03:28 Monako köşgüne wirus girdi, biziñ köşgümiz häzirem odekolon sepýär | |
MONAKO KÖŞGÜNE WIRUS GIRDI, BIZIÑ KÖŞGÜMIZ HÄZIREM ODEKOLON SEPÝÄR
Publisistika
Kanadanyñ premýer-ministri Jastin Trýudonyñ aýaly Sofiýa koronawirus ýolugandygy aýdyldy, muny hut Kanada hökümetiniñ özi mälim etdi. Ýeri, premýer-ministriñ aýalynyñ syr saklama edähedi ýokmuka? Siziñ pikiriñizçe, muny näme üçin mälim etdiler? Ispaniýanyñ premýer-ministri Pedro Sançesiñ aýalu Begona-da koronawirus ýolugandygy aýdyldy, muny hut premýer-ministrligiñ özi mälim etdi. Ýeri, Ispaniýada näsag syrlaryny saklama däbi ýokmudy? Näme üçin şobada mälim etdiler? Monakonyñ şazadasy Albert… Monako köşgi mälim etdi. Näme üçin gizlemän aýtdylarka diýýänsiñiz? Çünki… Habar beriş industriýasynyñ ussatlary gowy bilýändirler, ýönekeý adamlar ýönekeý adamlaryñ ykbaly bilen gyzyklanmaýarlar. Tanymal adamlar bilen gyzyklanýarlar. Mahabat diýip düşünäýiñ… Harydy tanadýan näçe meşhur bolsa, harydam şonça gowy tanalýar. Elektron aragatnaşk eýýamynyñ hüjümine uçran ýönekeý adamlar pikir edilşi ýaly beýnisi bilen däl-de, gözi bilen pikirlenýär. Öñünden görme ukyby ýok. Hut özi görjek bolar. Köpçülige bir zat aýtjak bolsañyz, köpçüligiñ aýdýan zadyñyza hökman gulak gabartmagyny isleýän bolsañyz, sanlaryñ, derejeleriñ, statistikalaryñ barsy gury gürrüñdir, siz köpçüligiñ tanaýan birini mysal getirmeli bolarsyñyz. Köpçüligi doly aýaga galdyrmakçy bolsañyz, köpçülikde aýaga galdyrma jañlaryny çaldyrdyp biljek birini mysal görkezseñiz ýeterlik. Ynha, şonuñ üçinem hut Kanada hökümeti premýer-ministriniñ aýalyny, hut ispan höknümeti premýer-ministriniñ aýalyny, hut Monako köşgi şazadanyñ saglyk ýagdaýyny mälim etdi. Çünki bu ýurtlar howpuñ derejesini bilmeleri üçin ildeşlerini aýaga galdyrmak isleýär. Adaty wagtda her dürli maglumaty sensuza eleginden geçirýän Eýrana çenli döwlet apparatyndaky syýasatçylara wirus ýolugandygyny aýtmasy şondan. Şonuñ üçin Golliwudyñ ýyldyzy Tom Henksden habaryñyz bar. Şonuñ üçin NBA-nyñ ýyldyzy Kewin Duranta koronawirus ýolugandygyny bilýärsiñiz. Şonuñ üçin Kristian Ronaldonyñ Italiýa dolanyp barmandygyny eşitdiñiz. Ýönekeý adamlaryñ bu wirusa garşy hüşgärligini ýokarlandyrmagyñ ýeke-täk ýoly, kesel ýolukmaz diýlen adamlara-da ýolukýandygyny görmeleridir. Bu wirusa ýolukmak aýyp däl. Güna-de däl. Ýüzüñi ýere salýan we diliñi gysga edýän etmiş hem däl. Şonuñ üçin munuñ näsagyñ aýdylmaly däl syrlaryna degişli ýeri ýok. Meseläniñ jemgyýet saglygy bilen baglanyşygy bar. Sagygy goraýyş ministrimiziñ “näsag syrynyñ pynhanlygyna” duwlanyp, wirus zerarly aradan çykan raýatlarymyzyñ adyny bukmagy, wirusyñ giñden ýaýran şäherleri gizlän bolmagy, ynha, şonuñ üçin dörtde dörtlük ýalñyşdyr. Angliýada ölen türk raýatynyñ kimdigini bilýäris. Awstriýada ölen türk raýatynyñ kimdigini bilýäris. Angliýada, Awstriýada "näsag syrynyñ pynhanlygy" ýokmy? Biziñkiler “hamdolsun” diýýärkä… Germaniýanyñ premýer-ministri näme üçin teleýaýlyma çykyp: “Germaniýa ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek şular ýaly çynlakaý mesele bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy” diýdi? Halky gorkuzmak üçinmi? Ýa bolmasa, halkyñ nähiliräk hüşgär bolmalydygyny düşündirmek üçinmi? Biziñkiler “odekolon paýlarys” diýýärkä… Fransiýanyñ Prezidenti Makron näme üçin ekrana çykyp “uruş ýagdaýyndadyrys, bir goşuna ýa-da ýurda garşy urşamzok, duşman biziñ öz aramyzda” diýýär? Howsala döretmek üçinmi? Ýa bolmasa, howpy nähiliräk ünsden düşürmeli däldigini düşündirmek üçinmi? Biziñkiler häzirem “hiç bir wirus biziñ öñüni alyş çärämizden beter güýçli däldir” diýýärkä… Angliýanyñ premýer-ministri Boris Jonson näme üçin ekrana çyktp “bir ýyldan köpe çekip biler, kän-kän maşgalalar ýakynlaryny bimahal ýitirmeli bolar” diydi? Biziñkiler häzirem “bu prosesden güýçlenip çykarys” diýýärkä… Häzir dört müñe golaý raýatyny ýitiren Italiýanyñ premýer-ministri Konte näme üçin şindem ekrana çykyp ýalan sözlänok? Näme üçin oppozisiýany günäkärlänok? Näme üçin yzygiderli hakykatlary mälim edýär? Näme üçin häzirem “wirus heniz soñky ýetjek derejesine ýetenok, bu göreşde üstün çykmak üçin 60 million italýanyñ goldawy gerek” diýýär? Hususanam... Otuz alty ýyllap bu ýurtda žurnalistlik eden, Türkiýäniñ iñ ýokary tiražlaryna we iñ ýokary tomaşa edilme derejesine ýeten professional habarçy hökmünde döwleti dolandyrýanlara ýalbarýaryn… Atlary, şäherleri, hakykatlary gizläp, gaty gödek ýalñyşlyga ýol berýärsiñiz. Şuny anyk bilýäris.... Hassahanalara çozulmagynyñ öñüni almak üçin, saglygy goraýyş ulgamynyñ çökmeginiñ öñüni almak üçin wagt gazanmaga mejburdyrys, köpçüligiñ arasyna wirusyñ ýaýrama prosesini wagta bölmäge mejburdyrys, muny etmek üçinem hemmeleruñ öýden çykman oturmagy gerek. Emma şunu-da anyk görýäris... Bu hökmany mejburlygyñ manysyna düşünmeýän, oña çynlakaý garamaýan millionlar bar. Atlary, şäherleri, hakykatlary gizläp, siz muña sebäp bolýarsyñyz. Bar ünsüñizi daşary ýurtdan gelenlere berýändigiñiz üçin, jemgyýetiñ aglaba bölegi bu meseläni diñe “daşary ýurt meselesidir” öýdýärr. Ýallakçy metbugat organlaryñyz şindem “dümew ýalyrakdygyny” aýdýar. "Öýdeñ çykmañ" diýip, adamlary öýde saklap bilmersiñiz. Adamlaryñ özgeler bilen gatnaşyk etmeli däldigine göz ýetirmeleri gerek. Howpy duýmalary gerek. (Galyberse-de, öýünden çykman oturasy gelýänem bolsa, iş zerurlygy sebäpli bu mümkinçilige eýe bolup bilmeýänler, mejbury ýagdaýda köpçülik bilen gatnaşyk saklamaly bolýanlar bar). Şeýle ýagdaýda dowam etseñiz… “Bize hiç zat bolmaz” mantyksyzlygy höküm sürer, suw señrikden agar. Atma-at, şäherme-şäher, hatda raýonma-raýon tizden-tiz mälim ediñ. Tizden-tiz. Ýylmaz ÖZDIL. 21.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |