MÖÝ
Möý üçin bu gün ýene-de şowsuz başlandy. Irden awa barýan garry eşegary onuň daňdana çenli uklaman ören toruny ýyrtyp ötägitdi. Bu eýýäm üçünji gezekdi. Garry eşegary ony birjik-de äsgerenokdy. Başgalar «Şu ýerde möýüň tory bolmalydyr» diýip, sowlup, hüşgär geçýärdiler.
Garry eşegary bolsa içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bilgeşländen, batly gelşine, onuň negözel toruny parran böwsüp geçip gidýärdi.
Möý bu gün hem özüni zordanjyk köşeşdirdi.
«Duruber bakaly. Hasap öňdedir» –diýip, toruň ýyrtylan ýerini ýamaşdyrdy. Emma bir böwsülen tor bilen aw edip boljakmy diýsene. Tutup bilen zady bolmady. Siňekmi, alma güýesimi, aýakçy çybynmy... tora gelip urlanlar, tor gowşak bolansoň, sypyp ötägitdiler.
Ol, şeýdibem, ýene-de aç galdy.
Özüni beýleki möýlere görä hernäme-de bolsa rehimli hasaplaýan möý, eşegarynyň bu göz-görtele äsgermezçilikli hereketine biraz öjükdi.
«Diýmek, menden gorkmaýarlar...» –diýip, mundan beýläk ýowuzlaşmagy, hiç kese ýagşylyk etmezligi ýüregine düwdi.
Görme–görşe gelen garryja enesi bolsa oňa:
—Men seniň beýle nalajedeýin bolup ýetişeniňe gynanýaryn –diýip, has-da lapyny keç etdi. —Sen kakaňa meňzemänsiň. Eşegary-ha gaýry dursun, ol bir gezek ullakan şahly tomzagy hem awlap bilipdi. Bu möýleriň taryhynda örän seýrek bolýan ýagdaý. Göz öňüne bir getirip gör, äpet şahly tomzagy.
—Ony nädip awlap bildi?
—Elbetde, tor bilen. Entek kiçijikkäň, men bu barada saňa gürrüň beripdim ahyryn. Emma unudypsyň. Bu gowy däl. Perzent ene-atasynyň eden uly işlerine buýsanmalydyr. Unutmaly däldir. Özi hem olara öýkünmäge çalyşmalydyr –diýip, enesi oňa käýindi.
—Tor bilen şahly tomzagy tutmak asla mümkin däl –diýip, möý enesiniň gaňryşyna gaýtdy.
—Mümkin, eger-de toruňy gowuja gursaň. Ine, gör ahyryn, aw edip bilmäniň üçin seniň meni hezzetlemäge-de hiç bir zadyň ýok.
—Aý, hawa, bagyşla. Meniň özümem aç... –diýip, möý burnuna salyp hümürdedi.
Garryja enesi möýüň aşa rehimdar hem tor guranda ýaltalyga ýol berýändiginden zeýrenip, öýüne gaýtdy.
Möýüň öz-özüne gahary geldi. «Men hakyky möý ahyryn. Hol käbir leňkebutlar ýaly däl. Zäherim hem bar. Men bolsa göwni ýukalyk edýän. Arada toruma düşen kebelegi hem ýalbaryberse, boşadyp goýberdim. Zer ganatly siňegi-de. Agajyň üstünden düşüp gelýärkä, aýagy taýyp, toruma ýykylan garynjany-da. Indi meniň edişime bir serediň. Eger walla, ýekejäňize-de geçirimlilik etmen. Asla, käbir möýler ýaly, zäherimi hem ulanyp görmegim gerekmikä diýýän. Hawa, men şeýdeýin».
Ol gapysyny kiltledi-de, «Kimi çakyp borka? » diýip, töwerege aýlanmaga gitdi.
Garny aç bolansoň, onuň gahary ýetjek derejesine ýetipdi.
Şol barşyna öňünden gül-gülälekli çemenzarlyk çykdy.
Ol meýdançanyň şeýle gözeldigine haýran galdy. Gülleriň arasynda bolsa bir kebelek aýlanyp ýördi. Möý ony dessine tanady. Ol onuň rehimdarlyk edip boşadyp goýberen kebelegidi.
Kebelek hem ony tanap, sarpasyny saklap salamlaşdy:
—Gezelenje çykdyňyzmy?
—Hawa.
—Gowy edipsiňiz. Belki, bize sowlup, bir käse mürepbelije çaý içip gidersiňiz. Içi bally kökämizem bar.
—Azar bolmarynmy? –diýip, kebelegiň hoşamatlygyna gahary ýatyşan möý dillendi.
—Ýok–ýok, ýörüň.
Möý kebelegiň gözmonjuk ýaly iki sany gyzjagazy bilen tanyşdy. Olar şeýle şadyýandylar. Hatda gorkman, möýüň dyzyna hem mündüler. Möý bolsa «Häzir men sizi eneňlere gezelenje alyp gideýin» diýip, dyzlaryny gezekli–gezegine loňkuldadyp, olary jykyr-jykyr güldürdi.
Kebelegiň mürepbeli çaýy, içine bal salnyp bişirilen kökesi, hoşamat gürrüňçilik möýüň göwnünden turdy.
Ol hoşlaşyp, yzyna gelýärkä, özüniň kimidir çakyp görmek üçin öýden çykandygyny-da unudypdy.
Şol barşyna, çeşme joşup, ýoly suw basandygyny gördi. «Ýeri, indi nädip öterkäm?» diýip, ýaýdanyp durka: «Azar edinmäň, biz size paýapyl ýasap bereris. Siz gowy möý ahyryn» diýip, iki sany garynja tapyldy.
Olar bir uzyn çöpi suwuň üstüne keseligine goýdular. Möý bolsa şol çöpden ýöräp, köwüşlerini öl etmän, aňry ýüze geçdi.
Öýüne gelende, gapynyň agzynda goýlup gidilen içi ballyja guta gözi düşdi. «Bäh, muny kim getirdikä?» diýip, gutyny galdyranda, aşagynda eplengije hat bardygyny gördi.
Ol hat zer ganatly siňekdendi. Mürähet etmäge birazajyk bal getirendigini ýazýardy.
Bu hoşamatlyklara möýüň keýpi kökeldi. Özüniň rehimsiz bolmagy ýüregine düweni asla ýadyndan çykyşdy.
Ata–baba owaldan gelýän aýdyma hiňlenjiräp, tor gurmaga girişdi:
«Men—möý!
Men—möý!
Elhenç möý!
Menden gorkmaýanyňyz
Araňyzda barmy, heý?
Hany, aýdyň, kim gorkanok?!
Hany, aýdyň, kim batyr?!
Hiç kim.
Siziň hemmäňiz menden
Edýänsiňiz howatyr.
Sebäbi zäherim bar.
Çaksam, ölmegiňiz mümkin.
Ýa, şel bolmagyňyz mümkin».
Ol bu aýdymyň sözlerini halanokdy. «Gör, nähili ýowuzlyk. Gör, nähili wagşylyk...». Ýöne heňiniň gowudygy, onsoňam, ýaşlykdan enesiniň öwredendigi üçin hiňlenýärdi.
Möý tor gurmak işini daň atyberende birýaňalyk etdi. Onsoň uklady.
Uzynly gije işlänsoň, gün öýlä sanyberende oýandy. Edähedine görä, «Toruma näme düşdükä?» diýip, äpişgesinden daşaryk äňetdi. Şol bada-da ýüzi çytylyp gitdi.
Sebäbi tory böwsülip, sallam-sajak bolup durdy. Bu ýene-de garry eşegarynyň işidi.
Möý gahardan ýaňa garört bolup, saňňyldady: «Görýän welin, men özümiň möýdügimi, zäherimiň bardygyny bildirmesem boljak däl».
Şol gün eşegarynyň tarpa-taýyn aradan çykandygy baradaky habar ýaýrady.
Hemmeler ony garrylykdan ýogalandyr öýdýärdiler.
Belki-de, şeýledir...
Möý edähedine görä, gije bir çene barýança toruny ördi.
Ertesi ukudan turan dessine äpişgäniň öňüne baryp, toruna äňetdi.
Tory abatjady. Awy oňupdy. Bir sany garynja, iki sany alma güýesi düşüpdir. Olar janhowluna urunýardylar.
Möý başyny gynançly ýaýkady:
—Eşegary ölmedik bolsa gowy bordy...
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar