16:38

Nakylçy / satiriki hekaýa

Satiriki hekaýalar
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 711 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangylyç Hydyrow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Bagabat  
43
Edepli, sypaýy hiç gimiň ýüzüni utondyrmaýan nakyllar-da bular.
Jemagat arasynda gödek nakyllaram kän.
Mysal üçin, arasynda ibalyragy: "Osrak gyza arpa çörek bahana".
Başga-da köp-le. Ýöne arada agzalaň biri: "beýle zat indi mundan buýana ýazma, ýogsa ýüzlemmiz utonýo" diýensoň, ýazjakgälden oturmaly bolýa.
Söz-dä bi. Nirä çekseň, süýnüp barýar-da.

0
3 Haweran  
411
Tersine, olaryñ berilmeginiñ tarapdary men.
Sebäp, "ýüzüñi utondyrýan" şeýle nakyllar köpçüligiñ arasynda gaýtam has populýar we has ýürege batnykly bolýar, çalt ýatda galýar. Bolmanam, her kim okan zadyny õz pähim süzgejinden geçirende, manysyny görmek isleýän tarapynda görýär. Muny şeýle hasaplanyljak nakylyñam, ony oýlap tapanyñam günäsi hasap edip bolmaz. Goý, her kim bir tarapa çeksin, sözüñ güýji-de şonda!

* * *

Mekdep okuwçysykak pagta giderdik. Bir mugallymymyzda degişmeler ýygyndysy bardy. Kitabyñ okalmakdan ýaña daşy ýyrtylyp gopupdy, sahypalary okalyp waraklanmadan ýaña bir gyrasy kertilip gidipdi. Şol sebäpli ol kitabyñ haçan çykandygy, anyk ady ýadymda däl (şol wagt mugallymymyz aýdanam bolsa), ýöne çakymça ol kitap "aç-açanlyk ýyllary" çykan bolmaly, sebäbi uçursyz ýiti manyly degişmeleriñ birem türkmen halkynyñ arasynda aýdylýan henekler däldi, toplaýjy ony daşary ýurt halklarynyñ heneklerinden toplap terjime edipdir.
Kitaby birine sesli okadyp, daşyna üýşerdik, giden bir märekä ýeke henek uzyn günläp iş bolardy. Sebäp, ol henekleriñ her biri adamlaryñ hakyky durmuşyndan alynan, şeýle-de türkmeniñ "utondyrýan" hasap etjek intim durmuşyna degişli epizodlardy.
Şol kitabyñ adyny, çykan wagtyny anyklap bilsem (ýa şuny okanlaryñ arasynda bilýänler bar bolup aýtsa) häzir ikirjiñlenmän kitapdaky henekleri saýtda bererdim.

0
4 Gurgencli  
324
Siziň diýýän henekleriňiz ýaly henekler Adnan Ersaniň "Mezar Taşı esprileri" kitabynda doly, terjime etseňiz höwes bilen okardyk. Özüm terjime etmäge iküç gezek synanyşdym ýöne başarmadym.

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Men-ä agam zametkamda "Namart nakyllar" diýen zagalowka bilen şeyle nakyllary ýygnajagam boldum.

0
5 Bagabat  
43
Nakyllar, henekler, rowaýatlar, hekaýatlar, ertekiler, ýomaklar, dessanlar, aýdymlar, läleler, hüwdüler, sanawaçlar, matallar, ýaňyltmaçlar, yrymlar... umuman islendik halkyň döredijiliginiň ähli formalary - tutuş halkyň ýüzlerçe ýyllyk paýhasynyň, hakydasynyň, durmuşy tejribesiniň, zanny-ýasawynyň kwintessensiýasy - gaýmagy, köpügi.
Ýöne nämüçindir biz sögünçleri, wejera hasaplanýan, gödek, paýyş sözler ulanylýan ýomaklary, aýtgylary, ertekileri, hekaýat-rowaýatlary we ş.m. gereginden artyk "ýygralyk" bilen halk döredijiligine degişli etmejek bolup, elden-aýakdan çykyp, "sypaýylyk, medeniýetlik tutgaýynda çabalanýas".
Näme olary "edepli döredijiligini" döreden halk döretmedimi?
Ol zatlar nä Aýdan ýa-da Myrryhdan Zemine sallandymy?
Ýa-da nä şol "edepsiz, wejera döredijilik formalarynda" agzalýan närseler her bir ynsanda ýok agzalarmy?
Ýa-da şol agzalaryň bardygyny ýa-da şolaryň "edepli" adynyňam, "edepsiz" adynyňam nämedigini biz bilmeýärismi?
Elbetde, o zatlar hemme ýerde sereşlenip ýörülmäge degişli däl. Sebäbi bu meselede çäksizlik çakdanaşa haýwanlaşmaga, Türkmen agaň aýdyşy ýaly: "it-eşek ýaly" bolmaga eltýär.
Ýöne, çendenaşa asyllyrysamagam gerek dälmikä diýýän. Hasam ýaşyň jüllük (ups!) görende eljagazy bilen gözjagazyny ýapýan edeplije çagajygyň ýaşyndan geçen bolsa.
Öwrenmek üçin, haýsydyr bir eseri okyjyň aňyna has ýiti ýeter ýaly etmegiň hatyrasyna bolsa kä ýerde gödek aňlatmalary ulanmalam bolýar.
Mysal:
Magtymguly, yllatly göz,
Haraba döner degse duz,
Märekede bir jaýsyz söz
Çermenip... ýalydyr.

(Şu ýerde ägirt uly ejap bilen köp nokat goýlan ýerde, awtor tarapyndan: "syçan" diýen sözüň ýazylandygyny hemmämiz bilýän bolsak gerek).
Umuman şeýleräk, ýoldaşlar!
Ýa-da “görrrräýýýdää-ň” ebedilik awtory aýtmyşlaýyn: “hanymlar we jenaplar”!
Mesele islendik ýerde agzalanda-da, hasam döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda çekişme döredýän, jedelli mesele bolandygy üçin şahsy hem-de çuňňur subýektiw nukdaýnazarymy ýazaýyn diýdim.
Eger-de kim-de bolsa biriniň Mariana çöketliginden çuňňur "ejaplylyk, haýa-şerim" duýgularydyr-düşünjelerine tokunan ýaly bolan bolsam, uzur ötünç soraýan.
Kindiwanja kaşykça kanymy keçiresizler.

0
6 Bagabat  
43
Şu pille ýene-de bir nakyl ýadyma düşdi. Ýöne "edeplisinden":
"Dana iliň dälisi gürläp-gürläp dana bolar, däli iliň danasy gürläp-gürläp däli bolar"
:-(.
Bet aýdylan.

0
7 Yusup  
50
Her kese çekip oturmaly.
"Gulluk (borç, harby gulluk) Oglanlar üçin synag gyzlar üçin ekzamen."

0
11 kungfuu  
1292
"Gulluk eden - erkek, etmedik - dwaždy erkek!" diýlen nakylam häzirki döwürde gullugy içinde WUZlaryň oglanlarynyň arasynda ýoň boldy.

0
8 Yusup  
50
karoçi, oglanlar üçin erkeklik synagy

0
9 Bagabat  
43
Magtymguly, hasaby ýok görenim,
Tama edip, umyt elim gerenim,
Obasyna ärmiş diýip baranym
Etegne el ursam.., çykypdyr.

0
10 Bagabat  
43
Mämeleriň

On üç bilen on dört ýaşyň arasy,
Tözlenip galyşar, ýar, mämeleriň:
Örtenmekden gaýry bolmaz çäresi,
Gysymlap gyşarsam ak mämeleriň.

Gulman deý sallanyp, sagynyp duran,
Husnuna bent olar bir gezek gören,
Gunçalap, düwmeläp, täze uç beren,
Garaňkyda gardan ak mämeleriň.

Iki aşyk bir-birine bezm eder,
Çola ýere barsa, jany hezl eder,
Köýneginden çykaýsam diýp azm eder,
Mutdaha bolanda, ýar, mämeleriň.

Kemine

0
12 kungfuu  
1292
Kemine-de o goşgyny 13-14 ýaşlarynda ýazan bolaýmasyn?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]