10:51 Müsüriñ iñ soñky faraony: Jemal Abdylnasyr | |
MÜSÜRIÑ IÑ SOÑKY FARAONY: JEMAL ABDYLNASYR
Taryhy şahslar
Jemal Abdylnasyr dünýä syýasatynda spesifik agramy bolan şahsyýetdi. Ol araplar üçin janly rowaýatdy. Emma 1967-nji ýylyñ 5-nji iýunynda Ysraýylyñ istrebitelleri Müsüriñ Howa Güýçlerini kül-peýekun edende Nasyr legendasynyñam soñy geldi. Birinji jahan urşunyñ düýp ýeñilenleri aslynda imperialistik döwletleriñ özüdi. Hindistan, Müsür ýaly ýurtlarda ýüz müñlerçe ýaş ýigidiñ eline ýarag berildi we olar tanamaýan-bilmeýän ýurtlarynda wepat boldy. Aýratynam iñlisleriñ golastyndaky bu kolonial döwletler uruşdan soñ azatlyk üçin aýaga galanlarynda has beter zulum bilen garşylaşdy. Müsür şeýle heläkçiligi başdan geçiren ýurtlaryñ biridi. Iñlisler Nubar paşa ýaly dikmeleriñ eli bilen müsür ykdysadyýetiniñ onlarça ýyllap ganyny sorandan soñam, Birinji jahan urşy ýyllarynda-da on müñlerçe müsürli ýaş ýigidiñ ölümine sebäp boldular. Iñlisler uruşdan soñam Müsürden ellerini çekmegi goýbolsun etmediler. Olar müsürlileriñ demokratik talaplaryny ýarag bilen basyp ýatyrmagy makul bildiler. Heniz Pariž ýaraşyk konferensiýasy üçin toplanmankalar iñlis generaly Reginald Wingate Kairde aýal-ebtat, garry-gurty, çaga-çuga diýmän ýüzlerçe müsürliniñ ganyna galdy. 1930-nji ýyllaryñ soñuna çenli müsürliler azatlyk üçin uly göreşe girişenem bolsalar, doly garaşsyzlyklaryny alyp bilmändiler. Iñlisleriñ gyrgynçylyklaryna we syýasy pyrryldaklaryna çagalygyndan bäri şaýat bolup gelýän bir müsürli ýaş ýigit iñ soñky iñlis ýurduny terk edýänçä aldym-berdimli göreşden el çekmedi. "İttihat ve Terakki" partiýasynyñ haýrany bolan kakasynyñ Jemal adyny alan çaga gelejekde barça araplaryñ ykbalyny özgertjek Jemal Abdylnasyrdy. • Nasyryñ beýgelişi 1918-nji ýylyñ 15-nji ýanwarynda garyp maşgalada dünýä inen Nasyr 1937-nji ýylda hukuk ugrundan okamagy müwessa bildi. Göwni harby gullugy küýseýän Nasyr iki ýyldan soñ arzuwyna ýetdi we harby talyp bolmagy başardy. Sudanda işe başlanda Enwer Sedat bilen tanyşdy we onuñ bilen dostlaşdy. 1942-nji ýylda Harby akademiýany tamamlady. Ýurduñ ýagdaýy çagalygyndakysyndan üýtgeşik däldi. Iñlisler Müsüre özbaşdaklyk wada berenem bolsa, Suweýş kanaly, howa menzilleri, ýerasty tebigy baýlyklar, ýurduñ maliýe merkezleri dolulygyna iñlisleriñ elindedi. Bu gidişi togtatmak üçin halas bolmagyñ ýoluny gözleýän arap ýaşlary başyny Nasyryñ çekýän "Azat ofiserler" atly gizlin guramany döretdiler. • Nasyr halkara gahrymana öwrülýär Nasyr guran gizlin guramasy bilen esasan harby talyplaryñ arasynda tanalýardy, emma müsür halky ony 1948-nji ýylyñ arap-ysraýyl urşy arkaly tanady. Ysraýyl döwletiniñ döredilendigi jar edilen gününde Yrak, Siriýa, Iordaniýa, Müsür gundagdaky ýurda uruş yglan etdi. Arap koalizasiýasy birküç günüñ içinde Ysraýyly dünýä kartasyndan sylyp-süpürip aýyrmagy planlaşdyrýarka, garaşylmadyk uly ýeñlişe uçrady. Ysraýyl bu urşuñ soñunda çäklerini iki esse giñeltdi, ýüz müñlerçe palestinaly bolsa ýaşaýan ýerlerinden jyda düşüp, bosgunyñ ýoluny tutdy. Bu uruşda çaklañrak birlige serkerdelik eden Nasyr beýleki arap serkerdeleriniñ tersine yza çekilmän ysraýyl goşunyna uly ýitgileri çekdirdi. Ýaş ofiser Nasyryñ gaýduwsyzlygy we okgunlylygy gysga wagtyñ içinde bütin müsürliler tarapyndan "Faluje gaplañy" diýip tanalmagyna getirdi. 1948-nji ýylyñ urşunyñ ýeñlişinde iñlisler uly rol oýnapdy, emma "Azat ofiserler" esasy günäkär hökmünde patyşa Farugy görýärdiler. 1952-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda ýüze çykan waka sabyr käsäni dolduran iñ soñky damja boldy. Soñra "Azatlyk" manysyny berýän "Tahrir" ady bilen çalşyrylylan "Ysmaýylyýa" meýdanynda iñlis esgerleri müsür polisiýasyna garşy ot açdy. Altan Tan "Ýakyn Gündogar ýazgylary: Müsür we Jemal Abdylnasyr" atly makalalar toplumynda wakany şeýle gürrüñ berýär: "1952-nji ýylda iñlisleriñ Suweýş kanalynyñ raýonlarynda geçirýän işlerine nägilelik bildiren "Ysmaýylyýa" meýdanyna toplanan halk köpçüligi iş taşlaýyşlara we köpçülikleýin çykyşlara başlady. 1952-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda "Ysmaýylyýa" meýdanynda iñlisleriñ atan okundan ellä golaý polisiýa işgäriniñ wepat bolmagy, segseniniñ ýaralanmagy, 200-niñ iñlisler tarapyndan tussag edilmegi tutuş ýurtda uly wakalary ýüze çykardy. Şol günüñ ertesi 26-njy ýanwarda Kairde toplanan san-sajaksyz mähelle iñlislere degişli banklary, otelleri, dükanlary, gije klublaryny, uçar şereketini, garbanyşhanalary we ş.m. ähli guramalary oda berdi. Bu wakalarda dokuzy iñlis, jemi ýigrimi alry adam wepat boldy, 500-den gowrak adam ýaralandy, 700-den gowrak bina ýakylyp-ýykyldy. Patyşa Faruk demonstrasiýaçylary köşeşdirmek üçin premer-ministr Nahhas paşany wezipesinden boşatdy. Bu wakalardan soñ 22-nji iýuldan 23-nji iýula geçilýän gijede "Azat ofiserler" hereketi hökümeti basyp aldy. Ir säher bilen Farugyñ köşgüni müsür goşuny gabawa aldy we uçarlar howalanmaga başlady. Faruk gysga wagtyñ içinde tagty heniz iki ýaşly ogluna goýýandygyny mälim edip şäherden çykdy. Faruk tagtdan aýrylan badyna Rewolýusion komitet guruldy we Muhammet Nejip ýurduñ täze ýolbaşçysy boldy. • Müsür üçin täze başlangyç Muhammet Nejip bilen Nasyryñ kän wagt geçmänkä pikirleri deñ gelmän başlady. Nasyr monarhiýanyñ düýpgöter aradan aýrylmagyny öñe sürse, Nejip täzelenen monarhiýanyñ tarapyny tutýardy. Ahyrynda Nasyryñ aýdany boldy we 1953-nji ýylyñ 18-nji iýulynda Müsürde respublika yglan edildi. Respublika meselesi çözülenden soñ häkimiýetem Nasyr bilen Nejibiñ arasynda paýlaşylyp, problemalar kem-käsleýin çözüldi. Ýöne bu Nejip üçin ullakan ýalñyşlykdy, çünki Içeri işler ministri wezipesine bellenen Nasyr tizara Müsüriñ ýeke-täk güýjüne öwrüldi. Nasyr birnäçe synanşykdan soñ ahyrynda 1954-nji ýylyñ 29-njy martynda Müsürde häkimiýetini yglan etdi. • Nasyrly ýyllar we täze krizisler Nasyr häkimiýete gelen badyna Müsüriñ gülläp modernizasiýasy üçin gerekli reformalary durmuşa geçirdi. Ykdysady, bilim, medeni hukuk we harby ugurlarda möhüm ädimler ädildi. Beýleki bir tarapdan ýurtdaky iñlis gegemoniýasyny ýok etmek üçin 1956-njy ýylda Suweýş kanalyny-da millileşdirme hemlesini urdy. Bu karardan soñ fransuz we iñlis uçarlary asmana uçup, müsür goşunyna agyr ýitgileri çekdirdi. Birnäçe hepde-de Suweýş kanalyny basyp aldy. SSSR bu okkupasiýanyñ garşysynda Müsüriñ tarapyny tutjakdygyny aýtmagy iñlisleri sebitden çekilmäge mejbur etdi. Nasyr umuman alanda ýeñlipdi, emma Sowet Soýuzynyñ goldawy bilen basybalyjy güýçleriñ sebitden çykmagy ony hakyku gahrymana öwürdi. Jemal Abdylnasyr bir demde bütin regionda beýik arap gahrymanyna öwrülipdi. Iordaniýa, Siriýa, Yrak ýaly ýurtlarda köp sanly syýasy toparlar "nasyrçylyk" ideýasy bilen bir bitewi arap döwletini gurmagyñ arzuw-hyýalyny gurmaga başlady. Bu arzuw-hyýaly ýok etjegem ýene Ysraýyl boldy. Jemal Abdylnasyr dünýä syýasatynda spesifik agramy bolan şahsyýetdi. Ol araplar üçin janly rowaýatdy. Emma 1967-nji ýylyñ 5-nji iýunynda Ysraýylyñ istrebitelleri Müsüriñ Howa Güýçlerini kül-peýekun edende Nasyr legendasynyñam soñy geldi. Müsür Howa güýçlerini bir günüñ içinde ýok eden Ysraýyl goşuny soñky günlerde Sinaýda giñ gerimli basybalyjylykly operasiýa başlady. Okkupasiýa birnäçe günläp halkdan gizlenip saklananam bolsa, hut Nasyryñ özi ajy hakykaty mälim edenden soñ öz islegi bilen işden gidýändigini aýtdy. Elbetde, bu öñünden meýilleşdirilen zatdy, kiçi göwrümli köpçülikleýin çykyşlardan soñ Nasyr gaýtadan wezipesine dolanyp geldi. Ýeñlişiñ ähli jogapkärciligi Ýaragly Güýçleriñ Serkerdebaşysy Abdylhekim Amryñ üstüne ýüklendi. Amryñ şol ýyl öz janyna kast etmegine bolsa birnäçe ýyllap syýasy jenaýat hökmünde garaldy. • Nasyryñ ölümi Nasyr 1970-nji ýylyñ 28-nji sentýabrynda ýüregagyrysy tutup aradan çykdy. Beýik diktatoryñ ölüminden soñ bolup geçen täsin hadysalary bolsa Muhammet Enes Bıldırjin şeýle gürrüñ berýär: "Nasyryñ ölümi arap ýurtlaryny we dünýäni sarsgyna saldy. 1-nji oktýabrda Kairde ony soñky ýoluna ugratmak üçin jynazasyna 5 million adam ýygnandy. Köpçüligiñ uzynlygy 10 kilometrden geçýärdi. Saud Arabystanynyñ patyşasy Faýsaldan başga ähli arap ýurtlarynyñ döwlet ýolbaşçysy onuñ jynazasyna gatnaşdy. Patyşa Hüseýin we Ýaser Arafat köpçüligiñ öñünde möññürip aglaýandyklaryny gizlejegem bolmadylar, Liwiýanyñ lideri Muammar Kaddafi bolsa çuññur gynançdan ýaña iki sapar özünden gitdi. Liwanda çykýan "Le Jour" gazeti Nasyryñ ölümini "100 million arap ýetim galdy" sözbaşysy bilen habar berdi. Nasyr Kubbe raýonynda şondan bir ýyl öñ gurlan metjidiñ howlusynda jaýlandy. Mazar daşyna daşary ýurtda aradan çykan patyşalyk döwrüniñ mirasdüşer şazadasy Mehmet Aly Tewfikiñ özi üçin taýýarladan "Allah" ýazgyly kristal daşy goýuldy. Has soñky ýyllarda metjidiñ aşagyndan geçýän lagym geçirijiniñ ýarylmagy netijesinde Nasyryñ süñkleri lagyma bulaşyp, ýerinden göçürildi." Mehmet Mazlum ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com 28.09.2021 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |