NÄ-ME?!
Edaranyň başlygy Bazar Ahmedow giç öýlänler bölüm müdiri Anna Meretliýewi ýanyna çagyrdy:
- Ertir bize barlagçylar gelýär. Olary naharlamaly. Alty adamlyk günortanlyk nahar taýýarlamak gerek. Eger-de şu iş saňa tabşyrylaýsa, neneň, başararmyň?
- Başararyn, başlyk.
- Öýe çagyrmak hökman däl, şu ýerde edarada, goňşy otagda gurnasaňam bolar. Düşnüklimi?
--Düşnükli başlyk.
Ýüzümizi gyzartmarsyň, gerek?!
--Gyzartman, başlyk.
--Ýöne saçagyňda ähli zat bolmalydyr.
--Bolar, başlyk.
--Bar, onda ötägit.
Şol günüň ertesi garaşylan myhmanlar hem geldi, günortan naharyna-da çykyldy. Başlygyň Annadan beýle-beýle zatlara garaşman eken. Saçagyň üsti nazy-nygmatdan doludy, ondaky dürli-dümen naharlaryň ýakymly tagamynyň ysy bolsa tutuş edarany gaplap alypdy. Manty iýjekmi, palow, çişlik iýjekmi, çekdirme, alma, üzüm, nar, banan, her tüýsli içgileri, garaz, göwnüň islän zadyny saýlap iýibermelidi.
Öýländen soň myhmanlar gaýtdylar. Bazar Ahmedow mes bolup otyrdy. Ol Anna Meretliýewi ýanyna çagyryp, oňa aýratyn minnetdarlyk bildirdi:
-- Sag bol, Annam. Sen-ä tüýs erkek kişiniň işini bitirdiň. Berekediň egsilmesin. Myhmanlar hem heziller edindi. Indi gap-gaçlary ýygnaşdyr-da, irräk gaýtsaňam bolar. Onsoňam, el degrilmedik naharlar, gök-söklerdir suwlar bar, baryny äkit. Çagalaryň iýer, hyzmatyň üçin ýene bir gezek taňryýalkasyn.
-- Bor başlyk, äkit diýseň äkidäýerin. Neme, myhmanlaryň ýol harjyna çenli töläp, ugradandyryn, arkaýyn bolaýyň.
--Berekella!
Bazar Ahmedow Anna Meretliýew gidensoň gök çaýdan mazaly keýpini kökledi, soňam öýüne jaň etmäge durdy.
--Keýwany, sag-salamat oturanmysyňyz, myhman-meduwan bilen öýe jaň etmänem unudypdyryn.
--Neneň myhmanlaryň nahara at dakmadylar dälmi? Ir ertir bir bir işgäriň öýe geldi-de: “Gelneje, ýokardan myhman gelýär, başlygymyz öýdäkiler nahar taýýarlasynlar diýdi, ýüzümizi gyzartmazlar ýaly, saçakda ähli zatdan goýsunlar“ diýdi. Bizem howul-haralykda ýatakdaky çebşiňi soýdurdyk, towuklaryňy gazana atardyk, bişdimi-bişmedimi, dadybam ýetişmedik. Howlukdyryp, bizi heläk etdi. Bir özüm gaýraky bazara iki dagy baryp gaýdandyryn. Çişligem şol taýdan satyn aldym.
--Nä-me?!
Bazar Ahmedow kellesini tutup durşuna, zöwwe ýerinden galdy, birdenem aşak çökdi.
Keýwanysynyň:
--Seniň şol işgäriň myhmanlaryň ýol harjyny tölemeli bor diýip, penjek almak üçin ýygşyryp goýan puluňam alyp gitdi—diýen sözlerini-de eşitmedi...
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar