09:15 Namazyñyza gaýrat! | |
NAMAZYÑYZA GAÝRAT!
Publisistika
Soltanahmet meýdany düýni-de gördi. Men meýdana birikýän köçeleriñ birinde otuz bäş ýyl bäri ýaşap gelýärin. Öýüm Soltanahmet metjidine 302 ädim we Aýasofýa 308 ädim uzaklykda ýerleşýär. Aýasofýa metjidinde ybadat ýigrimi sekiz ýyl bäri bar, minaralaryndan bäş wagtyna azan okalýar, okasy gelýän gidýär, namaz okaýar. Hatda yslamçy gatlagyñ iñ batyrgaý garadangaýtmaz ýazyjysy Mehmet Şewket Eýgi-de ýogalmazdan öñ bu köçede oturardy we "azany gowy okanoklar" diýip, hamana elimden bir zat gelýän ýaly, meñ ýanymda zeýrenerdi, gazet makalalarynda-da muny gaýta-gaýta ýazardy. Aýasofýa metjidiniñ ymamy-da sowukganly, akylly-paýhasly adamdy, ol Jankurtaran ýaşaýyş toplumynda (mahalle) ýaşaýardy, ertir namazyndan gaýdyp gelýärkä İSPARK-yñ işgärleri bilen salamlaşardy, men öýümiñ penjiresinden olary synlaýardym. Her gün şol bir gaýtalanyp duran zat. Günde irden Soltanahmet bilen Aýasofýanyñ aralygyndaky meýdany pyýadalap, metro duralgasynyñ garşysyndaky "Çigdem" konditer sehiniñ dükanyndan bir çowdaryly bulka we gazetçi Atilladan gazetlerimi alyp, öýüme gelýärin. Bärde bäş günden bäri görlüp-eşdilmedik gorag halkasy döredildi. 10 öwrüm ululykdaky meýdanda ýeke özi saýlanyp duran taryhy Aýasofýanyñ öñündäki meýdanyñ daş-töweregine polisiýa germawlaryny aýlap çykdylar. Meýdanyñ howuzy arassalandy, gülleri, otlary çapylyp aýryldy, ýerine täzeleri ekildi. Meýdanyñ zemini günde ýuwuldy. Halk köpçüligine we şu töweregiñ ýaşaýjyoaryna diñe iki ýerden hökmany üst-başyny barlap, giriş-çykyş rugsadyny berdiler. Üsti “Yiğitoğlu Vinç” yazgyly damperli mähnet kranlary Aýasofýanyñ dik garşysynda Patyşa Kanunynyñ aýaly Hürrem soltanyñ gurduran 100 metrlik gümmeziñ belentligini aşjak şekilde meýdany dört däl, eýse on dört ýanyna dikdiler. Krokodiliñ garny ýaly bogun-bogun bolup duran hüýt gara haýwan bedenine çalymdaş ses gataldyjylary (kolonkalar) kranlaryñ ujundan salladylar. Ses gataldyjylar simlerini metjidiñ içinde Gurhan tylawatlarynyñ, hatym we süreleriñ okalýan mikrofonyna bagladylar. TW ýaýlymlaryñ minibuslary gelip, Aýasofýanyñ dik mañlaýyna düzüldiler, wideokameraçylar, habarçylar Jumga namazynyñ dabaraly açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşmaga başladylar. Bäş gün şeýdip geçdi. Düýn biraz üýtgeşme bolup geçdi. Ir sagat sekizde ýene bulka we gazet almak üçin polisiýanyñ goragyndaky geçiş nokadyna geldim, “geçmek gadagan” diýdiler. Meýdana hiç kim alnanokdy. Uly-uly adamlaryñ gelmegine garaşylýardy. VIP çakylyklylar. Jumga namazy okalmalydy. Olar goralmalydy. Hamana polisiýa “Nika topalañy turýarmyş, Aýasofýany ýakjaklar” habaryny alan ýalydy. Eşdipmidiñiz "Nika topalañy" barada! Taryh bize habar berýär: Imperator Ýustinian okap-ýazyp bilmeýän körsowat we jahyl biri eken. Muña garamazdan ol hilebaz mekir adam bolupdyr. Ol halk köpçüliginiñ üstünde diniñ we mezhebiñ täsirinden diýseñ gowy peýdalanypdyr. Aýaly melike Teodora bolsa aýy çopanynyñ iññän görmegeý edaly gyzydy we imperator ärinden has akylly we has batyrgaýdy. Aýasofýanyñ öñünde ýaýylyp ýatan ippodrom şol döwürki stambullylaryñ wagtlaryny hoş geçirýän, medeni, dini we syýasy durmuşynyñ merkezidi. Gladiator we haýwan döwüşleri, araba ýaryşlary, dälilik hetdine ýetýän meýlisler we syýasy çekişmeler ippodromda bolardy. Halk köpçüligi syýasy taýdan "gök we gyzyl - ýaşyl we ak" reñklere bölünipdi. Reñkler iki syýasy partiýanyñ arasynda bölüşilişipdi. Ýaşyllary we gyzyllary mofist mezhebine uýýanlar, gökleri we aklary bolsa prawoslawlar goldaýardy. Bular wagtal-wagtal biri-birlerine garşy ölüm hetdine barýan duşmançylyga öwrüljek derejede bölünşipdiler. Gökleri aristokratlar, ýaşyllary - tüçjarlar bilen senetkärler dolandyrýardy. Imperator Ýustinian prawoslaw, aýaly melike Teodora - mofist mezhebindendi... Är-aýal dini perdelenip, iki tarapy barmagynda pyrlaýardylar. Ýurduñ halyny it görse gözi agyrýardy. Ýokluk, ýoksullyk! Halk barha garyplaşýardy. 532-nji ýylyñ ýanwar aýynyñ sowuk günleriniñ birinde gökler we ýaşyllar biri-birleri bilen garpyşyp boguşmakdan el çekdiler we imperator bilen melikä garşy güýç birikdirip: “Nika… Nika… Nika…” diýip gygyryşyp, “Ýaşasyn garyplara howandarlyk edýän Ýaşyllar we Gökler….” diýen slogan bilen imperatoryñ köşgüne bakan el-ele berip, ýörişe geçdiler. Nika - ýeñiş diýmek. Aýasofýany ýakdylar. Nika topalañynyñ gerimi giñedi. Topalañ aýy ýetişdirijiniñ gyzy melike Teodoranyñ batyrgaýlygy bilen basyp ýatyryldy we imperator Ýustinian häzirki Aýasofýany täzeden gurdurdy. Binanyñ açylyş dabarasynda “Süleýman, men senden ozdurdym…” diýip öwünip, özüni dünýäniñ iñ beýik we iñ gudratly adamy yglan etdi. Dünýä ne Süleýmana galdy, ne-de Ýustiniana… Düýn gadymy ippodrom - häzirki Soltanahmet meýdany göýä “Nika topalañy turaýjak” ýaly adatdan daşary polisiýa işgärleriniñ we harby gullukçylaryñ güýçlendirilen goragyna alnan gününi başdan geçirdi. Şeýlekin goragyñ astynda Jumga namazy okaldy. Ýurt ýolbaşçylary Aýasofýanyñ düýbünde öñki osmanly köşk nakgaşhanasynyñ bolan taryhy desganyñ üstünde gurlan bikanun oteliñ polat sütünlerine serede-serede Jumga namazyny okadylar. Bikanun gurlan bu oteli Prezidentiñ "Ymam Hatyp" liseýinde bile okan tanşy, "Stambuluñ keşbini bozan şol betgelşik diñleri gurduran" kişi gurdurypdy. Ýerli sud we ýokary sud binany “bikanundygy üçin ýykmagy makul bilendigine" garamazdan, on ýyl bäri ýykylman, ýarym läş halda bu taryhy mekanyñ bar gelşigini gaçyryp, häzirem garantga ýaly ortatarada dur. Namazyñyza gaýrat! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 25.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |