03:35 Möjekdir tilkiniñ şir bilen awa gidişleri hakynda hekaýat | |
Möjekdir Tilkiniñ Şir bilen awa gidişleri hakynda hekaýat
Goşgular
Bir gün Şiriñ awa gidesi geldi, Ýanyna Möjekdir Tilkinem aldy. ol şeýle pikiri aýlady serde: "Zyýany däl awumy göterseler-de. Ýörse şu ikisi ýanymda ýortup, Kuwwatym öñküden görüner artyk..." öçügsi ýyldyzlar nurana Aý Gurşaýar ahyryn... Büýem şoñ ýaly. Tüý şowuna düşüp olaryñ işi Öküz, Towşan, Geçiñ serildi läşi. Şir öñüne düşse aw edeniñde, Belli zat aç galmajagyñ seniñ-de. Depe bolup ýatyr täzeje etler, Janyñ hezil eder beýle hezzetden. "Gerk-gäbe doýarys günümiz geler, Häzir adalatly üleşik bolar". Diýip, öz ýanyndan ýüwürdip göwün, Arzuw edýänini Tilkiñ, Möjegiñ Añan Şir öwrüpdir başgarak hyýal ("Gün - güýçliñki" diýlen. Ýok oña zowal.) "Ýüregiñde näme niýetiñ baryn Möjek, seniñ gözleriñden añýaryn. Ynamyñ ýok meniñ adalatyma, Eti paýlamagy tabşyrýan saña". Möjek gorkusyndan titräp, sandyrap, Diýenmişin Şiriñ ýüzüne garap: "Bu ýerde iñ uly awumyz - Öküz, Ony ak ýürekden saña berýäs biz. Geçi - meñki bolsun, Tilkä-de - Towşan, Şeýtsek, her kim ýeten paý bilen oñşar". "Akyllyrak teklip edersiñ diýip, Garaşypdym welin, boldy ol haýp". Diýip, gazaply Şir bir penje urdy, Möjek biçäräniñ külün çykardy. Soñ gözün alardyp Tilkä seretdi, Diýdi: "Et paýlamak gezegiñ ýetdi!" "Bu ýerde kyn zat ýok, dogrymy diýsem, Öküzi ertirlik naharña iý sen. Pikir eder ýaly munda näme bar? Geçi günortanlyk naharña ýarar. Towşan şap bolaýar agşam naharña, Ýeñilräk iýmeli ýatylar garna". Hoşal Şiriñ pessaý eşdildi sesi: "Aýt sen, şepe, munuñ ýaly paýhasy Nireden öwrendiñ? Gizleme menden" "Hol ýatan Möjegiñ düşen gününden Sapak aldym" diýip, Tilki sözledi. Şir hoş bolup, gazabyny gizledi. Soñra şeýle diýdi: "Gulak goý, Tilki, Bu señ üçin bähbit bolandyr, belki?" Tilki hezil edýär bagtyýar halda, Eti paýlamagy özünden däl-de, Öñürti Möjekden haýyş edenni Hoş bolup ýatlaýar häzire çenli... Hile gadymýetden şu günlere çen Barabar görlüpdir batyrlyk bilen. ...Özgäniñ bagtyndan, betbagtlygyndan Many çykarýanlar danadyr çyndan. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |