MUKAM
Goşa taryñ gudratynyñ çägi ýok,
Bu dünýäñ çäginiñ bolmaýşy ýaly.
Sazandanyñ barmagyndan çogup dur,
Atalaryñ geçmişdäki ykbaly.
Goşa tardan süýnüp çykýar bedewler,
Gylyç gylja degip, çakýar ýyldyrym.
Diýar üçin söweş gidýär şu pursat,
Añyrsynda doñup galan ýyllaryñ.
Goşa taryn gudratynyñ çägi ýok,
Kalbyñy bökdürer, kalbyñy otlar.
...Tarlañ arasynda mertler direlip,
Gör, näçinji gezek ölýär namartlar.
* * *
Duýgudan basylýar akyldyr paýhas,
Niçik döwür boldy, niçik zamana?
Kyýamat dälmidir eger hakykat,
Galadyñ elinde gelse amana?
Lebzini ýuwydýan az däl derman deý,
Şeýdip hoşlaýan bar göýdük göwnüni.
Bir kişä birbada çözdürjek bolýas,
Müñüñ bileleşip düwen düwnüni.
Ynamyn köýnek deý çalşyrýanlar bar,
Geýinip çykýarlar ýagdaýa görä.
Durmuş dowam edýär çörek bolansoñ,
Durmuş dowam edýär bugdaýa görä.
* * *
Adamlar, nähili bolupsyñyz siz,
Karamy ýazgaryp, edýänñiz karam.
Nebisiñ jylawun ýazdyranlar kim,
Halalyñ ornunda gomparýar haram.
Adamlar, nähili bolupsyñyz siz,
Göwnüñiz isleýän ýaly adalat.
Ýöne her kim öz boýuna deñese,
Adalatdan galarmyka alamat?
Adamlar, nähili bolupsyñyz siz,
Kanagat gaçypdyr sizden ne beýle?
Watan saçavynda bereket bormy,
Her bir kişi sowup dursa öz öýne?
Adamlar, nähili bolupsyñyz siz,
Ýat bolupdyr diñlemeklik özgäni,
Goñşusyn gozgaýan köp-le,
atalar
Näletläpdir goñşusyny gozgany.
Adamlar, nähili bolupsyñyz siz,
Kütelipdir ýürekleriñ göreji.
Köpelipdir göreşleri ýumrugyñ,
Kemelipdir añ-paýhasyñ göreşi.
* * *
Bilýän, ýeñil bolmandyr hiç wagt señki...
"Göbegimi özüm kesmeli boldum.
Suwardym özümi, nemlendim özüm,
Dünýäde öz-özüm ösmeli boldum.
Onuñ şeýledigne asla şübhäm ýok,
Bilýän nämedigin orak-döwegiñ.
Öz göbegiñ özüñ keseniñ gowy,
Ýöne elñe alyp ýörme göbegiñ.
Aşyrguly BAÝRYÝEW.
Goşgular