MUZEÝDE
Akmyrat orta mekdepde okap ýörkä-de, häzirki talyplyk döwründe-de okuwdan boş mahallarynda şäheriň muzeýlerine ýygy-ýygydan gelerdi. Ol bu ýerlerde bolanynda aýratyn duýgyny başdan geçirýän diýerdi. Mahlasy köp meselede taryhy muzeýler onuň gözüni açypdy. Bu hakykatdanam şeýledi. Her gezegem bu ýere gelende, halkyň geçmiş taryhynyň jümmüşine dolanýan, şol ýyllaryň howasyndan dem alýan ýaly üýtgeşik duýgyny başyndan geçirýärdi. Käbir eksponantyň deňinde esli wagtlap eglenmesem şonuň üçindi.
Şu gezegem şeýle boldy. Paýtagtyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň „Gadymy zähmet gurallary” bölüminde goýlan bir eksponatda aýratyn nazary eglendi. Ol eksponat gadymy ýer sürülýün azallardan biridi. Dogrusy, ol mundan ozallaram azallaryň köp görnüşine gabat gelipdi.Ýöne, häzirki synlap duran azalyny ilkinji gezek görýärdi, ol üýtgeşikdi, täsindi. Muzeý gymmatlyklary barada gürrüň berýän gyzlardan birini ýanyna çagyryp:
- Bagyşlaň, siz şu azal barada näme aýdyp bilersiňiz? Men ony ozallar bu ýerde görmändim - diýip sorady.
- Baş üstüne. Siziň synlaýan eksponatyňyz bize ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň welaýat muzeýleriniň birinden getirildi. Ol ýer sürmek üçin ulanylýan gadymy gural. Özem, baryp, biziň eramyzdan öňki dördünji-bäşinji asyrlara degişli.
- Bary şumy?
- Hawa.
Akmyrat munuň bilen çäklenmedi.
- Neme...
- Keýik Gurbanowna.
- Bagyşlaň, Keýik Gurbanowna, menem munuň ýer sürlen azaldygyny bilýän. Ýöne bu azalyň işlediliş usuly barada maglumat ýokmy?--diýdi.
- Ýaş ýigit, gynansak-da, bu azal hakynda bizde aýratyn bir maglumat ýok.
Ine, şu ýerde-de oňa ýaşuly mugallym Nurmämmet aga pete-pet geldi. Nurmämmet mugallym taryhçydy, ol Akmyrady mekdepde okadan ýaşuly mugallymlardan biridi. Olar hal-ahwal soraşanlaryndan soň, muzeýde täze goýlan eksponatlar hakynda gürrüň etdiler.
- Mugallym, azalyň ýaba, öküze, düýä goşulyp, ýer sürmek üçin ulanylan guraldygyny bilýän. Ýöne, ine, bu görýän azalymyz bütinleý başga – diýip, Akmyrat garşysynda goýlan azala bakan elini uzadyp gepledi.-- Muzeýde-de bu barada goşmaça maglumat ýokmuşyn.
- Dogrudyr, muzeýde bu barada maglumat tapmarsyň. Men şunuň ýaly azallar hakynda ýazylan ylmy işlerde gabat gelipdim. Onuň ulanylyşynda beýleki adaty azallardan düýpli tapawut bar eken. Özem demir däldir, agaçdan ýasalan.
- Ýoldaş mugallym, meniňem diýýänim şol-da. Agaç kündäni nädip ýaba, öküze ýa-da düýä goşupdyrlar? Bu dogrudanam täsin gerek?!
- Akmyrat inim, azalyň iki gapdalyndaky deşijeklere pugta üns ber. Biziň synlap duranymyz mala goşulan azallardan däl. Şoňa düşünmegimiz gerek. Seret, ujy ýere çümer ýaly ýiteldilipdir. Azalyň şol iki deşiginden ýüp geçirilip, ol ýüpem adamyň egninden asylypdyr.
- Adamyň!?
- Elbetde, malyň däl adamyň. Bu azallary, galapyn daýaw adamlar çekipdir. Azalyň deşiklerinden geçirilen ýüpler şol daýaw adamyň iki egninden asylypdyr. Heniz demriň ýok mahallary ulanylan ilkinji zähmet gurallarynyň biri bi. Ikinji bir daýaw adam bolsa, şol azalyň üstündäki tekizlikde oturypdyr. Şeýdibem, ol adamyň çekýän azalyna agram salyp, onuň topraga çümmegine ýardam edipdir hem oturyp birneme dynç alypdyr. Soňra adamlar gezekli-gezegine orunlaryny çalşyp, mellek ýerlerini sürüpdirler. Käýerlerde yzyndaky adama derek agyr daş oturdylan halatlary hem bolupdyr...
Muzeýde her tüýsli gylyçlar, gylyç deregine ulanylan gyrkylyklar, toplar, top oklary hatar-hatar goýlandy. Olary ýasamakda. söweşlerde götermekde öz ata-babalarynyň eliniň yzyny görýän ýaly ýaňadan synlamaga durdy. Azal barada mugallymyndan eşiden magumatlaryny Keýik Gurbanowna gürrüň beresi geldi. Ýöne saklandy.
Ol şondan soňam hatarlanyşyp goýlan şa käseleridir tabaklaryny, altyn çaýylan bulgurlary, başga-da bu ýerde bar bolan suwuklyk guýlup içilen dürli kysymly çüýşe gaplaryny synlamagy dowam etdirdi. Olar biri-birinden ýasalyşy babatda-da, ululygy-kiçiligi, daşky görnüşi babatda-da tapawutlydy.
Akmyrat birki ýyllykda syýahatçylar toparynyň hatarynda daşary ýurtlaryň baý taryhy muzeýlerinde-de bolup görüpdi. Ýöne, hiç bir ýerde-de öz milli muzeýlerimizdäki ýaly, ata-babalarymyzyň geçmişde ulanan iş senetleridir gurallaryna çalymdaş eksponatlara gabat gelmändi. Belki, şonuň üçindir, bu ýerdäki islendik zat onuň gözüne yssy görünýärdi, olary ýüzüne sylasy gelýärdi.
Ol häzirem milli muzeýiň içinde aýlanyp ýördi. Kätmen, orak, çalgy, ýüplük egirýän çarh, kepgir, dürli döwürlere degişli şaýlyk pullar, dürli suratlar, hatlar, suw küýzeleri, ýag golçalary, ýüňden dokalan aýal joraplary, donlar, horjun, torba, düýe we at arabalarynyň tekerleri, däne döwülýän gadymy sokular, misden ýasalan kündükler ýaly ata-babalarynyň geçmişde ulanylan zähmet gurallarydyr egin-eşik lybaslaryny synlap, olary uly buýsanç bilen akyl eleginden geçirýärdi.
Hekaýalar