MÖJEKLI AHWAL
«Haýwanat bagy» üçin zerur jandarlary tutup bermek niýeti bilen çöle çykanymyza şu gün üç gün bolýardy. Bu möhüm işi bitirmeli esasy adamam, «Dünýä çöllük eken-ow, azaşmasak, suwsuz galyp heläk bolmasak ýagşy» diýdirip, ýüregiňe dowul aralaşdyrýan ýagdaýda «Ýanymyzda guma belet adam bar ahyryn!» diýdirip köňlümize basalyk berdirýänem, nahar-şor bişirmek aladamyzy öz boýnuna alanam, galyberse-de, çöl durmuşy, janly-jandarlar baradaky gyzykly ahwallary aýdyp berip, bizi tebigata halys imrindirýänem Gara agady.
Aýratyn-da, onuň Aşyr bilen «jyny jyňkyryşýardy». Aşyryň käte bilesigeliji çaganyňka çalym edýän, kesesinden «Munuň soraýan zadyna bir seretsene!» diýdirýän sowallaryna-da gyzykly deliller tapyp jogap berýärdi.
Ynha-da, agşamlyk çaý-nahardan soň, Aşyr Gara aga edähedine görä degişme äheňinde ýüzlenýär:
—Tilkiniň guýrugy ýörän yzyny bozmagy, ýatanda tumşugyny sowukdan goramagy üçin gerekdir öýderdik welin, siziň aýdyp beren ahwalyňyza görä, ol ony balyk tutmak üçinem ulanyp bilýän ekeni. Ýöne, ynha, syçanlara beýle uzyn guýruk nämä gerekkä? Eger meniň şu sowalyma hem degerli jogap tapyp bilseňiz, onda size telpek goýýan!
—Gara aga telpek goýa-goýa, indi оňа goýmaga telpegiň bir galdymy? –diýip, Öwez оňа degýär.
—Taparys! –diýip, Aşyr «Gara agany şu sowalym aljyradaýsa gerek» diýen terzde garry awçynyň ýüzüne ýeserlik bilen ýylgyryp seredýär.
—Uzyn guýruk syçan üçin hem örän zerur –diýip, Gara aga gürrüňe başlaýar. —Men bir gezek harmanyň başynda otyrkam, iki sany syçanyň bugdaý ogurlaýşyny gördüm. Bir syçan ýetişip bildiginden bugdaýyň başyny sypalyndan kertip aýyrýardy. Beýleki syçan bolsa onuň ýanynda garnyny ýere berip ýatyrdy. Bugdaý başyny kertýän syçan hoşalary ýatan syçanyň arkasyna emaý bilen ýerleşdirýärdi. Ýüki ýetensoň onuň guýrugyny hoşalaryň üstaşyp agzyna alyp berdi. Arkasyna hoşa çykalan syçan, guýrugyny mäkäm dişläp, hinine tarap ýöneldi. Ine, bu syçana uzyn guýrugyň gerekdiginiň bir delili. Ikinji delili: uzyn guýruk syçan üçin itiň diliniň ýerine ýetirýän işini ýerine ýetirýär. It tomsuň jokramasynda hem yssylaman oňýar. Scbäbi itiň dili elmydama sallanyp, onuň gyzgynlygyny kadalaşdyrýar.
—Siz, dogrudanam. tebigata gowy belet adam –diýip, Aşyr Gara aganyň jogabynyň ýüregine jüňk bolandygyny boýun alýar.
—Munuň üçin synçy bolmak gerek. inim. Görüp bilseň, tebigat täsinliklerden doly –diýip. Gara aga Aşyryň «ýeser sowal biien aljyratmak» matlabynyň başa barmanyna hezil edip gülýär. —Sen diňe syçanyň guýrugy barada sorap, oňaýdyň. Beýleki janly-jandarlaryň guýruklary barada hem köp gyzykly zatlar aýtmak mümkin –diýip, söhbedini dowam etdirýär. —Ynha, şire, peleňe, gaplaňa guýrugy awunyň üstüne bökende, deňagramlygyny saklamaga howada öwrüm etmäge kömek edýär. Zemzen bolsa guýrugy bilen batly urup, «duşmanyny» seňseledýär.
Keýikler hem guýrugyny ezber ulanýarlar. Olar örän hüşgär jandar. Otlanlarynda gözleri töwereginde. Haýsydyr birisi howp bardygyny aňsa, guýrugyny göge galdyryp, başyny dik tutup. keýerjekläp başlaýar. Şonda onuň ýamzynyň ap-ak zolagy açylyp, howp abanýandygyny kowumdaşlaryna duýdyrýar. Ol zolaga awçylar «keýik aýnasy» ýa-da «duýdyryş aýnasy» hem diýýärler. Tebil tapan keýikler derrew howpdan gaçyp gutulýarlar.
Guýrukdan gürrüň çykanyna görä, men size möjegiň guýrugy bilen bagly bir ahwaly-da gürrüň bereýin.
Ýeri gelende möjek hem guýrugyny juda ýeser işledýär. Mahlasy, gum etegi obalaryň birine aw agtaryp, möjek aýlanýar. Ol ahyrsoňy içine bir topar goýun gabalgy agylyň üstünden barýar. Eýlesinden-beýlesindcn aýlanyp, bir kiçijik deşik tapýar. Ol deşikden özi sygmajakdygyna, başga ýol bilenem agyla girip bolmajakdygyna düşünen möjek, ýaňky deşikden guýrugyny sokup, bulaýlap başlaýar. Möjegiň gelendigini ysyndan aňyp, owaldanam dowul tapyp duran dowarlar onuň guýrugyny görüp, özi girer öýdüp, has-da başga galýarlar. Ürküp, itnişip, agylyň gapysyna zor salyp başlaýarlar. Ahyrsoňy, goýunlaryň itnişigine tap getirmedik gapynyň petlesiniň çüýleri gopup, mallaryň ählisi daşaryk bosuşyp çykýar. Möjek zaluwada-da geregi şol. Öý eýeleri agyldaky başagaýlygy aňyp daş çykýançalar, iki sany goýny parçalap, üçünjisini hem arkasyna alyp ökje göterýär.
Öý eýeleriniň tüpeňi, gapany bolmansoň, awlap ber diýip haýyş edeli diýseler, ol töwerekde awçy hem ýokdygy üçin, gapynyň petlesini ýamaşgandan has pugta çüýläp oňňut edýärler. Emma her säher görseler, goýunlar juda ýadaw, tisginişip durlar diýýär. Bu her gün irden şeýle bolýar. Agylyň içindedigine seretmezden, dowarlar horlanyp başlaýarlar. Öý eýeleri—ataly-ogul ikisi, munuň anygyna ýetmek üçin, gije agylyň içine girip, garawullap oturýarlar. Ine, wagt daňa golaýlaberende, goýunlar öz-özünden tisginişip, ýerli-ýerinden tarsa turup, agylyň içinde bosup, itnişip başlaýarlar. Öý eýeleri birbada hiç zada düşünmän, ýapyk agylyň içine jyn giren ýaly bolup, goýunlaryň bir çete çekilmeklerine haýran galýarlar. Olar ahyrsoňy agylyň böwründäki ýumruk sygar ýaly deşikden uzyn bir zadyň içerik girip, iki ýana bulanyp duranyny görýärler. Alagaraňkylyk bolansoň, birbada olar oňa ullakan ýylandyr öýdüp, özleri hem gorkýarlar. Urup öldüreli diýip golaýyna baranlarynda, onuň möjegiň guýrugydygyny görýärler. Ozalam üç goýnuny haraplan möjege jany yanyp duran öý eýesi onuň guýrugyndan çalyp tutýar. Zähresi ýarylan möjek guýrugyny sypdyrjak bolup dyzap başlaýar.
Guýrugy zordan saklap duran öý eýesi ogluna:
—Kes! –diýip buýurýar.
Ogly ýanyna alan aksaplysy bilen möjegiň guýrugyny kesip goýberýär.
Möjek sapandan sypan ýaly bolup gaçyp gidýär.
—Soň ol ölmändirmi? –diýip, men gyzyklandym.
—Ýok, ölmändir. Tanyşlarymyň birki sanysy «Çölde guýruksyz möjek gördük» diýip, geňirgenip gürrüň berenlerinde, men olara hem size aýdyp beren şu ahwalymy gürrüň berdim.
Gara aganyň söhbedini aýaklaryna mähetdel, çöI gijesiniň ses-üýnsüz asuda ümsümligini böwsüp, uzaklardan «uwwuldy» eşidildi.
—Ine, «Gurt agzasaň, gurt geler» diýenleri çyn boldy. «Çölde möjek galmanmyş» diýýärdiler welin, bar eken-owl –diýip, Öwez diňşirgendi.
—Hawa, bar –diýip, Gara aga baş atdy. Şolaryň bardygy hem gowy, ýogsam tebigy deňagramlylyk bozular.
—Dogry aýdýaňyz –diýip, onuň bilen ylalaşdyk.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar