MUSTAÝYÑ DÜÝESI
1.
Şonda biziň aýratyn topçular rotamyzyň aşpezi Mustaýyň iki örküçli düýesi bardy.
«Geçen urşa atly gatnaşylandygyny bilýäris. Ýöne düýeli gatnaşylany barada eşitmändik» –diýýärsiňizmi?
Sakawyň soňuna serediň! Mustaý başgyrtdy. Ýaşy biziň hemmämiziňkiden, hatda rota komandirimiz kapitan Fedçenkonyňkydanam uludy. Şonuň üçinem oňa men «Mustaý eke», dilleri öwrülmänsoň, beýlekilerem «Mustaý aka» diýip ýüzlenýärdiler. Ol meýletinçidi.
Özüniň gürrüň bermegine görä, urşa ýollanylýan ýer obalaryndan alysda bolansoň, oňa düýeli barypdyr.
Bütin ömrüni naharhanada aşpezlik edendigini, söweşe meýletin gitmek isleýändigini aýdypdyr.
Ony iki gezek «Ýaşyň ötüşen» diýip almandyrlar. Ol üçünji gezek hem barypdyr. Onuň erjelligine syny oturan harby komissar:
—Sen näme üçin urşa gitmekçi bolup dyzaýarsyň? Köpler ondan her hili ýollar bilen galmakçy bolýar –diýip sorapdyr.
Mustaý oňa:
—Uruşdan gaçmakçy bolýanlar janyşirin, gorkak, şagal neslindendir. Men ata-baba batyrlar neslinden. Meniň atama Soltan Gireý bars batyr, kakama bolsa Tagybeg bars batyr diýerdiler. Olaryň hak iş üçin göteren gylyçlary häzir hem öýümiziň töründen asylgy dur. Arman, maňa hudaý ogul bermedi. Beren bolsa, urşa ýollardym. Dört gyzym bar. Ählisi oda-suwa ýykylmaz ýaly bolan. Aýalymyň hem jany sag, özüni oňarýan bike. Görşüňiz ýaly, olar meniň goldawyma mätäç däl. Häzir bir adamyň —bir adam wagty, meniň ýerim front –diýipdir.
Ony ünsli diňlän harby komissar, frontda gowy aşpezleriň ýetmezçilik edýändigini göz öňünde tutup, şol gezek haýyşyny kanagatlandyrypdyr.
Mustaý düýesini hem ýany bilen äkitmäge rugsat sorapyr.
—Aý, bolýar. Urşa aty bilen gitmäge rugsat edýäris ahyryn. At janawarlary näçe diýseň ulanýas. Düýäni-de ulanyp bolar. Käte kadadan çykaýanyňda-da, zeleli ýok. Äkitseň, äkidäý –diýip, komissar onuň bu haýyşyny-da biitripdir.
Mustaý düýesine «Saçly» diýýärdi. Goşa örküçli, daýaw ak neriň depesinden boýnuna, akylly goçak gözleriniň üstüne bir geňsi seçelenip duran, uzyn-uzyn çokullary bardy. Şonuň üçinem Mustaý ony «Saçly» diýip atlandyrýardy. Rotanyň esgerleri bolsa oňa «Saşka» diýýärdiler.
Urşuň Ezraýyl perişde aýlanyp ýören, haçan ölseň-öläýmeli jygba-jyglyk ýagdaýynda, bir epeý, göze ýakymly jandaryň ýanlarynda bolmagy esgerleriň ýüregini mynçgaýan dartgynlylygy biraz hem bolsa aradan aýyrýardy.
Ýaradar bolup, awunyp ýatanlaram, düýä gözleri düşende, «Görsene, şu janawardanam uruş sowlup geçmändir-ow. Bu-da borjuny berjaý edip ýör» diýşip, biygtyýar ýylgyrýardylar.
Saşka kiçigöwünli, işjanly jandardy. Näme ýumuş bolsa, gyňyrlyk etmän, boýunsunujylyk bilen bitirerdi.
Agyr söweşlerden soň ýaradarlar köpelende, şepagat uýalarynyň olary çete çekmäge gurbatlary galmadyk ýagdaýynda, giňiş brezent matany ýerden süýrener ýaly edip Saşkanyň howudyna daňyp, düýäniň boýnuna bolsa, «gyzyl haç» bellikli ak matany geýdirip, gazaply söweş giden ýerlere aýlanardylar.
Ýara düşenleri brezent düşekçäniň üstünde ýatyryp, Saşka süýredip alyp gelerdiler.
Urşuň ýowuz ýagdaýynda birhili geň görünýän bu çykalga faşistler dürbüli seredip gülüşýärdiler. Başyny belent tutup, äwmän barýan Saşkany atmaýardylar. Ajalyň güllä münüp, haçan gapyl goýjagy näbellikä, hemmäniň bukdaklap, çalt, ätiýaçly hereket edýän ýagdaýynda, adaty haýal-ýagallyk bilen ortada gezip, buýrulan işi edip ýören düýe olara geň görünýän bolarly.
2.
Saşka ýanynda top-tüpeň atylsa ýa-da golaýyna granatdyr bomba düşüp ýarylsa halamaýardy. Ürküp, ol ýerden gaçmak bilen bolýardy. Şu tarapy diýmeseň, ol tüýs topçulara gerek maldy.
Batgalyk ýerden geçmeli bolanda, top süýreýän maşynlar batýardy. Toplary lüýklerden geçirmekde, maşynlaryň taýyp ýatan tigriniň astyna düşemek üçin çapylan şahalary getirmekde Saşkany ulanýardyk.
Agaç ýerkümeleri guranymyzda hem töwerekdäki tokaý agaçlaryndan taýynlan ýogyn pürslerimizi daşap berýän Saşkady.
Söweşiň öň ýany, ot açmaly nokatlarynda gurnalan toplaryň ýanyna agyr-agyr snarýadly ýaşşikleri eltmeli bolanda-da, Saşkanyň belli bahasy ýokdy.
Söweş başlanan wagty bolsa, Mustaý ony bizden garagörnüm aňryk, ürkmez ýaly aralyga, göçme «Aşhanada» nahar taýynlaýan ýerine alyp gidýärdi.
Birden faşist snarýadlary rotanyň üstaşyr geçip, öz golaýynda ýarylyp ugrasa, dessine ornuny üýtgetmek üçin, «Aşhanany» Saşkanyň yzyna tirkeýärdi.
Ýakymly nahar ysy kükäp, özüni köşeklikden ulaldan mähriban adamyň gulagyna tanyş dilde hiňlenýän sesi hem gelip duran «Aşhanany» çekmek Saşkanyň iň halaýan işidi.
Uruşda garaşylmadyk geň ýagdaýlar bolýar. Ine, şol gezek hem şeýle bolupdy. Nähililik bilendir faşistleriň toply goşuny bize pete-pet gelipdi.
Adatça, urşuň gidişini ugrukdyrýan adamlaryň emri bilen, toply goşun köplenç tankly ýa-da pyýada goşun bilen garpyşmaly edilýär. Ol gezek welin, garşydaşymyz özümiz ýaly topçulardy.
Iki günläp birek–biregi hernäçe topa tutsak-da, hiç bir tarap hem göze görnüp duran üstünlik gazanyp bilmändi.
Onsoňam, duşman bilen yglan edilmedik ylalaşyk emele gelipdi. Sebäbi, faşistleriňem biziňem suw alýan ýeke-täk çeşmämiz ikarada galypdy. Hernäçe uruşsak-da, ne bize, ne-de olara çeşmäni eýelemek başartmandy.
Çeşme haýsydyr bir tarapyň goluna düşse, beýleki tarap suwsuz galyp, başga çykalga gözlemeli boljakdy.
Belki, şonuň üçindir, aýratyn yhlaslylyk görkezip, çeşmäni biri-birimize eýeledemizokdyk.
Öýlän nahar wagty bolanda, atyşyk öz-özünden bes edilýärdi. Faşistleriň ýa-da biziň tarapymyzdan üç-dört gezek demri-demre urup, zarňyldadyp, yglan edilmedik ylalaşygyň möhletiniň başlanýandygy duýdurylýardy. Şondan soň ilki ýa olar ýa-da biz çeşmä baryp, suw alýardyk. Olardan suw almaga gozakly motorda gelýärdiler. Batgalyk ýerde batýan motorynyň yzyndan ite-ite çykaryp, gerek suwuny alyp gidýärdiler.
Bizden suwa howudyna ullakan flýagalar ýanlaýyn daňlan Saşkany alyp, Mustaý gidýärdi.
Çeşmäniň başynda düýäni çökerip, flýagalary ýere düşürmän, Saşkanyň üstündeligine, bedre bilen guýup, dolduryp getirýärdi.
Bu geň arakesme iki sagat çemesi dowam edýärdi. Şondan soň çeşmä barmag–a däl, başyny garymdan götereniňem üstüne ok ýagdyrylýardy.
Çeşmäniň suwy diýseň süýjüdi. Hakyky tokaý çeşmesidi. Çaý gaýnadynyp durman, ýöne şeýle içseňem, hezil etdirýärdi.
Edil diýersiň, çeşmäniň üýtgeşik suwundan jyda düşmezlik, onuň başynda mümkingadar uzak saklanmak niýeti bilen, bilgeşländen haýal-ýagaldan uruşýan ýalydyk.
Hakykatynda welin, beýle däldi. Okgunly hüjüme geçeli diýsek, snarýadlarymyz azalypdy. Top okuny daşap berýän maşynlar ýolda batdymy ýa-da heläkçilige uçradymy, «Barýar» diýilse-de, geliberenokdy.
3.
Duşman bilen biri-birimiziň ýerleşen ýerimizi top okuna tutup oturyşymyza, Gün öýleden agdy. Yglan edilmedik ylalaşygyň wagty boldy.
Emma faşistler bu gün näme üçindir uly yhlaslylyk bilen atmagyny dowam etdirýärdiler. Özem köplenç biziň üstümiz aşyra atýardylar. Biz hem olaryň ot açýan nokatlaryny topa tutýardyk. Içimizden «Frislere bu gün bir zad-a bolýar» diýýärdik.
Teýahyram olaryň toplary atmasyny bes etdi. Snarýadymyzyň azalandygy, yzymyzdan goldaw gelýänçä aýawly atmak üçin, biz hem ot açmamyzy bes etdik.
Ynha-da, garşydaş tarapdan demriň demre urulýan zarňyldysy üç gezek ýaňlandy.
—Olar nahara oturdylar. Mustaý aka nirede? –diýşip, esgerler Mustaýyň aşhanasynyň ýerleşen ýerine, faşistleriň oklary düşüp, entek tot-tozany sowluşyp ýetişmedik tokaý etegine seredişdiler.
Onýança-da, üsti-başy guma bulaşan, özem juda lapykeç Mustaý göründi.
Ol gelip, Saşkanyň top oky düşende gorkup, «aşhanany» hem alyp gaçandygyny, yzygiderli partlaýyşlaryň tozanydyr tüssesiniň arasynda onuň haýsy tarapa gidenini-de aňşyrman galandygyny aýtdy.
—Мустай ака, если кухню не найдешь —под трибунал пойдешь!* –diýip, komandirimiz Fedçenko oňa ýarym degişme bilen barmagyny çommaltdy.
Komandiriň sözüniň aňyrsynda çynyň hem ýok däldigine, rotany naharsyz goýsa, ýüzünden sypalmajakdygyna gözi ýetik Mustaý aljyrady.
Gidip düýäni gözläýin diýse, tokaý giň. Haýsy künjüni aýlanyp çyksyn. Galyberse-de, näbelet ýerinde azaşmagy ýa-da faşistleriň goluna düşmegi mümkindi.
Ýesir düşmegi bolsa Mustaý bar zatdan beter ýigrenýärdi:
—Obamyza «Mustaý ýesir düşüpdir» diýlen habar barsa, meniň ata-babalarymyň ruhy hapa bolar. Ondan-a ölenimem ýagşy –diýerdi.
Ol guma bulaşan kellesini tutup, nätjegini bilmän, aljyrap otyrka, esgerleriň biri:
—Мустай ака, смотрите, кто идёт!** –diýip gygyrdy.
Hemmämiz onuň salgy beren ugruna seredişdik. Görsek, gaty–gaty ýöräp, göni bize tarap, yzy «aşhanaly» Saşka ýetip gelýärdi.
Şeýle bir begenişdik welin, hiý goýaý! Ýerli-ýerden «Saşka-da, Saşka!» diýşip, öňünden ylgap çykyp, hoşamat etdik.
Ol bolsa dodagy sally başyny dik tutup, öz borjuny heran–haçan birkemsiz bitirýän esger ýaly bolup, buýsançly durdy.
Düýesiniň ýüzügara etmän, «aşhana» bilen başybitin tapylyp gelmegine halys begenen Mustaý, gowy bişip, süýgeşip duran esger şülesini paýlap durşuna, wagtal-wagtal, tolgunmakdan ýaňa çygjaran gözlerini süpürip goýberýärdi. Nahar başynda her kim düýäniň ýalňyşman nädip tapyp gelendigi barada pikir ýöredýärdi. Ahyrsoňy «Biziň toplarymyzyň sesi faşistleriň toplarynyňkydan tapawutlanýar. Ol tokaýa gaçyp, köşeşensoň, biziň toplarymyzyň seslerinden ugur alyp gelendir» diýen çaklamada saklandyk. Onsoňam, bir söweş nokadyndan beýlekä barýarkak, ýolda-yzda bede küdesini görsek, «Saşka üçin» diýip, bir-iki gujak alyp, topuň üstündäki boşlak ýere basýardyk.
Asudalyk aralaşanda, Saşka däri ysy kükäp duran topuň üstüne özi üçin basylan bedäni höwes bilen iýýärdi. Adamlaryň arasynda bolup geçýän bu gohly oňşuksyzlyga asla düşünmeýändigini duýduryp, başyny belent tutup, parahat gäwüşeýärdi.
Esgerleriň islendigi bir bölejik gant berse-de, çörek hödürlese-de, salpy dodaklary bilen elinden usully alýardy. «Ýene berilmezmikä?!» diýip, ýürege düşüp durmaýardy. Özüni salykatly tutýardy.
4.
Rotany ýagly esger şülesi bilen hezzetlän Mustaýyň indi duşman bilen aralykdaky çeşmeden suw getirmegi gerekdi. Faşistler bireýýäm motorly gelip, bize tarap gorkuly bakjaklaşyp, suw alyp gidipdiler. Mustaý Saşkany idip, çeşmä tarap ýöneldi. Eger birden gäbi azan faşistler ot açsalar, Mustaýy gallap halas etmek üçin, ýaraglarymyza ok sürüp, häzir bolşup durduk. Mustaý çeşmä ýetip, Saşkany çökerdi-de, onuň howudyndaky çeleklere bedreläp suw guýup ugrady. Biz her çelegiň näçe bedre suw alýandygyny bilýändigimiz üçin, «bir bedre, iki...» diýip, içimizden sanap başladyk.
Häzir her bir minudyň töwekgelçiliklidigine, Mustaýyň janynyň gyl üstündedigine düşünýärdik. Mustaý bolsa öz dilinde haýsydyr bir aýdymjyga hiňlenip, özüni parahat alyp barýardy.
Onuň ikinji çelegi hem doldurmagyna az galanda, birdenem, asmanda bir samolýot peýda boldy. Onuň örän belentden gelýändigine seretmezden, ganatlarynyň aşagyndaky haçdan faşist «gyrgysydygyny» tanadyk.
Onýança-da, ol Mustaýyň suw alyp duran ýeriniň üstüne ýetip, ullakan bir zady oklady. Bombadyr öýdüp ýere ýapyrylyşdyk. Ol zat zähre ýaryjy gorkunç ses edip, aşak gaýtdy. Görsek, içi boş boçka ekeni, ýel düşüp, uwlap gelýär. Faşist lýotçikleriniň ýanynda bombasy ýokka ýa-da gorkuzmak üçin, ýöne keýpine, şeýdäýmesi bardy. Muňa «ruhy hüjüm» diýýärdiler.
Ýokardan gaýdan çelek şuwlap gelşine, edil çeşmäniň ýanyna düşdi. Muňa zähresi ýarylan düýe, ýerinden syçrap turdy-da, Mustaýyň «duruna» beýlekisine seretmän, üstündäki suwly çelekleri hallanladyp gaçyp ugrady.
Janawar halys gorkup, ugruny ýitiren bolarly. Ters tarapa —faşistleriň süreniniň ýerleşýän ýerine barýardy. Muny gören faşistler nahar başyndan turup, uly goh bolşup begenişip, düýäni tutdular. Ara daş bolsa-da, «Trofeý! Trofeý!» diýşip, gygyryşýan sesleri eşidilýärdi. Olar düýäniň nädip çökerilýändigini bilmänsoň, ony topa ýanap tutup durup, üstüne münüp, surata düşüp ugradylar.
Bu geň jandar bilen surata düşüşlige uly çinli serkeriň hem höwes bildirendigi, ýönekeý esgerleriň bir çete çekilişip, semiz, garry adama ilki topa, ondan bolsa düýäniň üstüne münmäge kömekleşýändiklerinden duýulýardy.
Serker Saşka münüp jaýlaşykly oturansoň, sapançasyny çykaryp, göge garadyp atyp ugrady. Eli fotoapparatly fris okuň atylýan pursadyny sypdyrmazlyga çalşyp, ony dürli tarapdan surata düşürýärdi. Sapançanyň sesine biynjalyk bolan düýe ýerli-ýerden tutup duran esgerleriň elinden sypmaga çalşyp dyzap başlady.
Meniň kelläme bir pikir gelip, «Başa barsa, biçem däl» diýip, komandirimize ýüz tutdum:
—Ýoldaş kapitan, bir–iki gezek atmaga rugsat ediň?!
—Näme üçin?! –diýip, Saşkanyň duşmanyň goluna düşmegine, Mustaýyň bolsa faşistleriň atmagyndan ätiýaç edip, bize tarap bagry bilen süýşüp, suwsuz gelýändigine keýpi gaçan komandirimiz sorady.
—Saşkany bärik getirmek üçin –diýip, oňa düýäniň biziň ýerleşýän ýerimizi toplarymyzyň sesinden tanaýandygy baradaky çaklamamyzy aýtdym.
Komandir:
—Bolýar, ataý –diýip, rugsat etdem welin, men oklap häzirläp goýan topumyzy duşmanyň çetkiräk hataryna, Saşka zeleli degmez ýaly ýere töwhüldedip goýberdim.
5.
Biziň atyşyga başlamagymyz duşman tarapda başagaýlyk döretdi.
Ýerli-ýerden toplarynyň ýanyna ylgadylar.
Onýança-da, öň hem sapança sesine haýygyp, faşistleriň elinden sypmakçy bolup urnup duran düýe, esgerleri döşi bilen itberip, kellesi bilen kakyp, depip, üstündäki läheň serkeri hem alyp, göni bize tarap ýüzüni öwrüp, patanaklap gaýdyberdi.
Garaşylmadyk tizlikde bolup geçen bu waka faşistler aljyradylar. Düýäni atsalar, serkerlerini heläk etmekleri mümkin. Nätjeklerini bilmän, «Böküp düş» diýip, oňa gygyryp başladylar.
Serker ýykylmajak bolup, düýäniň örküjinden mäkäm ýapyşyp oturyşyna, «Nädip bökeýin?!» –diýip bagyrýardy.
Faşistler pursady elden bermezlik üçin iki sany gozakly motora atlanyp, düýäniň öňüni kesmäge synanyşdylar. Emma düýe batgalyga olardan öňürti ýetip, motorlary lüýge çümüp,bu niýetleri puja çykdy.
Biz hem bu wakanyň oňyn çözgüdine garaşyp, faşistler ot açsalar, jogap bermäge häzirlenip, «Saşka! Saşka!» diýşip, sesimiziň ýetdiginden gygyryşyp, düýäniň birden ugruny üýtgedip, başga tarapa tutduryp gidibermeginden howatyrlanyp, özümize tarap çagyrýardyk.
Düýe Mustaýyň ýer bagyrtlap ýatan ýerine ýetdi-de, badyny gowşatdy.
Mustaý şol pursatdan peýdalanyp, ýerinden çalasyn turup, düýäni gapdallap, ylgap ugrady.
Düýäniň üstündäki serker Mustaýy atmaga çemelenip, sapançasynyň mäşesini gysdy. Emma sapança göçmedi. Surata düşýärkä ähli okuny atyp gutaran bolarly. Ol gaharly sögünip, sapançasyny pyzyp goýberdi.
Onýança-da, Saşkadyr Mustaý biziň garymlarymyzyň öňüne gelip ýetdiler.
Ylgaşyp çykyp, agzyndan aragyň ysy aňkap duran, jozzuk ýüzli, garynlak serkeri Saşkanyň üstünden sypyryp aldyk. Görsek, ol goşunyň öň hatarlarynda ýagdaýyň neneň-niçikdigini barlamaga hut fýureriň öz ýanyndan ýörite gelen uly çinli serker ekeni. Saşkanyň kömegi bilen gola salan «gymmatly oljamyzy» derrew Merkeze ýolladyk. Ol ýerde bolsa ony bilbilgöýä ýaly saýradyp, köp möhüm maglumatlary alypdyrlar. Bu, söweş planynda asla göz öňünde tutulmadyk, emma ägirt bähbitli iş üçin komandirimize minnetdarlyk bildirdiler.
Özüni juda agras alyp barýan, iki ýyl töweregi bile söweşsek-de, ýekeje gezek ýylgyranyny görmedik komandirimiz:
—Ай-да, Сашка! Ай-да, молодец! Жаль, что верблюдов представить к награде нельзя. Хотя собакам за заслуги дают медали* –diýip, hoşallyk bilen düýäniň boýnuna kakdy. Şonda onuň bu wakanyň bolup geçişini jikme-jik suratlandyryp gürrüň berip, gözüni ýaşlap, hezil edinip gülenini gördüm.
Biraz wagtdan soň Mustaýy hem-de meni ýokary çinli «dil» tutmakda görkezen edermenligimiz üçin medal bilen sylagladylar. Ikimizem bu sylagyň, esasan, Saşkanyň gazanyp beren sylagydygyna düşünýärdik. Muny rotamyzyň esgerlerem gowy bilýärdiler. Şonuň üçinem Mustaý ikimiz komandirimize:
—Biz-ä şu sylagy almaga utanýasam. Bu Saşkanyň bitiren işi üçin ahyryn –diýsek, ol:
—Alyň! Alyň! Utanmaň! Sizi sylaga men ýazyp berdim. Uruşda nämeler bolmaýar. Wajyp «dil» gola salynmagynda siziňem goşandyňyz bar ahyryn –diýdi.
6.
Bu waka dilden dile geçip, ähli goşuna ýaýrapdyr. Bir gün harby gazetiň habarçysy geldi. Saşkany ortamyza durzup, bizi surata düşürdi. Bu barada gazete ýazdy.
Tä uruş gutarýança, bir merdemsi esger kimin, elmydama özüni buýsançly alyp baryp, Saşka ýanymyzda boldy. Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna juda ujypsyzja hem bolsa, öz düýelik goşandyny goşdy.
Soňra uzyn-uzyn eşelonlara münüp, dünýäni elhenç beladan—faşizm belasyndan halas eden ýeňijiler —biz öýli-öýümize dolandyk.
At ýüklenýän eşelona ýükläp, Mustaý goşa örküçli düýesini hem özi bilen alyp gaýtdy.
Mustaý bilen dostlugymyz uruşdan soň hem, tä ol pahyr dünýäsini başgalaýança, dowam etdi. Ýygy-ýygydan hat alşyp durduk.
Bir-iki gezek ol meniňkide, men onuňkyda myhmançylykda bolduk.
«Ol düýäniň soňky ykbaly nähili bolduka?» diýýärsiňizmi?
Soňky ykbaly-ha öwerlikli däl. Mustaý ýurduna dolansa, ol ýerde «Başgyrtlaryň käbirisi faşistler bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Reýhe ýesir düşen musulmanlardan «Türküstan legionyny» döredip, faşistleriň hatarynda söweşmekçi bolupdyrlar» diýlen elhenç aýyp ýöňkelip, basha-baslyk gidýär ekeni. Günäkäriň yzynda galan çaga-çugasyna-da sütem bary edilýärmişin.
Mustaýyň hem konslagere düşen uly giýewini şeýle gatnaşykda aýyplap, onuň maşgalasyny Sibre sürgüne ýollamakçy bolupdyrlar.
Mustaý «Dört agtygymdan, hiç bolmanda, birisini özüm bilen alyp galyp bilmezmikäm?» diýen umyt bilen, kiçijik çagany Saşka goşulan araba mündürip, «Ümsüm ýat!» diýip, üstüne düşekçe oklap gizläpdir.
Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine bolsa: «Çaga keselläp, aýryldy» diýipdirler.
Ol Sibre ugradylýan gyzydyr agtyklary bilen hoşlaşyp, Saşkany aldygyna haýdap, «Şu ýekeje agtygymy bir halas edeýin» diýip, gussadan ýaňa ýüregi para-para bolup barýarka, yzynda bir şugulçy tapylyp, çaganyň ölmändigini aýdypdyr. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri: «Dur!» diýip, ony atly kowalap ugrapdyrlar. Mustaý: «Kowgudan gaçyp gutularyn, onsoň agtygymy haýsydyr bir ygtybarly maşgala, şolaryň çagasy ýaly edip ýerleşdirerin» diýip, Saşkany barha gyssap sürüpdir. Emma zalym kowguçylar ony atyp başlapdyrlar. Saşka ok degip, tüwdürilip gidipdir. Araba düňderilip, kiçijik çaga hem onuň aşagynda galyp ýogalypdyr.
Şondan soň Mustaýy uzak süýräpdirler. «Meniň hem «Türkistan legiony» bilen aram bar» diýlip taslanan «Boýunalma» gol çekdirmäge synanyşypdyrlar. Ol ahyrsoňy haraý sorap, uruşdaky komandirimiz kapitan Fedçenko hat ýazypdyr. Fedçenko Mustaýyň uçursyz halal, Watana wepaly adamdygyna kepil geçip, Döwlet howpsuzlygy komitetinde işleýän ýokary çinli tanşyna kömek sorap ýüz tutupdyr. Diňe şondan soň Mustaýy gününe goýupdyrlar.
«Adam başy daşdan gaty» diýleni, ol görgüli ömrüniň soňunda, ine, şu zeýilli azaplary hem çekmeli bolupdyr.
Biz duşuşanymyzda, ol:
—Ynha, uruş gutarar welin, bar zat gülala-güllük bolar. Şeýle bigam ýaşarys öýdüpdim. Emma bolmady... –diýip, başyny ahmyrly ýaýkapdy.
Diňe Saşkanyň semiz frisi «dil» getirişini ýatlanymyzda:
—Hawa, gowy maldy. Düýe diýjeksiň welin, käbir adamlardan-a şol hem akyllydy, mertdi –diýip, çalaja ýylgyrypdy.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar