenç warryldap asmandan inip gelýän zadyň özlerine howp salýandygyny aňan ene möjek çagalaryny tirkäp gaçyp ugrapdyr. Emma geologlar çemine salyp, adam çagasynyň üstüne tor oklap, ony tutupdyrlar. Tora çolaşan çaga çirkin ses edip, ene möjegi kömege çagyrypdyr. Ene möjek yzyna öwrülip gelip, çagany tordan boşatmakçy bolup hernäçe synanyşsa-da başa barmandyr. Geologlar öňden göz öňüne tutup ýörite berkiden ýüplerini çekişdirip, tory çaganyň daşyna mäkämlänsoňlar, ony wertolýota göterip ugrapdyrlar. Bir görseler, ene möjek hem tora ýapyşyp, dişlerini biri-birine çalyp, ýokaryk galyp gelýärmişin. Eger wertolýota girip bilse, bellisini edişjegi çynymyşyn. Ataly diýseler, çagany-da ýaralamaklary mümkin. Şonuň üçinem tory wertolýotyň gapysyna çenli çekip getirip, ene möjegi tüpeňiň gundagy bilen urup ýykypdyrlar. Belentden gaçandygy üçinmi ýa-da tüpeňiň gundagynyň bijaý degmegindenmi, ene möjek düşen ýerinde düşüşi ýaly dem-düýtsüz süýnüp ýatanmyşyn. Çaga bolsa jynssyz-jynssyz gygyryp, depirjikläp, dyrnaçaklap tordan boşamaga synanyşýarmyşyn. Ol tapdan düşüp, usurgap ýatyp galýança urnanmyşyn. 2. Möjegiň elinde bolan çaganyň saçydyr dyrnaklary biçak ösgünmişin. Endamy kir-kimirmişin. Jeňňellik ýerde gezendigi üçin elleriniňdir aýaklarynyň çöp-çalam ýyrtyp, ýara düşen ýerleri ganjaryp duranmyşyn. Özem gapyrgasyny sanabermeli hormuşyn. Geologlar çagany getiip, Daşhowzuň içeri işler bölümine tabşyrypdyrlar. Şol gün hepdäniň bäşinji güni bolandygy üçin ony Juma, atasynyň adyny bolsa Пятница diýip wagtlaýyn hasaba alypdyrlar. Dagy nätsinler ene-atasy belli bolmasa. «Çagamyz ýitdi» diýip, ozal hiç hili arza-haýyş düşmese. Içeri işler bölüminiň işgärleri Sarygamyş töwerekde ýaşaýan çopan-çoluk maldarlaryň arasyna aýlanyp, dört-bäş ýyl mundan ozal çagasy ýiten maşgala barmy-ýok gyzyklanypdyrlar. Emma Juma eýe çykan tapylmandyr. Gaýtyp, «Siziň bu tutanyňyz nega-da bir mazarystanlyk ýerlerde duşýan görköw ýa-da demirdyrnak diýilýän adampisint jandar bolaýmasyn?!» diýip, öldürip gömmegi maslahat beripdirler. Olar soňra ony ruhy taýdan göýdük çagalaryň welaýat hassahanasyna ýerleşdiripdirler. Sebäbi möjek terbiýesini alan dört-bäş ýaşly çaganyň boluşlary adaty adam çagalarynyňky ýaly dälmişin. Ilki bilen Jumanyň ösüp giden saçydyr dyrnaklaryny alypdyrlar. Aýak-elleriniň ýaralaryny bejeripdirler. Adamlaryň durmuşyna uýgunlaşdyryp ugrapdyrlar. Emedeklände zeper ýetip ýaralanan dyzlaryny bejermek has–da uzaga çekipdir. Bejerýänleri dişläp, dyrnaýandygy üçin, bejergi geçirenlerinde kimdir biri ony pugta tutup durmaly bolupdyr. Gaçyp gitmez ýaly, ony aýratynja otagda gulplap saklapdyrlar. Başda oňa çig et berip, kem-kemden adaty iýmite öwrenişdirip başlapdyrlar. Ol beýleki näsag çagalar ýaly krowatda ýatman, onuň aşagyna girip, düýrügip ýatmagy gowy görüpdir. Ýagty yşygy halamandyr. Gündizine uklap, gijesini bolsa oýalykda geçiripdir. Käte-käte jynssyz «uwlap», goňşy otaglardaky çagalaryň zähresini ýarypdyr. Adamlaryň edim-gylymyna örän haýal öwrenişipdir. Oňa geplemegi öwretmek has-da kyn düşüpdir. Ony şeýdip on dört-on bäş ýaşlaryna çenli Daşhowuzdaky hassahanada saklapdyrlar. Soňra bolsa «çagalykdan saýlanan» diýip, ruhy näsaglaryň Aşgabatdaky hassahanasyna geçiripdirler. 3. «Sen onsoň Jumanyň soňky täleýi bilen gyzyklanmadyňmy?» diýýäňizmi? Gyzyklandym, diňlärin diýseňiz, ony-da aýdyp bereýin. Bu barada bir lukman tanşymdan eşidip, Jumany görmäge baranymda, ol otuz ýaşlaryndaky, kiçeňräk boýly, garaýagyzdan hortap adamdy. Ýyldyrap içiňden geçip barýan ýiti, gyýalaç gözleri bardy. Bir özüni garaňkyradylan pessejik otagda saklaýardylar. Oňa gözegçilik edýän şepagat uýasynyň gürrüňine görä, ol henizler hem köplenç gündizine uklap, gijesini bolsa oýalykda geçirýär ekeni. Käte möjek ýaly uzyn-uzyn «uwlaýarmyşynam». Özem krowatda ýatman, onuň aşagyna sümlüp ýatanyny kem görmeýärmişin. Meniň haýyş etmegim bilen lukmanlar ondan çykarynmagyny soradylar. Ol haýal–ýagallyk bilen çykaryndy. Men şonda möjegiň yzynda uzak emedekläp gezendigi üçin dyzlaryna düşen ýaralar birwagt biten-de bolsa, olaryň yzynyň henizler hem gyzaryp durandygyny gördüm. Juma esewançylyk edýän şepagat uýasy «Biz ony hassahananyň naharhanasyna ol-bu işe kömekleşmäge goýberýäris. Çig et dogralyp duranyny görse, ol derrew ymsynyp ugraýar. Bir dogramça çig et berseler hoş bolup, ony höwes bilen iýýär» diýip gürrüň berdi. Men ondan Jumanyň Aşgabada getirilmezinden öňki durmuşy barada nämeler bilýändigini soradym. Ol garryja rus aýaly «Jumany bize getirip tabşyranlarynda oňa çagalykdan enekelik eden şepagat uýasy hem bile geldi. Men ony günortanlyk çaýa çagyrdym. Ol şonda «Biziň hassahanamyz şäheriň bir çetinde ýerleşýär. Juma bizde bolup ugran döwürlerinden başlap, her gije alyslardan möjegiň uwwuldysy eşidilýärdi. Juma şol bada çuslanyp, çirkin «uwlap», oňa jogap berip ugraýardy. Bu ýagdaý bir-iki ýyllap dowam etdi. Soňra alysdan gelýän möjek sesi näme üçindir kesildi. Barybir Jumanyň heniz-henizler-de gijesine «uwlaýan» halatlary bolýar» diýip, maňa gürrüň berdi» diýdi. Asla-da, Juma barada bilýän şu zatlarymyň aglabasyny men şol garryja aýaldan eşitdim. Meni Jumanyň ýanyna alyp baranlarynda, ol öz garaňkyja otagynda krowatyň aşagyna sümlüp, bir çugdam bolup, düýrülip ýatan ekeni. «Ol özüni gündizine juda mejalsyz duýýar» diýip, şepagat uýasy düşündirdi. Men Jumadan: —Seniň adyň kim? –diýip, soranymda, ol örän kynlyk bilen üzlem-saplam gürläp: —Me-e-niň a-a-dym J-j-ju-ma –diýip jogap berdi. —Ejeň, kakaň barmy? —M-m-m-men-iň e-e-jem mö-öö-öjek. —Möjek ejeň dirimi? –diýsem, uzak wagt dymyp durdy-da: —O-o-ny öl-dür-diler –diýdi. —Jumanyň möjegiň elinde bolandygy barasynda edilýän gürrüňleriň jany barmy? –diýip, Juma gözegçilik edýän lukmandan soranymda, ol: —Türkmen Mauglisini döredäýjeksiň welin,başa barmasa gerek, hormatly žurnalist! –diýip, özüniň bu gürrüňlere känbir ynanmaýandygyny, Jumanyň owalbaşda göýdük doglan çagadygyny ýaňzytdy. Men oňa enekäniň Juma baradaky gürrüňini, onuň gijesine «uwlaýandygyny» we beýleki käbir delilleri ýatladanymda bolsa, ol: —Ruhy näsaglaryň arasynda «uwlaýany-da», «üýrýäni-de», «arlaýany-da», hatda eşek bolup «aňňyrýany-da» tapylýar –diýdi. Men köp kitaplary dörüp, haýwanlaryň adam çagasyny eklän halatlarynyň bolandygy baradaky käbir delilleriň üstünden bardym. Ýöne ol çagalaryň adaty adamlaryň durmuşyna getirilensoň uzak ýaşamandygyny ýazypdyrlar. Olardan iň uzak ýaşany gimalaý aýysynyň ekläp-saklan Amaliýa atly hindi gyzjagazy. Ol on ýedi ýaşap aýrylypdyr. Men Jumanyň möjekden alnandygyny tassyklaýan haýsy-da bolsa bir degerli delili gola salaryn diýen umyt bilen Daşhowza uçdum. Ol ýerde Jumanyň içeri işler bölümine ýa-da hassahana tabşyrylyşy baradaky resminama-ýazgy saklanyp galandyr öýtdüm. Emma gözleglerim netije bermedi. Jumanyň hakykatdan-da möjekden alnyp tabşyrylandygy baradaky ýekeje-de resmi deliliň özümde ýokdugy üçin bu täsin waka hakda taýynlan makalamy gazete bermämi goýbolsun etdim. 4. «Makalaňy çap etdirmeli ekeniň, bu waka hakykata ýakyn ahyryn!» diýýäňizmi? Hakykata ýakyn bolsa, hany onuň şeýledigini subut edip boljak delil? «Obadan çetde bäş-on goýny bilen çopançylyk edip ýaşaýan är-aýalyň ikisi-de agyr kesele ýa-da başga bir derde uçrap, tarpa-taýyn ýogalyp, yzynda çagasy galan bolsa näbilýäň? Goragsyz mallary paýhynlap mes bolan möjegiň aglap ýatan çagany sürenine alyp gidip, emdirip, garaşyk eden bolmagy juda mümkin» diýýäňizmi? Siziň bu diýýänleriňiz öz çaklamaňyz. Eger bu şeýle bolsa, hany onuň bölüme tabşyrylandygy baradaky resminama? «Belki, ony ýitirendirler. Belki, bu geň waka barada dil ýarsak, dumly-duşdan gyzyklanyp, bizar-peteňimizi çykararlar öýdüp görkezmejek bolandyrlar. Belki-de, başga bir sebäp bardyr...». Bu waka çynmy-ýalan onçasyny biljek däl welin, möjegiň pähimli, mert jandardygyny aýdyp biljek! Onuň sürä darap, garadonly bolmagy bolsa aw örüsiniň gysylmagy, keýik, gulan, umga ýaly jandarlaryň sanynyň azalmagy bilen bagly. Bu bolsa biziň günämiz. «Ol häzir dirimi, şol hassahanada saklanýarmy?» diýýäňizmi? Jumanyň soňky täleýi barasynda men anyk bir zat bilemok. Ýöne ol häzir hassahanada ýokmuşyn. Asla-ha, il arasynda «Dälihana» diýlip atlandyrylýan şol hassahanany Daşhowza göçüripdirler. Dogrymy diýsem, men bu wakany, başda aýdyşym ýaly, aňyrsynda anyk bir tutarygyň ýokdugy üçin üns merkezinde hem saklamadym. «Juma häzir hassahanada ýok diýýäň welin, ol nirä ýitirim bolduka?». Onuň hassahanadan ýitirim bolşy barada her dürli «myş» gürrüňler bar. Şol gürrüňleriň has täsini «Juma hassahanadan gaçanmyşyn. Sarygamyşa —çaga wagty möjek enesiniň yzynda gezen ýerlerine gidenmişin. Goňşy Gazagystan bilen araçäkdeş, adam seýrek barýan jeňňelliklerde möjekler bilen ýaşap ýörenmişin. Oňa gaçmaga-da hassahanada ýatyrka Juma bilen tanşyp, nebsi agyran bir şofýor kömek edenmişin». Ýöne bu gürrüňler ýalan bolaýmasa... «Kim bilýär, belki-de, çyndyr... Durmuşda käte garaşmadyk zatlaryň hem bolýar ahyryn». Hemra ŞIROW. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |